11:48 Iñ soñky goşgy | |
IŇ SOŇKY GOŞGY
Goşgular
1991-nji ýylyň ýanwarynda uruş döwri Türkmen radiosyna ýolbaşçylyk eden Nurjemal Durdyýewa bilen söhbetdeş bolanymda, ol şeýle zady gürrüň beripdi: - Medeniýet ministrimiz şahyr Gara Seýitliýew keselhanada agyr halda ýatyrka, orunbasaryna "Jaň et, gelsin meň ýanyma“ diýipdir. Menem Krasnowodskiden Aşgabada gitdim. Özem 1-nji maýyň öň ýany. "Ynha, gardaş, menem ýatyryn. Öljek“ diýdi. Menem oňa "Aý, Gara, "Ýatan ölmez, ýeten öler“ diýipdirler. "Belki, hudaý ýol berse, gutulmagyň mümkin“ diýsem, "Aý, ýok, gardaş, indi gutardy“ diýdi. Şeý diýip, elini uzadyp, ýassygyň aşagyndan kagyz çykardy. Kagyzy aldy-da, "Me, oka“ diýdi. Goşgy ýazan eken, özüniň öljegi hakda. Menem goşgynyň birki bendini okanymdan soňra bogazym dolup, soňuny okap bilmedim... Ak kagyz ýüzünde göýä bir keşde, Ysgynsyz barmaklar galam ýöredýär. Bu ahwala rehmi inip ajalyň, Şahyry bimaza etmejek bolýar. Ýazsyn diýip, şahyr soňky setirin, Ätläp bilmän jyklap otyr gapydan. Birwagt möwç uran joşgunly ýürek, Misli bir derýada gämisiz kürek. Dyňzaýar, omzaýar mejalsyz göwre, Ajal, puryja ber, bir pursat gerek! Iň soňky setirler, iň soňky sözler, Setir yzarlaýar öçügsi gözler. Ajala alaç ýok, dilinýär ýürek, Beýnide harasat, elenýär ýürek. Birsalymdan yzda galar görgüler, Birsalymdan galar ýürek urgular. "...Däliredip däli diýme, dilberim, Däli göwnüm bir ýylgyrsaň açylar. Perilerde ynsap bolmazmy perim, Sen ýylgyrsaň dünýäme nur saçylar“. Saýran şahyr ýatyr indi mejalsyz, Ýazýar ol öz ölmi hakda kyssasyn. Şahyrlar ölmeýär. Goýup gitdi ol Bu dünýäden mert gitmegiň nusgasyn... | |
|
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Tumar / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |