12:41 Eý, dynç bilmeýän şemal... | |
Eý, dynç bilmeýän şemal, güle habar ýetir, aýt, Şeker bilen garylan gül, nädip gitdiň pytrap? Wah, asly şeker gül sen, şekerde laýyksyň, Şeker hem hoş, gül hem hoş, wepa, ondan beýik sen! Ýaňagyň goý ýaňaga, tagamyň al, ber ysyň, Saýasynda halas bol, çekme ýolçyň jepasyn. Indi bägül baly sen, köňle-azyk, göze-nur, Indi gülden ýüzüň çek, bu-nire, ol-nirde dur?! Tiken bilen ýaşaýardyň jana ýolbaş akyl deý, Ýerden göge göteril, dur duşuşyk çakyňda. Gidýäň halk arasyna, ýörär sen gizlin ýoldan, Tä ornuňy alýançaň suratda aýdyň haldan. Eý, gül, sen bir taýsyz guş, guşlardan ters uçar sen, Habar gelýär ol ýandan, gol-ganatdan geçer sen. Eý, gül, bulary görüp, gülýäň dünýäň üstünden, Eý, gyzyl don hilegär, sen güýçli, hiç asgyn däl. Janyn bela atsyn diýip, bir merdiwan isläne, Ýagýar günler asmandan al güllerden bossana. Özüňe gel, şu gapdan – çüýşä salnan gülapdan, Alaç tapyp bir iç-de, ruh bolup çyk ol gapdan. Siz nähili bagtyýar, meňziňiz hem gül ýaly. Bizem şeýledik, sizem ruha öwrüliň doly. Gülüň balyndan maksat, barlygmyz kereminden, Alla keremi bilen göýäki demir indem. Aýna kimin akyla zyýan ussaň uçguny, Islemeýär ol bizi, isleýär bizsiz bizi. Gel, eý, sözi müşki-anbar, ýokdur sözüň paýany, Hiç kime dil ýarmaryn, seniň aýdanlaryňy. Eý, Töwrizli Şems, şa syryň biharp, biseda bolsun, Gün bolmasa daň-säher, guşluk nädip ýagtalsyn. | |
|
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Ilim ajap / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Dostum, älem seniň çün olar duşman maňa... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Her döwür - bir döwür / Goşgular - 17.07.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |