20:14 Jüneýt han we Enwer paşa | |
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER
Taryhy makalalar
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn! JÜNEÝT HAN WE ENWER PAŞA 1922-nji ýylyň awgustynda gündogar Buharadaky söweşde Enwer paşa GPU agenti, ermeni asylly Georgi Agabekow tarapyndan öldürilýär. Buhara basmaçylarynyň beýleki serdarlary Owganystana geçýärler. 1923-nji ýylyň ortalaryna çenli Ferganada, Zerefşanda hem “basmaçylyk” hereketi gutarnykly suratda derbi-dagyn edilýär. Bolşewiklere garşy göreşde Jüneýt han we Türkmen topary bilen bile hereket etmegi maksat edinen Enwer paşa, 1921-nji ýylyň 25-nji noýaberinde “Türkmen beraderlermiziň oluglaryna” diýen ýüzlenme bilen bir hat ýollapdyr.[1] «Yşbu hat bilen siz mohterem beraderlerimiza beýan olur ki bizler munda, ýagny Duşenbe etrabynda Lakaý, Täjikde, hulase umum ähli muslam bir bolup, mujahdin ordasy bilen ruslarny ormakdamyz we hudaý kerimiň lutfi we merhemti bilen ruslardan myltyk (tüpeň) pulemýot we patron/ok we beýleki harby hem golumyza düşüpdir. Uşbu hatimizi siz beraderlerimize görkziji kumandan mir Alaý Alireza bge islamiýeti we şerigat Muhemmediýei mahafezesi ugrunda gollaryňyzdan gelinje ýardam bermeňiz salamt umumi islam adyna haýyş edilýär diýip gol goýdum. 24 rebi alaher 1340 / 25 desember 1921-damad halifhe mumenin möher: Enwer paşa ---------------------------------------- [1] Abdulla Rejep Baýsun: Türküstan Milli Herekatleri. Istanbul. Zaman kitabevi 1945. s.132 Arne GOLI Taryh ylymlarynyň kandidaty | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||