01:11 Kapasa | |
KAPASA
Goşgular
Guşlara ýakynlyk düşüp küýüme, Kapasada bilbil aldym öýüme. Boljak boldum tebigata golaýrak, Bilbil dur dulunda bir zaryn saýrap. Bilbiliñ sesine daglanýar köñül, Bilbiliñ sesine aglaýar köñül. Saýrap, saýrap saldy kapasa kalbym... Näm üçin, näm üçin men bilbil aldym?! * * * Guşgursak däneler ömrüñ örküdir, Desterhanlar doly bugdaý çörekden. Ynamymyz ynamlaryñ berkidir, Açlyk indi asla tutmaz ýürekden. Gowy zat bollugy bugdaý-owkadyñ, Gowy zat açlygyñ bize ýatlygy. Pikirini edýän başga bir zadyñ, Artýan ýaly bugdaý sözüñ gytlygy. * * * Höwesim kän bu durmuşa, Tarlarynda saz bolaryn. Diýardan gitsem uzaga, Gaýdyp gelýän gaz bolaryn. Daglar ýaly belent bolup, Düzler ýaly düz bolaryn. Bu dünýäden giden günüm, Ene ýere duz bolaryn. Watanyñ ýüzün görmäge Durşum bilen göz bolaryn. Gözün galýan tüsse bolman, Ojagynda köz bolaryn. Bu dünýäde islegimden Juda juda az bolaryn. Gyş bolmaryn sowap gidip, Ýanyp gidip ýaz bolaryn. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |