17:22 Ipohondriýa sindromy | |
IPOHONDRIÝA SINDROMY
Hekaýalar
Eýýäm iki ýyldyr näbelli bir keselden ejir çekýärdim. Iki ýyl bäri duýdansyz geljek ölüm gorkusy bilen ýaşaýardym. Ähli ünsüm öz içki organlaryma jemlenendi, aýratynam ýürek meni biynjalyk edýärdi. Geçmişimdäki elhenç wakalar meni gynaýardy. Ýürek agyry, her-hili gara basmalar ýaly dertler meni heläk edýärdi. Her gezek asman gamaşanda, derdim hasam ojükýärdi, ýüregme howsala salýardy. Aýratynam gar ýagyberse özümi agyr näsaglan ýaly duýýardym. Gary halamaýardym. Dert bilen goreşmekden (bi)za®ý boldum. Hassahana gitsemmikäm ýa özümi assammykam diýip pikir etdim. Soňra ýene biraz pikirlendim-de, lukmana görünmeli diýen netijä geldim. Göni kardiologyň ýanyna bardym-da, kesel alamatlaryny sanap başladym. Soňra ýüregiň EKG we EHO barlaglaryndan geçdim. Bolsa-da ähli barlaglar gowy çykdy. Ýürekde problema bolmasa, ýürekdäki agyry nireden, nädip bolýarka diýip lukmandan soradym. Lukman psihiýatra görünmelidigini aýtdy. Soňra psihiatra bardym. Gapyny kakdym-da, “Girmek mümkinmi?” diýip soradym. Lukman ýüzüme seretdi-de, jogap ýerine başyny atdy. Lukman goja adam eken, aýaklary kelte, gelşiksiz geýnüwli, giň balakly, balagynyň etekleri eplem-eplem bolup köwşüniň köp bölegini ýapyp duran eken. Daşy giň aýlawly äpet äýnekleriniň astynda oýnaklap duran gözleri bilen meni boýdan başa synlady. Näme bolýandygny sorady. Ýürek dogtara aýdanlarymy ýene sanap çykdym. Lukman meni ünsli diňläninden soň, maňa "ipohondriýa sindromy" diagnozyny goýdy. Ol nähili kesel diýdim. Ruhy keseldigini, has dogrusy keselden we ölümden gorkma keseli diýdi. Soňra ol, doglanymdan tä şu güne çenli durmuşymda nähili ahwalatlaryň bolandygyny sorady. Ýadymyň känbir ugrunyň ýokdugyny aýdyp, bolşuna görä durmuşymda bolup geçen ýürek bulanjy, zaýa wakalary sanap çykdym. Gelnimden aýrylşandygymy aýtdym. Ýöne gelnimiň ýüzüni unudyp bilmeýändigimi, hatda ony hakydamdan çykarmak üçin ony hyyalymda masgaralabam çykandygymy aýtdym. Çagaň barmy diýdi. Hawa diýdim. Çaga özüňdenmi diýdi. Ýene hawa diýdim. Soňra ol biraz dymdy-da, keseliň emele gelmegi ruhy trawmadan diýdi. Gelnimiň meni terk etmesi şeýle kesele ýolukmagyma itergi berendigini aýtdy. Bejergi almaly diýdi. Birnäçe däri-derman ýazdy-da, şulary alanyňdan soň ýene özüne gatnamalydygyny, ruhumy bejermelidigini, bu zatlaryň barynyň pula durýandygyny aýtdy. Puluň gürrüňi ýok diýdim. Lukman ýylgyryp, özüniň Amerikada okandygyny, baý tejribesiniň bardygyny aýtdy-da, nas atdy. Lukman hapysa adam eken. Şonda-da onuň men barada aýdýan sözleri maňa gyzyklydy. Soňra ol özi barada gürrüň berip başlady. Garry sömelip duran gemmik dişleriň astyndan agzy nasly, bulaşyk gürleýärdi. Näme diýýänini oňly aňşyrmanymsoň, näme gepleýänine düşünmedim hem agzyndan ýakymsyz ys gelýärdi. Ol maňa joşuplar özi barada gürrüň berýärdi. Mende bolsa başga duýgy döredi, indi gojanyň lakgyldysyny diňlemek maňa juda ejirlidi. Onuň şahsy durmuş wakalary maňa gyzykly däldi, meni öz derdim ynjalyksyzlandyrýardy. Gojaň sözüni jemlemesine howlugýardym, ol bolsa entek goýarly däldi. Ol birdenem gürrüň bermesini bes etdi-de, öňündäki depderçeden bir sahypasyny ýyrtdy-da, ony togalap kulok ýasap ugrady, kulaga nasyny tüýkürer öýtdüm, çaklama ýüregmi bulady. Gojadan indi sypalga gözläp ugradym, ahyram gyssagly işim çykandygyny, gitmelidigimi aýtdym. Goja meni goýberesi gelmedi. Ýöne men ýerimden turup gitmäge tutdurdym weli, ahyr ol razylaşdy-da, elime derman ýazan kagyzyny tutdurdy. Leçenýany dynaňsoň gel diýdi, gürrüňdeşligiň töleginiň 20 manatdygyny aýtdy. Gapydan çykan badyma, gojaň ýazyp beren kagyzyny zibil gutusyna zyňdym. Hassahana zalyna ýygnanan aňkowlaryň bary maňa seredýärdiler. Labarotoriýa gapysyna toplanan zenanlaryň ellerinde tezekli çüýşe gaplary bar eken, daşyndan garasaň olar kerwen tutan hatar-hatar düýelere meňzeýärdi. Hassahanadan zordan diýen ýaly çykdym. Daşarda gar ýagyp duran eken. Garyň ýagmagy keýpimi gaçyrdy. Göýä, gar däl-de, otly çagba ýagýan ýalydy. Sergezdan. | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |