16:33 Jäheksiz setirler | |
JÄHEKSIZ SETIRLER
Goşgular
başy gök direýän bir beýik baýyrda, ýaksalar belentden ody... bolsam, şol oduň oduny... ýalkymyna ýagtylsa ýollar, ýylysyna çoýunsa gollar... hiç daşa oýman adymy, ýazsalar şony ýakanyň adyny... bir gämi ýasasalar gök deňizde, ýelkenini dokasalar göwnümden, bogaldaga zor berip, öňe dartsa gämini, çapgyn ýel doldursa, ýelken-göwnümi, gämi döz gelse ähli harasatlara, şatyrdasam-da ýyrtylman tupanlara, äkitsem, äkitsem, äkitsem gämini, ajap ülkäň firdöws kenaryna... gämiň çekgesine ýazman adymy, daksalar şony ýasanyň adyny... ýol gursa biri, daglary ýaryp, şoň elinde külüň bolsam, pil bolsam... şol ýoldan geçip gidende gelnaljy, ýolgyrada kirşen basan gül bolsam... men-külüň bilen owradyp harsaňlary, men-pil bilen çarkandaklar düzlense, soňra men-gül bilen bezeseler şol ýoly... ýolbaşyna ýazman guranlaň adyn, ýolugra aýtsa ýöreýänler alkyşyn... şemiň ýagtysyna kitap ýazsa biri, gamyş galam bolsam onuň elinde... setire hünji bolan söze öwrülip, labyzly aýdylsam, okaýanyň dilinde. men-galam hyzmat etsem tä ölýänçä, soňam miras galsam ozduran şägirde... kitabyň sahabynda goýulmasyn adym, diňe ýazsam bolýar, geçip ägirtden-ägirde… Öwezgeldi BEGLIÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |