07:53 Ilkinji türkmen dramaturgy | |
ILKINJI TÜRKMEN DRAMATURGY
Teatr we kino sungaty
1929-njy ýylyň noýabr baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda ilkinji türkmen milli teatry "Galyňsyz” atly üç aktly, dört görnüşli spektakyly bilen açylýar. «Galyňsyz» tomaşaçylara görkezilmezinden öň, respublikanyň ýolbaşçylary G.Atabaýew, N.Aýtakow, Ç.Wellokow we beýlekiler teatra baryp, ilkinji türkmen spektaklyna tomaşa edýärler. Tükmen artistlerini şowly işleri bilen gutlaýarlar. Ilkinji türkmen dramasynyň awtorynyň ömür ýoly neneň-niçiksi boldukan? Aýtjan öz deň-duş oglanlary bilen ýigriminji ýyllaryň başlarynda Daşkentdäki magaryf institutyna okuwa gidipdir. Şo ýerde olar Alyşbek Alyýewiň elinde tälim alypdyrlar. Bir gün ol öz okuwçylaryna ýüzlenip: – Türkmenistan özbaşdak respublika boldy. Onuň taryhyny, şu gününi öwrenmek size bagly. Şonuň üçinem oňa şu günden girişmeli. Sizem başardygyňyzdan her biriňiz halkyňyzyň durmuşyndan bir zat ýazyp getiriň. Möhletem iki aý – diýdi. Soň Alyşbek Alyýew öz okuwçylarynyň depderlerini alyp Aşgabada gaýdýar. Ol depderleri magaryf halk komissary Bäşim Pereňliýewiň hut özüne gowşurýar. Şol on sekiz depderiň birinde ýazylan golýazma bolsa örän täsin ykbaly başdan geçirdi. Otuzynjy ýylda Aýtjan Haldurdyýewe «Ilkinji türkmen dramaturgi» diýen at berlipdir. Muňa kepil geçýän şahadatnamany oňa TSSR MIK-niň başlygy N. Aýtakowyň hut özi gowşurypdyr. Teatra oýun görmäge baranda ilkinji türkmen dramaturgy hökmünde onuň öz belli oturýan ýeri bolupdyr. Bu ol Daşkent, Moskwa ýaly şäherlere baryp, oýun görende-de şeýle ekeni. 1927-nji ýylda Daşkentdäki Magaryf institutyny gutaran badyna ol Hydyr Derýaýew bilen bile Gazak pedagogik institutynyň lingiwistka bölümine okuwa giripdir. Olar bu ýerde alty aý okansoňlar, instituty Almaata şäherine göçürmeli edilýär. Şu sebäpli hem olar Aşgabada gaýdýarlar. A. Haldurdyýew Köşüdäki görkezme-tejribe mekdebinde mugallymçylyga başlaýar. 1928-nji ýylda Aşgabatda Komwuz açylýar. Ony şo ýerik işe geçirýärler. Şol ýerde işläp ýörkä, bir gün ony komsomolyň Merkezi Komitetine çagyrýarlar. Merkezi Komitetiň birinji sekretary ony Moskwanyň G. Krjijanowskiý adyndaky plan-ykdysadyýet institutyna okuwa iberjekdiklerini mälim edýär. Aýtjan şonda oňa: – Men Daşkentdäki inprosy gutardym. Özümem döredijilik işi bilen meşgul bolýan – diýýär. Ýaş ýigidiň jogaby sekretaryň gaharyny getiren bolmaga çemeli. Ol barmaklary bilen stoly tyrkyldadyp: – Ýa-ha okuwa gidersiň, ýa-da komsomol bilediň bilen hoşlaşmaly borsuň, – diýip kesgitli aýdýar. Şeýdibem ol Moskwa okuwa gidýär. Ikinji kursda okap ýörkä, gyş kanikulynda Burdalykda raýispolkomyň başlygy bolup işleýän uly dogany Gonuş Haldurdyýewiňkä görme-görşe barýar. Şonda ol bu ýerde komandirowkada ýören Gaýgysyz Atabaýew bilen duşuşýar. Daşkent institutyny tamamlap, mugallymçylyk eden, döredijilik bilen gyzyklanyp, ilkinji türkmen dramaturgy diýen ady alan adamyň ykdysadyýet institutynda okap ýörşüne Gaýgysyz Atabaýew birhili garaýar. Aýtjan şonda komsomolyň Merkezi Komitetiniň sekretary bilen bolan gürrüňi oňa jikme-jik aýdyp berýär. Şonda olaryň arasynda şeýleräk söhbetdeşlik bolupdyr. – Bäý, häzirem gorkak adamlar bar-ow! Ýagdaý şeýle diýip, Narkomprosa baraýmaly ekeniň-dä. – Narkomprosa-da baryp durmadym. «Komsomol bildiňi eliňden alarys» diýip, duransoň, kejeleşmejek boldum. – Haçan Aşgabada barmakçy? –Ýüzümiň ugruna sowulmak hyýalym-a ýok däl. – Onda Narkomprosa baryp, ikimiziň aramyzda bolan gürrüňi halk komissaryna gürrüň ber. Ol näme aýtsa, şony meniň teklibim hökmünde kabul edersiň. Ilki pedinstitutda, soň medinistitutda okuwyny dowam etdiren Aýtjan Haldurdyýew 1940-njy ýylda okuwyny tamamlaýar. Şondan soň Daşhowuzda, Aşgabat raýon keselhanasynda, Büzmeýinde işleýär. Ýüzlerçe-müňlerçe adamyň derdine şypa edip, olaryň alkyşyna mynasyp bolýar. --Men Aýtjan aga ýüzlenýärin: — «Galyňsyzdan» soň pýesa ýazmadyňyzmy? – Ýok. Oňa elem degmedi. Ilki okuw, soňam iş. Gijäniň-gündiziň parhyny bilmän işledik. Uruş ýyllary, uruşdan soňky ýyllar döredijilige el degmedi. Obalarda häzirki ýaly medisina kadrlarynyň bolçulygy nirede? Giden bir raýonda sanlyja wraç bardy. Şolaram tutuş raýonyň adamlarynyň hyzmatyndadyr. Her edip-hesip edip, dertli göwünleriň aram tapmagy üçin elimizde baryny etdik. Hawa, ýigriminji ýyllaryň ahyrynda öz ilkinji pýesasy bilen halkyň başyna inen agyr kesele – ýigrenji galyňa garşy aýgytly sözüni aýdan Aýtjan Haldurdyýew soň ömrüniň esli bölegini halkyň saglygy ugrundaky göreşe bagyşlady. Onuň mähirli sözünden, ýeňil elinden şypa tapanlar bir ýa iki däl. Olar müňlerçe! Ýeri gelende aýtsak, Aýtjan Haldurdyýew Leniniň eserlerini terjime etmäge ilkinji girişenleriň biri. Leniniň «Kooperasiýa hakynda» atly makalasyny ilkinji gezek türkmen diline geçiren hem Aýtjan Haldurdyýew. TSSR MIK-niň başlygy N.Aýtakow bilen bilelikde terjime edilen bu kitapçanyň häzir K.Marks adyndaky türkmen döwlet kitaphanasynda ýeke-täk ekzemplýary saklanýar. – Student döwrümde G.Atabaýew bilen duşuşyklarym hakynda pýesa ýazyp, ony Mollanepes teatryna tabşyrdym. Bile bir obada önüp-ösen Nedirbaý Aýtakowyň ýaşlyk döwürlerine bagyşlap bir pýesa ýazmakçy – diýip, Aýtjan aga hoşlaşyp durkak aýtdy. Arzuwlaryň hasyl bolsun, Aýtjan aga! 1988 ý Aprel. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |