21:31 Ýer togalagy öz içine suw syzdyrýar | |
ÝER TOGALAGY ÖZ IÇINE SUW SYZDYRÝAR
Geň-taňsy wakalar
![]() "Iki müñ dokuz ýüz kilometrlik ýolagçylyk". Dünýäniñ içki gurluşy boýunça ylmy-barlaglarda soñky otuz ýylda möhüm işler edildi ABŞ-ly alymlar okeanlardaky we deñizlerdäki suwuñ kem-kemden ýer gabygyndan aşaklygyna tarap syzdyrýandygy hakda geñ galdyryjy ylmy açyşyñ üstünden bardy. Arizona ştatynyñ uniwersitetinden doktor Den Şim we onuñ kärdeşleri suwuñ tektoniki gatlaklardan aşaklygyna akyp, 2 müñ 900 kilometrlik ýol geçenden soñ planetanyñ özenine baryp ýetýändigini anyklady. Juda haýal bolup geçýän bu prosesiñ milliardlarça ýyl bäri dowam edip durandygy aýdylýar. "Nature Geoscience" ylmy-populýar žurnalynda çap edilen tapyndylara ynansañ-a, gürrüñi edilýän syzyntgy daşky özendäki erän metallaryñ we mantonyñ arasynda himiki prosesleri petikläp, täp-täze gabyk döretdi. Bu gatlagyñ häzir "birnäçe ýüz kilometr galyñlyga" ýetendigi öñe sürülýär. Emma Ýer togalagynyñ kilometrlerçe çuñlugyna uzaýan içerki gatlaklary bilen deñeşdirenee bu gatlak aslynda entek "ýuka". ![]() Den Şim mundan öñ Ýer togalagynyñ özeni bilen mantosynyñ arasyndaky madda alyş-çalşygynyñ juda kiçidigine ynanylýandygyny aýdýar. "Soñky döwürlerdäki ýokary basyş synaglarymyz üýtgeşik teoriýany orta atýar" diýýän alym sözlerini şeýle dowam etdirýär: "Suwuñ özen-manto çägine baryp ýetende özendäki kremniý bilen reaksiýa girip dioksid-kremniý emepe getirendigini bildik". Alymyñ pikiriçe bu açyş öñ düşünilişinden has dinamiki özen-manto garyşygyna yşarat edýär. Geologlar bu tapyndylardan ugur alyp, iki gatlagyñ arasynda köp mukdarda element alyş-çalşygynyñ bardygy netijesine gelýär. Arizona ştatynyñ uniwersitetiniñ açyşy hakda çap edilen metbugat bildirişinde: "Bu açyş dünýäniñ içki prosesleri baradaky pikirimizi ösdürdi" diýildi: "Şol sanda öñ bilinýän zatlardan has giñ gurşawly global suw aýlanşygyny ýüze çykardy". # IFL Science, Unilad Taýýarlan: Çagla ÜREN. Anna, 17.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |