16:53 Interlýudiýa näme we ol näme üçin gerek? | |
INTERLÝUDIÝA NÄME WE OL NÄME ÜÇIN GEREK?
Edebiýaty öwreniş
“Interlýudiýa” düşünjesi saz sungatyndan gelip çykyp, latynça: “inter – aralykda, arada”, “ludus – oýun” diýen sözlerden emele gelen adalgadyr (termindir). Saz sungatynda bu düşünje uly/iri saz eseriniň uly bölekleriniň/parçalarynyň arasyndaky saz bölejigini/parçasyny aňladýar. Drama sungatynda pýesanyň aktlarynyň (sahnalarynyň (hereketleriniň, epizodlarynyň)) arasyndaky kiçi göwrümli goşundy-sketçleri (iňlisçe: sketch – eskiz, garalama, çyrşaňňy) aňlatmak üçin “intermediýa” diýen aňlatma ulanylýar. Çeper edebiýatda “interlýudiýa” diýlende näme göz öňünde tutulýar? Edil saz sungatyndaky ýaly, çeper edebiýatda-da baplaryň arasyndaky kiçi göwrümli goşunda ýa-da bir babyň sahnalarynyň (epizodlarynyň) arasyndaky yza tesmä ýa-da bapda beýan edilýän wakanyň kesesinden synlama görnüşinde beýan edilen kiçeňräk sahnasyna “interlýudiýa” diýilýär. Çeper edebiýatda interlýudiýa eseriň esasy sýužet ýordumy bilen gönüden-göni bagly bolmanam bilýär. Ýöne, barybir interlýudiýa şol eserde suratlandyrylýan hadysalara, şekillendirilýän gahrymanlara ol ýa-da beýleki bir derejede dahylly bolup, şolaryň gyraňlarynyň birini güberçekledip açyp görkezmäge ýa-da okyjyda şolar bilen bagly döräp biljek sowallara jogap bermäge niýetlenýär. Interlýudiýanyň mazmunyna görä ony esasy dört görnüşe bölmek bolýar: - Retrospektiwa – ýagny, eseriň sýužeti başlanmazdan öň bolup geçen wakanyň (wakalaryň) suratlandyrmasy. Mysal üçin: wakanyň bolup geçýän döwründen öňki taryh we ş.m.; - Dünýäniň gurluşy – eseriň bolup geçýän dünýäsiniň, jemgyýetiniň, tebigatynyň, syýasy gurluşynyň, zamanasynyň we ş.m. giňişleýin ýa-da gysgaça suratlandyrmasy; - Psihologiýa – awtoryň eseriň ol ýa-da beýleki gahrymanynyň içki gapma-garşylygy, aladalary, dünýägaraýşy we ş.m. barada pikirleriniň beýany; - Filosofiýa – awtoryň özüniň ömür, söýgi, dostluk, dönüklik we ş.m. barada garaýyşlarynyň beýany. Mysal üçin: şunuň ýaly interlýudiýalar Osman Ödaýewiň “Altynjan hatyn” epopeýasynda-da, Ýazmyrat Mämmediň “Şapak” romanynyň ikinji jildinde-de juda kän. Çeper eserleriň düzüm gurluşyna baglylykda interlýudiýanyň görnüşi (galyby, formasy) hem dürli-dürli bolup bilýär: - awtoryň hur öz adyndan “men” diýlip hekaýat edilmegi – birinji şahs tarapyndan gürrüň berilmegi; - interlýudiýaky wakanyň şaýady hökmünde eseriň gahrymanlarynyň biri tarapyndan gürrüň berilmegi; - eseriň wakalary bilen baglylykda mugallymyň umumy okuw sapagyndaky çykyşyna çalymdaş (okuw leksiýasy görnüşinde) beýan edilmegi; - rowaýat, hekaýat, dessan ýa-da erteki görnüşinde şekillendirilmegi we ş.m.. Elbetde interlýudiýanyň beýan ediş görnüşi (formasy), eseriň sýužet ýordumyndan ugur alnyp saýlanýar. Ýöne, adatça eseriň mazmuny üçin wajyp bolan, emma sýužet yzygiderliligine sygdyryp bolmaýan zerur maglumaty okyjynyň dykgatyna ýetirmek üçin interlýudiýa islendik görnüşde beýan edilende-de bolýar. Çeper eserlerde interlýudiýa bildirilýän esasy talap, ol diňe bir awtoryň özi üçin däl-de, eýsem okyjy üçinem gyzykly, özüneçekiji hem möhüm ähmiýetli bolmaly. Elbetde, interlýudiýanyň eserde öz ornunyň bardygyna garamazdan, käbir awtorlar, aňsadyna bakyp, öz aýtmakçy bolýan pikirlerini, görkezmekçi bolýan sahnalaryny eseriň sýužetine inçelik bilen çitmän, onuň içinden eriş-argaç geçirmän, bu çeperçilik serişdesinden peýdalanmaklyga çendenaşa köp ýüz urýarlar we ony ulanmaga howul-hara ýa-da başdansowma çemeleşýärler. Şeýle ýagdaýda-da interlýudiýa eserde okyja onuň mazmunyny has giňişleýin we doly özleşdirmäge hyzmat etmeýär-de, awtoryň özüniň içini dökmegi üçin serişde bolup çykyş edýär. Bu bolsa bu çeperçilik serişdesiniň nädogry ulanylmagynyň aýdyň ýüze çykmasy bolup durýar. Sebäbi islendik eser ilkinji nobatda okyjy üçin ýazylýar. Ondaky ulanylýan ähli çeperçilik beýan ediş serişdelerem hut eseri okyja gyzykly, özüneçekiji etmäge, ony oýlandyrmaga hyzmat etmelidir. Şeýlelikde çeper eserlerde interlýudiýanyň ulanylmagy üçin iki şert gerek bolup durýar: - zerurlyk, ýagny interlýudiýada beýan ediljek maglumatyň başga görnüşde çeper eseriň içine girizilmegi onuň sýužet ýordumynyň akgynlylygyna, bütewiligine, gyzyklylygyna zyýan edýän bolsa (ýagny, şeýle maglumat okyjynyň “okaýyş keýpini gap bilinden döwýän” bolsa); - ýerliklilik, ýagny, interlýudiýa eseriň sýužet akymynyň arasyna salnanda örän seresaply we ýerlikli ýerleşdirilmeli. “Mundan urdum gylyjy arapda şaňlar ujy” ýa-da “Bula-bula ber gula” edilip, esere salnan interlýudiýa oňa peýda getirmekden geçen gaýta, zyýan edýär we okyjynyň eseri okamakdan elini sowadýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |