00:45 Jelaleddin / taryhy powest | |
JELALEDDIN
Taryhy proza
PROLOG Türkmen sährasy... Hiç bir sähra, meňzemeýän özboluşly sähram. Umman ýaly ýaýylyp, tolkun atýan ak çägeden ýasalan sähram... Seniň ymgyr giden ak çägeli depeleriň, ak gerişleriň, tep-tekiz takyrlaryň taryhyň haý-haýly sahypalarynyň janly şaýady bolupdy, sen bolsa olaryň syryny açman, şo-ol dymyp ýatyrsyň. Ylla, gök maýsaly, ýandak-selinli, gök-parçalardan doýup, gäwüş ýasap meýmiräp ýatan ak maýalar ýaly. Olaryňam örküçleri seniň ak çägeli, gyzgyn ýagyrnyňa meňzeş, Garagum. Garagum... Mähriban Garagum. Seniň— çöküp oturan “ak maýalaryň” örküçleri haçan tirpildärkä, haçan gymyldarka?! Garagum, ýöne bir zat welin aýan. Seniň ygmyr giden suw dek akýan çägeli depeleriň, gerişleriň takyrlaryň näçe ýaşy bar? Belkem, ençe müňdür, ençe milliondir! Ony bilýänem ýok, hasaplanam. Sen haçan oýanjak! Baharda daraýy köýnekli sähram! Akmaýanyň örküçlerine meňzeş tomsuna tebsireýän, arkasy howurly sähram! Seniň ak çägeleriň, bi yklymda, bi jahanda sahawtly hemem zabun zamanyň ýaradan iň päkize, iň bir mukaddes gudraty ahyry. Päkize hem mukaddes Gudrat — Bu eneleriň ak göwsunden inen owuz süýdi ýaly arassadyr, dup-dury, elýetmez asmandyr. Şol mukaddes gudrata meňzeýän guba çägelerde öz ynsanyýet perzendinden pynhan syryny gizlärmi? Eziz Garagumum, ýa-da sen baky buzluk ýurduň gaýnap doňan tolkunlary ýaly, ak çägäni sünnälän nagyşlaryň müdimi gaflat ukusynda galdyňmy? Ýok! Sen beýle bolmaly dälsiň! Onda sen namartlarsyň, ejizlärsiň diýmäge hakym ýok, dilimem barmaz. Biz seniň ekiz ogullar ýaly, biri-birine meňzeş, müňlerçe, millionlarça gapyrgaly gerişleriň astyndan çykýan bedewleriň toýnak seslerini, ap-ak, gap-gara saçly zenanlaryň ahy-nalasyny, gapyllykda ýaga üstüni basdyran ýaraly batyrlaryň ahmyrly iňňildisini, men-men diýen ärleriň almaz gylyçlarynyň galkan-galkana degendäki gümmürdisini gojaman taryhyň zagpyran dek saralan kagyzlaryndan habar alyp otyrys. Onsoň, sen näme üçin dymýarsyň-a, sähram meniň?! Eý, gazaply hem ýyljak gujakly Garagum! Oýan, bir salym dil aç, dür saç, eý, gojaman türkmen sährasy. Goý, nesiller ança zamanlar almaz gylyçlaryň sil dek döken ganyndan gasygy gama eýlenen dünýäniň owazyny diňlesinler, sähram! O zamanlar doňbagyr hem gözlükör ogullaryň zamanydy. Bu-da biziň parasatly, geçirimli eýýamymyz, biziň günlerimiz. Menem seniň perzendiň. Meniň, Biziň seni diňläsimiz, yzymyza ser salyp göresimiz gelýär, guba çägeli sähram. Hiç bolmasa, depren, gymylda...pyşyrada.. sähram! Birinji bap ŞAZADANYŇ ÝAŞLYGY 1. 12OO-nji ýylyň güýzi... Gün kybla mazaly eglensoň, şäheriň gümmezleriniň syrçalary al-ýaşyl lowurdaşyp, ýaz ýagmyrynyň soňundan ýalbarap çykýan älemgoşary ýada saldy. Emma asmanyň kybladan özge meýdany zagpyran dek sap-sarydy. Şol sary reňk zemine-de, onuň üstündäki ençeme çarşembäni başdan geçiren garry güjümleriň, biline gujak ýetmez boý derekleriň altyn apbasy ýapyraklaryna-da çaýylan ýalydy. Bu wagt uly galanyň haşamly, äpet derwezelerinden girip-çykýan duýe kerwenleriniň, ýükli pilleriň, eşek, gatyr, at, öküz goşulan arabalaryň, paý-pyýadalaryň san-sajagy ýokdy. Uzak ýola werdiş bolan çydamly toýnaklaryndan uçgun syçradyp iki ýana dazanakladyşyp geçýän arap atly çapardyr nökerler itenek-çomanak bolup barýan bu myglym jemendäniň, ahmal bolsa, göni üstünden sürjekdi. Zeberdeň atlylar üçin bu bosgunlar garynjadan enaýy däldi. Her kimiň öz aladasy özüne ýetikdi, öz işi başyndan agdykdy. Bu giden halaýygyň birini tutup, sorasaň, milleti türkmendi, beýlekisi gypjakdy, üçünjisi pars, täjikdi, ýene biri arapdyr, hindidi, hytaýdyr mongoldy, gürjüdir ermenidi, garaz, millet bary bardy. Olaryň geýim-gejimleriniň dürli-dürli boluşy ýaly, dilleride aýry-aýrydy, dinleri-de... Beýik Horezm şasy Alaeddin Muhammediň ata-babasy—Anuş Tegin garaçaýly, ilki türki milletinden gelip çykan, soň ol köşkde el ýuwdyryjy gullaryň baştutany bolupdyr. Soňra ol Mälik şanyň emri bilen Horezmde seljuklaryň hökümdary edilip saýlanýar. Onuň agtygy Alaeddin Atsyz gürgençde Horezminiň şasy bolandan soňra, bütin Aziýanyň gaýrasyny-günbataryny özüne birikdirýär. Alaeddin Atsyz assyrynylyk hem-de parasatlylyk bilen bütin Horezminiň ýuwaş-ýuwaşdan özbaşdan döwlet bolmagy ugrunda çalyşýar. Onuň bu ýoluny tä Alaeddin Muhammede çenli, ogly il Arslanam, agtygy Tekeşem alyp barýar. Şeýlelikde, musulman ymmatynda iň uly döwlet — beýik Horezm şalygy emele gelýär. Onuň soltany Alaeddin Muhammediň dört erkek dogany bilen, birem siňlisi bardy. Olaryň hersi uly Horezm döwletiniň bir künjünde hökümdardy. Olardan başgada, Muhammet şanyň kowum-garyndaşlarynyň, daýy-ýegenleriniň her haýsy bir welaýatyň kethudasydy. Olaryň iň alysdakysynyň gönderen hat-habaryny çaparlar alty aýda Horezmin iline gelip gowşurýardy. Muhammet şanyň köşgi. Asmanyň diregleri ýaly magallaklaýan minaralar kybla tarapdaky ýaşjak bolýan günüň öňüni tutup durdy. Ikindin çagy. Köşk howlusyndan durnanyň gözi ýaly gök howuzlarda akly-garaly guwlar erkana ýuzup ýördi. Beýik-beýik minaralaryň çür depesindäky altyn gupalar gün bilen çaknyşyp, olaryň lowurdysy gözüňi gamaşdyrýardy, ser howzuň suwuna düşýän dürli-dürli şekiller adaja tolkunlar bilen näz-kereşme edýän aşyk-magşuga meňzeýär. Gül pürkülen ýaly arassa howlynyň bir künjünde oýnap ýören ýaşajyk şazadalaryň, begzadalaryň şaňňy sesleri, gülki-degişmeleri bu gözel görnüşiň mukamy bolup ýaňlanýardy. Horezm şalarynda ata-babadan gelýän şeýle bir däp-dessur bardy. Ol hem basyp alan ýurtlarynda goýup gaýdan patyşadyr häkimleriniň ogul-gyzlaryny girew alyp, öz ýanlarynda saklaýardylar. Soňra ol gyzlary öz ýakyn kowum-garyndaşlaryna dakýardylar. Bu, birinjiden, olar bilen garyndaşlyk açmakdy, ikinjiden hem, özleriniň garşysyna o tarapdan baş göterilse, ilki bilen, girewleriň janyna kast edilýärdi, soňam baş göteren şanyň ýurduna ýörite goşun iberilip, galalary, obalary tozdurylýärdy, şol ýeriniň şasynyň kellesi naýzanyň ujuna dürtülip, Horezm şasynyň huzuryna getirilýärdi. Ýaş şazadalar bilen oýnaýanlaryň arasynda Eýran, Horasan, Owgan, Hindi, Mawerennahr, Yrak ýaly uly-uly ýurtlaryň şalarynyň perzetleri bardy. Olar bilen oýnaýan Muhammet şanyň ýedi oglunyň hersiniň enesi aýry-aýrydy. Onuň üçünem, olaryň hersiniň öz topar — öz nökeri bardy. Şanyň iň uly ogly Jelaleddiniň hem baştutanlyk edýän öz topary bardy. Ondan kiçisi Kutbeddin—Ozlag, Alaeddin bolsa dokuz ýaşyndady. Her topara ýolbaşçylyk edýän şazadalaryň on üç — on bäşe golaý nökeri bardy. Häzirem şazadalar topar-topar bölünişip, öz aralarynda peýkam atyşýardy, bäs edişýärdi. Muhammet şa kähalatlar, wagty bolsa öz ogullarynyň oýunlaryna köşgünden syn edip durmagy halaýardy. Ol şonda özüniň ýaşlyk ýyllaryny ýatlaýardy... Jelaleddiniň nökerleriniň hemmesi türkmen eşigindedi, ak ýüpek ýaly tolkun atýan buýra-buýra ak telpeklidi, keşdelenen çäk ýakaly gar dek köýneginiň üstünden gyrmyzy dony geýnen, sary, gök, mawy ädiklidi. Tüýs jigitler-dä! Mergenlikde bäsleşýän toparlaryň biri-birinden has rustem çykyp, öňe saýlanyberýäny ýokdy. Her niçikde bolsa, Jelaleddiniň nökerleri, bäsdeşlerinden az-kem ozup başladylar. Nobat Jelaleddiniň özüne ýetdi. Ol hatardan iki ädim öňe saýlanyp, ýaýyny sag elinde tutup, çep eli bilen gaýyş sagdagyndan[1] peýkamyny çykardy-da , arslanyň gäbine seredip az-maz oýlanyp durdy. Soňra-da nökerleriniň birine ýüzlendi: — Hanberdi , bar, ynha, şu apbasyny arslanyň gulagynyň arasynda goýup gaýt. Onuň bu buýrugyna üşerilişip sereden oglanlaryň arasynda birbada dymyşlyk aralaşdy. Hanberdi, Jelaleddiniň uzadan apbasysyny alyp diwarda söýeligi nyşana arslanyň gulagynyň arasynda goýdy. Jelaleddin ýuwaşlyk bilen apbasyny nyşana almaga başlady. Şazadanyň peýkamynyň yzky gädijegine ildirilen ýaýyň göle hamyndan edilen kirişleri peýkamyň gap-biline golaýlaşdygyça, onuň iki başy biri-birine bükülip, aý şekili emele gelýärdi. Peýkam şuwlap atyldy. Onuň ujundaky demir çiş apbasyny şobada diwara ýelmäp, soňam ýere gaçdy. Demini alman duran nökerler iki eginlerinden uludan dem aldylar. Jelaleddiniň nökerleri begençlerine duran ýerlerinde böküşdiler. Peýkam degen apbasy elden-ele geçdi. — Bäh, apbasynyň ortarasyndan ýelmäpdir. — Ýaşa, Jelal. Indi gezek Jelaleddiniň doganlarynyňkydy, Hanberdi apbasyny ýene-de arslanyň gulagynyň arasynda goýup, bäri ýöräp gelşine: — Ozlag şazada, indi nobat siziňki— diýip ýylgyrdy. Jelaleddiniň kiçi inisi Ozlag şazada onçakly göwnemese-de, nökerlerinde utanjyna öňe çykyp, [1] Sagdak — torba. Bagtyny synap görmäge çalyşdy. Onuň ýaýly eli çalaja sandyrap, ýüreginiň gürsüldisi öz gulagyna eşidildi. Atylan peýkam nyşana degmän, arslanyň gulagynyň depesinden geçip, diwara çümdi. — O... —... Oh-ow... — Biz ýeňdik. — Jelaleddin şazada ýeňiş gazandy. Bu gygyryşýanlar Jelaleddiniň nökerleridi. Olar ýaşajyk şazadany “Han göter” edip, ellerinde ýokary-ýokary bökdürdiler. Jelaleddin eli bilen ak telpegini tutup: — Boldy-boldy— diýýän şazada ýokardan göge serilişip duran ellere düşýänçä, gyrmyzy donunyň synlary ýellenip, gursagy akja garlawaja meňzeýärdi. Şert boýunça, ýeňlen topar ýeňenleri arkasynda hopba edip aýlamalydy. Muňa “eşek mündi” diýilýärdi. Eýýam Jelaleddiniň nökerleriniň köpüsi Kutbeddin Ozlagyň nökerleriniň arkasyna hopba bolupdy. Kada boýunça Kutbeddin Jelaleddini arkasyna mündürmelidi. Emma Ozlag ikirjiňlenip, ony hopba etmäge göwnemedi. Ulumsylyk bilen Jelaleddiniň elini silkip göýberdi. Munuňam sebäbi bardy. Kutbeddin Ozlag Muhammet şanyň ejesi Terken hatynyň iň eziz görýän agtygydy. Sebäbi Kutbeddiniň ejesi gypjak taýpasyndandy, ýagny Terken hatynyň öz garyndaşydy. Terken hatyn Kutbeddine Ozlag lakamyny dakyp, otursa-tursa: “Sen Muhammediň hakyky oglusyň. Jelal dagy ýöne şeýledir. Sen olardan akylly, olardan batyr bolmalysyň. Gelejekde ataň yzyny tutmalysyň” diýip, Ozlag şazadanyň gulagyna guýýardy. Jelaleddiniň nökerbaşysy Hanberdi Ozlaga ýüzlendi: — Şazada, siziň munyňyz karam bolýar. Siz utuldyňyz. Şerte boýun boluň. Ozlagä Hanberdä gözüni alartdy: — Seňki näm-aýt, çöpdüýbi. Sen bir lal aç. Hanberdi aşak bakdy. Elbetde, şazadanyň ýüzüne gelmäge ýa-da el gaýtarmaga het etmek onuň aklyna-da gelmeýärdi. Jelaleddin Hanberdiniň ýüzüniň çym-gyzyl bolanyny şo bada görüp, onuň özi üçin gep eşidenine hem-de öz nökeriniň oglanlaryň arasynda masgaralananyna çydam edip durup bilmedi. Ol Kutbeddiniň donunyň ýakasyndan ebşitläp tutup: — “Göreşde ataň hem bolsa, ýyk” diýipdirler. Hanberdi saňa “karam” bolýar diýip sypaýyçylyk etdi. Seniň bu boluşyň karam däl-de, baryp ýatan namartlyk. Eger-de, ýene-de bir sapar meniň nökerlerime dil ýetiräýseň, men seni ýenjerin. Ýatda sakla. Men seniň kime arkalanýanyňy gowy bilýän. Emma ýüz ýyl garga bolup ýaşanyňdan bir ýyl bürgüt bolup ýaşanyň müň esse gowudyr. Jelaleddin bu sözleri Terken hatyna kakdyryp aýdanyna Ozlag şo bada düşündi. Onuň ýüzi täjihoraz ýaly gyzardy. Emma bu wagt, Ozlagyň soňky diýen sözi üçin Hanberdiniňem haly erbetdi. Onuňam gözüne ýaş tegelenipdi. Ol öz gara güýjüniň Ozlag şazadadan rustemdigine, emma el gaýtaryp, dil ýetirip bilmeýändigine, üstesine-de öz şazadasynyň — Jelaleddiniň arkasyny çalandygyna minnetdarlykdan gözleri ýaşarypdy. Damagy dolup geplemän, dymyp durdy. Kutbeddin Ozlag şazada bolsa sesli aglady. Ol özüniň Jelaleddinden ejizdigi üçin, ondan hemme zatda basylýandygy sebäpli, üstesine-de öz nökerleriniň ýanynda ýakasyndan tutulyp silterlenenigi hem-de berk duýduryş berlendigi üçin ýokuş görüp aglady. — Üstesine-de, sen çögi ekeniň— diýip, gaharlanan Jelaleddin onuň ýakasyndan elini göýberdi-de, öz nökerlerini yzyna tirkäp, howza baka ýöneldi. Jelaleddin dagy gür şahalary guşlardan doly garajümiň astyndaky mermer sekiniň ýanyna geldiler. Nökerleri-de onuň töweregini gallaşyp oturdylar. Howuzda pürkülýän suwuň akymjak “tozanlary”, hem ysy oglanlaryň ýüzüne urýardy. Jelaleddin ýüzüni ýere salyp, oýa batyp otyrdy. Ýap-ýaňyja-da güjümiň şahalaryndaky guşlar ýaly ala-ýaz bolup ýören ýaşajyk jigitlere birhili sowuklyk aralaşdy, olaryň keýipleri tälke tapan garasarlar ýaly uçup gitdi. Olar biri-birlerine habar gatman otyrdylar. Öz dostlarynyň gamgyn hallaryny aňan Jelaleddin näme-de bolsa, bir söz aýdyp, olara tesselli bermelidi, “nökerleri” öňki şadyýan katdyna getirmelidi. Jelaleddin başyny galdyrdy: — Hanberdi — diýip, ol seslendi. Diňe bir onuň adyny tutsa-da, käte onuň hemmelere ýüzlenýändigini aňladýardy. Şonuň üçinem, nökerleriň bary onuň agzyna öwelip seretdiler. — Siz meniň totyguşumy gördüňizmi? Dört-bäş günlükde Polat Mälik daýym sowgat getirdi. Birhili gowuşgynsyz, ýygyrylyp oturan nökerler gozganyşyp, olaryň ýüzlerinde kireňsiz çaga howesekliginiň alamatlary peýda boldy. — Ýok, görmedik, şazada— diýip, Hanberdi jogap berdi. — Ýöne Polat Mälik daýyňyzyň totyny getirenini aýdypdyňyz? — Göresiňiz gelýärmi? — Elbetde. — Owadanmy? — Gepleýärmi? — Hawa, salam berýär— diýip, Jelaleddin çalaja ýylgyrdy.— Hanberdi, bar, öýden alyp gel. Oglanlar görsünler. Hanberdi alty ganat ak öýe tarap ylgap gitdi. Ine, şu ýerden hem bolmasyz bir işiň başy başlandy. Jelaleddin dagy suwlanan köçe bilen köşgüň arzhana tarapyndan özlerine baka ýuwaşja ýöräp gelýän kakasy Myhammet şa bilen Terken hatyny gördi. Eneli-ogul biri-birine golaý, edaja ýöräp, ýuwaşjadan gürleşip gelýärdiler. Başyna selle oranyp, egnine-de zerli kemzol geýen Muhammet soltan gollaryny arkasynda biri-birine gowşuryp, gyzyl-goňur ädiginiň jaýtaryp duran ujuna seredip agras ýöreýärdi. Terken hatynyň ak hytaýy ýüpek köýneginiň art etegini dört-bäş ädim yzda elinde göterip gelýän kenizi bardy. Köýneginiň üstünden geýen gyralary lagly-jowahyr, sapaklardan keşdelenen gyzylymtyl-goňur dony ak bulut ýaly howalanýan köýnegine ýelmeşip durdy. Olar säginse säginip, ýörese ýöräp, ýigirmi ädime golaý yzlary bilen soltanyň iki sany janpenakäriniň ýeňlerinde boýunlary gyzyl-goňur ýagyş halkaly, oňa-da kümüş zynjyr berkidilen iki sany öwredilen geçi gaplaňy hem dähdem-dessemläp ýöräp gelýärdi. Şol halat Hanberdi älemgoşar ýaly al-ýaşyl öwüsýän, jüýjehorazyň ululygyndaky totuguşy gujagyna göterip, Jelalediniň oturan ýerine getirdi. Nökerler totuguşy iki eline alan Jelaleddiniň töweregine halka boldular. Döşleri çym-gyzyl, arka-ýeňsesi gözüň ýagyny iýip barýan ýaşyl reňkli, enaýy owadan totuguş nökerlere boýnuny çalaja gymyldadyp ýüzlendi: — Salam, jigitler! — O-how... o...how... salam, salam! — Salam, jigitler! Salam jigitler! Jelaleddin totuguşyň ýeňsesini sypalady. — Boldt, boldy. Salam bir gezek berilýändir ahyry. Totuguşyň diline humar bolan jigitler Terken hatyn bilen Muhammet soltanyň golaýlaryna gelenlerini-de tasdan unudypdylar. Muhammet soltanyň çalaja ardynjyramasy olara duýduryş boldy. Guşdan ünslerini sowup, jigitler iki ellerini gursagynda goýup, olara tagzym bilen salam berdiler. Muhammet soltan ýuwaşlyk bilen ejesi Terken hatyna ýüzlendi. — Uly agtygyňyz Jelaleddin bilen salamlaşyň. Jelaleddin golaýyndaky nökeriniň ýüzüne-de seretmän, totuguşuny onuň eline tutduryp, ýene-de bir sapar aýratyn eglip, eda bilen salam berdi. Terken hatyn çalaja başyny atanda, onuň topbusundaky göwher daşlar ýyldyraşyp, iki gulagynyň üstünden aşak göýberilen ak ýüpek ýalyk ylla howanyň özi ýaly tolkun atyp gitdi. Ine şol halat totuguş-da dillendi. — Salam, jigitler. Terken hatynyň, Muhammet soltanyň ýüzlerinde çalaja ýylgyrmanyň alamatlary peýda boldy. Totuguş ýene-de dillendi: — Salam, gar...ry heleý! Bu gündiziň günortany ýyldyrym çakandan beter ahwalat boldy. Terken hatynyň ýüzi ak hasadan beter agaryp, soňam howuzdaky suw ýaly gök öwüsdi. Ol gazap bilen totuguşyň ilki bokurdagyndan, soňra-da her eli bilen bir aýagyndan tutup: — Bi, kimiň samsyk guşy? — diýip, jynssyz gygyrdy. Hiç kimden jogap bolmady. Terken hatyn bonjuk ýaly ýiti algyr gözlerini Jelaleddiniň ýüzüne dikdi: — Ene, meniňki— diýip, Jelaleddin jogap gaýtardy. — Bu sözleri seniň türkmen ejeň öwredendir— diýip, ol öňki bady bilen gygyryp, totuguşyň her aýagyny bir tarapa çekdi. Emma onuň kiçijik ysgynsyz elleri berdaşly guşa täsir etmedi. Jelaleddiniň ýüregi sarsyp gitdi. Terken hatyn owurtlary içine giden, süýnmek eňegini öňe hasam uzadyp, totuguşuň aýaklarynyň hersini bir ýana dartdy, guş janawar adam dilinde birzat-birzatlar diýip çygyran ýaly boldy. Terken hatyn ony ýere batladyp taşlady. Totuguşuna haýpy gelen Jelaleddiniň gözleriniň öňi ümezläp gitdi. Gulaklary şaňlady. Şo halat ýaňagy hem gyzyp gitdi. Ol gözlerini ýalpa açdy. Terken hatyn eýýam yzyna öwrülipdi. Jelaleddin onuň hüňürdisini eşidip galdy: — Meniň ýanyma onuň ejesini hemem mollasyny çagyryň! Jelaleddin dişlerini gysyp, Terken hatynyň yzyndan seredip galdy. Indi onuň gözleriniň ümezi aýrylyp, gulaklarynyň şaňlamasy galypdy. Ol totuguşuň sesini eşitdi. Aýaklarynyň perleri gana bulaşan guş janawar takyr ýerde çabalanyp ýatyrdy. Jelaleddin ony iki eli bilen garbap, guşuň naýynjar gözlerine seretdi. Soňra-da, akýeleňli[1], alty ganat ak öýe tarap ylgap gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |