14:17 Iň gowy melhem: Ene mähri | |
IŇ GOWY MELHEM: ENE MÄHRI
Medisina
Ýaş ene doktoryň kiçijik gyzyny barlap oturyşyna syn edýän mahaly aglaman zordan saklanýardy. Gyzjagaz bolsa medisina barlagyndan geçirilýän ýörite stoluň üstünde ses-üýnsüz, gymyldaman ýatyrdy. Köp çaga 12-15 aýlykka ýöräp başlaýan bolsa, bu çaga eýýäm 17 aýlyk bolandygyna garamazdan, entek oturyp hem bilmeýärdi. Iki tarapa agyp-dönmekden başga zady başarmaýardy. Stoluň üstünde ýatyşyna gözlerini bir nokada dikip, doktoryň gözüniň öňünde iki tarapa hem hallanladýan oýunjagyna üns hem bermeýärdi. Doktor oýunjagy eline tutdurýan mahaly onuň titreýän elleri oýunjagy saklap hem bilmeýärdi. Onuň aňy bolsa edil iki aýlyk çaganyňky ýalydy. Bu gyzjagazy öňki barlan doktorlar onuň geljegi barada umyt baglarlyk zat aýtmandylar. Gaýta onuň adam boljagynyň, bolmajagynyň ikuçlydygyny ýaňzydypdylar. “Çaga insefalit keseline (beýniniň sowuklap çişmegi we iriňlemegi netijesinde döreýän hem-de beýnide hemişelik ýaramaz yz galdyrýan kesel) uçran bolmaly. Ony kemakyl we ruhy taýdan näsag çagalaryň öýüne tabşyrmakdan başga çäre ýok” diýipdiler. Çaga keselleri boýunça meşhur professor çaganyň keseliniň taryhy ýazylan depderiň sahypalaryny agdaryp, ýazgylara göz gezdirýän mahaly ene “Üç aýlyk bolýança nähili gowy, nähili sagdyn we düşbüje bäbekdi” diýip, özbaşyna gürläp otyrdy. Ejesi gyzjagazyny eýýäm üç aýlykka çagalar bagyna beren ekeni. Ilkinji günlerde oňa seredýän enekeler gyzjagazyň örän şadyýan, sagdyn we düşbi çagadygyny biri-birine gürrüň berýän ekenler emma gysga wagtdan soň töwerekden edilen tagallalaryň ählisine garamazdan, çagajyk özüniň ösüşini ählitaraplaýyn togtadýar. Çaga bir ýaşandan soň ejesi doktorlara ýüz tutup başlaýar. Ýöne çaga berlen witaminlerdir dermanlaryň hiç hili nepi degmeýär. Indi oňa suwuk iýmitden başga zat iýdirip bolmaýar. Birnäçe günläp, hiç hili hereketsiz diýen ýaly ýatýar. Özüniň leksiýasynda ýokardaky zatlary gürrüň beren professor soňra şeýle diýýär: “Çagajygy meniň ýanyma getirenlerinde onuň ýagdaýy gowy däldi. Kärdeşlerimiň çaganyň geljegine hiç hili umydyň ýokdugy baradaky pikirlerini paýlaşmakdan başga çäräm ýok diýen ýalydy. Ýöne şeýle umytsyzlyga garamazdan, mende nähilidir bir şübhe peýda boldy. Sebäbi nerw sistemada geçirilen barlag çaganyň beýnisinde hiç hili ýetmezçiligiň, keseliň ýokdugyny görkezipdi. Şonuň üçin hem men gyzjagazy ruhy taýdan näsag çagalaryň öýüne tabşyrmazdan öň, ony sagaltmak üçin iň soňky gezek synanyşyp görmek barada karara geldim we ejesine “Çagaňyzy çagalar bagyndan alyň we onuň bilen hut özüňiz meşgullanyň.Oňa hiç hili derman bermeli däl, dermanyň peýdasynyň ýokdugyny gördük. Ony diňe siziň eýýäm çaganyň aňynda ýok zat bolup giden barlygyňyz, siziň ünsüňiz we mähriňiz halas edip biler” diýdim. Üç hepdeden soň, çagajaygyň ýagdaýynyň gowulyga tarap üýtgeýändiginiň ilkinji alamatlary görnüp başlady. Çagajyk oýunjaklara üns bermäge başlady we olary elinde tutmaga çalyşýardy. Onuň işdäsi hem az-kem açylypdy. Haçan-da ol 20 aýlyk bolanda oturmaga, 30 aýlykda bolsa ýöremäge, oýnamaga başlady. Indi gyzjagaz ýatýan mahaly aşagyny hapalap turmaýardy. Üstesine-de, ýüzüne seredeniňde gülümsireýärdi we geplemäge başlaýardy. Şol gyzjagaz häzir 5 ýaşynda. Indi onuň saglygynda howatyrlanar ýaly zat ýok. Aňy, akyl-huşy hem beýleki çagalaryňkydan kem däl. Ýöne gaharjaň, käte-käte tisginip oýanýar, eger ejesi özüne aýtman daşary çykaýsa, özüni taşlap gidýändir öýdüp, sesli aglamaga başlaýar. Umuman çaga özüni halas eden iň gowy dermandan, iň gowy melhemden, ýagny ene mährinden täzeden mahrum bolaryn öýdüp gorkýar”. Häzirki döwürde psihiatorlar we psihologlar “çaga bäş ýaşaýança, eneden uzakda bolmakdan erbet zat ýok, ýagny şu döwürde hiç bir çaga eneden aýry bolmak ýaly erbet täsir etmeýär” diýen birmeňzeş pikiri öňe sürýärler we muňa berk ynanýarlar. Ene çaganyň bütin dünýäsidir. Ol dünýäni enesiniň gözleri bilen görýär. Çagajyk enesiniň ähli howpdan halas edip, gorap biljekdigine ynanýar. Fransiýada doktorlar alty aýlykdan soň çagalar bagyna berlen çagalaryň uly böleginde ruhy ýetmezçiligiň ýüze çykýandygyny subut etdiler. Şeýle çagalar giç gepläp, giç ýöräp we giç okap başlaýarlar. Hut şonuň üçin çagalary ene mährinden az wagtlyk hem bolsa mahrum etmezlik üçin olar kesellänlerinde hassahanalara-da eneleri bilen bile kabul edýärler. Dr. Faruk MANISALY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |