17:41 Jüneýt han Britaniýanyň içalysymydy? | |
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER
Taryhy makalalar
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn! JÜNEÝT HAN BRITANIÝANYŇ IÇALYSYMYDY? Jüneýt han daşary ýurt Türkmenleriň goldawyndan hem peýdalanypdyr. Onuň iberen wekilleri 1927-nji ýylyň güýzüniň ortalarynda Owganystandan 200 sany, soňra-da 700 sany üç nilli tüpeňi we köp ok-därini alyp gelipdirler. Jansyzlaryň habarlaryndan we iňlisleriň görkezmelerinden çen tutsaň, “GPU”nyň arşiwlerinde Jüneýt hanyň we onuň ynamdar adamlary iňlis razwedkasy/jasus teşkilaty/ bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyrlar diýen delilsiz tekrarlamalardan doly bolmaly, ýaraglary hem-de ok-därini iňlisler berenmiş. Emma ol tekrarlamalary tassyklaýan ýekeje-de hat, ýekeje-de agramly, ynandyryjy dokument ýa-da fakt getirilmeýär, diýseň şübheli çeşmeler ýa-da totalitarizmiň döwürleýin metbugatyna salgylanmalary bolsa hasaba alar ýaly däl, sebäbi olar propagandistik zynjyrdan halas bolmandy. Bu barada ýazyjy Rahym Esenow şeýle maglumat berýär: “...Käbir çap edilen matrýallarda mysal hökmünde Jafar Burkazyň/horazyň/ ady getirilýär, ol oktober ynkylabyndan soň iňlisleriň Maşatdaky konsul hanasynda işläpdi. Dogrudanam, “GPU”niň derňew matriallarynda onuň adyna köp duş gelinýär. rewolusiýadan ozal ol patyşa garawulynyň agenti/habarçysy hökmünde belli bolupdyr, soňra bolsa, tussag edilenleriň görkezmesine göra, ol iňlislere gulluk etmäge geçmeniş. Soraglaryň protakollaryny ünsli okap çyksaň, sorag astynda bolanlaryň hiç biriniň-de Jafar Burkazy öz gözleri bilen görmändiklerini, görkezmeleri eşitmiş gürrüňleri arkaly berendiklerine göz ýetirýärsiň. Gytaklaýyn matriallardan çen tutsaň, Jafar Burkazyň iňlis içalysydygyna garanyňdan, onuň “GPU”nyň gizli işgäri, jansyzy bolan ýaly, belki-de, ol iki hojaýynyň guly bolandyr? 1929-nji ýylyň ýanwar aýynda iňlis konsulhanasynyň peýdasyna içalylyk etmekde, kontre_rowlusiýon/ynkylaba garşy/ işde peýplanyp, tussag edilenleriň arasynda Jafar Burkazyň üç ogly bardy. soňra atuwa höküm edilen Annageldiniň jezasyny 10 ýyl konst lagerde/ordugah karejbari/ oturmaga çalyşdylar, Jafaryň beýleki iki ogly Anna_Ahmet we Anna_Sapary bolsa “günäleri subut bolmady” diýip, boşadyp goýberdiler. Şol bir wagtyň özünde olaryň “galp ýaranlarynyň” ählisini iň ýokary çäre-atuwa höküm etdiler. Bu “iş” boýunça jemi 44 adam atylypdyr. Ol döwürlerde “GPU” öz torlaryndan diňe jansyz ýa-da prowokator bolup hyzmat etmäge razylyk berenleri, namartlanlary boşadýardy. Bu ýerde gürrüň bolsa iňlis okkupasiýon/eşgalçy goşunlary bilen daşary ýurda giden “baýry rus hem-de iňlis içalysynyň” ogullary barada barýardy ahyryn. “GPU”-nyň Jafar Burkazy Eýrandan/Türkmensähradan “ogurlap almaga” ýeke gezegem synanyşyk etmändigini näme bilen düşündirip bolar? Ýogsa, olarda bu ugurdan hem ýeterlik tejribe bardy: Türkmenistandan gaçyp giden Orazmuhammet Wepaýewi aldaw ýoly bilen tutup getirip, ölüm bilen jezalandyrypdyrlar, ol “zandy ýaman iňlis içalysy Jafar Burkaz ýaly” Sowet gurluşy üçin howuply adamam däldi. Ýa-da ÇK-istleriň Jüneýt hany ele saljak bolup eden pyrryldaklary hem Burkazly mesele-de böwrüňi diňledýär. Sowet adamlarynyň işleriniň köpüsiniň içinden Orta Aziýadaky “basmaçylyk” hereketine, esasan, Britan imperýalizmi tarapyndan meçew berlendigi hem-de iňlis gulluklary tarapyndan öjükdirlendigi hakyndaky pikir eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle tekrarlama dürli öwüşginlerde köp monografiýalarda, çeper eserlerde, kinofilmlerde göze ilýär. Orta Aziýada rewolusiýa we grajdanlyk temasyna ol ýa-da beýleki derejede degip geçen, şonda “iňlis temasyna-da” göz ýummadyk Türkmen alymlarynyň, ýazylarynyň atlarynyň uzyn sanawyny getirip bolar, şu setirleriň awtory [R.E] hem olaryň. Ýöne totalitar döwlet hem, sosýal sargydyny ýerne ýetirip, synpy taglymatdan gelip çykýan matlaply kadalarynyň tabynlygynda bolmaklary olaryň günäsi däl-de, eýsem betbagtlygydyr. «Basmaçylyk: döremegi, mazmuny, synmagy» atly kollektiw işiň ýokary hünärli awtorlarynyň ýalňyşmagyna Aşgabatda 1977-nji ýylda neşir edilen «parahatçylykly zähemtiň goragynda, Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygy organlarynyň taryhyndan» diýen ýygyndysy düýpli täsir edendir. Bu ýygyndynyň köp sahypalaryny KGB-niň işgärleri Türkmenistanyň ÇK-istleriniň toslap tapan «Türkmen azatlygy» boýunça tussag edilen adamlaryň görkezmelerine esaslanyp ýazypdylar. Reperessiýa/tutha-tutlyklara sezewar edilenleriň köpüsi öz janyndan gorkup ýa-da olara moral hem-de fiziki taýdan basyş eden sülçileriň/bazju/ ugruna gidip, «basmaçylaryň baştutanlary bilen Maşatdaky konsulhananyň aragatnaşygynyň bardygyny tosladylar, ol hamala, hereketi ýarag, pul, gyzyl bilen üpjin edenmiş, üstesine-de Türkmenistandaky ýaşryn işleýän anti_Sowet guramanyň içalylyk-ýykgynçylykly işini gönükdirýärmiş. Elbette, munuň özi «GPU»-çileň elini boşadýardy, gozgalaňçylar hereketini rehimsiz basyp ýatyrmak ugrunda Sowetleriň we bolşewikler partiýasynyň alyp baran syýasatyny aklaýardy. “Deňizleriň eýesi”, şeýle hem Hindistan ýaly deňiz_ýaka koloniýalary bolan beýik Britaniýa, Orta Aziýa hiç hili gyzyklanma bildirmändir diýip, elbette, inkär edip bolmaz. Ýöne bu gyzyklanmanyň asyryň soňky çärýeginiň başlarynda mese-mälim gowşaşypdyr. Belki, şonda Britania Türküstana içgin aralaşan orsýetiň bu ýaglyja lukmany hiç kime bermejekdigine göz ýetirendir? Emma orsýetde oktober ynkylapynyň turmagy, grajdanlyk/içerki/ urşunyň tutaşmagy, «antanta» döwletleriniň çozup girmegi, beýik Britanianyň öňki işdälerini açan bolsa gerek? Analiz etmäge ökde, sowuk-ganly iňlisler, tapdan düşen tzarizmiň ýerine ekestremistik bolşwizmiň gelýändigini görendirler, ol hem edil özünden ozalky hökümt ýaly, patyşa orsýetiniň gyrak- çetlerindäky oňki koloniýal ülkeleri hiç kime bererli däldi, onsoň iňlisler bu golaý wagtlarda Orta Aziýa hojaýyn bolmak baradaky badyhowa arzuularyny ýene-de jaýlamaly boldular. Paýhasly, tebigi aýawlylyk adam we maddy resurslary çar ýana dereksiz dargatmaga ýol bermdi. Britania “öz” ak ýagyzlarynyň eli bilen söweşmek islemän, Türkmenistana we Azrebaýjana, esasan, garaýagyzlardan düzlen batalýonlary iberdi ahbtin. Sowet taryh ylmy taryhy häkimiýeti elinde saklaýanlaryň göwnünden turmak üçin ýaranjaňlyk edip ýülmäp ýazýardy. Taryhçylaryň tassyklamagyna göra Jüneýt han, hamala daşary ýurtly ýörite gulluklaryň buýrugyny alyp, Sowet häkimiýetine garşy pitne turzanmyş. Döwlet howpsuzlygy organlarynyň gizlin çeşmeleri bolsa, tersine, Jüneýt hanyň Gyzyl goşun bölümleriniň hüjümlerine gaýtawul hökmünde girnedigini tassyklaýar.”[1] ---------------------------------------- [1] R.Esenow: «Jüneýt han-Türkmen gozgalaňçylarynyň serdary», makala Arne GOLI Taryh ylymlarynyň kandidaty | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||