21:57 It hakda aýdym | |
IT HAKDA AÝDYM
Goşgular
Säher al şapakdan alanda ody, Ýananynda ak sähranyň gujagy. Ganjyk ýedi sany güjük guzlady, Ýedi sany çypar sary güjügi. Söýdi baryn garalýança ýalançy, Dili bilen olaň tüýün ýalady. Ýerde ýatan näzik, ýuka garjagaz Ýyly garnyň aşagynda eredi. Agşam towuk bary üýşüp her taýdan Düzülende nar üstüne kirş deýin. Güjükler halta gapgaryp öýden Çykyp gitdi agyr ýüzli hojaýyn. Ganjyk hojaýynyň yzyndan galman, Ylgady, duýmady pesi belendi... Şeýdip uzak salym gyş güni doňman Duran suwuň tolkunlary elendi. Hesretden müzzerip, sesin çykarman Öýe gaýdyp gelýän çagy, gör, indi, Obanyň üstünde dogan çypar Aý Güjüklerniň biri bolup göründi. Bu mawy belende garap gussada Zaryn sesli uzyn-uzyn uwlady. Inçejik Aý bolsa assa-assadan Baýyrlaryň aňyrsynda duwlandy. Şonda ýöne ýerden - gülki üçin ylla, Zyňylan daş deýin onuň kastyna, Ganjygyň gözleri misli bir tylla - Ýyldyz bolup gaçdy garyň üstüne. Sergeý ÝESENIN. Terjime eden: Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ «Baglar ýanýar seň toýuňda...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Jam içre meý ki daýyra salmyş hubap aňa... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Ýürek ýarasy / Goşgular - 08.12.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |