10:32 Kämilleriñ edähedi | |
KÄMILLERIÑ EDÄHEDI
Goşgular
Kämilleriň edähedi her zaman, Kesbini ýöretjek şägirt saýlaýar. Aňda baryn, kalpda baryn aýaman, Adam özün adamlara paýlaýar. Begenip, guwanyp, şatlanyp, böküp, Inçe duýgusyndan dünýä erş çekip, Kalbyn keşde-öýdümlere paýlaýar, Gazal-goşga, aýdymlara paýlaýar, Adam özün adamlara paýlaýar. Mahal-mahal bir töwekgel iş edýär. Eden işin bigaýratlar puç edýär. Gülden näzik ýüregini daş edýär. Ynsabyny ýuwdanlara paýlaýar Bir kör zehin nadanlara paýlaýar Adam özün adamlara paýlaýar. Adam ömrün adamlara paýlaýar. Hem ömrün ynsandan bognap ýygnaýar, Şonuň üçin bu dünýäden gidende, Süýndürip, syndyryp asman ýyldyzyn, Zemine-de sygmaýar, Asmana-da sygmaýar... | |
|
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |