19:16 Halk göreşleriniñ çeper ýazgysy | |
HALK GÖREŞLERINIÑ ÇEPER ÝAZGYSY
Taryhy makalalar
"Jeňnama" poemasyna sözbaşy XIX asyryň ikinji ýarymynda Eýranyň gajar patyşasy Naseretdin iki gezek türkmen topragyna agyr goşun bilen çozýar, türkmenleriň berk gaýtawul bermegi netijesinde olaryň ikisi-de yza serpikdirlýar. 1858-nji ýylda patyşanyň permany bilen Astrabat häkimi Japarguly han (Şadlu-kürt) Garrygala ýöriş gurnaýar, ýöne ol ýeňlip yza çekilýar we Eýrana ýetip-ýetmänkä öldürülýär. 1860-njy ýylda Horasanyň häkimi Hemze mürze 40 müň sany esgeri bilen Mara hüjüm edýär, olam ýeňlip Tährana gaçyp atýar. Bu iki waka barada şol döwürde ýaşan we Hywada kazylyk bilen meşgullanan Abdysetdar kazy özüniň “Jeňnama” poemasynda gyzykly maglumat beripdir. Magtymlardan bolan Abdysetdar Gökdepäniň Kelete obasynda önüp-ösüpdir, ýaşlygy şol ýerde geçipdir, başlangyç sowady hem şol ýerde alypdyr. Şahyryň doglan we aradan çykan wagty belli däl. 1820-70-nji ýyllar diýilýän çaklama bilen goýlan senelerdir. • • • Klassyky edebiýatymyz goşgy-poema arkaly taryhy tragediýa waklary açmakda doly ýetişmedi, ýöne Misgingylyjyň «Batyr Nepes», «Düýe Gurban», Dowan şahyryň «Teke-gajar», Muhammetrahymyň (Mollanepesiň ogly) «Uruş» dessanlary, Abdysetdaryň «Jeňnama» mazmunyny gaýtalaýardylar, olar 1858-61-nji ýyllaryň uruş wakalaryny janlandyrýardylar. "Jeňnamanyň" gahrymanlary — Gowşut han, Hemze Mürze, Gara Sertip we Eýran hem türkmen goşunbaşylary. Emma bu eserler döwrüň syýasy we watançylyk ruhuny, bitewi bir millet we döwlet bolmak ugrundaky göreşleriň asyl maksadyny açyp bilmeýärdiler, olara dogry baha berip bilmeýärdiler, aslynda ideýalary çigdi hem egsikdi. Türkmen halky XIX asyrda dört sany aýylganç uly harby hasratly pidasyny çekipdi. Buhara emiri Mir-Haýdaryň 1823-nji ýyldaky Lebaba çozuşynyň poetiki taryhyny Seýdi ýazyp beripdi. Şonuň üçin biz oňa watançy şahyr adyny goýduk. 1855-nji ýyldaky Hywa hany Mädeminiň Mara çozuşyndaky halkyň çeken azaby diňe Hywa taryhçylarynyň ýazgysynda taryha girdi. Eýran şasy Nasreddiniň 1858-nji we 1861-nji ýyllardaky Gürgene we Mara çozuşlarynyň (40 müň goşun bilen) ýazgylary hem eýranlylar tarapyndan ýazylypdy. Şeýle taryhy ýazgy bize-de gerekdi. Her kim özüni aklamaşak bolsa, biz hem öz hereketlerimiziň hakdygyny faktlar bilen subut etmelidik, iki tarapyň ideýa pozisiýasyna özümizçe baha bermelidik. Diýmek, taryhy ýazga mätäçlik döräpdir. Halkyň öz taryhy ýeňişlerini ýazgysyz goýasy gelmändir. Ine, halkyň şu islegini Abdysetdar ýerine ýetiripdir. Şol islegi hem poemanyň hut özüne salypdyr. Poemanyň ýazylmagynyň düýp sebäpkäri halkyň özi bolupdyr. Halkyň haýyşçylary (mültemesler) arz bilen Abdysetdara ýüz tutupdyrlar: «Kim ol şahy-gyzylbaş ah tartyp, Adamçy ner kibi gözün alardyp. Ýetip geldi düzäp kerru-ferini, Huda imdady birle leşgerini. Şikest eýläp, hemme ýegsan kyldyk, Ýykyp, ýenjip hemme bijan kyldyk. Ki elkyssa, bularyň kyssasydan, Beýan eýläp bular dil gussasydan. Ki nazm içre zehi JEŇNAMAÝY — hup, Bular ahwalydan kim bolsa mektup» Şu setirlerden türkmen halkynyň Eýran şasyna we onuň pygyllaryna garaýşy açyk görünýär. Nasreddiniň bar maksady türkmenleri baknaçylyga öwürmek. Halk wekilleri ýürek (dil) gussasyny taryha salmak, gahrymançylygy ebedileşdirmek babatda Abdysetdara ynam bildiripdirler. Şahyr şuny hem poema salypdyr. Ol nazm bilen (şygyr) ýazmagy maksat edinse-de, özüni örän oňaýsyz duýupdyr, belki, şygyr ýazmak entek gören zady däldir. Onda ýazyp bilmen diýen gorky bar: Ki andan soň tefekkür pişe kyldym, Kylalmas men diýban endişe kyldym. «Tefekkür kylmak» (pikire batmak) aňlatmasy şu ýerde örän köp manyda gelýär. Biziň pikirimizçe, onuň söweşe baha bermek diýen manysy hakykata laýykdyr. Urşy beýan etmegi her bir çeper sözüň eýesi başaryp biler. Oňa baha bermek üçin bolsa syýasatçylyk, diplomatik ukyp, giňişleýin gözýetim gerek, oňa belli bir ideýa pozisiýasynda durup, netije çykarmak gerek. Abdysetdar sowatly taryhçy we zehinli şahyr hökmünde hem Eýranyň hem, türkmeniň syýasy pozisiýasyna baha bermegi başaryp bildi. Ol Nasreddini basybalyjy hökmünde görkezdi, onuň ähli gara maksadyny, harby taktikasyny çuňluk bilen açyp berdi hem-de zannyýaman syýasatynyň galp perdesini sypyryp goýberdi. Onuň basyp bilmeýän ýagysynyň tekeler hem ýomutlardygyny şahyr gaty gowy duýupdyr. Şu töwerekdäki türkmenleriň bu iki tiräniň daşynda jemlenip, uly harby güýje öwrülendigini şa bilip durdy. Şu ikisiniň arasyna, juda bolmanda, haýsy hem bolsa başga bir ownuk tirelerarasynda agzalalyk döretmese, türkmenleriň pes garşydaş bolup döremejegini bilip durdy. Abdysetdar, Nasreddiniň obrazyna, ine, şu gara maksady salmagy ussatlyk bilen başaryp bildi. Şu hem poemanyň iň gymmatly ideýa aýratynlygy bolup durýar. Türkmen halkynyň taryhyna, ar-namysyna, rahat durmuş ugrundaky göreşlerine köşk taryhçylary tarapyndan göz-görtele şyltak atylyp durka, onuň gaýraty, mertligi, ruhy beýikligi barada döretmegiň nähili ähmiýetiniň bolandygy öz-özünden düşnüklidir. Halky töhmetden goramak uly bir graždan duýgynyň alamatydyr. Abdysetdaryň «Jeňnamasy» ynjalygy alnan, degnasyna deglen, gan ýuwutdyrylan halkyň göreş hyjuwynyň hiç wagt kemelmändigini, öz azatlygy ugrunda mydam kuwwatly gaýratynyň bolandygyny nygtanlygy bilen gymmatlydyr. Abdysetdar Kazynyň durmuş ýoly hakda maglumat juda ujypsyz. Akademik A.N.Samoýlowiçiň 1914-nji ýylda Gyzylarbatly Hojaly molla Myratberdi oglunyň iberen edebi salamnamalary boýunça jemläp beren maglumatlarynyň üstüne edebiýaty öwreniş ylmymyz heniz hem hiç zat goşup bilenok. Şahyr barada alada-da edilmedi, öwreniljek hem bolunmady. Abdysetdar Kazynyň ömrüni we döredijiligini dikeltmekde we öwrenmekde akademik A.N.Samoýlowiçiň (1880-1938) Gyzylarbatly şahyr hem pristaw-mürzesi Hojaly molla Myratberdi oglunyň (1860-1920) hyzmatlary uludyr. Olaryň edebi hyzmatdaşlygy 1902-nji ýyldan, ýagny A.N.Samoýlowiçiň Türkmenistana ilkinji ylmy syýahatyndan başlanýar. Şonda alym Hojaly molladan örän köp edebi maglumatlar alýar, Abdysetdar kazynyň «Jeňnama» atly kitap ýazandygyny eşidýär. Hojaly molla 1903-nji ýylda alyma ýazan birinji hatynda şeýle maglumat berýär: «...şol «Tekeleriň uruş kyssa kitabyny» düzgüji we ýazgyjy müsennef (awtoryň) ady Abdysetdar Kazy. Özi Magtym taýpasyndan bolar. Ýedi ýyl Hywada kazylykda olturypdyr. Köp ýagşy molla (alym) kişi imiş. Häzir onuň dört ogly bar. Anlar hem Hywada bolur. Ulug ogullary ady Seýidahmet işan diýerler. Bu hem molla, ýagşy işan diýerler. Başga artyk habarlary bilmek çetinräkdir. Haçan eneden boldy we haçan dünýäden ötdi we nä ýerler, ýurtlary gezdi, zerur bolsa, soňra ýene sorap ýazarmen. Gökdepede garyndaşlary bar imiş. Bir näçe ýyl hem Gökdepede olturypdyrlar».² Şundan başga şahyr barada hiç hili takyk maglumat ýok. Hojaly molla-da soňra öňkä goşmaça material toplap bilmändir. Şahyr Gökdepäniň “Kelete” obasynda önüp-ösüpdir, ýaşlygy şol ýerde geçipdir, başlangyç sowady hem şol ýerde alypdyr. Şahyryň obadaşlary onuň ideg-soragyna çyksalar, belki, täze faktlar taparlar. Abdysetdaryň medrese bilimini alandygy barada şübhe ýok. Çünki kazy bolmak- onda-da Hywa ýaly ösen feodal şäherde şu wezipede işlemek üçin ylym-sowadyň ykrar edilmegi esasy şertdir. Muny A.N.Samoýlowiç has gowy nygtapdyr. Biz onuň medrese sowadyny başga fakt bilen subut etmek isleýäris. Bu onuň syýasy gözýetimi, dünýägaraýşy bilen bagly mesele. Dar gözýetim, çalasowat adam iki uly feodal döwletiň — Eýranyň we Hywanyň türkmenler baradaky syýasatynyň wagşyýana häsiýetini duýup, ony çeper sýužete salyp bilmezdi. Abdysetdar türkmeniň içki we daşky syýasy durmuşy bilen çuň gyzyklanan, milli duýgusy gaty taplanan şahs bolup görünýär. Türkmeniň ykbalyndan onuň başy çykýar, «goňşularyň» niýetini duýup dur. Abdysetdaryň arap-pars dillerini, dini-düşünje ylmy biliş derejesi poemadan görnüp dur. Elbetde, şahyr öz ene diliniň çunluklaryna tarap giden bolsa, poemasyny hem arassa şu dilde ýazan bolsa, onuň halkylygy bir gezek ýokary galardy. A.N.Samoýlowiç «Maňa mälim bolan türkmen ýazyjylarynyň içinde sowatlylygy boýunça şonuň bilen bir hatarda, belki, ondanam has ýokarrak orunda diňe Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azadyny goýardym»³ diýýän wagtynda hem onuň dini sowadyny, arap-pars dillerini biliş derejesini göz öňünde tutan bolsa gerek Abdysetdaryň şygyr sowady hem onuň medresäni gutarandygyna şaýatlyk edýär. Bilimsiz edebi zehinler hiç wagt Gündogar şygrynyň sungat tilsimlerine girip bilmeýärler. Şygryň içi durşy bilen sistemalaýyn tehnika. Oňa aruz diýilýär. Aruz, şahyrdan ýokary kämilligi talap edýär. Abdysetdaryň eseri hem aruzyň poema ölçeginde, ýagny alty stopaly doly däl hezeç formasynda ýazylandyr. Şahyryň doglan we aradan çykan wagty belli däl. 1820-70-nji ýyllar diýilýän çaklama bilen goýlaý senelerdir. • • • «Jeňnamanyň» ýazylan döwri türkmen halkynyň Eýran şasyna we Horasan beglerine garşy aýgytly göreşe galkynan döwri bolup häsiýetlenýär. Eger-de asyryň başlarynda Kaspi / Hazar deňzinden başlap, Murgap oazisi4 aralykda heniz mäkäm oturymlylyga geçip, sosial-ykdysady taýdan berkemedik halkyň syýasy erki Hywadyr Buhara hanlyklaryna bagly bolan bolsa, 40-njy ýyllardan başlap aýgytly syýasy öwrülişikler halkyň aňynda özbaşdaklyk ugrundaky milli duýgusyny oýarypdy. Murgap, Tejen, Gürgen oazislerinde we Ahal etraplarynda oturymlylygyň köpçülikleýin häsiýete öwrülmegi hanlyk hakdaky pikiri has hem ösdüripdi. Maryda Gowşudyň, Ahalda Nurberdiniň hanlygy güýjäp başlapdy. Ownuk tire hanlyklarynyň özakymlaýyn suratda merkezleşip barýan bitewi hanlyklaryň daşyna jebisleşmek prossesi gidýärdi. Döwür harby jebislik diýen ideýany orta çykarypdy. Şol jebisligiň kuwwatyny halk öz gözi bilen gördi. Ol 1855-nji ýylda Hywa hany Mädeminiň 30-40 müň esgerli goşunyny Marynyň eteginde derbi-dagyn etdi. Indiki mesele Ahal we Mary hanlyklaryny birikdirmekden ybaratdy. Şeýlelikde, döwlet döretmegiň syýasy esasy tutulyp bilinjekdi. Şu ýagdaýy goňşy hökümdarlar - Eýran şasy Nasereddinem, Hywanyň täze hany Seýitmuhammedem görüp otyrdylar. Üstesine-de, aralykda duran ummasyz giden ykdysady baýlygy iki hökümdaryň hem elden gidiresi gelenokdy, biri-birinden gabanýardylar. Şeýlelikde, uruş gutulgysyz çykalga bolup durdy. Şol urşy hem ilki bolup Eýran başlady. Nasreddin hersi 40 müň esgerden ybarat bolan iki ýöriş geçirdi. Olaryň birinjisi 1858-nji ýylda Garrygalanyň üstüne sürüldi. Oňa Bujnurtly kürtlerden Astrabat häkimi Japarguly goşunbaşylyk etdi. Ikinji ýöriş Nasereddin şanyň agasy Hemze mürze tarapyndan 1861-nji ýylda Marynyň üstüne geçirildi. Ýörişleriň ikisi hem Eýran üçin şowsuz gutardy. Eýran agyr ýitgiler çekip, it masgarasy bolup ýeňildi. Şol söweşlerden soň Nurberdi han Marynyň hem hany diýip yglan edildi. Göräýmäge bitewileşmek prosesi gutaran ýaly. Emma jebislik prosesi şol ýeňişler bilen hem diňe isleg bolup tamamlanypdy. Geleňsizlik we biagyrylyk halky ýene-de Hywanyň garamagyndaky welaýata öwrüpdi. «Jeňnama» poemasynyň mazmunyny, ine, şu iki urşuň wakalary düzýär. Abdysetdar şu iki jeňiň döwründäki halkymyzyň söweşjeňlik ruhuna syýasy taýdan baha beripdi, şahyrana güýjüniň ýetdiginden janlandyrypdy. • • •. Taryhy poemanyň öz çeperçilik talaplary bar. Ol taryhy faktlardan gatybir daşlaşmaýar. Ýöne diňe bir faktlaryň ýygyndysyna hem öwrülmeýär. Ol taryhy söweşleriň belli, aýgytly pursatlaryny faktlaryň hem çeper fantaziýanyň utgaşygy bilen janlandyrýar. Eseriň gahrymany taryhy şahslar bolup, şahyr şolaryň belli bir pursatdaky gahrymançylygyny ýa tipleşdirýär, ýa-da ideýallaşdyrýar. Olar çeper obraza öwrülýärler. Getirilýän taryhy faktlar bolsa, gury hasabat bolman, obrazyň häsiýetini açmaga hyzmat edýärler. Abdysetdar taryhy poemanyň şu çeperçilik däbini kemsiz özleşdiren şahyr bolupdyr. Nasreddiniň iki ýörişiniň dokumentleri-buýruklary, permanlary, harby görkezmeleri, uruş strategiýasy, garaz, şuňa meňzeş resmi faktlar bilen Abdysetdaryň asyl işi ýok. Tersine, şahyr agyr taryhy hasraty öz ruhy dünýäsinden geçirmek bilen, Nasreddin, Japarguly, Nurberdi, Gowşut han ýaly taryhy şahslary çeper obrazlar hökmünde poema salmagy maksat edinipdir. Şolaryň obazlary arkaly döwrüň wajyp ideýalaryny açmaga synanypdyr. Poema žanrynyň klassyky poeziýada möwritini geçirip ýören döwründe onuň şeýle ägirt nusgasynyň döremegine näme sebäp bolup biler? XIX asyryň ortalarynda Günorta Türkmenistan hut şu žanryň döremegine sosial-taryhy şert döretdi. Garrygaladan başlap tä Murgap oazisi aralykda ýaşaýan türkmenleriň erkinlik, baknaçylykdan çykmak ugrundaky aýgytly göreşiniň etapy başlandy. Eýran bilen Hywa aralygynda iki taraplaýyn talaňa düşen halkyň göreş hyjuwy, watançylyk duýgy ýokary kaddyna ýetdi. Degnasyna deglen halk gahrymançylykly ruha ýugruldy. Şeýdip, edebiýatyň önki žanrlary täzeden janlanmaly boldy. Ýa eposçylyk däp, harby-gahrymançylyk dessany ýa-da taryhy poema döremelidi. Bu, biziň pikirimizçe, wagtlaýyn zerurlyk däl-de, hut taryhy zerurlykdy. Göreş, batyrlyk, gaýduwsyzlyk, zalymlyk, basybalyjylyk, baknaçylyk, köşk hilegärligi... ýaly döwruň öňe çykaran häsiýetlerini, ideýalaryny diňe şu iki žanr arkaly açyp boljakdy. Ine, «Jeňnamanyň» döremeginiň taryhy sebäpleri şundan ybaratdy. Poemanyň gahrymanlarynyň hersiniň öz gulluk edýän ideýasy bar. Eseriň baş ideýasy basybalyjylygy, ganhorlugy, baknaçylyk syýasatyny ýazgarmakdyr. Şu ideýany açmak üçin şahyr Nasreddiniň obrazyny örän janly işläpdir. Pedagok alym W.G.Belinskiý «Taryhy durmuşyň mazmunyny faktlar däl-de, ideýalar düzýär» diýip belleýär. Şu jähtden seredilse, «Jeňnamanyň» döredilen döwründe türkmen halkynyň durmuşynda haýsy ideýalar meşhurdy we poema taryhy faktlar giripmi ýa-da taryhy ideýalar diýen kanuny soragy goýup bolar. Bu döwürde durmuşda düýpli syýasy gapma-garşylyk köpdi hem-de halkyň öňünde çözmeli mesele köpelipdi. Ine, şol meseleler hem wajyp ideýalary keserdip goýupdy. Keseki feodal döwletleriň - Eýranyň hem Hywanyň arasynda raýatlyk barada syýasy dawalaryň güýjän döwründe türkmen üçin baş ideýa bolup watany goramak, agzybirlik we bitewi harby güýç edinmek orta çykypdy. Bu ideýa gutulgysyzdy hem-de gaty çalt çözülmegini talap edýärdi. Çünki baknalyk ýa-da gul bolmak howpy abanyp durdy. Ine, Abdysetdaryň poemasynyň gymmaty şu ýerden gözbaş alyp gaýdýardy. Ol taryhy wakalary bolşy-bolşy ýaly edip gaýtalap berýän, ideýasyz bir taryhy ýa-da ylmy eser ýazmady-da, hut türkmeniň durmuşyndan syzylyp çykýan ideýalary açmaga üns beripdir. «Jeňnamada» taryhy wakalaryň yzygiderliliginiň saklanmagy köp okyjyny we alymy aldady, oňa guraksy taryh diýip baha bermäge getirdi. Emma şol yzygiderlilik şahyra wakalary çeper gurnamakda artykmaç päsgel bermändir. Wakany we häsiýeti bolşuna görä yzarlamakda eserde logiki bitewiligiň bardygyny asla inkär etmek bolmaz, ol ýokardaky agzalan ideýalary açmak üçin şol wakalary ýerli-ýerinde goýmaga aýratyn üns beripdir. Eger şahyr diňe faktlara daýanan bolsady, onda taryhy şahslaryň, umuman döwrüň ruhy çeper açylmazdy, Nasreddiniň ganhorlugy, Japargulynyň şöhratparazlygy, Nurberdiniň agzybirlik paýhasy, Gulten batyryň ýaýdanjaňlygy, Hemze mürzäniň mekirligi, halk batyrlarynyň göreş hyjuwy açylmazdy. Eserde bitewi sýužetiň bardygyny hem inkär etmek bolmaz. Abdysetdar bolup geçen wakany özuçe «sahnalaşdyrypdyr». Bu sýužet Nasreddin şanyň Türkmenistanyň öz ýurdy bilen serhetdeş ýerlerini Hywadan gabanmak we basyp almak baradaky pyglyny açmakdan ybarat. Eseriň butin konflikti, ine şu maksadyň töwereginde jemlenipdir. Ähdiýalanlyk we duýdansyzlyk bilen öz gara niýetini durmuşa geçirmek isleýän Nasreddin Garrygala goşun çekýär, Mara bolsa çapawul iberýär. Maryny ysgyndan gaçyrmak üçin ol mülkler ustündäki göreşi öjükdirmegi maksat edinýär. Japargulynyň goşun toplamasy, Mazanderan jeňňelinde agyr goşun bilen maslahat etmegi we Gürgene gelmesi bilen konflikt ösýär. Bu ýygyn barada türkmenlere habar gelmesi, olaryň Garrygala galasyna onarmasy, öz dogan tirelerine habar göndermesi, maryly türkmenleriň Ahal hanyna ýüz tutmasy, uruş sahnasy ýaly wakalaryň içinde konflikt barha ýitileşýär. Ilkinji çaknyşygyň Eýran üçin şowsuz bolmagy konfliktiň psihologiki planda has dartgynlaşmagyna getirýär. Japarguly öz etini özi iýýär. Agyr goşunyň emelsizligi, patyşa beren sözüniň puç bolmagy, gije ýatyp bilmän urunmasy, ine şu psihologiki sahnalarda gapma-garşylyk ýitileşýär. Japargulynyň ölümi, goşunyň başly-barat dargamagy bilen, bu dartgynlyk ýokary çägine ýetýär. Indi Nasreddiniň soňky hereketi bilen ol çözülip başlanmaly. Basybalyjy amana geläýmeli ýaly welin, ol barha öjügýär, dälilik kaddyna ýetýär. Bu ýeňlişi ol namysyna degildigi hasap edýär. Japargulynyň ýeňlişi barada habar getireniň gulagyny-burnuny kesdirip zyndana atyp otyr. Ähli gaharyny Japarguludan çykarjak. Emma onuň hem öldi habary gelýär. Goşunyň Maryda synmagy bilen bolsa konflikt doly çözülýär. Uly şalyk agzybir halkdan asgyn gelýär, agzybirligiň güýji dabaralanýar. Abdysetdaryň feodal şa baradaky pikir-düşünjesi uzak döwrüň dowamynda harby wakalaryň içinde bişişipdir, kämilleşipdir. Onuň ýedi ýyllap Hywada, köşge golaý ýagdaýda ýaşamagy han we şa psihologiýasyna gaty belet bolmagyna getiripdir. Şahyr Hywa bilen Eýranyň poemadaky wakalaryň döwründe alyp baran syýasy oýunlarynyň içindedi, türkmene gurulýan duzagy Hywada oturyp synlaýardy. Bu meselede Hywanyň tutýan pozisiýasyny hem şahyr görüp otyrdy. Emma ony açmak şahyr üçin howply bolany üçin poema salmakdan saklanypdyr. Şonuň üçin Nasreddiniň obrazyny şahyr diňe Eýran şalygynyň türkmenler baradaky syýasatyny açmaga jemläpdir. Hywa problemasy gapdalda galypdyr. Nasreddin bary-ýogy üç epizodda hereket edýänem bolsa, şahyr onuň obrazyna türkmene edilýän syýasy we harby sütemiň düýp mazmunyny siňdirmegi başarypdyr. Mälim bolşy ýaly, XIX asyryň 50—60-njy ýyllarynda Eýran bilen türkmenleriň başga-başga syýasy gurluşy bardy. Eýranda resmi döwlet bardy, syýasy taýdan bitewidi. Türkmenleriň bolsa, dagynyk feodal düzgünde ýaşap, şol syýasy bitewnligi ýokdy. Ownuk hanlyklar biri-birinden üzňedi, hatda özara dawa-jenjeller häli-şindi tutaşyp durýardy. Şeýle ýagdaýda Eýran-türkmen goňşuçylyk gatnaşyklarynyň näderejede boljakdygy görnüp durdy. Ine, şu syýasy ýagdaýy duýan Abdysetdar Eýranyň türkmene nähili garaýandygyny açmak üçin Nasreddini wakalara kän gatnaşdyrmaýar-da, köplenç oňa monolog okadýar. Şol monologlarda bolsa şalyk Eýranyň goňşy döwletlere bolan gatnaşygy aýdyňlaşýar. Nasreddin Eýran bilen serhetdeş ýurtlaryň ählisinden öz welaýatyny ýokarda goýýar. Türkmenler hakda bolsa ol diýseň kemsidiji pikirde, asla ony ýurt we halk hökmünde ykrar hem etmeýär. Türkmenler onuň üçin goňşy däl-de, bermeli hyraç-salgydyny wagtly-wagtynda berip oturmaly sadyk gul, ony islän wagtyň basyp alyp, gyryp ýa-da ýok hem edip bolar! Biler men teke ili bir bölekdir, Gelip kim köl era düşgen jöwlekdir. Görnüşi ýaly, şa türkmenleri deňziň içine düşen bir damja (jöwlek) diýip atlandyrýar. Ony ykrar edenok, äsgerenok, Ýöne Nasreddiniň bir hakykaty göz öňünde tutasy gelenok. Watan, toprak, il-halk ykbaly hakda mukaddes gürrüň gidýärkä, feodal hanlyklarynyň harby bitewilige öwrülmegi mümkindi. Ýeke-täk häkimlik, güýje buýsanmak endigi bilen gözi gyzaran şa halkyň ar-namys, gahar-gazap ruhunyň bardygyny unudýar. Poemada Nasreddiniň hakimsöýerlik, buýsanjaňlyk hem men-menlik häsiýeti örän çuňdan açylýar. Abdysetdar onda gündogar Despotlaryna, monarhlaryna mahsus bolan häsiýetleri jemläpdir. Onuň özüne gaty göwni ýetýär, öwünjeň hem buýsanjaň. Onuň şu häsiýetleri kem-kemden gazaply ganhorluga, rehimsiz süteme we zuluma öwrülýär. Nasreddin öz aýak ýetýän ýerinde garşydaş häkimiň we güýjuň ýokdugyna öz-özüni ynandyrypdyr. Özüni legendar Rüstemiň, Peridunyň, Isgenderiň deňinde görýär: Hyruç etsem eger her bir diýara, Alurmen ýer ýüzüni bara-bara. Poemanyň baş konflikti köşkde bolan bir meýlisden başlanýar. Bu meýlisde syrly äheň bolup, Nasreddiniň goňşy tekeler barada köşgüň «pikirini» diňläsi gelýär. Ol özüni köp wagt bäri ynjalykdan aýran türkmenleriň ykbalyny belli-külli çözmegi maksat edinýär.Şonuň üçin ol mekirlik we şelaýynlyk bilen türkmeni ýanjap başlaýar, olaryň bibaşlygyndan, kemhormatlygyndan zeýrenýär, Alamana ýa-da salgyt ýygymyna giden nökerleriň eli boş gelşine, it masgarasy bolup ýeňlişine ýüregi awan kişi bolup, köşgüň taryna kakýar. Aslynda ol yrsaraýardy. Tekeleriň bu bolşuny, agyr döwleti kemsitmek, boýnuýogynlyk, Eýrany äsgermezlik ýaly many berýär! Ýygyp leşger iberdim kim seraser, Niçe sertib-u serheň birle ýawer. Tekeden basylyp, eýläp syrym paş, Gelerler bihaýa ähli gyzylbaş. Bu mekir sözleriň astynda gara maksat ýatyrdy. Nähilidir bir bahana bilen türkmenleriň ýerini Hywanyň elinden gaňryp almakdy. Şu maksat poemada anyk aýdylmasa-da, taryhy faktlar şony açyk tassyklaýar. Şa üçin baş maksat — territoriýa.Halkyň ykbaly ony asla gyzyklandyrmaýar. Şu günki meýlisi hem diňe türkmeni gyryp tüketmelimi, göçürmeli ýa-da tabyn etmeli diýen maksat bilen tutupdy. Abdysetdar, Nasreddini aýylganç ganhoryň sypatyna salýar. Ol köşgi gysyp-gowrup barýar: Kylyp erkänige⁵ meşweretni, Tapyňlar geneş eýläp maslahatny. Pygly bozuk köşgüň hapysa hem ýaranjaň wekilleriniň häsiýetini şahyr gara niýet weziriň şu pursatdaky hereketi bilen açýar. Abdysetdar türkmenler baradaky «maslahaty» hem şoňa tapdyrýar. Wezir şanyň meýlini duýup dur. Şonuň üçin tekelere bolan ýigrenji has hem güýçlendirmek üçin mekirlige ýüz urýar. Galp taryhy maglumatlary getirmek bilen şany gjyndyrýar, dälilik kaddyna ýetirýär: «Tekeleriň häzirki oturan ýeri aslynda Eýranyň merhemetli şalarynyň-begleriniň ýeri bolmaly, Nedir şa ölenden soňra başyna giden tekeler ýerli halky eýranlylary gyryp, öz ýurdundan Horasana tarap awara edip goýberdiler»—diýmek bilen, Nasreddiniň basybalyjylyk meýlini duýýar hem aklaýar: Gadyman şäherhaýy⁶ — abadanlar, Sorap ötgen any köp şähriýarlar. Ki Nedir soňydan kim ähli teke, Kim ol şährlerni alyp ýeke-ýeke. Kim anyň ilini taraç ediban, Esir eýläp, basyp, ýenjip, satyban. Kim baky karyýalarny7 bara-bara, Horasan sary kim kyldy awara... Tutup mesgen any emläk edipdir, Niçeler bagryny kim gan edipdir. Nasreddin üçin şu sözleri eşitmek ýeterlik. Ol weziriň «Ahal sary iberseň leşgeriňni» diýen sözüni bada-bat goldaýar. Şeýdip, köşkde uruş etmeli diýen mesele çözülýär. Abdysetdar, Nasreddiniň şu pursatdaky keşbini örän şahyrana çekipdir. Onuň kabulhanasynyň, şalyk kürsüsiniň suratlandyrylyşyndan, şanyň ýakymsyz gopbamlygyndan, mekir şelaýynlygyndan, tagam-şeraplaryň goýluşyndan erbet alamatyň-urşuň tutumy görünýär. Nasreddiniň şeýle meýlisde şerap doly jam bilenguşuň kebabyny ortada goýmak endigi bolupdyr. Şunuň bilen ol guş kebaply meýi orta goýdurýar hem bütin maksadyny yglan edip, monolog okaýar. Abdysetdar şu monologa onuň bütin niýetini—basybalyjylyk, talaň, ganhorluk, sütem we beýleki pygyllaryny siňdirýär. Ol durşy bilen adamçy ner ýaly gözi gyzaran ganhora öwrülýär: Ki barmydyr bu arada päliwany, Şejagatly⁸ besi-sahypkyrany.⁹ Alyp içse bu jam ile şeraby, Baryp kylsa ol ilge yhtysaby¹⁰... Kylyp taraç ýene ähli-aýalyn, Ki merdümlerni kylsa katly-a:myn¹¹. Kylur men kim any waly Horasan, Berer men kim ýene engamu-yhsan¹². Onuň ar-namysa bukulyp aýdýan sözleriniň aňyrsynda gyrmak, boýun egdirmek, özüne tabyn bolmadyk halky göçürmek we namysyny depelemek niýeti bar. Onda ylalaşmak, goňşy sylagy, rahatlyk, aragatnaşyk etmek, baryş-geliş diýen häsiýet asla ýok, diňe basyp almaly. Şu maksat bilen ol Astrabat häkimi Japargulyny kyrk müň goşuna baş edip, Garrygalanyň ustüne iberýär. Onuň harby pikiri tekeleriň günbatar çetinden başlap, tä Mara çenli gyryp gaýtmakdy we imperiýanyň Hywa tarapyny berkitmekdi. Ol ýerde özbaşdak Horasan begligini döretmekdi. Abdysetdar basybalyjylyk, ganhorluk ideýasynyň synmak prosesini Nasreddiniň däliremek, jynlanmak, has wagşy sypata girmek ýaly dartgynly ruhy-emosional¹³ duýgularynyň üsti bilen yzarlaýar. Harby agressiýasyiyň¹⁴ isleginiň tersine bolup çykmagy, islese-islemese, Nasreddini çuň oýlanmaga mejbur edýär. Ýöne birbada ol şalyk buýsanjyna bäs gelip bilenok. Ol adam ýaly gürleşip, diňläp bilmän, sandyrap otyr. Agyr şalygyň «ýumruk ýaly» halkdan basylyşyna ynanyp bilenok. Ony öz serkerdeleriniň gorkaklygyndan, biwepalygyndan görýär. Özüniň azatlygy ugrunda göreşýän halkyň ruhy güýjüniň talaňçynyň ruhundan beýikdigine heniz hem akyl ýetirenok. Şonuň üçin ýeňlen Japargula jeza bermek üçin köşkde garaşyp otyr. Habarçylary serkerdäniň ýeňlendigini we ölendigini habar berenlerinde bolsa, olary masgara edip, gulak-burnuny kesdirýär, soňra bolsa dardan asdyrýar. Şa gazabynyň iň dartgynly derejä ýeten pursatyny Abdysetdar örän çeper açypdyr. Japargulynyň ölümi ony asla gynandyrmaýar. Tersine, oňa jeza berip, içini sowatmanyna gynanyp, özünden gidýär, nalajedeýin hem gözgyny ýagdaýa düşýär: Bolup bihuş ýykyldy jalkasydan, Rowan boldy niçe el arkasydan. Şu kartina özüne aşa baha beren, gopbam, ganhor şanyň synmasyny aňladýar. Onuň şu ýerde okaýan buýsançly monologi biçäreligi, ruhy ejizligi, ýeňlenini boýun alasy gelmeýän alaçsyz, emma tekepbir şanyň urunmasy aňladýar. Onuň täze urşa bolan höwesi diňe halys gözden düşmekden özüni goramak üçin edilýän bialaç çykalga bolup görünýär. Ol aglaýjak aglaýjak bolýar, şerap içip, meý-mes bolup, özüni köşeşdirýär. Şahyr ony şeýle bir azarly, gazaby gaýnap duran «namysjaň» edip görkezýär: Bolup kim dergazap çün ol şahy-dun¹⁵, Tekepbirden tutup özün Feridun¹⁶. Ol boýun egdiren golasty ýurtlaryny sanaýar: Ispyhan, Şiraz, Häzirbeýjan, Mazendaran, Astrabat, Tun, Tebes, tamam Eýran, gel-gel indi teke-türkmen kim? Onuň täze goşunbaşysy Hemze mürzä beren sargyt-tabşyryklaram Japargula aýdanlaryndan has üýtgeşik. Hiç hili hoşamat, süýji söz ýok. Diňe gyrmaly, öç almaly, Maryny ýer bilen ýegsan etmeli. Edip bilmeseň, ýok bolup gitmeli: [i]Gamap, gabsap¹⁷, ol ilni har kylgyl, Ajyrgadyp any efkär kylgyl. Eger kylman bu sözlerni, bil any, Ýok bolgul, gelmegil bu sary ýagny. Şundan soň Nasreddin wakalara gatnaşmaýar. Şu buýrugy alan serkerdäniň hem Maryda ýeňlip, Tährana tarap masgara bolup gaçyşyny aýtmak bilen Abdysetdar zalymlygyň synmagyny doly güýjünde esaslandyryp bilipdir. «Jeňnamanyň» ýazylan döwri feodallaryň göreşiniň ýitileşdirilen döwrüdi. Türkmenistanyň häzirki territoriýasyna gaýtadan dolanyp gelen türkmenler (XVI asyryň ahyry) öňki bitewiligini saklap bilmän, ummasyz giň serhetlere dargamaly, ondan-oňa göçüp ýörmeli bolupdy. Kethudalaryň, tire aksakallarynyň, mülk başylaryň aladasy köpelipdi. Nirä barylsa hem tirelere baknaçylyk durmuşy howp salýardy. Alaman, özara agzalaçylyk ýokary kaddyna ýetipdi. Eýran, Hywa, Buhara häkimdarlarynyň her haýsy Türkmenistanyň bir burçuny öz tabynlygyna alypdy. Ine, şu syýasy ýagdaý hanlyga, döwlete bolan ymtylyşy oýarypdy. Ýöne şol hanlyklar hem mülkiýet, urug-tire hanlygyndan daşa çykyp bilmändi. Abdysetdaryň döwründe lebaply türkmenleriň hanlyk hem baknaçylykdan azat bolmak ugrundaky göreşi Mirhaýdar tarapyndan syndyrylypdy. Daşhowuzly türkmenleriň Atamyrat hem Amanýaz serdaryň ýolbaşçylygyndaky şol mazmunly göreşi Hywa hanlary Mädemin hem Seýit-Muhammet tarapyndan basylyp ýatyrylypdy. Han hakdaky pikir Günorta Türkmenistanda barha ösýärdi. Hojamşükür ýaly halkyň garaz, bir günemasyny aýlap, gyrdyrmasam bolýar— diýip, oňa-muňa ýapja bolup ýören hany indi döwür göterenokdy. Umuman bitewileşmek ideýasynyň bişişip başlamagy bilen hanyň öňünde täze talaplar goýulýardy. Öz ordajygynyň-tiresiniň daşyny dolap oturan han däl-de, ilini, ýurduny goraýan, sosial hem syýasy aktiwligi güýçli hana talap güýçlenipdi. Han hakdaky pikir barha kämilleşýärdi. Edebiýat hem hanyň ideal obrazyny işläp başlady. Garaoglan han bilen bagly odaçylyk serdaryň döremegi tötänden däldir. Ownuk hanlyklar syýasy erkini uly hanlyga bermeli bolupdy. Şeýdip, Ahal (Nurberdi) we Mary (Gowşut han) hanlyklary döredi. Şu prosese Abdysetdar dar manyda garapdyr. Bitewi hanlyklaryň döreýiş prosesine tireleriň özara dawasy hem agzalalygy diýip düşünipdir. Dogry, onuň kalby agzalalygyň tarapynda däl. Şu hasrata ýüregi bilen gyýylýar. Olaryň doganlygyny gaýta-gaýta nygtaýar: Diýerler kim: «Maru-şahu-jahan, bil, Ötüpdir kim niçe sahypkyran, bil... Ýeri bihet erur kabyl zeragat18, Bir ýyl ekgen iýer on ýyl parahat. Bil-ahyr kim pelek reftarydan,bil, Teke birle sarykga boldy menzil. Gadymen ikisi gardaş imişler, Deň emek ösgen syrdaş imişler. Ýöne nähili pida çekilse-de, göwnigalmalar bolsa-da, hatda özara çaknyşyklar ýüze çyksa-da, bu prosesiň öňünde durjak güýç ýokdy. Tireleriň belli bir regionlarda çugdamlanmak prossesi syýasy bitewiligiň zerurdygyny kepillendirýärdi, öz syýasy güýjüňe ynamy güýçlendirýärdi. Şu proses başlanypdy, tekeler Saragtdan Mara tarap üýşüp ugrapdylar. Bu bolsa oazisde daryşganlyk döredip ugrapdy, Murgap bentlerini täzelemeli bolupdy. Ekerançylyk ýerler darlyk edip ugrapdy. Şu aljyraňňy döwürde bitewileşmäň öňünde çözulmeli mesele köpelipdi. Şoňa Nasreddiniň goşulmagy bilen bolsa mesele has hem çylşyrymlaşypdy. Şuňa weli Abdysetdar düşünmändir. Ony tireleriň dawasy hökmünde beripdir. Ýer üstündäki öýkeleriň gepleşik arkaly çözülip barýan wagtynda Nasreddin olary urşa itibermegi başarypdy. Abdysetdar bolsa uruşlaryň sebäpkärini Nasreddinden däl-de, tireleriň özünden gördi. Tireleri biri-birine öjükdirmekden bähbit araýan barly synpyň hereketlerini açmagy hem Abdysetdarunudypdyr. Ýogsam uruş etmelimi-dälmi diýen meseläni çözýänler tireleriň garamaýaklary däl-de, barlylarydygy hut poemanyň öz wakalaryndan hem görnüp dur. Ine, şu meseläniň sosial we syýasy manysy açylan bolsady, onda poemanyň ähmiýeti has hem beýgelerdi. «Jeňnamanyň» taryhy-hronikal eserdigine garamazdan, onda uly çeperçilik güýç bilen döwrüň köşk durmuşyna mahsus ahlagyň, sosial alamatlaryň açylýandygyny nygtamak gerek. Naserddiniň köşgi Abdysetdaryň görkezişine görä, galp durmuşyň, ýaranjaňlaryň, şöhratparazlaryň aňsat abraýa we baýlyga kowalaşýan tipleriň jemlenen ýeri. Köşk çinownikleriň, wezir-wekiller, serdarlar, «şerap agşamyna üýşen kellegöçdüler — bularyň bary Nasreddiniň agzyna garap dur. Nähili ýol bilen hem bolsa oňa ýaranjak, «möhümini bitirjek», oňa ýakyn görünjek. Bular şahsy mertebesini ýitiren adamlar. Köşk aristokratiýasynyň şeýle häsiýetlerini Abdysetdar, Hemze mürzäniň hem-de Japargulynyň obrazlary arkaly azda-kände açyp bilipdir. Japarguly trubaşdan meý içişlikden öz aýylganç sypatyny, açyp ugraýar. Onuň abraý, gazanç üçin çapyp ýörendigi türkmenleriň üstüne ýöriş etmek barada gürrüň gozgalandan aýdyňlaşýar. Türkmeniň üstüne gitmegiň howply-hatarlydygy barada, batyrgaýlyk hem edermenligiň gerekdigi barada birjigem pikir etmeýär. Beýleki häkimlerden öňürtmeli, serkerdeligi sypdyrmaly däl, ýeňşi agyr goşunyň, özem gazanar— Ine, onuň bolubilşi, akylynyň kesişi. Şonuň üçin hem ol patyşa wada baryny berýär: Ne ýerde bolsa duşman kim, eý şah! Kylar men astyn-üstün, kim bol ägäh. Alar müň janydan bir jan gutulmas, Eger Rustem ise, asan gutulmas. Nasreddiniň berýän wadalary onuň gözüni gapýar: Göterseň teke ilini Etek’den, Kylar men kim ony waly Horasan. Abdysetdar köşgüň çüýrük ahlagyny Japargulynyň obrazynyň üsti bilen gowy yzarlan hem bolsa, entek oňa basybaljynyň hasiýetini siňdirip bilmändir. Ol diňe şöhratparaz adam bolup çykypdyr. Poemada ol gorkak, dowulçy, öz jany goramak üçin bütin goşuny gurban etmäge taýýar tip hökmünde berilýär. Düýpden serkerdelik häsiýeti ýok. Goşun gyryldymy-gyrylanokmy, munuň bilen işi ýok. Çozmalymy-çozmaly. Ol bir başdan obama-oba syryp gaýdaryn diýip pikir edýär. Türkmen tireleri birleşer, agyr goşuna garşy çykar diýen pikiri kellesine getirenok. Emma Gürgene gelende, akylyna aýlanmaly bolýar. Uruş onuňgaraşyşyndan başgaça başlanýar. Türkmende sap-sap goşun bar. Uruş deňme-deň alnyp barylýar. Onuň didebany (razwedkasy) bolsa yzly-yzyna şum habar getirýär: on müň goşunly Nurberdi han geldi, şonça goşunly ýomut serdary Mahmyt işan ýetip gelýär. Munuň yzy üzülenok. Şu ýerde Japarguly başga zady görýär. Gönümel aýdylmasa-da, ol agzybirligiň güýjüne düşünýär. Gyzylarbatly Paly mergen şanyň pälwanyny urup öldürse, gökleň Öwezli tentek «bire derek iki pälwanyňy iber» diýip, haýbat atyp dur. Maryly batyr Gulten serdar bolsa «gezegi maňa ber!» — diýip dyzyp dur. Şöhratparazlyk bilen gahrymançylygyň arasyndan göreş gidýär. Japarguly han basga düşýär, aljyraýar, gyjynýar, öz etini özi iýip, dälilik kaddyna ýetýär. Çadyryna gaçýar, başyny basyrynyp ýatýar. Uky hem oňa rahatlyk bermeýär, düýş görýär. Düýşünde Eýranyň legendar gahrymany Hasan käşi onuň sakgalyndan tutýar. Han muny masgaraçylyga ýorýar. Ikinji bir düýşünde onuň gursagyna bürgüt gonýar. Bu ölümiň, ýeňlişiň habarçysydy. Ol gaçmak bilen bolýar. Japargulynyň Eýrana ýetmän ölmegine Abdysetdar açgözlügiň, şöhratparazlygyň, goňşa hyýanat etmek gylygynyň synmagy hökmünde baha bermegi başarypdyr. Diýmek, bu gylyk hak işiň öňünde ejiz gelýär, paş bolýar. Poemada türkmen serdarlary, batyrlar, şol sanda hanlar hem halk bilen goşulyşyp gidýär. Olarda sosial, synpy parh ýok. Belki, bu fakty açmak Abdysetdaryň maksadynda hem ýokdur. Olary maksady, ruhy, häsiýeti babatda birleşdirýän zat milli aladadyr, ýagny ýurduň ykbaly ugrundaky umumyhalk göreşidir. Poemada şeýle tiplerden ona golaý epizodik gahryman bar: Nurberdi han, Gowşut han, Mahmyt han, Paly mergen, Öwezli tentek, Saparek, Gulten bahadyr we ş.m. Bular belli bir derejede çeper obraz derejesine ýeten gahrymanlardyr. Mundan daşary hem onlarça serdardyr batyryň ady agzalýar, olar söweş sahnasynda göze kaklyşyp gidýär. Täçgök serdar, Ýagşy mergen, Durdy han, Çopan ker, Batyr beg, Çary bahadyr, Oraz han, Nepes, Perrew batyr, Öwez han we ş. m. Bu taryhy şahslaryň häsiýetinde hiç hili ýöritelik ýok, olar aýratyn bir ideýa gulluk etmeýärler. Olar diňe türkmeniň göreş ruhuny, edermenligini açmaga hyzmat edýärler. Eserde hereket edýän bu taryhy şahslaryň, şol sanda Nurberdi hanyň hem belli bir sypaty — serkerdelik, söweşjeňlik sypaty açylýar. Onuň han hökmündäki sosial hem synpy häsiýeti görünmeýär. Nurberdi syýasy problemalardan gelip çykýan iň aktual ideýalary ýüze çykarýan tipdir. Ol poemada görkezilişine görä, «deňli-derejeli», haram gazanç bilen hazyna edinen, köşki-eýwanly han däl. Onuň garamaýak halkdan parhy ýok, adaty, ýönekeý adam. Şahyr ony ideal fonda açýar. Ol göreş adamsy, döwrüň syýasyharby ýagdaýyndan baş çykarýan gözsüz batyr. Abdysetdar, Nurberdiniň harby serkerdeligine agram berýär, oňa guwanýar. Poemada Nurberdiniň hereketi bilen Abdysetdar uly syýasy meseläni orta atýar. Nurberdi Garrygaladan wekil-çapar gelende, eglenmän şeýle söz bilen öz oba- daşlaryna ýüzlenýär: Ne perman bolsa, imdi kim duruş ýok, Uruşdan başga bir ýagşy döwuş ýok. Ol öz dogan tiresine goldaw bermegi iň zerur zat hasaplaýar. Ol birleşigi, agzybirligi, birek-birege kömek bermegi borç hasap edýär. Nurberdidäki şeýle düşünjelilik poemanyň Mary sahnasynda has hem aýdyň ýüze çykýar. Ol tireleri dogan hasap edýär. Teke hem saryk tireleriniň arasyna düşen towy aýyrmaga gelendigini aýdýar. Dawanyň ula ýazyp, Eýranyň gatyşmasyna, şeýlelikde hem türkmen halkynyň gyrgynçylyga duşmegine tüýs ýürekden gynanýandygyny aýdýar: Diýdi kim şähriýary-hoş parasat, Eşidermiz uruşar siz bigaýat. Ki geldik sizleri ýaraşdyrarga, Iki gardaşlary baryşdyrarga. Ýaraşyň, kinäni döküň köňülden, Bolupdyr bir sözi heldi-sebilden¹⁹. Bu söz bir fakty aýdyňlaşdyrýar. Hywada ýaşaýan Abdysetdar öz iliniň in wawwaly aladasyny tüýs ýürekden syzýar, görýär. Olaryň ýaraşmagyny isleýär. XIX asyryň iň aktual syýasy-harby problemalaryny orta atan Abdysetdaryň poemasynyň derňewini näçe giňeltdigiňçe, eseriň gymmaty şonça hem beýige galýar.²⁰ Muhammetnazar ANNAMUHAMMEDOW. _____________________________ 1. Gündogary öwreniş alym, Türkolog, SSSR ylymlar Akademiýasynyň agzasy. Nižniý Novgorod institutini we Sankt-Petersburg uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetinde, Arap-Pars-Türk-Tatar bölüminde okuwuny tamamlady. 1922-1925 ýyllarynda Leningradyň Gündogary öwreniş Institutiniň rektory, 1929-1933 ýyllaryarasynda SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Sosial ylymlar bölüminiň sekretary, 1934-1937 ýyllarynda SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutiniň müdiri boldy. Staliniň repressiýasyna düşdi, 1937-nji ýylynda Ýaponiýanyñ hasabyna içalylykda we terrorçy guramany gurmakda aýyplanyp tussag edildi we 1938-nji ýylyň fewral aýynda atyldy. 2. Самойлович А.Н: Книга рассказов о битвах Текинцев, СПБ, 1914, s.7 3. Самойлович А.Н, şol eser s.08-09 4. Jülge. 5. Hökümet ýolbaşçylary 6. Şäherler 7. Obalar 8. Batyr 9. Ofiser 10. Jeza 11. Gyrgyn 12. Sylag-halat 13. Duýgyçyl 14. Basybaljylyk 15. Pis 16. Eýranyň mifiki patyşasy 17. Gabamak 18. Ekeran ýerler. 19. Boş ýerden, ýersiz-ýere 20. Bu makala "Sowet edebiýaty" žurnalynda (6/1991) çap boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||