12:49 Emeli añ rewolýusiýasynyñ çöwre ýüzi | |
EMELI AÑ REWOLÝUSIÝASYNYÑ ÇÖWRE ÝÜZI: GARYP ÝURTLARDAKY "IŞÇI LEŞGERLERINE" HAK-HEŞDEK TÖLENMEÝÄR
Publisistika
Iki dollar üçin dört sagat işlän ýaş gyz zordan 30 sent alyp bildi. Emeli añ bilen baglanyşykly etiki çekişmelerjñ köpüsi sistemalaryñ añyrsyndaky zähmete däl-de, taýýarlan tekstiniñ we suratlaryñ özüne gönükdi Emeli añ köplenç adamsyz tehnologiýa ýaly görülse-de, hünärmenler sistemalaryñ añyrsynda Global Günortanyñ köp ýerine ýaýran zähmet eksplutasiýasynyñ bardygyny aýdýarlar. "Washington Post" gazeti emel añ şereketleriniñ söhbet botlarynyñ ulanylyşyny has gowy we ygtybarly ýagdaýa getirmek maksady bilen müñlerçe setirlik tekstleri gözegçilik edip, süzgüçden geçirmek üçin Filippinlerde müñlerçe işçini kyn şertler astynda işledýändigin8 habar berýär. Gazetiñ 28-nji awgustda çykan sanynda berlen habarda "Hapa internet kafelerinde, hyryn-dykyn ofislerde ýa-da öýlerde amerikan kompaniýalarynyñ emeli añ modellerine tälim bermek üçin mätäçlik duýýan maglumat gorlaryny aýyklaýarlar" diýilýär. Filippinli işçiler awtomatiki işleýiş boýunça algoritmleri kämilleşdirmek üçin ulanylan wideolarda ýaýjyklary palma agajyndan aýyrýar we wideogörnüşdäki obýektleri etiketkalaýar. "ChatGPT" ýaly dil modelleriniñ manysyz sözleri oýlap tapmagynyñ öñüni almak üçinem paragraflary guraýar. Resmi däl çaklamalara görä, Filippinlerde bular ýaly funksiýalary ýerine ýetirýän iki milliondan gowrak adam bar. Şol işçileriñ azyndan 10 müñüniñ San-Fransiskodaky "Scale AI" emeli añ firmasynyñ hasabyna işleýändigi aýdylýar. Gazetiñ işçiler bilen duşuşyklara, kompaniýanyñ öz içindäki sms ýazyşmalara, töleg kwitansiýalaryna we maliýe wedomostlaryna esaslanyp berýän habaryna görä, "Scale AI" bu işçilere ujypsyzja hak töläpdir. Şeýle-de hak-heşdekler gijikdirilip tölendi we işçileriñ hakyny talap edip bilmekleri üçin ýüz tutup biljek az kanal açyldy. Hak-hukuk toparlary "Scale AI"-niñ ýurduñ çäginden daşarda işleýänleri üçin umumy zähmet ülñülerine gabat gelmeýän ABŞ merkezli emeli añ kompaniýalaryna degişlidigini aýdýarlar. Bularyñ ikisinden başgasy şereketden almaly hak-heşdeklerini iş gutarandan soñ bilgeşleýin gijikdirýär, kemeldýär ýa-da hiç zat bermeýär. Işçiler köplenç iñ pes aýlyk hakyndanam az hak alýandyklaryny, aýda-sanda bir pes aýlykdan az-owlak geçirip alýandyklaryny aýdýar. Filippinlerde iñ pes aýlyk haky ýerine baglylykda günde 6 dollar bilen 10 dollar aralygynda üýtgeýär. "Scale AI" aslynda "ChatGPT"-niñ döredijisi "OpenAI" bilen bir hatarda "Meta", "Microsoft" ýaly tehnologiýa läheñlerine-de hyzmat edýän firma. Şereketiñ esasy iş ugry - sürüjisiz awtoulaglar, marşrutlary kartalamak ýa-da söhbet robotlary ýaly emeli añ programmalary üçin ýokary hilli tälim beriş maglumatlary üpjün etmek. Başgaça aýdanda, uly firmalaryñ gündelik durmuşda ýygy-ýygydan ulanýan sistemalary "Scale AI"-yñ toplan maglumatlary bilenem tanyşdyrylýar. Şol maglumatlary-da Filippinlerde ujypsyzja aýlyga işleýändigi aýdylýan işçiler aýyl-saýyl edýär we ýokary hilli ýagdaýa getirýär. "Scale AI"-yñ press-sekretary Anna Franko "Washington Post" gazetine beren beýanatynda töleg sistemalarynyñ işçileriñ yza bermelerine (oбратная связь, geri bildirim) görä, "dowamly ösdürilýändigini" we "hak tölemelerde gijikmäniñ ýa-da kesmeleriñ juda seýrekdigini" öñe sürdi. Beýleki bir ýandan gazetiñ iýulda ele salan içki ýazyşmalarda giç ýa-da kemter tölegleriñ geçiririlendigini göze ildi. Käbir maksatnamalarda bir aýyñ dowamynda birden köp arz-şikaýat gelip gowşupdyr. Käbir ýagdaýlarda şefler işçilere işiñ kemçilikli ýa-da giç ýerine ýetirilendigi sebäpli tölegleriñ togtadylandygyny aýdypdy. Beýleki ýagdaýlarda bolsa işçilere hiç hili beýanat berilmändir. Şeýle-de, 23 ýaşly Çariss özüne iki dollar düşürtjek iş üçin dört sagadyny sarp edendigini we şereketden bary-ýogy 30 sent alandygyny aýtdy. 26 ýaşly Žak 50 dollar gazanaryn öýden maksatnamanyñ üstünde üç gün işländigini we zordan 12 dollar alandygyny öñe sürdi. 36 ýaşly Bens bolsa, duýdansyz işden çykarylandygyny we içerde 150 dollardan gowrak pulunyñ galandygyny aýtdy. Ýagdaýyndan nägile bolan ýene bir işçi-de, 25 ýaşly Pauldy. Şereketiñ hasabyna işlän üç ýylynyñ dowamynda içerde galan pulunyñ hasaplardan kändigini aýdýan Paul firmada doly iş režiminde işleýär. 2020-nji ýylda işe başlan filippinli ýaş ýigit ilkibaşda emeli añ işinde işleýändigine buýsanandygyny, soñabaka gazanýan pulundan utanýandygyny aýtdy. "Bulardan gelýän puluñ ummasyz köpdügini bilýärin" diýen Paul sözlerini şeýle dowam etdirdi: "Ýöne bularyñ birinem biziñ görjek gümanymyz ýok". Peýdalanylan çeşmeler: "The Independent" internet gazeti, "Washington Post" gazeti. Taýýarlan Çagla ÜREN. Duşenbe, 28.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |