00:18 Irisiň ölümi | |
IRISIŇ ÖLÜMI
Goşgular
köne bir plastinka ýaly bu gün kalbymy agdar-düňder öwürdim käbir aýdymlar bardyr pikir etdi:r şabyrdap ýagýan ýagyşy hem uzaklarda dowam edýän sary plaşly durmuşy deňiz käte özüni ýanýoda urar şonda kiçijek leňňeje bakýan ynsanlaryň aýdymy bolardy ol aýdymyň ady käşgä adym iris bolsady käşgä adym aňlatsady herkime sary plaşly ylgap barýan durmuşy käbir aýdymlar bardyr ellerim ulalar, bir geňsi bolar ine, şol ellerim bilen herkime palçykly goşgular uzatsadym her kim hapa bolsady, eý Taňrym käbir aýdymlar bardyr pikir etdi:r a:l agşamyň zowky-sapasyny täk tümlügin kalbynda, gozgamagy derdini köýnekleri keşdeli goňşy aýallaryň gürrüňlerini gijäni bag içine äkiderdi olar men nä zaman ölerin, Taňrym ir ertirmi? käşgä bir az wagty ýüpek ýaglyga dolap saklasadym ulalýan, gitdigiçe ulalýan daragt ýaly ady sebäpsiz ýere iris bolan bir daragt ýaly dursam bu otagyň ortarasynda sagat minaralary dökülerdi şahalarymdan, eý Taňrym indi ynanmaýaryn sary ýapraklaryň ölüdigine käbir aýdymlar bardyr pikir etdi:r ganatlary ýagyş-ýagmyrly kebelegi gyrmyzy bir çakmak ýaly keýpli ölmek bolardy ol aýdymyň ady yzynda diňe çyg çeken çilim galdyrmagyň gynanjy käşgä adym iris bolsady käşgä adymyň bir manysy bolmasady herkim çykarsyn kalbyny o pis şaý-sep sandygyndan hem herkim ony bir-birine zyňsyn, Taňrym. Didem Madak Terjime:Mango | |
|
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||