14:30 "Eurovision"-da birinjiligi almagyñ ylmy formulasy | |
"EUROVISION"-da BIRINJILIGI ALMAGYÑ YLMY FORMULASY
Aýdym-saz sungaty
"Şowly "Eurovision" aýdymlar bolanda bu düzgün hökman ýöreýär". Lorin şu ýylky ýaryşda "Tattoo" aýdymy bilen öñdeligi eýeledi. (AFP) Şu ýyl 67-nji gezek geçirilen "Eurovision" aýdym bäsleşiginiñ ýeñijisi şwesiýaly aýdymçy Lorin boldy, aýdymçynyñ bäsleşikde ikinji gezek üstün çykmagy-da gyzgyn seslenme döretdi. 39 ýaşly aýdymçy mundan öñem 2012-nji ýylda bäsleşigiñ ýeñijisi bolupdy. Lorin şu ýylky üstünligi bilen segseninji ýyllaryñ meşhur aýdymçysy Jonni Logandan soñ baýragy iki gezek alan ikinji aýdymçy boldy. Beýleki bir ýandan bu ýagdaý Loriniñ we Loganyñ üstünliginiñ syry hakdaky jedelleri-de möwjetdi. Käbir kişiler bäsleşigiñ aslynda syýasy sebäplere görä şekillenýändigini öñe sürse, käbirleriniñ pikiriçe "Eurovision"-da birinji bolmagyñ formulasy bar. Birleşen Korollykdaky Winçester uniwersiteti Gumanitar we Sosial ylymlar fakultetiniñ dekanynyñ kömekçisi Glenn Fosbreý hem şeýle pikir edýänleriñ biri. Fosbreý "The Conversation"-da ýazan makalasynda bäsleşikde tapawutlanan aýdymlaryñ belli bir şablona eýerýändigine ünsi çekdi. "Kyrkynjy ýyllaryñ ahyrlarynda filosof Teodor Adorno populýar aýdym-sazyñ galyplaşyp barýandygyny öñe sürdi. Ol her aýdymyñ birmeñzeş uzynlykda, birmeñzeş gurluşa eýedigini we birmeñzeş liriki duýgulary beýan edýändigini nygtapdy" diýen alym, aýdymçynyñ bu düzgüni ýer bilen ýegsan edendiginiñ daşynda Adornonyñ sözleriniñ şindizem janynyñ bardygyny aýdýar: "Eurovision"-yñ şowly aýdymlaryna gezek gelende bu düzgün hasam berk ýöreýär. • Ýaryşyñ repertuaryna hödürlenýän aýdymlar birmeñzeş uzynlykda we birmeñzeş temalarda Fosbreý birinji nobatda aýdymlaryñ maksimum müddetiniñ üç minutdygyny ýatlatdy. "Eurovision" aýdymlary hakykatdanam birmeñzeş uzynlykda" diýen alym, "Ýöne ýaryşda üstün çykan aýdymlaryñ arasynda belläp geçmeli tematiki we gurluş taýdan meñzeşliklerem bar" diýip sözüniñ üstüni ýetirdi. Onuñ aýtmagyna görä, soñky üstün çykan 20 aýdymdan 17-si iñlis dilinde aýdylypdyr. Şeýle-de aýdymlaryñ 17-si özara gatnaşyklar hakda bolup, 13-inde "söýgi" sözi geçýän eken. 18-inde iñ bolmanda bir gezek göni ýüzlenme ("menden saña") bar. Şeýle-de we 20 aýdymyñ ählisinde gaýtalanýan gaýtalamalar bar. Alymyñ pikiriçe soñky ýagdaýy "kemçilik hasaplap bolmaz". • Tomaşaçy aýdyma şobada alyşmaly Fosbreý "Jemleýji sahna göni tomaşa edip oturanlar aýdymy bary-ýogy bir gezek diñläp bilýär, şonuñ üçinem ses berlişikde aýdymy ýada salyp bilmeleri üçin oña şobada alyşmaly bolýar" diýýär. Psiholog Daniel Lewitiniñ sözlerine salgylanan alym "bir aýdymy ýatda galdyrmagyñ esasy şertlerinden ikisiniñ kapyýalardyr klişelerdigini" nygtaýar. "Eurovision"-da üstünlik gazanmak üçin birinji agyzdan aýdym aýdyñ Aýdym bir gatnaşyk hakda bolup biler. Aýdymy iñlis dilinde ýerine ýetirmeli. Bir topar klişe ulanmaly we gaýtalamagy gaýtalaýandygyñyzy anyk bilmeli. # The Independent, The Conversation, Eurovision World Çagla ÜREN. Sişenbe, 16.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |