00:53 Jelaleddin -5/ powestiñ soñy | |
3.
Taryhy proza
Köşgüň kitaphanasynyň kiçiräk derweze ýaly ullakan hem-de bütin durky sünnälenip haşamlanan gapysyny Jelaleddine açyp beren hyzmatkär, şo bada iki bükülip egildi-de, bir gyra çekilip, ýol berdi. Aşakdan petige çenli kitaplardan doly giň otagyň içi salkyndy, ümsümlikdi, siňek üçsa, ganatynyň sesi eşidiljekdi. Jelaleddiniň burnuna kagyzdyr, gönüň ysy urdy. Kitaphananyň bir zalynda öz milli eşiklerindäki türkem, arap, pars, hindi, täjik adamlary küti-küti kitaplaryň üstüne egilişip otyrdylar. Olaryň arasynda ak sakgally gojalar-da, eňegine entek gyl örmedik ýaş-ýuşlarda bardy. Ol hatar-hatar kitaplaryň deňinden ýöräp barşyna — hol aňyrdaky ýagtylykda iki bükülip kitp okap oturanyň ýanyna ýöneldi. Emma “kitap okap” oturan ýeňsesinde gözi bar ýaly zöwwe ýerinden galdy-da, şazada baka ýorgalap gaýtdy. Ol gele-gelmäne salam berip, şazadany ýitirip-tapan ýaly hoşamaý garşy aldy. Ol kitaphananyň baş kätibiniň kellesinden çakyza tutanyny, şonuň üçinem öýlerine gaýdanyny aýtdy. Jelaleddin oglanyň adynyň Omardygyny, baş kätibiň kömekçisidigini bilýärdi. Şonuň üçinem: — Omar, nähili gyzykly kitabyň bar? — diýip, gös-göni sowal berdi. — Şazada, Bu kitaplaryň hersi bir dünýädir. Haýsy dünýäniň syrlaryny bilmekçi bolsaňyz aýdyň, men bildigimden size baş üstüne, kömek ederin— diýip, Omar kitaplary görkezdi-de sözüni dowam etdi— Meniň kätibim şeýle diýýär:eý, balam, bedeni özüňe boýun syndyr, ony gazap bilen özüňe boýun egmäge tabyn et. Her bir kişi bedenini özüne boýun egdirse, özgeleriň bedenini hem özüne boýun etse, ylym-magaryf öwrenmek bilen, iki jahanyň bagt-sahabatyny tapar. Hemme bilim, magaryf, — kiçi göwünlililk, haýa, päklik, dogruçyllyk, sabyrlylykdyr. — Seniň kätibiň gaty dogry aýdýar — diýip, Jelaleddin ýuwaşja ýöräp barşyna, daşy pil süňkünden ýasalan kitaba elini uzatdy. Omar ol kitaby iki eli bilen zordan göterip— Bu “Mahabharata” — diýdi. — Hindileriň gadymy dessany. Takmynan, mundan ýedi ýüz ýyl ozal ýazylypdyr — Omar bir ýerini açyp okamaga başlady— Ynha, bu “Mahabharatanyň” “Bihişme hakynda” diýen kitabynyň on altynjy baby şeýle başlanýar: “Hatar duruň! Hatara!” Hökmürowan begzadalaň, sesi geldi goh içre tüm-garaňka salyp talaň. Bharatyň zurnaýlarnyň şir sesi deý arryldysy, Söweş-ýörişi arabalaň tekerleriniň hyrryldysy. Deprekleriň takyrdysy, at burnunyň parryldysy, Depe saçyň düýrükdirip goh turupdy, eý aman. Nökerleriň gykuwlary, pil holtunyň zogy bilen, Gamçy-kement şarpyldysy ahy-nala waý içire Göterildi asman sary, dogan günüň çogy bilen. — Hawa, Omar, bu bapda “Goşunçylyk” hakda aýdylýar, wagt bolsa, ýene-de bir okap görmekçi— diýip, Jelaleddin öňe ýöredi. Bir ýerde durup, “Gorkut ata” kitabyny eline aldy, — Gaty gyzykly hem manyly kitap. Aňrymyz bolan oguzlaryň gadymy durmuşy göz öňüňde düýnki ýaly janlanýar— diýip, Jelaleddin kitabyň birki sahypasyny açyp, ýene-de öňki ýerinde goýdy. Olar Omaryň hälki kitap okap oturan ýerine geldiler. — Sen näme okap otyrsyň? — diýip, Jelaleddin onuň açyp goýup giden kitabyny eline alyp, ýumşak sekide oturyp, okamaga başlady. — Kowusnama[1]: Patyşa hyzmat etmek hakynda: hany göreli: ... “Pul üçin patyşaň hyzmatyny terk etmegin, pul (dirhem) gül ýaly hoşroý, reňkli, ýakymly ysly we ezizdir, emma ömri gülüň ömri ýalydyr. Ol uzak durmaz. Patyşanyň hyzmatynda puly köp toplasaň, onuň bahasy (gadyry) ýokdur. Patyşanyň hyzmatynda hormata eýe bolmak puldan has ýagşydyr... Eger duşman senden üstün çykmasyn diýseň, bäş sany syry gizlin sakla, şonda sen hemişe aman bolarsyň: Birinjiden, hergiz ýalan sözlemegin, ikinjiden, patyşanyň huzurynda hiç bir adamyň gybatyny etmegin üçünjiden, patyşa hiç bir hyýanat etmegin, dördünjiden, onuň permanyna garşy hiç bir iş etmegin, bäşinjiden, onuň syryny hiç bir adama aýtmagyn. Bu bäş syr bilen kişi öz maksadynyň yzyna düşüň biler... Jelaleddin özüniň okaýan ýerlerini üns bilen ýere bakyp diňläp oturan Omary synlady. Şazada okamasyny bes eden badyna, oňa sereden Omar Jelaleddiniň synçy gözlerine seredibilmän, gyzaryp ýere bakdy. “Şazada bu zatlary “Men näme üçin okaýarka?” diýip pikir edendir. Birsalymdan bu dymyşlygy ýene-de Jelaleddin bozdy: — Hany, senem oňat görýän ýerleriňi oka. Omar “Kowusnamany” eline alyp, entek onuň gatyny açman gürläp başlady. — Bir zaman Anuşirwan diýen patyşa ýaşap geçenmiş. Ol gaty adyl bolupdyr. Onuň üçinem oňa Anuşirwan adyl diýenmişler. Ine, şol özi ýogalansoň, pendi-nesihatlaryny öz gabyr jaýynyň diwaryna altyn harplar bilen ýazmagy nesihat edip, dünýäden ötüpdir. Ine, şolardan käbirini okap bereýin: “Mydama gije we gündiz gelýär, gidýär, barça hanlaryň özgermegine, çalyşmagyna ajaplanma (geňirgenme)”. “Halk näme üçin bir gezek puşman eden işlerinden ýene gaýtalap puşman edýär”. “Eger duýgur bolaýyn diýseň, öz ýüzüňe halkyň gözi bilen seretgin”. “Eger diliň uzyn bolsun diýseň, goluňy gysga etgin”. “Her näçe ýigit bolsaňam, akylyň garry bolsun”. Eflatun[2] “Ýigitlik — jahyllyk akylsyzlygyň bir görnüşidir” diýipdir. “Şeraphorlygyň netijesi iki närsedir, ýa hassalykdyr, ýa-da diwanalykdyr (dälilikdir), çünki şeraphor ýa mes bolýar ýa-da hassa. Mes bolsa, däli-tentek sanyna, eger hassa bolsa (akyldan azaşýan) sanyna girýär”. “Aşyklykda wagtyň mydama gaýgy-älem bilen geçer”. Anuşirwanyň pendi-nesihatlarynyň soňky setirleri Jelaleddiniň ýadyna ýene-de Akmaraly saldy. Omaryň soňky okanlary onuň gulagyna-da ilmedi. Kitaphananyň tekjelerindäki münder-münder hatar kitaplaryň ornuny Akmaralyň gözel syraty, syrly ýylgyryşy tutdy. ... Dury suwuň tolkunynyň suraty endamynda oýnaýan keýik. Öz ýüwrükligini keýiklere subut etjek bolýana meňzeýän Akguşuň onuň yzyndan ýyldyrym çaltlygynda eňişi. Köwsarlaýan ak çäge... Akguş bilen keýigiň arasyna pena — diwar bolýan gum diwar... Apy-tupan... Jelaleddin üçin birsalymda salkyn otagyň içi günortanyň tup-yssysyna döndi, dem almaga howa ýetmedi. Jelaleddiniň gara saçlarynyň etegi, owaly, ala gözleriniň gabaklary derlese-de, agzynyň içi howur alyp, bokurdagy guran tüýdüge meňzedi. Bu ahwalaty duýan Omaryň imany uçdy. Ol kitabyny howul-hara ýerde goýup: — Şazada... Şazada? Näme bolýar size? — diýip, howatyrly gyssanmaç sorady. Omar aljyramakdan ýaňa el-aýagyny ýitirip, bir şazadanyň ýykylan göwresini dikeltdi, birem eýläk-beýläk zowzuldap, ahyry gözleýän zadyny tapdy. Gapdalda duran digir küýzeden ýaşyl käsä suw guýdy-da, ony dökan-saçan edip, Şazadanyň agzyna tutdy. Dişleriniň düýbüni buz ýaly edip giden sowuk suwy owurtlan şazada özüne gelen ýaly boldy. Onuň howur alyp duran ýüreginiň gyzgyny peselene döndi. Ol uludan demini alyp, käsedäki suwuň baryny başyna çekdi. “...Ýaz ýagyşyna ezilen gyzyl köýnegi endamyna ýelmeşen gyz dört örüm şar-gara saçlaryny jüpläp tutup durşuna, biliniksizden çalaja ýylgyrdy. Bölek-bölek bulutlaryň arasyndan ýalbyrap çykdan älemgoşar gyzyl köýnekli gyzyň şar-gara, öljümek saçlaryny, ak gar ýaly ýüzi bilen çaknyşdyryp, Jelaleddiniň gözlerini gamaşdyrara getirdi...” Jelaleddin ýene-de suw sorady... 4. Gün heniz dogmandy. Diňe asmanyň gündogar tarapy belent-belent minaralaryň aňry tarapyndan süýt ýaly agaryp, kem-kemden elwan reňke boýalyp barýardy. Köşgüň baglaryndaky bilbilleriň urç edip saýraýan çagydy. Säher-säherden köşguň ileri derwezesinden çykan Jelaleddin dagynyň toparynyň ýüzi guma tarapdy. Ol bu sapar aw-şikar bahanasy bilen, hiç bolmasa, birje gezek Akjemalyň jemalyny görüp gaýtmagy ýüregine düwüpdi. Bolmasa, gijesi bimar, gündizi bikarardy. Ýatsa ýatyp karary ýok, tursa-da oturyp. Eýýam uly galanyň halky örüşip ugrapdy, kimsi mal-garasyna ot-suw berse, kimsi gündizki aladanyň ugruna çykypdy. Ylaýta-da, öýsüz-öwzarsyz gedaýlar ölmez-ödi diläp, el serip durmagy endik edinipdiler. Işleriniň, ýollarynyň rowaç bolmagyny ýüreginde niýetlän adamlar olara göwnünden çykaranyny Hudaý ýoluna aklyk berip, ak pata alyp gidýärdiler. Megerem, olaryň köpüsi soltanyň ogluny, belki, atyndan, belki, geýim-gejiminden tanaýan bolmaga çemeli, şazada özlerine golaýlaşan halaty, bir çete sowlup billerini iki büküp, eger-de eli golak bolsa, bir elini serip, Allatagalanyň adyndan alkyş okap durýardylar. Egni şylha eşikli maýyp-müjürip geda-diwanalar on iki süňňi synasy sag adamlardan köplük ýalydy. Eger olaryň hersiniň ýanynda durup, bir zat oklap, aklyk berip geçjek bolsaň, bütin günüň geçjekdi. Galadan çykyberenlerinde, Jelaleddiniň gözi garşydan gelýän gedaýa düşdi. Uzyn boýly, ak sakgaly döşüni ýapyp duran ýaşulynyň elindäki taýagynyň bir ujundan kiçijik oglanjyk idip gelýärdi. Oglanjyk ýaşulyny ýoluň bir gyrasyna çekip, bir zatlar diýdi. Megerem, “Şazada gelýär” diýendir. Ak sakgal goja Jelaleddin deňine ýetip-ýetmänkä, ak pata okamaga başlady. Ol beýlekiler ýaly iki bükülenokdy, ýüzüni ýokarrak göterip, ýakymly heňi bilen ýüz-gözüniň bir boluşuny üýtgetmän, iki elini ýokary göterip, pata berýärdi. Onuň deňinde atynyň jylawyny çeken Jelaleddin gojanyň sokur kördügini aňdy. Gojanyň sesi ertiriň çagy, megerem, uzaklara ýaýraýan bolsa gerek. “Örkli gara daglaryň ýykylmasyn. Kölegeli agaçlaryň-baglaryň kesilmesin. Gorkly akar suwuň kesilmesin, ganatlaryň uçlary gyrylmasyn. Çapýan ak atyň büdremesin. Çaknyşanda, uz gylyjyň gädilmesin. Söweşende naýzaň ujy döwülmesin! Ak gyňaç eneň jaýy jennet bolsun! Gök sakgally ataň jaýy uçmah bolsun. Hak ýakan çyragyň öçmesin, Taňry seni namarda zar etmesin. Döwletiňi Hak artdyrsyn, uly Taňrym medet bersin...” Gedaý gojanyň gözleri ukudaky ýaly ýumukdy.Şylha-şylha donunyň ýakasyndan görnüp duran köýneginiň haýsy reňkdedigi hem belli däldi, bagjygy üzülensoň, ýakasynyň bir tarapy aşak ýatyp, onuň gyzylymtyl-ak gylly döşünden bukawy somalyp çykyp durdy. Jelaleddin jübüsinden nagyşly haltany çykaryp, altyn teňňäni uzadanda, oglanjyk begenjinden owlak ýaly bökjekläp, garbap aldy. Gedaý goja taýagyny goltugyna gysyp, iki elini batyl gözleriniň golaýyna eltip, ýene-de alkyş etdi. Gum içindäki ýoluň jeňňelige sowulýan ýerine gelenlerinde, Jelaleddin atynyň başyny çekdi. Ol Hanberdä: — Ikimiz şu ýere, bir ýerik degip geçeli, oglanlar öňki aw eden ýerimize barybersinler— diýdi. Hanberdi Naýzaly gojany oglanlara baş edip jeňňelige — derýa boýuna ugratdy. Jelaleddin Hanberdi bilen Garagumyň jümmüşine tarap atlaryny gorgunyna sürdiler. Bahar pasly Garagumyň iň bir lälezar, iň bir ajaýyp pursatlarynyň biri. Belent-belent çägeleriniň gerişlerine ýel-ýagmyryň ussatlyk bilen salan nagyşlarynyň üstünden öwüsýan mymyk şemal oýdaky ýaşyl parça ýylaklaryň, iň esasy-da gül-pürçüge bürenip oturan sazaklaryň hoşboý ysy burk urup, göwün guşuň özüňden bir menzil öňde pel-pelläp ganat kakýardy. Megerem, şonuň üçindir, dürli guşlar bu lälezarlyga çydam edebilmän, çar ýanda perwaz urýardy. Bu sapar Jelaleddiniň özi-de, Akguşy-da bezemendi. Täzeje jülly, atlas ýapynjaly Akguş owsun atyp ýorgalanda, onuň altyn myhlar bilen tylladan kakylan nallary ýaňy dogup gelýän günüň şöhlesine ýalkym atyp, göz gamaşdyrýardy. Bu zatlary at janawaryň özi-de duýýan bolara çemeli. Ol keýik ýaly keýerjekläp, guşlar saýrap owaz edende, gaýçy gulaklaryny üşerdip, gyzlaryň näzli ýöreýşi ýaly üýtgeşik, täze bir ýöriş tapjak bolýardy. Jelaleddin onuň ýöreýşini Akmaralyňka meňzedip, göwni öňküsindenem galkynyp, öz Akguşuny magtap, ýuwaşja aýdyma hiňlendi: Atgaýtarym meýdan ylla ýüzüň açyk, aý ýaly sen, Iki çyrag gara gözüň, ýyldyzlara taý ýaly sen. Ýüpek-şalmy boýnuň üste seçelenen ýalyň seniň, Eý doganym, ekiz taýym, çekilipsiň ok-ýaý kimin. Duşdum kuýne bir hyýalyň, atlanýaryn men üstüňe, Bilýan bu gün maksadyma ýetirirsiň sen dessine. Gaýdyp saňa at diýmerin, diýerin men gaýratym sen. Dost-dogandan gaýry tutup, söýerin men, gyr atym sen. Akguş şazadanyň mahabatly öwgilerine düşünen ýaly, başyny hasam ýokary galdyryp ýorgalady. — Bä, şazada, bu aýdymyň-a ýörite Akguşa goşulan ýaly ekeni— diýip, Hanberdi atyny gapdallap sürdi. Bu goşgy ata-babamyz oguzlaryň “Gorkut ata” diýen kitabyndan, ýöne Akguş üçin aýdylan ýaly. Garşydaky gum depeleriniň aňyrsyndan jaň sesi gelip ýetdi. Ol bahar şemaly güýçliräk öwsende, hasam magat eşidilýärdi. — Kerwen ötüp barýarmy? — diýip, Hanberdi sorady. — Ýok goýun sürüsi. Eger kerwen bolsa jaň sesi üznüksiz çykardy. Munda aram-aram eşidilýär. Megerem, jaňly mal otlap gezip ýörendir. Olar öňdäki depäniň üstüne at gorduryp çykanlarynda, ýere-göge sygmaýan akly-garaly dowar sürüsine gözleri düşdi. Dowarlar gök maýsaly ýylakdan otlaşyp, erkana agyp-dönüp ýören halaty, sürüniniň çetinde iki atlynyň çopan bilen çolugy gamçylap ýenjip duranlaryny gördüler. Jelaleddin Akguşuň jylawyny göni olaryň üstüne burdy. Gamçyly adamlar şazada dagyny görmän, çopan itler üýrüp habar berýänçäler, ol ikisini gamçylap durdylar. — Näme üçin urýaňyz? — diýip, Jelaleddin bara-barmaşa gygyryp sorady. Garry çopan bilen on sekiz — on dokuz ýaşlaryndaky çoluk (megerem, ol çopanyň ogly bolsa gerek) gamçydan ýüzlerini gorap, urgynyň köpüsini ellerine alansoň, olaryň gollary, bilekleri gök-dalaky. Jelaleddini gören iki atlynyň zähresi ýaryldy. Olar gamçylarynyň sapyny bil guşagyna gysdyryp, aljyraňňylykda näme edýändiklerini özleri-de bilmän, atdan düşüp, Jelaleddine iki ellerini uzatdylar. Şazada soragyny gaýtalady. Şondan soňra olar şazadanyň sowalyna jogap bermändiklerini, unudandyklaryny aňyp, ikisi-de sakawlady. Gara murtlarynyň ujy gözlerine golaýlap duran, gara sakgal: — Özlerinde günä, ýigirmi guzyny körpeçde ýatdan çykaryp, haram öldüripdirler, şu gün ertir tapdyk olary — diýip, ähli aýtjagyny üzlem-saplam aýdyşdyrdy. Çoluk maňlaýyndan akýan gany tiresgi bilen sylyp, gan akyp duran ýerine ak çägäny basdy. Çopan ýüzüni aşak salyp durdy. Hemmesini synlap duran şazada soragy çopanlara berdi. — Şu adamyň diýýäni dogrumy? Olaryň hiçisinden kelam agyz ses çykmady. Şazada sesini gataldyp sorady: — Şu adamyň aýdýanlary dogrumy ýa ýalan sözleýärmi? Şondan soň çopan özüne gelen ýaly boldy. Eňeklerini, ellerini saňňyldadyp, iküç ädim öňe ýöräp, dyza çökdi. — Dogrudyr, emma biz ony bilip etmedik... Atdanlykda ýatdan çykypdyr... Körpeç köp... Kyrk-elli sany... — Çopan tukge düşüp sarnaşdyrdy. Jelaleddin az-kem oýlanyp durdy. “Günä çopanyň özünde. Hakykat gamçyly, gara sakgallynyň tarapynda. Günäkärler ejiz. Ýöne bir zat belli. Näme üçin hakykat, köplenç, güýçliniň tarapynda bolýar?! Günäkär, köplenç, ejiz hem-de onuň tarapynda hakykat ýok. Megerem, hakykat bolmansoň ejizdir. Megerem, günäkär bolansoň, hakykaty ýok bolansoň garypdyr. Emma gara sakgallynyň goly belent, onuň tarapynda hem hakykat bar, hem güýçli gol, hem-de baýlyk. Ine, şeýdip adamzat iki topara bölnen: güýçlide hakykat bar, ejizde günä. Eger şu wagt tersine bolaýan bolsady, onda men bu ejiz bendäniň iýen gamçylarynyň aryny alyp bererdim. Indi hakykata gol ýapmalymy ýa-da günäkäre? Hakykatyň tarapynda durmalymy ýa-da günäkäriň?...” — Hany, kelläňi galdyr— diýip, Jelaleddin gygyrman aýtdy. Çopan saňňyldaýan kellesini galdyrsa-da, şol çök düşüp oturysşyny dowam etdirdi. Onuň ýüzüne ak çägäniň reňki uran ýalydy. — Ertir namazyňy okadyňmy? — diýip, Jelaleddin başga sowal berdi. Çopan hem bu sowalyň bu ýerde näme dahylynyň bardygyny bilmese-de, jogap gaýtardy. — Okadym, okadym... — Okamaly borjuňy berjaý edipsiň! Ertir çaýyňyy içdiňmi? — Içdim... Içdim. — Içipsiň, ol seniň aňryňa gerek. Süriniň içindäki özüňe degişli goýunlara şu gün göz aýladyňmy? — Hawa— diýip, çopan otlap ýören dowarlara tarap çalaja seretdi. — Olary görüpsiň. Sebäbi olar seniň umydyň. Ertir bir zada ýaratjaksyň. Näçe goýnuň bar? Çopan çoluk tarapa çalaja başyny atyp: — Oglum ikimiziňki otuza golaý— diýidi. — Dogry sanyny aýt. — Ýigrimi ýedi. — Onda şeýle. Şol haram öldüren guzularyň hunyny tölärsiň. Ýigrimi guzynyň deregine on goýnuňy ber. Geljek şu günler olaram ýigrimi bolar. — M... Men ogul öýerjek.... — Ogluň öýlenjegi çyny bolsa, guzularam körpeçde ýatdan çykarmaly däl eken. Namazy, çaýy, öz goýunlaryňyzy ýatdan çykarmansyňzy. Näme üçin? Emma, näme üçin kişiniň zadyny ýatdan çykarýaňyz? Salam siziň borjuňyz — Jelaleddin garasakgala seretdi. Onuň ýüi-gözi rahatlanypdy, gara murtuň astyndan çalaja agarýan dişleri göründi. — On goýuny alyňda işli-işiňiz bilen boluň. Gamçyny gören ýerde ulanyp ýörmäň, öz gerek ýerinde ulanyň. Guzularyňyzyň aýrylyşmak nesibesi bardyr. Belkem, Allatagalanyň ýazgydy şeýledir, mäleşip bir ýaýlada gezmek nesibesi ýokdur. Jelaleddin atynyň başyny yzyna öwürdi. Hanberdi-de. Olar esli salym dymyp gitdiler. Hanberdi öz şazadasynyň öňki keýpiniň bireýýam uçup gidenini onuň atyň üstünde ýüzi salyk, bir zadyň oýuny edip oturyşyndan aňýardy. Bardy-geldi bir sowal berip göwnüni galkyndyraýyn diýseň-de, onuň gahary geläýmegi-de ahmal. Ýöne ýaňky wakadan soň Hanberdi bir zada guwanýardy. Olam öz şazadasynyň ýaňkylaryň özlerinden ep-esli uly adamlaryň ýanynda hut kakasy Muhammet soltan ýaly bolup höküm çykarmagydy. Onda-da nähili höküm! Adalatly höküm diýip Hanberdi ony öz ýüreginden belläp, begenjini daş çykarybilmän, atyny sürüp barýardy. “Teşneoý” obajygy. Jigitleri Akmarallaryň guýrugy, gulagy kesilen ullakan ala köpegi “hof-hoflap” garşy aldy. Şol halat hem gara öýüň ýeňsesiniň bir gapdalyny göterip, egini gowşullan garma donly, kellesi silkme telpekli, ak köýnekli adam daş çykyp, itini kowdy-da, şazadanyň atyny tutdy, salamlaşanlaryndan soň, şazada özleriniň ýolagçydygyny, düýe çal içip gitjekdiklerini duçdurdy. Şazada bilen Hanberdi içeri girensoň, Akmaralyň öýde ýokdugyny bilip galdylar. Bada-bat biriniň gyzynyň nirededigini soramaklyk hem ejaplykdy, utançdy. Orta ýaşan görmegeý aýal (Megerem, Akmaralyň ejesidir) olara gor küýzeden çal guýup berdi. Sowujak çal jigitleriň burun-gaňşyrawugyny tütedip gitdi. Akmaralyň ejesi uly käsäni ikinji sapar çaldan dolduryp uzatdy. — Hezil etdik, gowy çal tutupsyňyz— diýip, Jelaleddin dillendi-de, böwürde ýüwürdilen hala seretmäge başlady. Halynyň dokalan ýerindäki göller, nagyşlar ylla janly gül ýaly, gözüň ýagyny iýip barýardy. — Halam ýüwürdipsiňiz. Gowy dokaýan ekeniňiz. — Hawa, geçen sapar gelip-gidensiňizden soň, Akmaral jan ýüwürti— Akmaralyň ejesi şeýle diýip, Şazadanyň ýüzüne seredip göýberdi. Şol bakyş, şo sözler eýýam şazadanyň pynhan syryny Hanberdi bilen Akmaralyň kakasyna äşgär edipdi. Şazada şo bada dokalýan haly ýaly gyzaryp gitdi. — Häzir Akmaral: “Eje şu gün ýüregim gysýa, birsalym aw edip geleýin” diýip gitdi— diýdi. “Belkem, ýolda duşarys” diýen pikir Jelaleddiniň göwnüne geldi. — Gyzyňyz awy näme bilen edýä? — diýip, Hanberdi sorady. — Wiý, asyl hakyky siziň ýaly jigitleriň aw edişi ýaly, atly, peýkamly— diýip, Akmaralyň ejesi “Siz ony gyz diýip kemsitmäň” diýen äheňde ýylgyryp, sypaýylyk bilen dillendi. Jigitler turmaga hyýallandylar. — Şazada, bu gyssanmaç gelişiňiz bolanok, az-kem tagapyl kylsaňyz, dowar soýup, söwuş hezzet-hormat etsek, murähet däl. Akmaralyň kakasy çyny bilen olary oturtjak boldy. Emma jigitler “howlukýas” diýşip daş çykdylar. Akmaralyň ejesi, kakasy-da olar tä atlarynyň ýanyna gelýänçä oturmaklaryny, çaý-nahar iýip gitmeklerini towakga etdiler. Akmaralyň kakasy iki elini arkasyna tutup, Akguşuö töwereginden aýlandy. Ol soňra onuň boýnuny sypalap: — Tüýs tohum bedewiňiz bar ekeni— diýdi. Danyşmentler — Dünýä-adamlar bilen, adamlar-haýwanlar bilen diýipdirler. Haýwanat dünýäsiniň ýagşysy atdyr. “Aty, lybasy ýagşy sakla, olar hem seni saklarlar” diýip, köneler aýdypdyr. Atyň ýagşysyny, ýamanyny bilmek, adamlaryň ýagşysyny-ýamanyny bilmekden kyndyr, çünki adamlar sözleýär, sözüniň manysy bilen onuň kimdigini kesgitlemek bolýar. At sözlap bilmeýär, emma ol hemme zada düşünýär. O sebäplem, ýagşy-ýamanyny görnüşinden bilmek bolýar. Owal atyň ýüzüne seretgin— Akmaralyň kakasy Akguşuň maňlaýyny sypalady— Ýagşy atyň ýüzi-de ýagşy, çyraýy açyk bolýar. Ökde atşynaslar “Ýagşy görk atyň zynatydyr” diýipdir. Iň ýagşy at, ine, şu hili sypatda bolmaly, dodagy uzynyrak, burny belendräk, maňlaýy giň, gulaklarynyň arasy açyk, boýny ýogyn we eglen, sagyrysy belent, göwsi giň, aýaklarynyň arasy açyk, guýrugy gür we uzyn, zigirrigi näzik we gysga, gözi kirpikleri gara bolýar. Mundanam başga ol münýän kişiniň hereketini duýýan bolmaly. Tüweleme, “tüf, tüf” göz degmesin, bu at seniň ýüzüňi gyzartmaz, şazada. Iki nätanyş atlynyň kimdigini bilesleri gelýärmi, goňşy öýlerden hem çagalar, aýal-erkek daş çykyşyp, olara seredýärdiler. Jelaleddin bilen Hanberdi “Taňryýalkasyn” aýdyp, atlarynyň ýüzüni derýa baka öwürdi. Ep-esli ýol ýöränsoňlar, ondan-mundan gürrüň edip gidensoňlar, Hanberdi Jelaleddinden Akmaral hakda soramagy ýüregine düwdi. Sebäbi ol ýaňky ýerik ýönelige gidilmändigini, şazadasynyň öňem bir gezek baranlygyny bilensoň, ýüreginde oýanan sowalyny aýtmasa çydap bilmedi. — Şazada, siz ýaňky öýe öňem gelen ekeniňiz-ow. Haçan barypdyňyz? — Hol, azaşan saparym— diýip, Jelaleddin gysgaça jogap berdi. Hanberdiniň anyklasy gelýäni başga zatdy. Onuň Akmaral hakda bilesi gelýärdi. Sebäbi şonuň bilen şazadasynyň arasynda bir syr bar ýaly bolup görünýärdi. Ýogsam düýe çal üçin şazada şunça ýol sokup gelmek nämä gerek? Ol köşkde ýok zatmy? O ýerde ýok zat barmy? Guşuň süýdüne çenlem tapylýar. — Şazada, onsoň olaryň gyzynam gördüňizmi? Jelaleddin onuň ýüzüne ýalta seretdi, Hanberdi birhili boldy, emma Jelaleddin şo zaman gözlerini ýeserlik bilen güldürensoň, jany aram tapdy. — Hawa. Hä, näme? — Aý, ýok-la, hiç zat— Hanberdi gülümsiräp ýere seretdi. Olar ýene-de bir tüňçe suw gaýnar hem-de içip bolar salym ýörediler. Birdenkä olaryň öňünde gökden düşen ýaly bir jigit peýda boldy. Egni peýkamly, gyrmyzy donly, ak telpekli jigidi Jelaleddin ýanyna gelensoň tanady. Olaryň ikisi-de biri-birine näme diýjeklerini, ilki näme habar gatjakdyklaryny bilmän ýaýdanyşyp, seredişip durdylar. Bu jigit — Akmaraldy. Onuň atynyň eýerinden asylan toklutaý, bezbeltek, bagyrtlak ýaly awlaryň sallanyşyp duranyny gören şazada: — Aw ganly bol-a, jigit— diýdi. — Size-de şazada— diýen inçe sesden soň Hanberdi birhili boldy. Onuň gyzdygyny-oglandygyny tanajak bolup, ýiti-ýiti seretdi. — Nireden gelýäňiz? — Sizden. — Bizden? — Hawa, düýe çalyňyzdan içdik. Böwürdäky ýüwürden halyňyzy gördük. Akmaral eýeriň gaşyna seredip, aşaky dodagyny çalaja dişledi. Birbada gürrüň gutaraýan ýaly bolup, ara dymyşlyk düşdi. Akmaral ak torbasyndan şazadanyň peýkamyny çykaryp, oňa uzatdy. Şazadanyň ilki göwnüne gelen pikir “Muny bir ýerden tapandyr” boldy. — Muny, nireden tapdyňyz? — Tapmadym-da, atyp aldym— diýip, Akmaral jogap berdi. Dogrudanam, peýkamyň ortarasynda deşik bardy— Peýkamyň yzy. — Bir towşanyň gulagyndan. Janawary beýle ýükli göýbermek nämä gerekdi? Jelaleddiniň geçen saparky awy ýadyna düşdi: — Olam bir sebäp bilen sypdy. Soňam ikinji sapar peýkam atmadym. — Menem onuň özüne atmadym. Peýkamyňyza atdym. — Gaty mergen ekeniňiz. Siz onuň meniň peýkamymdygyny nireden bildiňiz? — Geçen sapar peýkamlaryňyza syn edipdim. Siziňki üýtgeşik, belligi bar ahyry. Wiý, men nämä sarnap durun. Geliň, men size awdan kebap bişirip bereýin. Şazadanyň göwünlidigini Hanberdi onuň ýüzüne sereden badyna bildi. Atlary sazaga daňyp, özlerem ullakan sazagyň kölegesine geldiler. Akmaral ak telpegini başyndan aýranda, dört örüm saçlary towlanyp, aşak döküldi. Ol telpegini ssazagyň şahasyna ildirip, donunyň synlaryny bilindäki guşagyndan geçirdi, ýeňlerini çermeşdirdi-de: — Oglanlar siz gury odun çöpläň, men häzir guşlaryň derisini sypyryşdyraýyn— diýdi. Şazada bilen Hanberdi hersi bir goltuk odun getirýänçä, Akmaral awlaryny duzlaşdyryp, aw torbasynyň üstünde taýýar edip goýupdy. Ol gury odunyň ownujaklaryny aşagyna üýşürip, jübüsindäki çakmak daşy bilen dessine ody tutaşdyrdy, tüňçesini suwdan dolduryp şatyrdap ýanýan ýalnyň ugrunda goýdy. “Bi gyzyň ýanynda hemme zady bar, çakmagy-da, pyçagy-da, tüňçe suwy-da, hatda duzy-da” diýip, şazada-da, Hanberdi-de içlerinden bellediler. Olaryň ýanynda bu zatlaryň hiçisi-de ýokdy. Diňe ýanlarynda peýkamy hem-de ýüwrük atlary. Şazada içinden bellän bu pikirini daş çykaryp, Akmaraly öwdi. Ol şazadanyň öwgüsine juda bir göterilibem durmady. Gaýtam: — Şazadalar üçin bu zatlary onuň nökerleri göterýär. Biz özümiz üçin hem, şazada üçin hem nöker bolmaly. “Gerekli daşyň agramy ýok” diýipdirler. Awyň duzlyja şarasynyň tahamy üýtgeşikdi. Şazada beýle tagamly kebaby ömründe ilkinji mertebe iýýäne döndi. Megerem, ony Akmaralyň bişireni üçin bolsa gerek. — Awyňyza ejeň-kakaňam garaşýandyr. Hemmesini biz iýip gutaraýmaly ýene— diýip, Jelaleddin dillendi. — Olaryňam paýyny goýdum. Iýiň. Bu jigit haýal iýýä. Iý diýip aýdyň, utanmasyn— diýip, Akmaral Hanberdä ortadaky kebapdan hödür etdi. Soňra Akmaral gaýnan tüňçäni getirip, onuň içine ysly otlary atyşdyrdy. — Men size duşuşjagymy bilmändirin. Ýekeje käsäm bar— diýip, Akmaral oňa tüňçedäki sarymtyl-gögräk ysly suwy guýup otyrka aýtdy. Şorja kebapdan soň yslyja gaýnag suw agzyňa bal bolup degýärdi. Şazada çygjaryp derledi. On iki süňňüne gurbat goşulan ýaly boldy. Az salymdan soň hoşlaşmagyň pursaty geldi. Jelaleddiniň kän-kän aýtjak sözleri bardy. Emma olaryň hiç biri dile gelmedi. Gara gözler sözleşdi, diller welin duşaklanana döndi. Jelaleddiniň kän-kän pynhan syrlary bardy. Emma olar şol öňki ýerinde, ýüreginiň pynhan ýerinden ýene-de çykman galdy. Anha, ol gyz atyny ýorgaladyp barýar. Ol ylla güllän sazaklaryň güllerine gonup uçup seýran edip ýören owadan kebelege meňzäp barýar. Onuň başyndaky ak telpegi daşlaşyp barýan akja kebelegi ýatlatdy. Jelaleddin soňky sapar yzyna garanda, akja kebelek gülleriň, ak çägeleriň içine siňip giden ýaly gözden gaýyp boldy. Bu giden Garagum, bu giden sähralyk Jelaleddiniň gözleriniň öňünde ýygrylyp-ýygrylyp bir gysym kiçijik hütdük gara öýe öwrüldi. Ol şeýle bir daraldy, hatda Jelaleddiniň göwresi sygardanam dar göründi. Bu giň dünýä — bu giň Garagum sährasy ony gysyp-gysyp barýardy. Gözleriniň öňünde bolsa gülden-güle gonup, seýran edip ýören akja kebelegiň sudury — nyşany galdy. Hawa, şol akja kebelegiň... 5. Jowur-ak saçly, ak selleli hindi gojasy Jelaleddine: — Ertire çenli hoş! — diýid. Ol oňa urdu dilinden sapak öwredýärdi. Jelaleddin medreseden çykyp, atşynaslaryň at oýunlary, harby türgenleşigi öwredilýän meýdança geldi. Bu ýerde oňa Polat Mälik daýysy garaşýardy. — Geldiňmi, ýegen, hany onda basymrak Akguşuňa mün! — Atbakarlar onuň Akguşuny eýerläp getirdiler. Jelaleddin: — Daýy, haýsy hünärden başlaýas? — diýip, ýüzlendi. — Düýnküden. Oňa eliň-aýagyň gaýym werdiş bolsun. Jelaleddin ata mündi. Onuň bir eline galkany hem gylyjy, beýlekisine naýzany berdiler. Atyny çalaja debsiläp öňdäki garantgy nyşana eňdi. Aty nyşananyň deňine baranda, ökjelerini onuň bykynyna diräp ýokary çekmelidi. At-a şunda iki öň aýagyny ýokary galdyrýar, ine, şo mahal Jelaleddin hem gylyjyny hem-de naýzasyny işletmeli. Bu iki duşmanyň hersi bir tarapyňdan üstüňe topulanda ulanylýan tilsim. Naýzanyň sapyny aýagyň daraklygyna diräp, öňe itseň, aýagyň hem atyň zarbasyna naýza “duşman” , nähilide bolsa, ony atdan agdarýardy. Bu Polat Mäligiň ýörite oýlap tapan tilsimi. Edil şo halat gylyjyňy saýgylamagy-da ýatdan çykarmaly däl. Iki ýaragyňy-da gerek ýerinde çalt ulanmaly. Söweşde “Bir” diýer aralykda kim öňürtilese, janyny halas edip bilýär. Polat Mälik gapdalda durup gygyrýar: — Naýzaň sapyny daraklygyňa berk gys. Indi zarp bilen öňe. Atyň üstündäki adamyň belentligindäki garantgy agdarylýar. — Ýagşy. Indi gylyjyň bilen. Boldy... Hany indi täzeden gel. Naýzaň bilen gylyjyň orunlaryny çalşyr. Ýegen, haýsy ýaragy haýsy eliňde tutmak oňaýsyzyrak bolýar. — Naýzany çep elimde. — Ä, onda şony köpüräk türgenleşmeli... Ýarag tutaňda, çepiň sagyň tapawudy bolmasyn. Sen duşmana pylan tarapymdan gel diýip bilmersiň ahyry, şeýle dälmi? He... he... — Hawa. — Hany onda men garantgylary galdyraýyn, aňyrdan täzeden gel. Harby tälimden soň Jelaleddin Polat Mälik bilen öýlerine geldi. Yssy, ysly suwdan içensoňlar ýadawlyklaryny sowansoňlar, Polat Mälik Jelaleddiniň ejesiniň ýanynda ertirden bäri aýdyp bilmän oturan gepine başlady. — Birigün Muhammet soltan Terken hatynyň ýanyna gitmäge şaýlanýar. Polat Mälik ýere seredip biraz dymdy. Aýjemalyň ýüzünde “Hawa, gidende näme, ol owallaram gidýärdi. Bu ýerde näme üýtgeşik täzelik bar?” diýen alamat bardy. — Terken hatyn... — Polat Mälik ýene-de sözüne başlady— Ähli emir, häkimdarlaryny, ulama, müftülerini, dogan-garyndaşlaryny ýygnanmyş, maslahat geçirenmiş... Ýagny Ozlagy Muhammet soltanyň mirasdüşerligine bellemek üçin... Şonuň üçinem, Muhammet soltan Gürgenje çagyrypdyr... Men-ä Jelaleddiniň şo ýerik gitmezliginiň tarapynda. Gypjaklar, ylaýta-da jyn ýaly bolup Terken hatyn soltanyň başyny-gözüni aýlap, oňa razy ederler. Olaryň o haýasyz gep-gürrüňlerini diňlemek saňa nämä gerek? — diýip, ol Jelaleddiniň ýüzüne gözleri bilenem sowally seretdi. — Meniň o ýerik gitmäge gözüm-gaşym çekip duranok— diýip, Jelaleddin jogap berdi— Ýöne kakamyz ýör diýse, nähili ýol bilen “gitjek däl” diýip bolarka? Ine, bu sowala birbada jogap beräýmek aňsat däldi. — Men o ýerde özüňiň kemsinjekdigiňi, ýekesirejekdigiňi duýýaryn. Adamyň adamlaryň arasynda kemsidilmeginden, ýekesiredilmeginden agyr jeza ýokdur. Ylaýta-da ýaş ýigit çagyň. Bu günler saňa şeýdilse, çapyp barýan atyň ýüzüne gamçylanan ýaly bolar. Sebäbi Terken hatynyň, soltanyň garşydaşlarynyň arasynda seniň abraýyň bir gez ýokary galar. Sebäbi kada-kanun boýunça mirasdüşer sen bolmaly. Sen Muhammet soltanyň hakyky uly ogly. Muny näme, il-gün bilýän däldir öýdýäňmi? — Men baýlyga-da, derejä-de gyzygamak, daýy. Kimde-kim ejiz bolsa, ine, şol adamlar ýaňky zatlara ymtylýar, diş-dyrnak bolup şöhrata kowalaşýar. Maňa Allatagala baýlygy-da, şöhraty-da öz güýjüme, aklyma görä berse bolýar. Maňa artykmaç zat gerek däl. Çüýrük tanap içi altynly horjuny gözeseňde ahyry üzüler. Jelaleddin daýysynyň hem-de ejesiniň ýüzüne merdemsi seretdi. — Eger men bardy-geldi gitsem-de, gitmesem-de Terken hatynyň meniň ýüzümi sylmajagyny heran-haçan bilýärin. Ondan hiç haçan ýagşylyk tamasynam etmerin. Onuň üçinem men, ejizlär, ýekesirär, hapa bolar öýdüp, siz hiç mahal galawut etmäň. Arkaýyn boluň. Duşmanym bilen meniň özüm hasaplaşaryn. Ýöne, ätiýaç etmeli zat dostlardan, olar bildirmän daşyňa çyzyk çekýärler. — Seniň aklyň dury işleýär, ýegenim— diýip, Polat Mälik başyny atyp makullady. Jelaleddine Gürgenje gitmezlik üçin bahana gözlemeklik gerek bolmady. Ertesi güni ol syrkawlady. Gyzgyny ep-esli ýokary galdy. Sähel salym ymyzgansa, tisginip oýandy, uklasa, bir zat- bir zatlary düşnüksiz samrady. Aýjemal onuň başujundan aýrylman oturdy. Tebipdir molla-işanyň däri-dermanyndan peýda tapmady. Ahyry Muhammet soltanyň geňeşdary, sypaýysy, lukman-alym — Şyhabeddin Hywala Jelaleddiniň ýagdaýyny aýtdylar. Şyhabeddin Hywaly düşekde ýatan Jelaleddini görüp, tasdan “ah” çekipdi. Ol sag wagtyndakydan şeýle bir görmegeýleşipdi, hiý, sen goýaý. Aşyklyk ýigidi owadan, gözel, görmegeý edýärmiş. Hywaly gözüm degäýmesin diýen gorky bilen, oňa üç sapar tüýkürdi. Syrkawyň keseliniň nämedigini ol bada-bat aňsada, has anyklamak üçin, onuň elleriniň damarlaryny tutuşdyryp gördi. Soňra ol Muhammet soltanyň ýanyna bardy. — Ogluňyzyň keselini bildim, soltanym. — Hawa, näme? Hywaly! — Ogluňyz aşyk bolupdyr. Soltan birsalym sesini çykarman, Hywalynyň ýüzüne seredip durdy. — Hawa, soltanym, özem hakyky aşyk. Bu kesel beýleki kesellerden howply bolsa howply, emma oýun eder ýaly däl. Meniň mugallymym Aly Resulyň mugallymy Lukman hekim şeýle diýipdir. Bu keseliň ýeke-täk dermany bar. Olam aşyk-magşugy biiri-birine tapyşdyrmak. — Ol kime aşyk bolduka? — diýip, soltan aşak bakyp gezmeledi. Içinden bolsa “Hawa-da, onuň ýaşynda men öýlenipdim. Men bolsa ony oglan-oglanjyk hasaplap ýörün. Wagt diýen zat telpegiňi aýlamankaň geçip gidýär diýýänleri çyn-ow” diýip içini gepletdi. — Men ony-da bilmäge synanyşaýyn, soltanym — diýip, Hywaly dillendi. — Biliň-de maňa aýdyň—diýip, soltan parahat gepledi. Şyhabeddin Hywaly bu sapar Jelaleddiniň ýanyna gelende, ol oýandy. Hywaly onuň ýagdaýlaryny sorady. Sowallaryny berýärkä-de eliniň damarlaryny sypalan kişi bolup tutýardy. Ol onuň soňky hepde-de nirelerde bolanyny sorady. Awa gideninem bildi. Ýolda-yzda nirelerde bolanyny: oba-gara baranyny-barmanyny mesawy gürrüňler bilen anyklaşdyrdy. — Ol aw eden ýerleriňiziň töwereginde bir topar obajyklar bolmaly, ýagny “Garagulak”, “Düýeli”, “At gyrlan”, “Teşne oý”... — Hywaly mundan artyk obalaryň, çopan goşlarynyň adynam sanap oturmady. Sebäbi “Teşne oý” diýenden Jelaleddiniň damary gatydan urup gidenini Hywalynyň barmaklary duýupdy. — “Teşne oýda” türkmenler ýaşaýar— diýip, Hywaly ýene-de bilgeşleýin onuň adyny tutdy. Jelaleddiniň damary tirsildäp giden bora çemeli. Janynda ýok meniň arany janym nirdedir[3] Hijrim nyşandyr pitneden, pitne nyşanym nirdedir. Atyr saçyp geldi bahar, sunbir önup ýüz müň hatar Deşt bilen sähra gülgüzar, serwi rowanym nirdedir. Bagrym köýüp boldy kebap, gözümden döküler hupbat Kebap taýýar, şerap taýýar, ol eziz myhman nirdedir. Hywaly anyk netijä gelip, onuň ellerini göýberdi. Soňra onuň bilen hoşlaşman: “Men ýene-de gelerin” diýip, otagdan çykdy. — Ogluňyzyň aşyk gyzy “Teşne oýda” diýip, Hywaly soltana habar berdi. — Megerem, özi-de türkmen bolsa gerek. Eger şol ýerdäki gyzlaryň adyny bilýän bar bolsa, men onuň adyny-da, kimiň gyzydygyny-da size aýdyp bererdim. — Onuň bilen kim awa giden bolsa soraň. Iň gowusy, Jelaleddiniň has ýakyn dostundan sorap görüň. Aradan salym geçip-geçmänkä, Hywaly Hanberdiniň üsti bilen gyzyň adyny-da bildi. Goja lukman başlan işini çig etmezlik üçin, ony-da synag edip gördi. Bir topar gyzlaryň atlaryny sanaşdyryp arasynda Akmaralyň adyny tutanda, şazadanyň damarlary şeýle bir tirsildedi, gojanyň barmaklary ýokary galyp-galyp gitdi. — Keseliň dermanyny bildik, şazada— diýip, goja Hywaly ýylgyrdy... Şol günüň öýlän çaglary, Muhammet soltan-a altyn arabasyna münüp, wezir-wekilleri bilen Gürgenç tarapa ýola düşdi. Başga bir bäş atly bolsa ilerki guma — “Teşne oý” tarapa sawçylyga eňdi. Soltan galany goramaklygy Polat Mälige tabşyryp gitdi. Näme üçindir, Jelaleddiniň haly ganymatlaşdy. Belkem, sawçylar ýola düşensoň şeýle bolandyr. Ol agşamara galanyň uly, inli haýatynyň üstünde gezmeläp ýörşüne, Garagumdan öwüsýän sergin şemala ýüzüni tutup, asmanyň sansyz ýyldyzlaryna seredýärdi. Ol sawçylaryň nähili habar bilen gaýdyp gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Birdenkä geňeşilmän, maslahatlaşylman iberilen sawçylyk Akmaralyň göwnüne degäýse. Diş-diş belent haýatyň üstünden garawullary barlap gelýän daýysy Polat Mälik onuň öňünden çykdy. — Daýy, meniň size sowalym bar? — diýip, Jelalddin utanybrak ýere bakyp sözüni dowam etdi— Näme üçin söýginiň esasy maksadyny nesli köpeltmäge syrykdyrýarlar. Eýsem söýgi diýen zadyň esasy diňe şolmy? Ol şeýle bir gudratly, bilbiliň nagmasy ýaly şirin bolmaly zat ýaly. Emma hemmeler söýginiň üsti bilen ertirki gününi göz öňüne getirýärler. — Hawa— diýip, Polat Mälik çürt-kesik tassyklady. Soňra-da, hamana birine gahar edýän ýaly, jogabynyň yzyny ýetirdi— Mundan beýläk biziň zenanlarymyzam köpräk emgenmeli, tijenmeli bolar. Sebäp näme diýseň, beýik Horezme mundan beýläk köp-köp esger gerek bolar. Gaty köp esger... Jelalddin, hem diňleýärdi, hemem ýyldyzlara seredýärdi. Akmaýanyň ýoly agyr ýygynyň aýaklarynyň astyndan göterilýän tot-tozana meňzäp, çalaryp ýatyrdy... Soñy. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1983 ý. _____________________________________ [1] Kowusnama XI asyrda, (1082—1083-nji milady) ýylynda Keý-Kowus tarapyndan döredilen eser. Adyndan mälim bolşy ýaly, bu kitap şol asyrlaryň terbiýeçilik işi bilen baglanyşykly döräpdir. Ol özüniň mazmuny we ähmiýeti boýunça gündogar ülkelerinde tanymal eserleriň hatarynda durýar. [2] Eflatun — Platon. [3] Saady, Muslihiddin (1187—1291). Şirazda, beýik Pars şahyry. Belli “Bostan”, “Gülüstan” poemalarynyň awtory. Elekron görnüşine geçiren: www.kitapcy.com edebiýat we taryh saýtynyň @Gurgencli, agzasy. Köneürgenç, noýabr 2021 ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |