13:30 Jöhit ruhanysyndan adamkärçilige sygyşmaýan sözler... | |
JÖHIT RUHANYSYNDAN ADAMKÄRÇILIGE SYGYŞMAÝAN SÖZLER: ÝER YRANMASYNDA GURBAN BOLANLARY PYRGUNYÑ LEŞGERINE MEÑZETDI
Publisistika
Kimiñ kimdigini, nähilidigini başyña iş düşende bilip bolýar. 2023-nji ýylyñ 6-njy fewralynda Türkiýede we Siriýada bolup geçen güýçli ýer yranmasy dünýäni aýaga galdyrdy. Öñler her dürli milletçilikli ideýalar bilen dinleri, taryhy we gaýry medeni-ruhy gymmatlyklary, syýasatyñ hapa ýollaryny ulanyp, halklary biri-birine duşman edýän propogandalaryñ aslynda biderek zatdygyny, halklaryñ hiç haçanam biri-birine duşman däldigini, gaýtam, hökümetlersizem, syýasatçylarsyzam dost-dogan bolup agzybirlikde, parahatçylykda ýaşap biljekdiklerini we aslynda ýer şarynyñ Hudaý tarapyndan külli adamzada umumy watan hökmünde hyzmat etmek üçin berilendigini hut şu tebigy betbagtçylykda dinine, ynanjyna, jynsyna, milletine, ýaşaýan ýurduna garamazdan dünýäniñ dürli ýurtlaryndan ýerli-ýerden gelen kömekçi güýçler, toplanan haýyr-sahawat pullary ýene bir gezek äşgär etdi. Hawa, halkyñ erbedi-gowsy ýa belendi-pesi ýok, hemme halklar deñdirler we azatdyrlar! Deñ we azat durmuşda ýaşamaga haklydyrlar! Erbetlik ýa gowulyk adamyñ diñe özüne mahsus zat. Muña betbagtçylykda ejir çekenlere kömek etjek bolup, ABŞ-daky türk ilçihanasyna gelen adyny mälim etmek islemedik bir päkistanly millioneriñ 30 million dollar goýup gidýändigibi ýa-da türkleriñem, siriýalylaryñam, biziñem tanamaýan hytaýly biri göni efirde türk teleýaýlymyna jañ edip, millionlarça dollar bagyşlaýandygyny hem mysal getirse bolar. Öñler Türkiýe bilen kän oñşugy bolmadyk Gresiýa, Ermenistan, Ysraýyl ýaly ýurtlarda ýaşaýanlar hem ilkinjileriñ hatarynda kömege ylgady. (Şu setirleri okap oturanlaryñ arasynda dünýä belli rus ýazyjysy Lew Tolstoýyñ "Uruş we parahatçylyk" epopeýasyny okamadyklar bar bolsa okamagyny, okanlaryñam ýene bir gezek üns berip okamaklaryny haýyş edýärin. Şonda şu setirleri taýýarlaýjynyñ nämeleri diýmek isländigi hasam aýdyñlaşar). Şmuel Eliýahu Şeýle-de bolsa, "Çarli Hebdo" ýaly ynsanlaryñ dinini, ynanjyny we gaýry gymmatlyklaryny ýañsylaýan fransuz (ekstremistik) satiriki žurnalynyñ prowokasiýasyny hasaba almanymyzda-da, halklaryñ raýdaşlygyny, adamlaryñ jebisleşmegini we parahatçylykly durmuşyñ gadyryny bilip dost-dogan ýaly ýaşamaklaryny islemeýän käbir betniýetli adamlar hem bar. Muña Germaniýada ynsanperwer nemes halkynyñ betbagtlykda jebir çekenlere kömek etmek üçin ýygnan zatlaryny otlap gidýän käbir milletparaz ekstremist adamlaryñ (dogrusy, olar adammyka beri!) edýän hereketini mysal getirse bolar. Ýakynda faşistik ruhly şeýle zannyýaman prowokasiýalarynyñ üstüne jöhit ruhanysy Şmuel Eliýahu hem hakyky sioaniste mahsus "mynasyp goşandyny" goşdy. Hawa, Ysraýylyñ tanalýan ruhanysy haham Şmuel Eliýahunyñ agzyndan uly weýrançylyga sebäp bolan tebigy betbagtlyk hakda ýigrenje beslenen şeýle betpäl sözler çykdy. Adamkärçilige sygyşmajak sözleri aýdan haham: "Hudaý ýerlerimizi birnäçe gezek basyp alyp, bizi deñize gapgarmak islän daş-töweregimizdäki ähli ýurtlaryñ jezasyny berýär" diýip, ýer yranmasynda heläk bolanlary müsür pyrgunynyñ leşgerine meñzetdi. Ysraýylyñ "The Times of Israel" gazetiniñ habar bermegine görä, meşhur dini habar portaly "Olam Katan" üçin 2023-nji ýylyñ 9-njy fewralynda ýazan "Türkiýedäki we Siriýadaky ýer yranmalaryna nähili çemeleşmeli?" makalasynda iki ýurtdan häzire çenli azyndan 30 müñ adamyñ aradan çykan ýer yranmasy hakda gowur turuzjak sözleri ýazdy. Ysraýylyñ aşa sagçy we milletçi "Otzma Yahudit" (Jöhit güýji") partiýasyndan Ierualim we Wada berilen ýerler ministri Amihai Eliýahunyñ kakasy Şmuel Eliyahu "Hudaý ýerlerimizi birnäçe gezek basyp alyp, bizi deñize gapgarmak islän daş-töweregimizdäki jümle ýurtlaryñ jezasyny berýär" diýdi. • Ýer yrananda ölenleri pyrgunyñ leşgerine meñzetdi Makalasynda Töwradyñ "Müsürden çykyş" bölümine salgylanan Eliyahu ýer yranmalarynda ömür tanaplary üzülen türkiýelileri we siriýalylary Hezreti Musa pygamberiñ (a.s) ýolbaşçylyk edip barýan ysraýylogullaryny kowalap barýarka Gyzyl deñizde gark bolup bolup müsür pyrgunynyñ leşgerine meñzetdi. Eliýahu tebigy betbagtlyga "ylahy adalat" diýmek bilen şulary ýazdy: "Ysraýylogullary müsürlileri tanaýandyklary üçin gark bolanlaryñ özlerinden käbirini öldürmek we galanyny gul etmek isleýändigini bilýändikleri üçin olar gark bolanda (begenip) aýdym aýtdylar. Aýdym aýtdylar, sebäbi munda müsürlileri jezalandyrmagy maksat edinen ylahy adalatyñ bardygyna düşündiler". • Türkiýe we Siriýa üçin adamkärçilige sygyşmaýan sözler Türkiýä we Siriýa gönükdirip duşmançylykly we ekstremistik sözleri aýdan ysraýylly haham sözüni şeýle dowam etdirdi: "Munuñ özi jöhitleri ýüzlerçe ýyllap Şamda we beýleki şäherlerinde gan töhmetleri bilen myjabat atan Siriýq degişlidir. Siriýa gyrmak we ýok etmek maksady bilen Ysraýyly üç gezek basyp aldy. Bizi her arenada garalaýan Türkiýe bilen haýsy hasaplaryñ çözülmelidigini bilemzok. Ýöne Hudaý bize ähli duşmanlarymyza jeza berjekdigini aýdandygy üçin muña göz ýetirmäge daş-töweregimizde bolup geçýän zatlara ser salmak ýeterlik. Bolup geçýän her bir zat dünýäni arassalamak we has gowy ýagdaýa getirmek üçin bolýar. Bize zyýan ýetirýän töweregimizdäki ähli ýurtlardan ar alynýar". • Ysraýylyñ "Tiz kömek" gullugynyñ "haham başlygy" Safed şäheriniñ baş hahamy Şmuel Eliýahu şäherde jöhitlere degişli ýerleriñ araplara kireýne berilmegini ýa-da satylmagyny gadagan edýän 2010-njy ýyldaky fetwasy bilen bir hatarda ekstremistik fetwalary we çykyşlary bilen tanalýar. Eliýahunyñ fetwasyndan soñ Safedde bir topar arap ýaşlarynyñ ýaşaýan öýi fanatik jöhitleriñ hüjümine uçrapdy. Eliýahu Ysraýylyñ "Tiz kömek" gullugy "Gyzyl Dawut Ýyldyzynyñam" haham başlygydyr. "Gyzyl Dawut Ýyldyzy" hristian dünýäsindäki Gyzyl haç" we musulman dünýäsindäki "Gyzyl ýarymaý" jemgyýetleri ýaly jöhit döwleti Ysraýyldaky iñ esasy "Tiz kömek" gullugy hökmünde işleýär. Itamar Ben-Gwir Ýurduñ aşa sagçy we milletçi syýasatlary bilen tanalan Döwlet Howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwir Eliýahunyñ Ysraýylyñ baş hahamy bolmalydygyny aýdypdy. Eliýahu şol bir wagtyñ özünde aşa sagçy we milletçi "Otzma Yahudit" ("Jöhit güýji") partiýasyndan Döwlet Howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwire ýakyn durýandygy bilen tanalýar. @ Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |