19:50 Iñ soñky hekaýa | |
IŇ SOŇKY HEKAÝA
Hekaýalar
Bu setirler öz garaşsyzlygy ugrunda arap halkynyň alyp barýan göreşi hakynda ganlary bilen hekaýa ýazan Ýusuf Süleýman Fahede we onuň ýoldaşlaryna bagyşlanýar. Olaryň tragiki ölümi biziň ýurdumyzyň reaksion toparlaryna unudylmaz masgaraçylygyň tagmasyny basar. Türmäniň ýeka adamlyk zeýli we garaňky kamerasyna ýürek gysydyrjy ümsümlik aralaşdy. Bu ýerde ýaşaýyş we ajal duşuşyp, gaýduwsyz göreşde tutluşdylar. Olaryň hiç haýsysy egilişik etmedi, hiç haýsysy boýun egmedi. Hemişe-de şeýle bolupdy we şeýle bolar. Bu gezek ajal ýeňiji bolup çyksa-da, ýaşaýyş özüniö belentligini we gujurlylygyny görkezdi... Ýusuf abd-al Manam elini ýokary göterdi-de, maňlaýyna düşen saçyny bir ýana sowdy we aýgytly bir ädim öňe ätledi. Onuň gözleri bir wagtyň özünde hem ýigrenç, hem guwanç, hem belentlik duýgusy bilen uçganaklady. - Ertir... Ertir ir bilen... Ol kameranyň içinde iki ýana gezmeledi. Sňra daşyndan pikirlenýän ýaly edip: - Ertir... Ertir ir bilen... Gün özüniň ilkinji altyn şöhlelerini agaçlaryň, otlaryň hem-de tamlaryň üstüne saçanda, olar meniň-de saçyma, meniň-de ýüzüme düşer, soňra meniň syrtmakdan asylyp duran dem-düýtsüz jesedimi-de ýylydar... – diýdi. - Ertir ir bilen meniň ömrümiň iň soňky sahypasy ýapylar we müdimlik sahypasy açylar. Bagtly ýaşaýyş ugrunda göreşen ogullaryny halk hernä ýadyndan çykaraýmaz-da? Ýok, hiç haçan! Soňky sözlemi ol öwran-öwran gaýtalady. - Ejem hem öz ogluny unutmaz – diýip, Ýusuf sözüni dowam etdirdi. – Men ony örän oňat görýärdim. Garryja eneme nebsim agyrýar. Onuň meni gowy göräýşi, onuň maňa bolan mähri şeýle bir uly welin, ony ölçäýmek we nämedir bir zat bilen deňeşdiräýmek kyn. Meni ýatdan ýykarmajak başga-da bir aýal bar. Ol meniň aýal doganym däl, onuň maňa hiç hili garyndaşlygy-da ýok. Ýöne ol meniň ýüregime ýakyn. Salima!.. Dünýäde ideýanyň birliginden güýçli zat ýok. Hiç zat adamlary bilen göreşmeklik ýaly ýakynlaşdyranok. Ol bu barada guwanç bilen pikir etdi. Ýusufyň göwnüne bolmasa, ol köne ertekilerdäki batyrlar ýaly güýçli we durnukly bolup biläýjek ýalydy. Hawa, ol ajaldan, özüni öldürjek bolýan jellatlardan güýçlüdi! Oňa garaşýan zatlaryň bary onuň gözüniň alnynda boş we gözgyny bolup galdy. Onuň dodaklary gymyldady: - Goý meniň watanym, meniň halkym ömür sürsün!.. Ýusufyň ejesi bolsa şol wagt oglunyň suratyny öpýärdi we: - Aýby ýok... Aýby ýok, Salima. Biziň we biziň çagalarymyzyň ýagty geljegi ugrunda ähli pidalara döz gelmeli. Salima boýradan birneme galyp, sojap duran sesi bilen: - Aýby ýok... Hawa, hawa, aýby ýok. Bar, söýgülim bar! Sen hemişe ýaşarsyň. Sen uzakda bolsaň-da, ýüregim seniň ýanyňda... Hawa-da, ajal diňe adamyň göwresini ýeňip biler, başga eden bolmaz. Hakykat bolsa ýaşar. Salima ýerinden turup, elini serdi. - Ýusuf!.. Ýusuf! Emma birden ol yraň atyp gitdi, eliniň aýasy bilen maňlaýyny syrdy we: - Ýusuf daşda ahyryn. Bu düýş-le... Maňa näme bolýar-a? Samraýan ýaly-la... Ol ýene-de boýraň üstüne gaýtdy; onuň gulagynda Ýusufyň sesi dynman ýaňlandy: - Men arkaýyn ölerin, Salima... Meniň ynamym edil granit ýaly berkdir... Daňdanlar horzlar gygyryp başlanda kamera türmäniň naçalnigi geldi, ýany bilen hem şyh we bir näçe soldat girdi. Ýusuf abd-al Manam bu aýylganç pursada taýýardy. Ol üstüni kakyşdyrdy we şyhyň diýenlerini arkaýyn diňledi. Soldatlar onuň eline gandal saldylar we jeza berilýän ýere alyp ugradylar, ol ýerde bolsa alahöwrene meňzäp duran ýüpli dar agajy seleňläp durdy... Jeza beriljek ýere ägirt köp märeke ýygnanypdyr. Ýusuf sekiniň üstüne çykdy we ploşada gözüni aýlady. Özüni ahtrky ýoluna ugratmaga gelen adamlar bilen salamlaşmak üçin elioni galdyrasy geldi. Emma onuň elleri arkasyna daňylgydy. Şonda ol kellesini merdana silkdi-de, ýüpüň aşagyna bardy. Bir minutdan soň onuň jesedi howada sallandy. Türme ofiseri äpişgä seretdi. Bui ýerden jeza berilýän ýer görünýärdi. Ýususfyň jesedi eýýäm dar agajynda sallanyp durdy. Soňra ofiser äýnegini ýene burnunyň üstüne süýşürdi we haty okamasyny dowam etdirdi. Bu haty Ýusuf ölmezinden öň ejesine ýazypdy. “...Muny ýazmazymdan öň özümiň iň soňky hatymy eje, saňamy, Salimamy, halkymamy, işdeş ýoldaşlarymamy – kime ibersemkäm diýip köp pikir etdim. Soňky sözlerimi men halka dar agajynyň aşagynda durkam aýdaryn. Bu haty bolsa saňa ýazýaryn. Men seniň ýüregiňden önen ogluňdan jyda düşürenlere mukaddes ýigrenç döremegini isleýärin. Ölümiň öň ýanynda men senden haýyş edýärin: aglama. Bu haýyşymy ýerine ýetirmegiň saňa kyn boljagyny bilýärin. Ýöne welin göreşijileriň eneleri aglamagy başarmaýarlar, sebäbi aglasalar, olaryň jellatlara bolan ýigrenji şol bada suwa öwrüläýýär... Men garyp bolup doguldym – beýle adamlar biziň kwartalymyzda köp. Sen gaýdyp meni görmersiň. Emma meniň inilerim, işdeş ýoldaşlarym galarlar, olar seniň ogluň ulalyşy we ýigit çykyşy ýaly ulalarlar, ýigit çykarlar; olar seniň ogluňyň göreşişi ýaly göreşerler: käbirleri bolsa seniň ogluňyň ölüşi ýaly ölmekli bolarlar, sen olara, maňa bil baglyşyň ýaly bil bagla, olary meni söýüşiň ýaly söý, olara maňa pata berişiň ýaly ak pata ber. Olar edil meniň ýaly seniň ogullaryňdyr, sebäbi olar adamzadyň çagalarydyr, sen bolsaň, adamzadyň eneleriniň birisiň! Meniň üçin Salimany öp, goý bu öpüşde ölümiň öň ýanynda duran adama mahsus bolan şol wepalylyk we söýgi duýulsyn. Biziň kwartalymyzdaky kiçijik çagalary-da öp, işdeş doganlaryma salam diý, meniň ölümden birjik-de heder etmeýänligimi olara aýt!.. Bir wagtlar seniň maňa näme işleýäň diýeniň ýadyma düşýär. Şonda men saňa halkymyň çörek we azatlyk ugrundaky göreşi barada hekaýalr ýazýaryn diýip jogap berdim. Sen şonda ýylgyrdyň we: - Onsoň ol hekaýalar gyzyklymy, oglum? – diýip soradyň. Men saňa olar diýseň oňat, ýöne welin irde-giçde has hem oňat, has hem güýçli hekaýa ýazaryn diýip jogap berdim. Iň güýçli hekaýanyň gan bilen ýazylýanlygyna, hawa, hawa, hut öz ganyň bilen ýazylýanlygyna men pugta ynanýaryn. Ertir ir bilen... Men özümiň iň soňky hekaýamy öz ganym bilen ýazaryn. Ol bolsa meniň ähli ýazanlarymyň içinde iň oňady bolar...” Ofiser äýnegini aýryp, ýene-de äpişgä seretdi... Ýusufyň jesedi dar agajynda heniz hem yraň atyp durdy. - Hawa, bu hudožnigiň ýazyp biläýjek ähli hekaýalarynyň içinde iň güýçlüsi – diýip, ofiser ýuwaşja seslendi we onuň ini tikenejkläp gitdi. Ýöne bu hekaýa entek gutaranok. Ýusufy ugratmaga gelen adamlar onuň yzyny ýazarlar. 1949-njy ýyl. Haşim MINA, siriýa ýazyjysy. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |