22:08 Internete girenimizde nämüçin gerek däl zatlary alýarys? | |
MAHABAT PROFESSORY DÜŞÜNDIRDI: INTERNETE GIRENIMIZDE NÄMÜÇIN BIZE GEREK DÄL ZATLARY ALÝARYS?
Psihologiýa
"Yzygiderli diýen ýaly her hili adamdan gelýän dürli görnüşdäki tekstleri, fotosuratlary, wideoýazgylary gözden geçirýärsiñiz". TikTok, Instagram, YouTube ýaly ulgamlaryñ añ taýdan iñ iriziji platformalardygy aýdylýar. (Pixabay) ABŞ-nyñ Tennesi uniwersitetinden Mettýu Pittman ulanyjylaryñ sosial mediýa girende özlerine asla gerek däl zatlary satyn almaklarynyñ sebäbini düşündirdi. "Gizmodo"-da bu boýunça makala bilen çykyş eden Pittman "Sosial mediýanyñ adamyñ özüni alyp barşyna nähili täsir edýändigi hakda soñky geçiren synaglarymyza görä, añ taýdan ýadaw bolanymyzda paýlaşylan maglumatlardaky köp sanly laýkdan täsirlenme ähtimallygymyz has ýokary" diýýär. Pittmanyñ pikiriçe, şeýle ýagdaý ulanyjylaryñ mätäçlik duýmaýan ýa-da hiç hili soramaýan harytlarynyñ mahabatlaryny ýükläp almagyna sebäp bolýar. Alym 2022-nji ýylyñ ahyrlarynda kärdeşi Erik Haleý bilen bile dürli psihiki ýükleriñ astyndaky mahabatlada nähili garşylyk berilýändigini anyklamak üçin 18-65 ýaş aralygyndaky ABŞ-lylar boýunça synag geçirip görüpdi. Gürrüñi gidýän synaglatda gözegçilige alnan topara diñe mahabatlara seretmek tabşyryldy. Ikinji topara dokuz basgançakly sany ýat tutmak we yzyndan mahabata seretmek tabşyryldy. Üçünji toparam Instagramda 30 sekuntlap güýmenenden soñ mahabata göz aýlapdy. Geçirilen birinji barlagda nahar mahabaty, ikinji gezekde doñdurma, üçünji gezekde kofe däneleriniñ mahabaty ulanyldy. "Mahabatyñ fotosuraty we aşagyndan geçýän ýazgysy toparlaryñ hemmesi üçinem birmeñzeşdi, diñe laýk sany manipulirlenipdi" diýýän Pittman sözlerini şeýle dowam etdirdi: "Gatnaşyjylar ýüzlerçe ýa-da müñlerçe laýk toplan çem gelen mahabatlary gözden geçirdi". Pittman synaglara gatnaşan adamlardan bir harydy nämüçin satyn almakçy bolýandygyny-da düşündirmegi sorandyklaryny aýtdy. Şoña görä hem gözegçilik toparyndakylar nämäni saýlap alan bolsa, muny mantykly jogaplar bilen düşündirip bilýärdi. Mysal üçin, biri "mahabatlardaky doñdurmanyñ tagamyny barlap göresim geldi" diýse, ýene biri "Mahabaty göwnüme ýarady. Ýönekeý we arassa. Derrew tema girişýär" diýen ýaly tutaryklary öñe sürüpdi. Beýleki bir ýandan añy beter ýadaw, meselem, Instagramda 30 sekunt aýlañ-çaýlañ eden ulanyjylaryñ köplenç manysyz jogaplar berýändigi anyklandy. Käbirleri "nahar" ýa-da "gap-çanak" ýaly ýeke sözlük jogaplary berse, käbirleri-de "Suratda söz köp we manylyja eken" diýip, mahabatlardan has ýüzleý formada täsirlenendiklerini gözümiziñ öñüne sereşläp goýupdylar. Hünärmenler şeýle psihiki gowuşgynsyzlyk ýagdaýyny "kognitiw aşa ýüklenme" diýip atlandyrýar. "Sosial mediýany ulanmak sizi şeýle ýagdaýa salýar, çünki yzygiderli ýagdaýda her hili adamdan gelýän dürli görnüşdäki tekstleri, fotosuratlary, wideoýazgylary gözden geçirýärsiñiz" diýýän Pittman sözüni şeýle dowam etdirýär: "Ähli sypjyklyk we baha berme özümizi süllümbaý ýadaw duýmagymyza sebäp bolýar". Pittman "Müşderiler sosial mediýadan oýlanyşyksyz görnüşlerde nähili täsirlenýändigine düşünip, has ünsli we oýlanşykly hereket edip bilerler hem-de almaga zerurlygy ýok ýeke suw çüýşesini-de satyn almaz" diýip, sözüniñ üstüni ýetirýär. # The Independent, Gizmodo, Instructional Science. Taýýarlan: Çagla ÜREN. Duşenbe, 01.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |