00:51 Jelaleddin / powestiñ dowamy | |
2.
Taryhy proza
Muhammet şa bilen Terken hatyn bir salym dymyşyp gitdi. Olaryň ikisiniňem keýpi gaçypdy. Haýsy öňürti näme söz tapjagyny bilmän, eneli-ogul tirkeşip barşyna, Terken hatynyň bolýan jaýyna golaýlady. Serwi agajynyň astyndaky ýumşak sekä ýönelen Terken hatyn dagdan agajyndan ýasalan hasasyny ýere birki mertebe tyrkyldatdy, ýüpek lybasyny bir gapdala serpmän — zat etmän, ýüzüni doňan gawunyň içi ýaly gögerdip, sekiniň gyrasynda oturdy. — Senem bir salym otur, oglum — diýip, Muhammet şanyň ýüzüne çalaja seredip göýberdi. Şa onuň golaýynda ornaşdy. Terken hatyn dagdan agajyndan ýasalan hasasynyň ýere degip duran ýerindäki tylla halkadan gözlerini aýyrman, doňňara-daş bolup oturyşyna gürläp başlady. — Şalaryň şasy, soltanlaryň soltany, oglum Muhammet! Külli jahanyň, bi älemiň deň ýarysy owal seniň ýedi arkaňy, indi bolsa biziň adymyzy eşidende suwdaky gamyş ýaly endireşip durýar. Seniň, tüweleme, Allatagala köp görmesin, asmanyň guşlaryndan, zeminiň mör-möjeklerinden köp sanly goşunyň bar. Alty aýlyk menzildäki raýatlaryň seniň adyňy doga edinip, duz-tagamyň soňundan omyn edýärler. Seniň yranmaz täji-tagtyň, dünýä sygmaýan baýlyk-hazynaň bar. Emma... — Terken hatyn hasasynyň nepis haşamlanan tylla halkasyndan gözüni aýyrdy, onuň inçejik barmaklaryndaky göwher gaşly ýüzükleri, taýagyň ýüzüne çümdürilen altyn sapaklaryň nagyşlaryny sypalady. Onuň barmaklary çaljak sazynyň perdesini gözleýän mukamçynyňka çalym edýärdi. Ahyry Terken hatyn ol perdäni tapan bolarly. Ol sözüni dowam etdi.— Emma... Oglum Muhammet, adamyň barmaklarynyň deň bolmaýşy ýaly, seniň bu döwletiňi, bu baýlygyňy görüp bilmeýänlerem bardyr. Men diýýänlerimi seniň döwletli kakaň, ýatan ýeri ýagty bolsun, Tekeşe-de köp tekrarlap aýdardym. O pahyr näçe gaharjaň, näçe öz diýenli bolsa-da, käte maňa gulak asardy. O ýyllar siz bäş dogan — heriňiz bir deräniň şiridiňiz. Senä Horasanda sahybalydyň[1]. Kakaňyzyň ýanyna aýda-rowanda salama gelerdiňiz. Men bolsa mydama onuň ýanynda... Hawa, meniň aýtjak bolýan zadym şeýle... Müň ýyllap saýa salyp, sarsman oturan çynaryňam birdenkä bir şahasynyň apbasy ýapraklary saralyp, şikes tapaýýar. Ine, bir görseň, oňa daşyndan hiç zat bolmadyk ýaly, emma içini görseň, gurçuklar müňňüldeşip ýörendir. Muhammet şanyň gür gaşlarynyň ortasyndan dik ýokarlygyna çuň ýygyrt emele geldi. Ol çal sepen kümüşsew sakgalyna sag elini ýetirdi. Onuň barmaklaryndaky ýüzükleriň gymmat bahaly daşlary gök sakgalyň arasynda biri-birini gözleşip ýören göwher möjekleri ýatladyp, birgeňsi sandyraşyp müňňüldeşýärdi. Terken[3] hatyn ogluna aýtjak bolýan esasy gürrüňine golaýlaşdy. Emma Muhammet soltan onuň gozgajak bolýan gepiniň aňyrsyna ýetip otyrdy. Ol ony öňden duýýardy, enesiniň hereketlerinden ýüregi syzýardy, haçanam bolsa, bu gürrüňiň başlanjagyny bilip ýördi. Şonuň üçinem onuň iki gaşynyň ortasy bürüşdi, entek aýdylmadyk, emma ynhalekin başlanjak-başlanjak bolup duran, ýakymsyz, sowuk şemal ýaly gürrüňi islese-islemese, diňlemäge kaýyl boldy. — Men o çynary, oglum, seniň ataňdan miras galan sarsmaz tagtyňa meňzedýän, onuň şahalaryny bolsa biziň nesillerimiz üçin ýürek-bagyryndan hyzmat edýän urug-taýpalarymyza. Ine, şonuň üçinem o çynaryň şahalarynyň sagdyn, pajarlap ösmegi üçin biz gaty seresap bolmalydyrys. — Terken hatyn “Biz” diýip, sözüne azajyk dyngy berdi, ol “Biz” diýip, söz arasyna hut özüni goşmak bilen (ony bolsa bilgeşleýin aýdypdy), ol sözüň söhbetdeşine nähili täsir edenini bilmekden ötri, şol bada oglunyň ýüzüne seredip göýberdi welin, onuň gaşlarynyň arasyndaky ýygyrdynyň azajyk çuňlaşyp gidenini hem-de burnunyň ujunyň çalaja titiränini görüp galdy. Belkem, şonuň üçindir, Terken hatyn gürrüňiniň jylawyny ogly tarapa burdy— Onuň üçin, oglum, seniň gözleriň bürgüdüňkiden görgür, gulaklaryň atyňkydan duýgur, gylyjyň ujy almazdan ýiti, gollaryň Rustem, Zalyňkydan berdaşly bolmalydyr. Dogry “Gylyç, öz gynyny kesmez” diýipdirler. Emma “Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar” diýlen sözem bardyr. Meniň aýtjak bolýanym, ýaga çozanyňda, seniň ynamyňa girjek bolup türkmenleriň duşmana arslan ýaly daraşýanyna gözüň gapylmasyn. Ol olaryň alydyr. Ýeri gelende, olar gamyş ýaly bolup seniň eliňi gyýybam biler. Sen olara sähel bir zat diýseň, heleý ýaly torsarylyşyp, Maňňyşgala tarap ýüzlerini öwrüp gidiberýänini bilmän, görmän duraňok ahyry. Ýa-da bolmasa, häli-şindi gumda kerwen urup ýörenlerini eşitmän durmuň. Ýüz berseň ýüzin düşýär olar. Gün-günden başa çykyp barýarlar. Birki günlükde gypjak sähralaryndan çarwalar arz edip meniň ýanyma geldi. Indi şol kakabaş türkmenler halys äsgermezligine tutupdyrlar. Gel-gel olar öz soltanlaryna ak süýt beren enäniň taýpasyny talamaga neneň het edip bildilerkä? Sen muňa näme diýjek, soltanym? Bu halys başa gidenlik dälmi? Olar beýele kime arkaýyn bolýarkalar? Kime daýanýarkalar? Belkem, günäkär şu köşgüň içindedir!... Belkem uly gelinmiz olaryň çyralarynyň peltesine ýag damdyrýandyr... Beýle boljak bolsa... men-ä bilmedim... Dokuz aý boýnunda göterip, ak süýt beren eneň taýpasyny harladyp, keýwanyň gije garaňkysyndaky az wagtlyk haram hajyk-hujuklaryna melul bolup ýörseň, goşunyň tas ýarysyna golaý gypjaklylara eden hyzmatyňyz üçin sag boluň diýip jogap beräýmek galýar. Menem näme, öz Gürgenjimde Allatagalanyň berenine kaýyl bolup oturybirin...Meniň şu diýenlerim rast gep... Ony ýap-ýaňy özüňem öz gulaklaryň bilen eşidip, öz gözleriň bilen gördüň... Ýogsam, entek agzyndan süýt ysy girmedik, uly ogluň ol haram guşuna şeýle zatlary öwredermi? Entek näme görýäs? Oglum Muhammet, seniň tagta geçeniňe entek bir ýyl bolanok, gör, olar oglanyň beýnisine nämeler guýup ýörler?.. Belkem, bu gün erte sen soltan bolmaly, sen iň uly ogly, sen mirasdüşer diýip, uly heleýiň gije-gündiz onuň bekemedik beýnisine takal okaýandyr... Eý... Hudaý jan... Özüňden medet, — Terken hatyn iki egninden demini aldy-da: — Ine, şu zatlar hakda oturyp pikir et, oglum Muhammet, pikir etmeseň, soň giç bolar, soň ökünersiň... Onda menä gidip, dynç aljak, gaty ýadadym— diýip, etegindäki agyr “daşyny” dökensoň, birhili, içki kanagatlanma bilen adajyk howalanyp, ýerinden turdy. Soltan ýuwaşjadan pyşyrdady. — Aýjemal bilen özüm gepleşerin... 3. Soltan gyralary, aşagy dürli reňkli mermer daşlar bilen düşelen ser howuzyň boýundaky ýumşak sekä gelip oturdy-da, iki eli bilen duluklaryny tutup, pikire çümdi. Çeşmäniň sowuk suwundan arassa, zummert daşy ýaly zyba lowurdaýan suwda öz keşbine seretdi. Onuň Samarkt donunyň altyn sapaklar bilen çekilen jähegi howuzyň suwuny oýnaýarmy ýa-da ol suwy oýnaýarmy, belli däldi. Gök sakgalyň ýokarsyndan gyş gijesiniň sowuk ýyldyzy ýaly iki sany argyn, ýadaw pikirli ala göz oňa haýpy gelip seredýän ýalydy. Soltanyň tagta çykanynyň şanyna tutulan kyrk günlük toýuň iň soňky myhmanlary düýn-öňňün ýola düşüpdir. Ol entek öz ýaşy bilen deň kyrk bäş ýyl saklanan şeraplaryň, kyrk gulak gazanda atarylan çebişleriň, keýikleriň, süýji käkilikleriň etlerinden bişirilen dürli-dümen naharlarynyň, berre guzularyň kebaplarynyň, künji ýagyna edilen palawlaryň tagamlaryndan, gawun-garpyzlaryň, injir-enarlary, alma-armytlaryň, üzümdir pisseleriň şire-şirinlerinden, iň owadan gyzlaryň aýak oýunlaryndan, näz-kereşmelerinden, owazly bagyşylaryň labyzlaryndan, çar tarapdan düýeli, pilli, kerwen-kerwen sowgat getiren han-begleriň, söwdagär-täjirleriň, ilçileriň degişme-gülkülerinden, masgarabazlaryň oýunlaryndan halys humar bolup, üstesinede, Terken hatynyň hälki aýdyp giden sözlerinden ýüregi ýellenip, hum ýaly çişip otyrdy. Soltan ýadady. Onda-da ol pikir etmän durup biljek däldi. Ol çalaja başyny galdyranda kelleçanagynda beýnisi togalanyp giden ýaly boldy. Soltan yzadan çalaja gaşyny çytyp, hol aňyrda peleňi saklap duran janpenakärlerine yşarat etdi. Garaşyp aýaklary guran janpenakärleri aňryk ýöneldiler. Soltanyň ser howzuň başynda ýeke özi galasy, özi pikir-hyýallary bilen diňe özüniň gepleşesi gelýärdi, ol gapdaldan ýat gözüň seretmeginem şu wagt halanokdy. Onuň diňe täk özüniň, öz beýnisine, öz ýüregine geňeş salasy gelýärdi. Ol häzir janpenakärlerini kowsa-da, özüne köşgüň müň ýerinden seredilýänini, onuň her bir ädimine, sähelçe hereketine, birje sözi-hä däl, pyşyrdysyna-da gulak goýulýanyny, yşaraty bilenem hemme zada düşünýändiklerini bilýärdi. Köşgüň haýsy otagynda, haýsy çüňkünde bu gözlerden sypyp bolarka? Aňtalmaýan, bir owurt çaý içim salym ýatdan çykarylýan ýer ýokmuka? Köşk-ä köşk, uly söweşlerde, aýlap ýörelýän ýörişlerde, ýa-da aw-şikärlerda daglarda, sähralarda, bir ýatdan çykarylýan, üns berilmeýän, göz açyp-ýumasy salym gözden salynýan ýer berin barmyka? Ýok, ýok, ýok. Hiç ýerde ýok! Bu dünýäde-hä ýok. Ahyrýetde— o dünýäde-de bolmaz. O dünýäde-de— o ýerde, bu dünýäde-de— bu ýerde, meni gözegçiliksiz goýmazlar. Has dogrusy, göz tussagy ýaly edip saklarlar. Biri oda oklar, biri suwa, birisi öwer, ýene biri sögüner... Meni ýatlarlar. Sebäbi ýüz ýyl mundan öň o dünýä giden ata-babalarym ýatlanyp ýör. Menem şeýderler. Belent galalary ýykmaly, näbelet alys ýurtlary tozduryp öz raýatyň örüsini giňeltmeli. Ol ýykylan galalar, tozdurylan ýurtlar, gyrylan adamlar soltany ýatlaman kimi ýatlasyn. Belkem, men ata-babalarymyzyň kellesini kesen adamlar bilen hemra bolup gezip ýörendirin, urşup ýörendirin. Olar ýene gaýdyp gelendirler ahyryn. Ot-çöp bolup gelen bolsalar at toýnagyna basgyladyp ýörendirin, jandar bolan bolsalar, awlap ýörendirin... Bu kellä gelýän pikirler näme? Şu wagt, edil şu pursat bu zatlar hakda oýlanmaly däl-de, şu günki, ertirki gün hakda pikir etmeli, belli netijä gelmeli. Bedewiň başyny, gilijiň ujuny nirä gönükdirmeli? Ine, esasy zat, esasy maksat. Elbetde, duşmana! Emma duşman nirede? Şony anyklamaly. Özünem magat bilmeli... Gök sakgaly dyrmalaýan barmaklardaky ýüzükleriň ýakut, merjen gaşlary gije duşan möjekleriň gözleri ýaly ýanyp, suwy tapman howzuň o çetinden bu çetine towsaklaýar. Oý-hyýallaryň kerwenleri gurşun ýaly agyr bolsa-da, şol suwy parran dilýän şöhläniň towsuşy kimin çişip huma dönen kelläniň bir ýerinde karar tapanok, belli bir ýerinde eglenmeýär. Ony bir ýerde, özünem esasy pikir etmeli ýerinde saklamaly. Edil garaňky zyndanda gözleýän bendiňiň ýüzüne çyra tutuşyň ýaly, beýniň şol ýerini ýagtylandyryp, mazaly seretmeli, oýlanmaly, ölçermeli, dökmeli. Ýa-da... Ýa-da Terken hatynyň diýýänleriniň jany barmyka? Howzuň garaňka gögerip duran suwuna gezelen ýiti yşyk sandyrap gitdi. Elenip gitdi. Ol muny hakyatdan aýdýarmyka ýa-da... Eger çyn bolaýsa, onda türkmeniň baryny gylyçdan geçirin!.. Tohumyny tükederin!.. Dur! Dur! Saklan! Gahar-gazaby akylyňdan-pähimiňden öňe geçirseň akmak bolarsyň, onda sen hiç kim. Oýlanyp, ölçerip bilmeýän haýwana deňeçer bolarsyň. O nähili sen türkmeniň tohumyny tüketjek? E-he... Onda sen özüňem ýok etmeli. Senem Tekeş türkmeniň tohumyndan bina bolan ynsanýet. Onda sen kakaňyňam adyny-soruny ýok etmeli, ýer ýüzünden süpürip taşlamaly. Ol özüniň kellesine gelen bu ham-hyýaly, yzyny saýgarman gelen netijesi üçin şo bada öz-özüni näletledi. Hiç haçan beýle zady edip bilmejegine-de şo bada göz ýetirdi. “Hmm”, “hmm” edip öz-özüniň üstünden güldi. Şol burundan göýberen ýeli onuň gursagyndaky çykyp giden ýaman päli, ýalan-ýaşryk bozuk hyýaly bolup göründi. Onuň beýnä düşsün diýip arzuw eden yşygy gowga-jenjelli ýyllaryň hasn alyslarynda bolup geçen bir kijijik gürrüňi çalaja ýagtyldyp gitdi. Gürrüňi hem däl-de diňe kakasynyň kakasy Il Arsalanyň beren birki agyz jogabyny ýatlatdy. O wagtlar soltanyň özem bolsa on ýaşlaryndady. Jelaleddinden-ä kiçidi. O wakanyň öňi-de, soňy-da soltanyň ýadyna düşenok. Ýöne atasy Il Arslan soltanyň algyr gözleriniň ýaldyraýşy göz öňünde. Ol: “Türkmenler bilen işiň bolmasyn. Olar meniň ýeňilmez goşunymyň biloňurgasy. Olaryň bir batyry duşmanyň onusyna taý gelýär, olar Garagumyň bürgüdi” diýipdi. Yzy näme bilen gutardy? Ol hem soltanyň ýadynda däl. Ýöne enesi şondan soň geplemändi. Şol günmi ýa soň gürrüň näme hakda çykany belli däl, Muhammet kakasy Tekeşiň dyzyna ýaplanyp otyrka, ol “Eşitdyňmi? Ataň hol gün näme diýdi? Zynhar ýadyňda bolsun, senem, menem külli türkmenler bürgütdir. Ataň bihal adam däldir, onuň agzyndan gaçan sözi doga edip gaplamaly” diýipdi. Gör, kakam atama nähili baha beripdir, nähili sarpa goýupdyr. Emma bi toý-tomugyndan, şerap-meýinden, sowgat-serpaýdan, öwgüli mahabatlardan arşa göterilen kelle tas bulaşdyran ekeni... Soltan ukudan oýanan ýaly boldy. Ellerini biri-birine owkalaşdyryp, ýerinden turdy. Ol özüniň üşäp ugrandygyny ýaňy duýup köşge tarap başyny öwürdi. Köşgüň haşamly gapysynyň ýanynda, eli donmydyr çäkmenli janpenakäri onuň ýanyna nähili geljegini bilmän, iki jahan owarrasy bolup, ýaýdanyp durdy. Soltan “getir” diýen yşaraty etdi. Ýumlugyp gaýdan janpenakäri agar çäkmeni getirip, soltanyň egnine atdy. Soltan ýe-de gidiber diýen yşaraty edip, onuň yzyndan seredip durdy. Daýawdan çeýe ýigit göz açyp-ýumasy salypda gaýyp boldy. Bular soltanyň ýüregindäkinem bilip durlar. Belkem, onuň edýän oý-hyýallarynam aňsa aňyp ýörendirler. Agşamyň salkyn howasyna soltanyň üşäp ugran ýagyrnysy, düýe ýüň çäkmeni egnine ýelbegeý atanyndanmy ýa-da howzuň başynda gezmeläp ugranyndanmy, garaz, biraz gyzyp sämäp duran kellesindäki garjaşyk pikirleri saýhallaşyp, nepesi durlanyp ugrady. Agşam namazy ýadyna düşüp, ol köşge tarap ýuwaşjadan ýöräp ugrady. Türkmen, pars, hytaý, hindi halylaryndan bezelen ýagty otagyň petigi belentdi, içi diýseň giňdi. Soltan otagyň ortasyna gelip, säginip-säginmänkä bahar kebelegi kimin gaýmalap gelen kenizek gyz onuň egninden çäkmenini emaý bilen aldy. Iki-üç ädim beýlesindäki hälki howuza ekiztaýy bolup duran içki howzuň gyrasynda goýlan güpjek ýassygyň üstünde oturanam şoldy, gök asmanyň howasyndan egnine lybas geýdirilene ogşaýan hyzmatçy gyz kümüş kündigi sol elinde, tylla legeni sag golunda tutup, soltanyň gaşynda häzir boldy. Ilki kümüş kündigiň jürnüginden bölünip-bölünip dökülýän mylaýym suwuň akydylyşyna onuň pisindi oturdy. Soňra altyn legeniň gyrasyndan, gaz topugyň dört barmak ýokarragyna çenli çilläniň ilkinji garyna muwapyk injige gözi kaklyşdy. Diwardan asylgy ýedi yklymdan gönderilen almaz gylyçlar, göwher, ýakut daşlar bilen bezelen hanjarlar, halylaryň gölleri, dag goçlarynyň kemer-kemer şahlary otagdaky mukam owazly howzuň tämiz suwundan typyp, şol topukda öz ýüzlerini görýän ýalydy. Älhepus... Soltan, gabagyny ýene-de azajyk ýokary galdyrdy. Arman... Naryň içi ýaly çym-gyzyl atlas lybas “nowruz garynyň” ýokarysyny gizläpdi... Soltan täretini haýallyk bilen kylyp, nämede bolsa, ýene-de gabagyny sähelçe ýokary galdyrdy. Indi naryň içi ýaly çym-gyzyl atlasyň üstüni örten, gök asman ýaly aňyrsy görnüp duran köýnegiň eteginde gözleri eglendi. Soltan ondan aňry seretmäge ejap etdi... Gabaklary aşak indi. Soltanyň hyzmatkär gyzlaryň keşbine “bihaýa” seretmek gylygy ýokdy... Horasanda, Hindide, Samarkantda, Buharada, Gürgençde ýene-ýenelerde ençeme hyzmatkär gyzlar soltanyň eline suw akydypdy, emma ol olaryň dyzlaryndan ýokarysyna seredip görmändi. Ol bulary şikärde awçylaryň peýkamyndan jan beren jerenleriň titireşip duran ýetim owlajyklaryna meňzedýärdi. Dogrudanam, öz gül ömürlerini köýdürip, seniň oduň bilen girip, külüň bilen çykyp ýören zagyp[1] zenanlarda näme günä bar?! Megerem, soltan bardy-geldi olaryň ýüzüne seredäýse, hossarsyz-howandarsyz, ilsiz-ýurtsuz biçäreleriň serpmeden gaýdan ýaly bolaýmagy ähtimal. Juda bir onuň üçinem däl-de, soltan bu zatlary towşanyň üstüne şiriň dyzaýşyndan kem görenokdy. Özüne kiçilik bilýärdi, ejize ganymlyk etmeli däl diýen pikir gursagyna guýulypdy... Hyzmatçy gyz otagdan çykansoň, ol namazlygynyň goş başujuny Käbe tarapa bakdyryp ýazdy-da, namazyny okamaga başlady “Bissimilla!..”. _______________________________________________ [1] Ýeleň — ýörite dokalan ýa-da ak matadan gotazlanyp, ak öýüň gamyşynyň daşyna aýlanýan bezeg. [2] Goşunbaşy. [3] Terken hatyn Gürgenji öz paýtagty edip alypdy. Onuň öz köşgi, mülki bardy. Ol öz hökümini diňe soltana (Muhammede) ýöredişi bilen çäklenmän, eýsem onuň ähli baýlygyny, köşk hyzmatkärlerine, emeldarlaryna-da ýöredýärdi. (Juwaýni, taryhçy). [4] Zagyp — ýetim, ýesir, mysapyr manysynda. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |