07:37 Iñ ýakyn dostuma | |
Annasoltan KEKlLOWA
Goşgular
«Iň ýakyn dostuma» Bu gije nämüçin ýatyp bilemok, Oýlanyp geçirýän uzak gijäni. Syrly garaýşyňam maňa düşnüksiz, Ýa galdyran bolaýmaýyn bijämi? Daş çykýaryn haraý isläp asmandan, Şemal alyp gidýär gursakdan gamy. Eşdilýär gulagma ýeriň üstünden, Uzakda ýaňlanýan dostlaň aýdymy. Näçe diňleseň-de bu adamlary, Seň syrly garaýşyň çykanok ýatdan. Gursagyňda gor hem bolsa, ezizim, Guý gujagma, heder etme hiç zatdan! Guý gujagma, juwan göwün syrdaşym, Düşün ahyr, geçip barýar ömrümiz. Ýürekde syr gizläp birek-birekden, Unudýas ajaýyp ýaşamany biz. Şoň üçin gijeler ýatyp bilemok, Jahanda bar zatdan basylýar sussum. Kyn bolýar ýaşamak ýagty dünýäde, Senden syr gizlese iň ýakyn dostuň. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |