17:17 Jemal Süreýa | |
JEMAL SÜREÝA
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Jemal Süreýa, tanymal türk şahyry we ýazyjysy • Terjimehaly Hakyky ady Jemaleddin Seber bolan Jemal Süreýa 1931-nji ýylda Erzinjanda Hüseýin aganyñ we Gülbeýaz Hanymyñ maşgalasynda dogulýar. Asly zaza kürtlerinden. Çagalygy Erzinjanda geçýär. 1938-nji ýyldaky Dersim gozgalañyndan soñra maşgalasy bilen birlikde Bilejige sürgün edilýär. Okuwa Stambul Beýoglynda başlan Süreýa üçünji synpdan başlap Bilejikde okuwyna dowam edýär. Soñra kakasyndan ogryn ýatymlaýyn okuwa girýär, Haýdarpaşa liseýinde okaýar. Soñra Ankara uniwersitetiniñ Syýasy ylymlar fakultetiniñ Maliýe we ykdysadyýet bölümini tamamlaýar. Maliýe ministrliginde rewizoryñ kömekçisi we rewizor bolup işleýär. Medeniýet ministrliginde edebi eserler neşir etmek boýunça geñeşçi toparyñ agzasy, Orta Gündogar Ykdysadyýet bankynyñ dolandyryş toparynyñ agzasy, 25 ýyldan gowrak wagt Türk Dil guramasynyñ agzasy ýaly wezipelerde işleýär. Neşirýatlarda maslahatçylyk, ensiklopediýalarda redaktorlyk, terjimeçilik edýär. Şahyryñ ejesi entek ol kiçijikkä ýogalýar. Kakasy bir aýala öýlenýär we kiçijik Jemal muña nägile bolýar. Öweý ejesiniñ kakasy bilen aýrylyşyp öýi taşlap gitmegi bilen Hüseýin aga ýene bir aýal alýar. Şahyr bolsa mekdep ýyllarynda bile okan ýoldaşy Seniha Nemli bilen nikalaşýar. Ondan Aýça atly gyzynyñ bolandygyna garamazdan şahyr aýaly bilen oñuşman aýrylyşýar. 1967-nji ýylda ol döwrüniñ belli jurnallaryndan "Ýelkende" işleýän Zuhal Tekkanata öýlenýär. Ondan Memo Emrah atly ogly bolýar. Ýöne şahyr güzeranyny kynlyk bilen dolaýan ekeni. Aýalyny Stambulda goýup Ankarada işläp başlaýar. Emma aýaly biraz wagtdan soñ Ankara adamsynyñ ýanyna gelýär. Güzerany öñküdenem kynlaşan Jemal Süreýa aýaly Zuhal Hanym ikisi bir-birlerini çendenaşa gysganýan ekeni. Netijede olar oñuşman aýrylyşýarlar. 1975-nji ýylda şahyr Güngör Demiraý bilen nikalaşýar. Onuñ bilenem diñe bir ýyl oñuşyp ýaşaşyp bilýär. Soñra Zuhal hanym bilen ýaraşyp ikinji gezek ýaşaşyp başlan Jemal Süreýanyñ bu gezekki nikasy-da uzaga çekmeýär. Şahyr soñky gezek Birsen Sagnak atly özbaşyna neşirýaty hem bolan dört çagaly bir aýala öýlenýär. Birsen hanym şahyryñ oñşuksyz häsiýetlerini bolmadyk ýaly edýär we oña mähirli çemeleşmäge çalyşýar. Jemal Süreýa 1982-nji ýylda pensiýa çykýar. Maşgalasy bilen gül ýaly oñuşyp ýörkä, pensiýa hakyny az görüp bir bankda işläp başlaýar. Emma ol bankyñ batmagy bilen şahyryñ işi bulaşýar. Birsalym işi derñelen şahyr soñra jogapkärçilikden boşadylýar. Şol ýyllarda çilimkeşlikden halas bolmagy başaranam bolsa, spirtli içgileri çendenaşa içmekligi dowam etdirýär. Ogly Memonyñ hem saglygy ugrugybermeýär. Ömrüniñ soñky ýyllary kynçylyk bilen geçen şahyr 09.01.1990-njy ýylda Stambulda aradan çykýar. • Döredijilik dünýäsi Jemal Süreýa edebiýat bilen mekdep ýyllarynda gyzyklanyp başlaýar. Okuwçyka fransuz dilini öwrenip başlan şahyr klasdaşy Seniha Hanyma bagyşlap goşgular ýazyp başlapdyr. Liseýde okaýarka ymykly edebiýata gönükýär. Ahmet Muhip Dyranasy we Özdemir Asafy çuññur öwrenýär. Ilkinji goşgusy 1953-nji ýylda "Mülkiýe" jurnalynda çykýar. Jurnallarda karikaturalar bilen çykyş eden şahyr "Gül" atly goşgusy blilen tanalmaga başlaýar. "Tolkun" ("Dalga"), "Üçemler" ("Üçgenler"), "Çilimimi deñze zyñdym", "Derýalar kimin zenanlar gördüm" ("Nehirler boyunca kadinlar gördüm") ýaly meşgur goşgulary jurnallarda çap edilýär. 1957-nji ýylda kakasy Hüseýin aganyñ ýogalmagy bilen özüniñ kemala gelmeginde uly rol oýnan ýakynyny elden gideren şahyra bu ölüm juda agyr degýär we "Siziñ kakañyz ölüp gördümi?" ("Sizin hiç babanız öldü mü?") atly goşgusynda bu gynançly ahwalyny beýan edýär. "Üwerçinka' atly ilkiniji goşgular kitaby bilen 1959-njy ýylda "Ýedidepe Şygryýet baýragyny" alýar. Aýaly Zuhal hanymyñ keselläp ýatan günleri oña bagyşlap günde bir oýlanma ýazýar. Bu oýlanmalar "On üç günüñ hatlary" ady bilen soñra kitap görnüşinde çap edilýär. "Politika", "Aydınlık" gazetlerinde işleýär we eserleri çykýar. Türk edebiýtynyñ iñ görnükli wekillerinden hasaplanýan Jemal Süreýa çagalar edebiýatynda hem uly işler edýär. Türk edebiýatynyñ Täze ikinji akymynyñ öñdäki hatarlarynda ýer alan şahyr soñra bu akymdan daşlaşyp "Garyp" akymyna ýakynlaşýar. Jemal Süreýa öz stilini döretmek bilen özboluşly bir nusgalyk ýol döretmegi başarypdyr. Tradisiýa garşy bolandygyna garamazdan tradisiýany goşgularynda ussatlyk bilen ulanypdyr. Ýogalanyndan soñra onuñ adyna şygyr bäsleşigi gurnalyp başlandy. 1997-nji ýylda Jemal Süreýanyñ şahsy arhiwi we çap edilmän galan goşgulary neşir edildi. Şahyr 1938-nji ýylda sürgün edilşini şeýle ýatlaýar: "Bizi iki sany ýaragly esgeriñ öñüne salyp ýük wagonyna dykdylar. Birnäçe günlik ýoldan soñ äkidip bir oba taşladylar. Ol ýerde taryhdan öñ galan köpekler uwlaýardy". Ülkü Tamer şahyr üçin şeýle jümleleri ýazypdy: "Tañry 1001-nji gije şahyry ýaratdy, 1002-nji gije Jemaly, 1003-nji gije şygyr okady Tañry, Başa döndi soñra, aýaly täzeden ýaratdy". Süreýanyñ öweý gyzy Gunça Uslunyñ aýtmagyna görä, şahyr jedelleşmegi örãn gowy görüpdir we bir şahyr dosty bilen bir telefon belgisiniñ üstünde jedele gireninde, jedelde asgyn geläýse, familiýasyndaky "ý" harpynyñ birini aýyrjagyny aýdypdyr. Şahyr jedelde utulýar we Süreýýa bolan familiýasyny Süreýa diýip üýtgedipdir. 1956-njy ýylda çykan "Alma" goşgusynda bu famliýasyny bu görnüşde ulanyp başlaýar. • Jemal Süreýadan bir fraza: "Seni söýýärinden" has üýteşik bir jümle bar. "Saña ynanýaryn". Çünki her kim her kimi söýüp biler, emma herkime ynanyp bilmez". | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |