01:17 Jelaleddin / powestiñ soñy | |
4.
Taryhy proza
Jelaleddiniň ylgap gelişinden hyzmatkärler bolmasyz bir zadyň bolanyny aňyp, haýygyp, ur-ut onuň öňünden çykdylar. Emma Jelaleddin olaryň deňinde säginip durmady. “Näme boldy? Näme habar?” diýen sowallaryna-da oňly jogap bermän gapdallaryndan ýumlugyp geçip, bady bilen otaga kürsäp girdi. Hyzmatkärler onuň söbügini sydyrdyp, biri öňünde, biri yzynda häzir boldy. Jelaleddin içi-içine sygman gelişine, ölüm pillesindäki ýaraty totusyny hyzmatkärleriň birine görkezip, azajyk haýbat bilen buýruk berdi: — Häziriň özünde toty üçin tebip çagyryň! Hyzmatkär şol bada daşky gapa tarap ylgady. Jelaleddin totusyny bir çetde goýdy, onuň göwrejigi her hal çalajadan galyp-galyp gidýärdi, janwaryň öňki älemgoşar ýaly öwüsýän al-ýaşyl perleri indi gan-koka bulaşyp, gözgyny bolup ýatyrdy. Emma onuň aram-aram dem alyşyny synlansoň, eger tebip ýetişip em edäýse, ýaşamagyna umydygär nyşan uçgunlary ýüreginde oýandy. Hyzmatkärleriň biri egni el süpürgüçli, legen kündükli gelip, Jelaleddiniň gan-kokly gollaryny ýuwdurdy. Şol halatam onuň ejesi Aýjemal aňyrdan howlukmaç gelip ýetişdi. — Jelalym, näm boldy? — Hiç zat, eje, totuguşym biraz ýaralandy. — Wah nähiili? Näme bolup ýaralandy? Jelaleddin dogrusuny aýtmakdan saklandy. Ol ejesine dözmedi. Eger aýdaýsa ejesiniň gaty gynanjakdygyny bilip durdy. Ýöne ol hiç haçan ýalanam sözläp görmändi. Nökerlerinden biri ýalan sözläýse, oňa jeza berýärdi, Ol häzir näme etjegini, ejesiniň sowalyna näme jogap berjegini, bilmän ýaýdanyp durdy. Ejesiniň ýüzüne seretdi. Nazardan ýüzüni sowup, sakgal-murtsuz, aýal ýüzli— agta hyzmatkärlere: — Siz nämä dursuňyz, bar işiňiz bilen boluň — diýdi. Olar otagdan çykyp gidensoňlar, Jelaleddin bolan wakany ejesine gysgajyk gürrüň berdi. Ejesi dolmuş, pisse gabaklary aşak gaýdyp, uzyn gara kirpikleri ýyldyrap duran ýaňagynyň ýokarsyna kölege saldy. Onuň şeýle boljagyny Jelaleddin aňypdam welin, emma nätjek, öz mährem ejeňdenem, heý, syr gizläp bolarmy? Onda özüňdenem syr saklamak bolar ahyryn. Şondan soň eneli ogul dil ýarman, ýerde käte bir demini alyp ýatan bigünä, biçäre, ejiz guşa seredip durdular. Guş gözlerini ýumup ýatyrdy. Yza çekip ýatyrdy. Elbetde, ol özüniň näme üçin ýaraty bolanynyň sebäbini bilýänem däldir. “Dil—bela” diýilenini entäk akylly-başly adamlaram käte ýatdan çykarýarlar. Guş janwar-a baýaky. Dogrudanam, onuň Terken hatyna beýle diýmeklik nireden kellesine geldikä? Mälik daýysynyň-hä öwretmegi mümkin däl! Ol muny bazardan satyn alypdyr. Elbetde, şol satan bakgal öwredendir. Ine, şeýle-dä? Totuguş adamlaryň öwreden zadyny gaýtalaýar. Emma adamlaryň içinde adamyň sözüni gaýtalaýan azmy? Ynha, Jelaleddiniň “nökerleri” näme diýilse, şony gaýtalap, zuýlet berjaý etmek bilen bolýarlar. Diýmek, özüňden ejizler, akly kemterler zorlaryň, akyllylaryň diýenini gaýtalaýar-da. Adamlar diňe dogry zady öwretmeli... Dogry ýoly salgy bermeli... Ýogsam, başga bir güýçliniň ýanynda şu totuguşuň güni olaryň başyna düşer... Şol halat eli torbaly tebip gapydan girip, iki bükülip salam berdi. Tebibe totuguşuň bolup ýatyş halyny aýtdylar. Ol guşuň ýanynda ýeke dyzyna çöküp, elleşdirip gördi. Soňra gaýnadylyp mylaýymraga çenli sowadylan suw sorap, guşuň ganlaryny ýuwuşdyrdy. Torbasyndan düwünçek-düwünçek ot-çöpleriň mäjüm-un ýalylaryny çykaryşydyryp, guşuň ganjaryp duran çatalbasyna sepişdirdi-de, ak hasa bilen daňdy. Ýene bir düwünçeginden goňras-garamtyl mumýanyň jöwen ýalysyny bölüp, guşuň çüňküni barmaklary bilen açyp ýuwutdurdy, yzyndanam azajyk suw içirdi. Ýarpy göwresinden yza saralan guşy emaý bilen öňki ýerinde goýansoň, Jelaleddin tebibe ýüzlendi. — Nähili ýaşarmyka? — Kazasy dolmadyk bolsa, ýaşamaly— Tebip iküçli gepledi— Ýaşasa gerek. Az salymdan totuguşuň sarymtyl gabaklary titiräp-titiräp gitdi. —Gany köp akypdyr öýdýän. Men muňa ganyň ornuny tutýanam däri bereýin— diýip, tebip özbaşyna hümürdedi. Ol başga bir düwünçegi açyp, otuň külke görnüşini guşuň bogazyna guýdy, ýene-de üstünden suw içirdi. Birsalymdan totynyň gabajyklary tiz-tizden gyrpyldap, ahyry çalaja açyldy. Onuň bilen deňeçer Jelaleddiniňem ýüzüne röwşen indi, ejesiniň ýüzüne gülümsiräp seretdi. Daşky gapydan soltanyň hyzmatkäri gelip, Aýjemaly üm bilen golaýyna çagyrdy. Onuň iki agyz sözüni diňlän ejesi, Jelaleddiniň ýanyna gelip: — Bar, oglum, kakaň çagyrýarmyş— diýdi. 5. Ogullar kakasynyň ýanyna tirkeşip bardylar. Gat-gat ýüpek çygylmanyň üstünde per ýassygy tirsekläp ýatan Muhammet soltan dogmalaryna “oturyň” diýen manyda başyny atdy. Jelaleddin bilen Kyýaseddin soltanyň sagynda, Ozlag bilen Ak hem solunda ýerleşdiler. Orta saçak ýazyldy. Soltanyň ýörite nahar-şam beýemçisi aňyrdan alnyp berilýän içi bugaryp duran owadan tabaklary, hoz agajyndan ýasalan okaralary kümüş mejimelerde getirip, ortada goýdy. Naharlara sepilen işdä açyjy dürli-dümen öt-çöpleriň, şire-şerbetli suwlaryň ysy, otagyň her ýerräginde haşamly küýzelerdäki gülleriň müşki-anbar ysy goşulyp, otagyň içini gaplady. Muhammet soltan ilki “Bissimilla” diýip, elini nahara uzatdy. Ondan soňra ogullary kakasynyň hereketini gaýtaladylar. Öňki edähetlerine görä, nahar-şam iýilip gutarylýança, hiç kimden ses-seda çykanokdy. Muhammet soltan gabak astyndan hem nahar iýýärdi, hem-de Jelaleddin bilen Ozlaga seredýärdi. Ol iki oglunyň arasyna düşen towy çöşlemäniň gamyny edýärdi, emma Ozlag Jelaleddine käte seredip göýberýänem bolsa, Jelaleddin Ozlag tarapa bir saparam garanokdy. Soltan uly ogly Jelaleddiniň namysjaňdygyna öňden beletdi. Tüweleme, ol ýigit ýetip barýar. Dodaklaryna degen ýagly omaça, onuň dürterişip ugran murtlaryny ýyldyradyp görkezýär. Murt ýeri garalyp ugrapdyr. Soltan ondan kiçi ogly Ozlagyň onuň bilen ýaraşasy gelýänini, delmuryp seredişinden aňsa-da, gep Jelaleddini yrmakda. Soltan naharyň ortasynda käsäni dolduryp, gülgün şeraby başyna çekdi. Az salymdan düwlen ýumruk ýaly gatap duran beýnisine ýag çalynana döndi. Nahardan soň ysly çaý getirdiler. Paýakeş[1] gapynyň ýanynda saçak beýemçisiniň eline garşy temmäkili uzyn küýzä meňzeş, altyn gabakly, haşamlanan naýly çilimi tutdurdy. Ol çilimden birki mertebe yzly-yzyna sorup, gök asmanyň gerdi ýalyjak ak tüssäni petige üfledi. Soňra gulaklarynyň ýeňsesinden inen derleri ýaglygy bilen süpürüşdirip otyrka, ýekeje gyzy Hansoltan otaga girdi. Onuň boýnuna dakan dür monjuklary, öňüne örüp göýberilen gara saçlarynyň ortasyndan ýarym halka görnüp, lowurdap ýanýardy. Tüweleme, Jelaleddinden üç-dört aýlyk kiçem bolsa gyz maşgalada, boý-syraty ondan ösgündi, edep-gylygam uly adamlaryňky ýaly. Hansoltan kakasynyň golaýyndaky üstüne gaplaň derisi atylan kürside otyrdy. — Gyzym, sen nahar iýdiňmi? — diýip, soltan öňlerine nahar getirileli bäri, ilkinji mertebe gepledi. — Hawa, kaka. Özüňiz iýdiňizmi? — Iýdik, gyzym. Ara ýene-de dymyşlyk düşdi. Hansoltan gep tapyp oturjak boldumy ýa-da bir zady aňdymy, Jelaleddine habar gatdy: — Jelal, bu gün näme, gamgyn görünýäňmi ýa göwnümemikä? Kakasy gyzynyň sowalyndan soň oglunyň ýüzüne ogryn seredip göýberdi. Jelaleddiniň ýüzi nar dek gyzaryp gitse-de: — Ýok göwnüňedir— diýip, ortaky kümüş gapdan nabat bölejigini alyp agzyna saldy, soňra öňündäki nim[2] käsedäki çaýyndan owurtlady. — Bu gün Ozlag ikisi tersleşipdirler—diýip, soltan gyzynyň ýüzüne seretdi. — Ah, şu Ozlagyň-a mydama boluşy şeýle. Kimem bolsa, biri bilen tersleşmeli. Şer gözläp ýör. Hansoltanyň sözlerinden göwni galan Ozlag oňa kineli bakdy. — Hä, näme, ýalanmy? — diýip, Hansoltan Ozlagdan sorady. Ozlag özüni aklamakçy bolup, torsarylyp gepledi: — Şonça oglanyň arasynda boýnuma mündürerinmi? Dymyp duran Kyýasetdin orta goşuldy: — Onda, başda jedel etmeli däl ekeniň-dä? Utuldyňmy, şerte kaýyl bolmaly. Soltan ýuwaşjadan gepläp ugrady: — Oglum, Ozlag “Oýunçy utulanyny bilse ýagşydyr” diýen gep bardyr. Oýnadyňmy, utuldyňmy? Kyýasetdin rast aýdýar şerte kaýyl bolmaly. Oýundan-çyndan utulyp, şerte kaýyl bolman aglamaklyk namardyň işidir. Onsaňam şundan tymsal alyň, ynha, muňa serediň— ol penjesiniň bäş barmagyny açyp görkezdi. — Häzir bulary ýeke-ýekeden tutup agyrdybam bolar, döwüşdiribem. Emma şeýtsem— ol ýumrugyny düwdi— onda bu barmaklary döwäýmek her kese başartmaz. Bu eliň barmaklary ýaly sizem, ynha, bäş dogan bolup otyrsyňyz. Eger-de, ýaňky meniň aýdyşym ýaly, şeýdip agzybir ýumulmasaňyz, sizi ýeke-ýekeden ynjydanam tapylar, syndyranam. Ýene-de bir zady bejit belläň: dogan-dogana galadyr. Ozlag barmagy bilen ala donunyň synyny dyrmalap oturdy. Soltan öz sözüniň ogullaryna nähili täsir edenini bilmekçi bolýan ýaly, olaryň hersini bir synlap çykdy. Onuň şu ýerde kellesine bir pikir gelip geçdi. Ogullarynyň hersi bir milletiň eşigindedi. Jelaleddiniň egninde gyrmyzy dony, başynda bürüm-dürüm ak telpegi, Ozlagyň ala dony, kellesinde sellesi bardy. Ejeleri haýsy milletden bolsa, bulara şol milletiň geýimlerini geýdiripdirler. Edil sapylan bir düýp almadaky ýaly dürli-dürli miwäň bar. Eger şeýle bolsa, atalarynyň bir bolanynyň haýry bolarmyka? Sapylan almadaky miweleriň tagamlary-da, agramlary-da biri-birine meňzemeýär ahyry. Bu pikir soltany ýene-de biynjalyk edip, ony gam laýyna batyrdy. Ol şondan soň esli dymyp, ogullarynyň Jelaleddinden özgesine rugsat berdi. Ol gözlerini ýumup, ýassygy tirsekläp ýatyşyna “saz-söhbet gursunlar” diýdi. Gapynyň golaýyndaky gaztopuk hyzmatkär gyz gözden gaýyp boldy. Aradan salym geçmänkä otagdaky howzuň boýunda uzyn boýly, mürçe-miýan billi, suňksuz ýaradylana çalym edip towlanýan gyzlar aýak oýnuna başladylar. Olar gözleriniň egremini güldürip, aýaklaryndaky, ak billerindäki altyn düwmeleriň düňňürdisini ýüpek tutynyň aňyrsyndan çykýan şirin mukamlara goşup, misli köllerdäki ýaşylbaş sonalara meňzäp, howzuň başynda agyp-dönýärdiler. Suňksuz bedenleriň näz-kereşmeli towlanmasy mukamyň göçgün owazy soltanyň süňňüni az-kem gowşadyp, hamana, näze ýugrulan mukam etinden ötüp süňklerine, süňklerinden ýülüklerine ornaşyp barýana çalym etdi. Ol gözlerini şo-ol ýumup, pinek edip ýatyşyna, ýene-de çilim otlap, çaý demlemeklerini buýrdy. Tansçy gyzlaryň täze topary orta çykdy. Kütegräk gözler ak guwlara meňzeýän gyzlara bilybasmyka diýjekdi. Olaryň hamana arassa howadan biçilen ýukajyk gaýmak ýaly lybaslary, towlanjyran halatlary ak bedenleriniň pessi-belendine ýelmeşip, ýülüklere siňýän birtäsin duýgylary gozgap, ýürek tarlaryny kakyp-kakyp gidýärdi. Howuzdaky ýylmanak altyn balyklara tomaşa edýän ýaly, gözlerini süzüp, gyzlara seredip ýatyşyna, garşy temmäkiniň tüssesine humarlanan soltanyň göwnüne ýene-de näme-de bolsa bir zat ýetmeýän ýaly, ýüregi bir zady telwas edýän ýaly göründi. Oýlansa, ölçerse-de küýseýän zadynyň nämedigini özi-de bilmedi. Ýagyrnysy gurşup, kalby daralyp ugrady. Ol saz-söhbediň haýyr etmejegini bildi-de, gyzlara “bes ediň” manyda yşarat etdi. “Ak guwlar” Horasan halysynyň üstünden ýüzüp, gözden ýitdiler, saz kesilip, otagyň içine giň sähranyň dymyşlygy düşdi. Soltan garysyna galyp, Jelaleddine ýüzlendi: — Ýör arz jaýyna baraly. Ol gaztopuk hyzmatkär gyza bolsa: — Wezir bilen mürzäni çagyryň! —diýdi. Soltanyň arz jaýynyň otagyna üç ýüz myhman arkaýyn ýerleşjekdi. Tutuş bir diwariň ýüzünde ökde ussalaryň sünnäläp ýasan agyr gapylarynyň ençemesi bardy. Olaryň birinden ilçiler girip çykmaly bolsa, beýlekisinden diňçi-içalylar, üçünjisinden, begler-begzadalar, hökümdarlar, dördünjisinden söwdägarler-täjirler, bäşinjisinden ogry-jümri, günä eden adamlar girip, soltanyň emri bilen giren gapysyndan yzyna äkidýärdiler. Her gapynyň öňünde billeri hanjarly, elleri egri gylyçly ýasawullar durdy. Ondanam başga diwariň hersi bir çetinde äpet geçi gaplaňy saklap duran nöker bardy. Soltanyň tagtynyň ýanynda bolsa kellesi gazan ýalak erinlek, daýaw köpek şol gapydan girip-çykýanlara gyzyl, hyrsyz gözlerini dikip ýatyrdy. Jelaleddin soltanyň golaýynda, baş wezir, ak sakgaly döşüni ýapyp duran goja mürze-de on iki— on üç ýaşly şägirdi bilen öz orunlaryna geçdiler. Soltan baş weziriň ýüzüne seredende ol iki edilip, sarnamaga durdy. — Soltanlaryň soltany, şalaryň şasy, dört çaryýaryň, on iki ymamyň, gudraty güýçli Allanyň nazar salan iň beýik hem akyldar, dana hem pähimli perzendi, Muhammet ymmatynyň tuguny arşa göterýän Muhammet soltan. Siziň mübärek ýüzüňizi görmäge hindiniň, hytaýyň söwdagar-täjirleri huzuryňyzda garaşyp dur. Garagumdan türken baýyHudaýberdi arz-şikaýata gelipdir. Bazarda tutulan tüýkesme ogry siziň jezaňyza garaşýar. Bulardan başga-da, Gür welaýatynyň içalisiniň bäş sany köşk ýasawullaryna eşrepi[1] berip, siziň sarsmaz döwletiňiziň garşysyna dil-düwşük guramakçy bolýandyklarynyň üsti açylypdy. Öz permanyňyz boýunça olaryň kellesi alnyp getirildi. Bu habary eşiden soltanyň gözleri çyranyň ýagtysyna ýaldyrady. Hälki daralýan kalby giňäp gitdi. Ol şondan soň weziriň aýdýanlarynyň birinem eşitmedi, asyl diňlemek hem islemedi. Gör, munuň ertirden bäri ýüreginiň küýseýäni, bir zadynyň ýetmeýän ýaly bolup durmasy näme ekeni? Onuň geçileri daga ýaýran ýaly bolup, arkaýyn demini aldy-da: — Getiriň kellesini, görjek— diýdi. Gapylaryň birinden iki sany peşap eli haltaly içeri girip, iki bükülip salam berdi. Peşaplaryň birisi elini halta sokdy-da, kelläň saçyndan tutup çykardy. Içalynyň ýüzi agaryp, açyk gara gözleri bakrarylyp durdy. Bäş ýasawulyň kellesi, daşyndan garpyz salynan ýaly bolup görünýän ikinji haltadady. Ýasawullaryň ikisiniň bigöwre görkezensoň, soltan ilki wezire soňam mürzäniň ýüzüne bakyp gepläp başlady. Mürzäniň şägirdi pergalam bilen ýazmaga taýýarlandy. — Bazar güni kelleleri naýzanyň başyna ildirip, bazarçylaryň ortasyndan geçsinler. Bularyň näme üçin kelleleriniň alynandygyny jarça jar çekdirip, halaýyga aýdyň. Goý, mähelle bilsin, Muhammet soltana baş götereniň kellesiniň egniniň üstünde däl-de, naýzaň ujunda boljakdygyny... “Gidiň” diýlen üme mätäç peşaplaryň garasy ýiten badyna soltan: — Hany indi, hindi mimanlary gelsin— diýdi. Bular ona golaý bardy. Iň öňdäki ýüz-gözi, gollary güne garalan, ak geýnuwli hindi täjiri, elleriniň aýasyny burnunyň deňinde tutup salamlaşdy-da, gepläp ugrady. Dilmaç onuň diýýänlerini terjime edip, soltana düşündirdi. Ol ähli söwdagärleriň, täjirleriň adyndan edilen myhmanparazlyga minnetdarlygyny aýdyp, Muhammet soltanyň başynyň dik bolmagyny, iki ýurduň arasyndaky söwda-satyk işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny dileg etdi. Soňra bolsa soltanyň tagta geçeniniň şanyna özüniň getiren sowgadyny kabul etmegini towakga etdi. Hindi ýanynda duran ýaş ýigidiň elinden hoz agajyndan ýasalan sandyjagy alyp, gapagyny açdy-da, ýanyna baran weziriň goluna tutdurdy. Wezir sandyjagy iki eli bilen açyklygyna göterip, soltanyň alkymyna getirip görkezdi. Sandygyň içinde misli älem-goşar ýaly bolup, dürli reňkdäki al-ýaşyl öwüsýän göwherler, hindiniň öz bugdaýreňk ýüzüne meňzeýän, merjenler, göz gamaşdyryjy dürden ýasalan hünji-monjuklar, almaz, ýakut, agat daşlary, dyrna gözli çeşmäniň gözbaşyndaky suwdanam arassa görünýän zümmeretler, ýaralanan towşanyň ilkinji garyň üstüne daman gany ýaly çym-gyzyl merjenler, näzikden naşy gögümtil ýaşmalar... garaz, adyny tutan zadyň bardy. Soltan sandyjagy wezire gaýtaryp berensoň, hindi yzyna azajyk öwrülip ýoldaşlarynyň iki bolup göterip gelen ullakan sandygy görkezip: “Muhammet soltan münüň içindäki ýüpek parçalary, zer-zerefşan matalary-da kyn görmän kabul etsin” diýdi. Soltan hindi täjirine getiren sowgatlary üçin minnetdardygyny, öz soraýan döwletinde olaryň ýollarynyň mydama açyk bolmagy üçin öz mähri bilen paýzysyny[1] gowşurýandygyny aýtdy. Soltan jübüsinden altyn teňňe ýaly paýzysyny çykaryp, wezire berdi, wezir hem hindi täjirine gowşurdy. — Hoş wagtyňyz, söwdaňyz kuşat bolsun, sag-salamat dynç alyň. Olar hoşal bolup gitdiler. Soltan ellerini owkalaşdyryp: — Hany ogryňyzam göreli— diýdi. Gapydan hasanaklap giren ýaş ýigit maňlaýy bilen ýer susjek ýaly bolup, bosaganyň ýanyndan iki-üç ädim emedekledi: “Soltanym günämi öt, soltanym” diýip, şumjaryp aglady. Soltanyň kürsüsiniň ýanyndaky it başyny galdyryp, gabaklaryny giňden açanda, onuň gyzyl gözleriniň owasy giňeldi, gulaklaryny atyňky ýaly üşerdip diňledi. — Näme ogurlapdyr? — Bazardan gawun ogurlaýar. Soltan ajy ýylgyrdy. Şu ýaşy, şu boý-syraty, şu güýji bilen ogurlyk edip gün görýän bolsa, berk jeza bermek gerek. Goý, hemmelere göz bolsun. — Ýaşyň näçe? — Ýigirmi üç, soltanym. — Milletiň? — Özüňizdendirin, soltanym. Gypjak... Gypjak... Soltan ýene-de ajy ýylgyrdy. “Özüňizdendirin” diýýär. Bu ýeňiýoluk özgäni ýady nä bilýärka?” — Biziňkilerde sen tetelli ogurlyk edýän ýok. Hemmesi at üstünde ganym bilen söweşýär, külli Horezm üçin janyny orta goýýar. — Menem siziň esgeriňiz bolaýyn, janymy orta goýaýyn. — Gawun ogrysyndan esger çykmaz— Soltan weziriň ýüzüne garap göýberdi— Eger-de, ýaňky hindilerden banan ogurlan bolsa, bir gezeklikçe aman bererdim. Sebäbi bu toprakda banan bitenok. Emma özüň ekip, iýip bolýarka, gawun ogurlamak haramylyk. Bir elini tirseginden çapyň-da, munam bazryň içinden aýlaň. Mürze ertiriň özünde perman çykar. Kimde-kim şundan şeýläk Horezm topuragynda ogurlyk etse eli çapyljak. Eger ýene-de ogurlyk etse ikinji elinem çapyň. Soltan maňlaýyny owkalap, az salym dymyp oturdy. Jelaleddin kakasynyň agzyndan çykan gepleri ýazyp oturan oglanjyga seredýärdi. Onuň hat ýazyşy owadandy, hünji düzülen ýaly. Eli mazaly türgen bolan bolmaga çemeli. Megerem, ol Gurhany birki merteme dagy göçürip çykandyr. Soltan calaja ardynjyrap, içerdäki ýasawullaryň hemmesiniň beýleki otagda garaşmaklaryny buýrdy. Otagda özi bilen Jelaleddin, baş wezir, mürze, hat ýazýan oglanjyk hem-de gözi gyzyl köpek galdy. — Rum[2] welaýatynda näme gep barka? Haşamly gapylaryň iň çetkisinden, başy külahly, egni jiňdeli, goltugy “betbagt kädili”, goly hümmet hasaly, “huw-hak” diýip ýören derwüş içeri girdi. Iki bükülip, soltanyň derejelerini, onuň ýedi puştuna çenli ata-babalarynyň atlaryny sanap, dirilerine baş saglyk, ölenlerine iman diledi. Soňra ol: — Beýik hökümdar, siziň sadyk guluňyzyň aýtjak şu habaryna ýüregiňiziň biynjalyk boljakdygy üçin uzur-ötünç soraýan. Emma biz sadyk gullaryňyz siziň soraýan beýik Horezm döletiňiziň mydama abat saklanmagy üçin, onuň hiç haçan çat açmazlygy üçin dowarlaryň arasynda selpäp ýören çopan-çoluklar deý adamlaryň arasynda gulaklarymyzy jama öwrüp, gep-gürrüňlerini diňşirgäp ýörüs. Beýik soltanyň mizemez tugunyň dikilen raýatlaryndaky ynsanyýetiň agzybirligini... Soltanyň “derwüş” diňçi-çawuşça gahary geljek boldy. Munuň boşdan-boş samahullap durmasy nämekä? Näme üçin Rum welaýatynyň hökümdary Abu Bakar Ýolbarsyň salamyny aýtmady. Bir emmasy bardyr? Soltan azmly gepläp, onuň sözüni böldi. — Diňçilikden başga, o ýerde näme emel edýäň? Gepläp duran sözleri agzyndan kakylyp alynansoň, birbada özüni raslap bilmän, dyzlarynda ysgynsyz sandyrama peýda bolan diňçiniň ýüzi ak esgä döndi. Baş wezir oňa kömege ýetişdi. — Beýik soltanym, siziň kakaňyz Tekeş soltan Abu Bakar Ýolbarsy Rum welaýatyna hökümdar, onuň “janpenakärleriniň emiri” hem-de diňçisi edibem Abu Gara Mergeni — ine, şu adamy belläpdi. — Näme habar bolsa magadyny gysgarak düşündir— diýip, soltan gyssan şekilli sorady. Abu Gara Mergen aýtjak bolup duran gep-gürrüňleriniň hemmesini huşundan çykardy. Birbada onuň göwresi boşan halta döndi, gözleriniň öňi ümezledi. “Maňa soltan ynanýan däldir” diýen pikir kellesine gelip, kalbyny heýjana saldy, özüni garaňky zyndanyň töründe, eli-aýagy gandally hasap etdi. Şo bada özüniň janynyň gyl üstünde durandygyny aňdy, şunça menzil ýol söküp gelibem dilini düşündirip bilmän, heläkçilige düşäýmeginiň mümkindigini hakydasynda aýlady, öüzni raslamaga çalyşdy. Içinden Hudaýy çagyryp, ilki sakawlap aýdyp ugrady. — B... beýik soltanym, eger aýdýanlarymyň bir ýeri glat bolsa, etimi kerçemläp, itiň öňüne oklaň. Hökümdar Abu Bakar Ýolbars hakda kelam agyz söz aýtmaga ygtyýar kylyň. Soňky günler onuň kalbynda size bolan sowaşyklyk peýda boldy. Siziň merhemetli adyňyz tutulsa, onuň gaşlary bürşüp, ýüzünden gar ýagýar. — Belli bir subutnama aýdyň. — Öňräk Gür döwletiniň ilçilerini kabul edende, Abu Bakar Ýolbars şerapdan doýansoň, merhemetli soltanym, siziň gybatyňyzy etdi. Horezm döwleti gitdigiçe çagşar diýdi. Beýik soltanym, ol siziň, älemiň zenanlarynyň akyldary mährem eneňiz ikiňiziň araňyza tow düşdi, olaryň duşmançylygy barha güýçlenip, Horezmin basym ikä bölüner diýdi, soňra bolsa ilçilere genji-hazynadan, arap atlaryndan ikisini sowgat-serpaý etdi. — Bir adam iki ata deň atlanyp bilmez. Atlansa-da uzaga gitmez. Iki gämä ýapyşan gark bolar—diýip, soltan gözlerini uzaga dikip pyşyrdady. Soňra-da: — Ýolbarsyň biziň köşgümizde girew goýan ogly barmy? — diýip, wezirden sorady. — Ýok, soltanym. — Ertiriň özünde çapar ýollaň. Iň söwer ogluny hem gyzyny köşge getirsinler— Soltan Abu Gara Mergen tarapa ýüzüni öwürdi— Biz seniň aýdanlaryňy barlap göreris. Dogry bolsa-ha, saňa sylag-peşgeş biris, ýalan bolsa-da, kelläňi alarys. — Soltan oňa gidiber diýen manyda baş atdy. Diňçi “derwüş” daýaw göwresini iki bükende, egninden asylygy “bet-bagt” kädisi ýalpyldap, eňeginiň aşagynda hallan atdy. Soltan ýerinden turdy, elini arkasyna tutup, eýläk-beýläk ýöräp, barmaklarynyň gymmat bahaly daşlaryny sypalap, Gurlar döwletiniň şasy Gur Mährem hem-de Rum welaýatynyň hökümdary Abu Bakar ýolbars hakynda oýlanmaga başlady. Ol baş weziriň ýanyna gelip, aýak çekdi-de: — Gurlaryň pyglynyň bozukdygyny indi ikinji sapar diňçi-içalilardan eşidýäs, muny nähili görýäň? — diýdi. Soňra ol ýene-de otagyň içinde aýlanmaga başlady. Ahyry bir ýerde durup, sag eliniň başam barmagyny bilindäki altyn zerli guşagyndan ötürip, çep eli bilen gök sakgalyny dyrmalady. — Meniň ýanyma ymam Şyhabeddin Hywalyny[1], münçjim palçy-gurrandazlary çagyryň. Ol hytaý ilçisi bilen türkmen baýy ertire garaşsynlar. — Soltan hälki dynç alýan otagyna ýöneldi. — Wezir, Jelaleddin, mürze sizem geliň! — Ol gök sakgalyndan barmaklaryny aýyrman, başyny aşak salyp ýöräp gitdi. Muhammet soltanyň baş sypaýy geňeşdary Şyhabeddin Hywaly hemmeden soňra otaga gelip girdi. Ol gürzelek ak sakgally, ýüzi nurana peşeneli adamdy. Şyhabeddin Hywaly çök düşüp oturansoň, donunyň synlaryny dyzynyň astyna ýygnaşdyryp, iki elini birneme ýokary göterip, doga okady. Soňra ilki Muhammet soltandan başlap, oturanlaryň hemmesinden saglyk-amanlyk soraşdyrdy. Ara imi-salalyk düşdi. Diňe otagyň içindäki mermer howzuň adam boýy depesine pürkülýän suwlarynyň şybyrdysy eşidilýärdi. Soltanyň çalaja üsgürmesi dymyşlygy bozdy. Onuň üsgürinjiremesiniň manysyna düşünen Şyhabeddin Hywaly iki dyzynyň üstünde gowşuryp goýan ellerine seredip: — Muhammet soltan, biz-ä huzuryňyza geldik, näme gulluk, näme maslahat? —diýip sorady. Soltan oňa Gur döwletiniň ilçileri bilen Rum welaýatynyň hökümdary Abu Bakar Ýolbarsyň dildüwüşmek hyýallarynyň bardygyny, bu hakda diňçi-içalylaryň çawuş çakyşyny gürrüň berdi. — Indiki maslahat sizden. — diýip, soltan müfti Hywalynyň hem-de gurrandaz, müneçjimiň ýüzüne seretdi. Ýene-de dymyşlyk otagy gaplady. Gurrandaz öňüne ýaglyk ýazyp, gurra-daşjagazlaryny taşlap, düzüşdirip ugrady. Müneçjim daş çykyp, ýyldyzlara garamaga gitdi. Şyhabeddin Hywaly ähli ahwalady barmagyndan görjek bolýan ýaly, başam barmagyna seredip, butnaman otyrdy. Aradan esli salym geçdi. Ilki geçi sakgal, müneçjim öz pikirini aýtdy. — Kyblaýy älem, beýik hökümdar, meniň sözlerimden, goý, siziň arslan ýüregiňize gubar inmesin. Sadagasy boldugym, gudraty güýçli Allatagalanyň ýaradan ýyldyzlarynyň alamatlary boýunça, sarsmaz Horezmin döwletine ileri tarapdan gözleri gumdan dolmuş ýagy abanýar. Emma beýik hökümdar, olaryň ýyldyzy siziň ýyldyzyňyzdan öçügsi görünýär. Aşyk oýnaýan çaga ýaly, gurra daşlaryny eýläk-beýläk süýşürişdirip bolan gurrandaz hem müneçjimiň sözlerini tassyklady. Ol öz sözleriniň üstüni: — Allatagala ak ýol berse, Horezm batyrlarynyň synmaz gylyjy geljek ýagynyň başynda oýnar. Olar häzir diş-dyrnak goňşy döwletlere ilçi iberip, goşun ýygnaýar. Emma şonda-da gudratly daşlaryň ýerleşişine görä, olaryň ýygyny biziňkiden az, hemdäni güýç-ragbaty, suslary pes görünýär— diýip ýetirdi. Soltan sakgalyny çalaja dyrmalady, oýa batypdy. Müneçjim gurrandaz-a diňçileriň çawuşyny doly tassyklaýar. Ýagynyň barlygyny, olaryň güýç toplaýanyny gümansyratdylaram, magat aýtdylar. Ýöne ýeňiş tugunyň biziň elimizde boljakdygyna güwä geçýärler. Emma ajalyna albaý bulaýlap uwlaýan kimlerkä? Gurlar bilen Rumlardygy anykmyka? Bi togalak daşlar, arşdaky ýyldyzlar ony nä bilsin? Eýsem, bu apy-tupanyň haçan gopjakdygy hem belli dälmikä? Golaýdamyka ýa alysda? — Bi diýýän gowga-urşuňyz haýsy golaýda bolarka? Belli dälmi? — diýip, soltan olaryň belli birine ýüzlenmän sorady. — Kyblaýy älem, entek ýyldyzlaryň arasy daş. Bi golaýda bolmaz, mahalasy, aralykda iki ýyl çemesi salym bar— diýip, müneçjim geçi sakgalyna elini ýetirdi. — Hawa, entek puryja bar— diýip, gurrandaz onuň gepini tassyklap-tassyklamanka, soltan sesini çalaja sandyradyp gyzardy. — Maňa ýagynyň puryjasy gerek däl. Men olar bilen ertiriň özünde söweşe çykmaga taýyn. Gurrandaz “puryja” sözüni soltanyň göwnüne alandygyny şo bada aňyp, hata kylanyna ökünjinden ýaňa on iki müçesi öňkisindenem kiçelip, ýygyrylyp, ýumaga döndi. Soltan müneçim bilen gurrandaza “Siz gaýdyberiň” diýdi. Gurrandaz gurralaryny howlukmaç ýygnaşdyryp, müneçjimiň yzyndan ýegdekläp ýetdide, basymyrak gapynyň aňyrsyna gabat boldy. Soltan ýene-de öňki sowukganlylygyna dolanyp geldi. — Müfti Şyhabeddin, siz bu gürrüňlere nähili garaýaňyz, näme maslahat berýäňiz? Şyhabeddin Hywaly şondan soň ilkinji mertebe gozganyp, azajyk dikeldi. — Muhammet soltanym, eger ýaňky gürrüňler çyn bolsa, onda ýene-de bir giden gan döküşiklik bolar. Eger meniň berjek nesihatym soltanyň göwnüne ýarasa, bir zady synag edip görmeli. Ol synagam şeýle. Birinjiden-ä, Gurlara-da, Ruma-da çapar gönderip, medresede okatmak hemem terbiýe bermek bahanasy bilen, ogul-gyzlaryny köşge aldyrmaly. Şyhabeddiniň bu pikirini soltan bir eýýam ýüregine düwüp, häli wezire buýrugam beripdi. Emma Şyhabeddiniň ondan habary ýokdy. — Ikinjidenem Gur hökümdary Şyhabeddin Muhammet al-Gura sawçy iberip, gyzyny, bolmasa, uýasyny soramaly. Eger-de onuň pyglynda ýamanlyk bolsa, onda ol sawçylary boş gaýtarar ýa-da belli bir jogap bermez. Ýok, eýle däl bolsa, hökmän toýa razy bolar. Şyhabeddin Hywalynyň bu maslahaty Muhammet soltanyň göwnünden turdy. Az salymdan ol otagdakylaryň baş wezirden özgesine rugsat berdi. Soltan mermer howzuň başynda iki ýana gezmeläp ýörşüne: — Biziň näçe sany diňçi-çawuşçymyz[1] bar?— diýip sorady. — Müň bäş ýüze golaý, soltanym. — Hm... Olaryň sanyny iki müňe ýetirmeli. Özünem gaty ynamdar adamlardan seçip-saýlap almaly. Gur bilen Rum döwletlerine köpräk diňçi iberiň. Araçäklerden bize tarap geçýän täjir-söwdagärleriň, ilçileriň arasyna ötegçi ýa-da ýol görkezýän bahanasy bilen sümülsünler. Käte gumdaky çopan-çoluklaryň agzyna deňiç ysgap görsünler. “Gep-gürrüňi, gybaty tördäki oturan gelin bilen meýdandaky çopan-çolukdan sorap görüň” diýipdirler. Gaýry döwletlerden gelýänleriň gatnaşyk edýän adamlaryny assyrynlykda bejit barlasynlar. “Betbagt” kädili derwüşlerden, gedaý-diwanalardan ahmal bolmaň. Olar pukarasyrap, ýalandan telbe-dälisiräp, özlerini samsyklyga salyp, Hudaýa sygynan bolup, etjeklerini edip ýörler... Ä... Ýaňky gelen biziň “derwüşimize” — Gara Mergene bolsa ýüz dinar bilen birlaý serpaý peşgeş sowgat berip, ertiriň özünde yzyna ugradyň. — Ol birki gün dogan-garyndaşlarymy görjek diýdi, soltanym. — Görse gyssagly görsün... um... Gara Mergeni Abu Bakar Ýolbarsyň ynamyna mäkäm girer ýaly hile tapyň. Belki, şol dogan-garyndaşlarynyň biri-ýarymyny wagtynlaýynça zyndana oklarsyňyz. Ýöne şeýle edilýändigini Gara Mergene duýduryň, yzyndanam bu habary Abu Bakar Ýolbarsyň gulagyna ýetiriň. Ine, onsoň ol Gara Mergene hasam bil baglar... Ýene näme soramakçydym... Hawa... Bi Abu Bakar Ýolbarsyň, Gara Mergeniň tiresi — taýpasy kimlerden? Kimiň teklibi bilen o ýerik hökümdar bellenipdir, ony bileňokmy? — Bilýän merhemetli soltanym. O döwletler boýun egdirilenden soň, siziň merhum kakaňyz Tekeş soltan, olary hormatly Terken hatynyň teklibi boýunça hökümdarlyga belledi. Olaryň ikisi-de gypjaklardan, Terken hatynyň garyndaşlaryndan bolmaly. Weziriň bu gürrüňinden soňra soltan hiç hili sowal bermän, ýene-de sakgalyna elini ýetirip, başyny aşak saldy-da, gezmelemäge başlady. Az wagt geçensoň baş wezire-de gaýtmaga rugsat berdi. Otagda 0nuň ýeke özi galdy. Soltanyň gözlerine uky gelmeýärdi... Soltan şo-ol gezmeläp ýörşüne oýlanýardy... Ol gijöýländen bäri gören, eşiden zatlaryny birlaý göz öňüne getirdi. Terken hatyny... Jelaleddini... Onuň totuguşuny... Arz jaýyndaky duşan adamlaryny, olaryň gürrüňlerini ýatlady. Giň otagyň içi soltanyň kalbyna dar göründi. Öýkenine howa ýetmeýän ýaly, ýüregi gysyp, agar çäkmenini egnine atdy-da, bagyň içine aýlanmaga daş çykdy. Asmanyň günorta biline seçelenen gara-goňur ýukajyk bulutlaryň aňyrsynda ýüzüp ýören Aý metjit-medreseleriň gök ýaşyl syrçalaryny lowurdadyp, baglaryň kölegelerini uzaldyp görkezýärdi. Eginleri sowutly, elleri naýzaly, billeri gylyçly garawullar köşgüň gyrasy diş-diş beýik haýatynyň üstünden eýläk-beýläk gatnaýarlar. Gije ýarpa golaýlap, howa mazaly salkynlapdyr. Sapagyndan tänip gaýdýan sary ýapraklar, ýere düşýänçä şahadan-şaha degip şygyrdaşýarlar. Sary ýapraklar soltana Terken hatynyň gürrüň beren içi gurçukly şahalaryny ýatlatdy. Ol köşgündäky maşgalasyny şol içi gurçukly çynara meňzetdi... Çynaryň birki şahasy gurasa ony kesip aýyrmak bolar. Emma biliňden önen perzent bilen ak süýt beren enäni nädersiň? Olardan geçip bolarmy? Bardy-geldi geçäýeniňde-de, herhal, gaýybana ýatlap durarsyň. Onsoň olardan ömürlik geçdigiň däl ahyryn. Öz öýüňdäkileri agzybir saklamakdan tümen-tämen[1] goşuna sahypkär bolanyň müň paý aňsat oňşyýan. Buýrugyňa kaýyl bolmadygy garaňky zyndana oklasaň-da, kellesini pyzyp göýberseň-de, seniňkä däl diýjek ýok. Emma öýdäkiler: biri eneň, biri aýalyň, ýene biri perzendiň. Hersiniň ýürekde öz orny, öz sarpasy bar... Ýöne öz maşgalasyny agzybir saklap bilmedik Soltan, ýarpy älemiň halaýygynyň, birgiden goşunyň agzyny birikdirip, soltanlyk edip bilermikä? Bu gürrüň il-günüň agzyna ýetse bes, bozuk habar iňňäniň gözünden ötüp, ýyldyrymdan çalt ýaýrarmyş. Emma ol habaryň öňüne nähili ýol bilen böwet basmaly? Terken hatyn türkmeni ýamanlaýar. Türkmen baýy Hudaýberdiniň hem gypjaklaryň üstünden arza gelenini bilýän. Bularyň ikisinem elden bermeli däl. Emma nädip? It bilen pişigi bir ýalakda nähili ýallamaly? Eýýamdan, Terken hatynyň Rum welaýatyna hökümdarlyga hödürlän adamy pyglyny bozup, eşek semrese, eýesini deper etjek bolýar. Belkem, Terken hatyn onuň çyrasynyň peltesine ýag damdyrýandyr. Belkem, oňa bu gün-erte goňşy-golam raýatlarynyň beýnisi ýuka hökümdarlary-da ýaran bolar. Onsoň “Hydyr”[1] diýeniň hyrs[2] çykdy diýlene barýar. Hudaý ol gara günlerden daş etsin. Ýöne raýatlardaky hökümdarlary, wezir-wekilleri bir hatar synag galbirinden geçirmeli[3]. Ýowuz günde hakyky hossar çykjaklaryny hökümdar bellemeli. Balyk ýaly sypjyklaryny ýok etmeli. Soltan bir çybşyldy eşidip gapdalyna öwürildi. Hol beýleräkde peleňiň boýnundaky gaýyş bagyndan tutup, janpenakäry durdy. “Bular meniň kölegäme dönüpdir” diýip, soltan içini gepletdi. Ýok, kölegedenem geçiripdirler. Kölege-hä garaňky ýerde zym-zyýat bolýar, Bular hiç-haçan soltanyň golaýyndan aýrylanoklar. Gije-gündiz ýan ýoldaşy, hemrasy. Ýa-da Jelaleddiniň ejesi Aýjemal bilen gürleşip, maslahatlaşyp görmelimi? Ýok, bu-da bolanok. Soltan heniz ömürinde aýalyna geňeş salyp, onuň maslahatyny alan adam däl. Soltan kim? Aýallary kim? Soltan beýle etmekligi özüne kiçilik bilýärdi, ejap edýärdi. Diňe ol birki mertebe Terken hatynyň maslahat beriji gürrüňlerini diňläpdi. Onda-da soltan ondan maslahat soramandy. Onuň özi şu günki ýaly gürrüňe başlap, öwüt berip ugrapdy. Onsoň şynça ýyl bile ýaşaşyp, maslahat soramadyk soltan häzir ýanyna barsa, Aýjemalyň özem geň galar. Onuň ýanyna iň soňky sapar baran günini soltan ýadyna saljak boldy, emma bolmady. Kyrk gün-ä toý boldy. Ondan öň hem tagta çykmaga görlen taýýarlyklar. Soltan ony tagta çykyp, şalyk täjini başyna geýen güni beýleki aýallary, ogullary bilen bile görüpdi. Soltan aýaklarynda ýadawlygy syzdy. Ol oý-pikirlere gumra bolup, bagyň içinde eýläk-beýläk köp ýöräpdy. Hälki otagyna geldi. Gije garaňkysyna öwrenişen gözleri otagyň ýagtysyna birbada gamaşdy. Ol penjiräniň golaýyna bardy. Daşarynyň symgylt ýagtysy, Aýyň altyn okarasynyň suraty Jelaleddin dagynyň boýunda oturan howzuna düşýärdi. Ýyldyzlar görnenokdy. Aýy jemaly golaý-goltumyndaky ýyldyzlaryň şöhlesini öz ýagtysyna ýuwup taşlan ýalydy. Zeminde-de, arşda-da kiçi hem ejiz bolmaklyk gowy däl. Özüňden ulular, zorlar seni islän halaty ýok edip bilýärler. Dowamy bar >> _____________________________________ [1] Paýakeş— çilim berýän hyzmatçy. [2] Nim käse— ýarym käse. [3] Eşrepi— gyzyl pul. [4] Paýzy— rugsat haty. [5] Rum — Türkiýe. [6] Şyhabeddin al-Hywaly — Horezm döwletiniň iň görünikli wekilleriniň biri, “Diniň diregi, şalygyň sarsmaz galasy” ( Zakariý al-Kazwini, Juweýn). Ol dil bilimi, medisina, dialektika ýaly bilimlere önjeýli goşant goşan alym, müfti Muhammet şanyň baş geňeşdary-sypaýysy. O döwürde Şyhabeddin Hywaly hakynda şeýle mahabatly sözler aýdylypdyr: Ýupiter onuň boý ýyldyzy Merkuriý — ylham ýyldyzy. Soltan onuň bilen wajyp zatlar hakda pikir alşyp, onuň aýdýanlary bilen ylalaşar eken. Mundan-da daşgary, ol Horumyň bäş sany medresesinde ders berip, ymamlary okadypdyr. Kähalatlarda Şyhabeddin Hywalynyň ýanyna haýyş-dileg bilen gelenler onuň gapysynyň agzynda bir ýyllap, hatda ondan-da köp wagtlap garaşyp ony görüp bilmän gidýärdiler we ýene gelip garaşardylar. Sebäbi döwlet uludy, işi kändi, dilegçiler bolsa örän köpdi. (Şyhabeddin Muhammet An Jasawi, orta asyr taryhçysy). [7] Diňçi — çawuşçy — içaly. [8] Bir tümen— on müň adamlyk goşun. [9] Hydyr ata — ertekilerde çöldäki teşnelere suw berýän mifiki gahryman. [10] Hyrs — aýy. [11] Galbir — irigöz elek. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1983 ý. Elektron görnüşe geçiren: @Gürgençli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |