22:52 Kärdeşler / hekaýa | |
KÄRDEŞLER
Hekaýalar
Bu uly abraýly kiçi kollektiwde wezipesi pes adam ýokdy. O ýerde biri beýlekisiniň, abraýyna dalaş etmän, her kimiň özüne ýetik abraý-sylagy bardy. Şonuň üçin Durdam öz wezipesini pes görmedi, işine ýaltanmady, näme buýursalar, şony etmäge çalyşdy, Kollektiw hem ony hyzmat edişi ýaly sylaýardy. Diňe bir işdeş ýoldaşlary däl, redaksiýa bilen aragatnaşyk saklaýan at-abraýly adamlaryňam ýaş ýigide hormat goýup, el berip salamlaşmagy, gürleşmegi onuň işe bolan höwesini has artdyrýardy. Ol özüni ýönekeý bir korrektor däl-de, wajyp wezipeli adam saýýardy. Nähilem bolsa, iş işdi. Iş ýagdaýy zerarly ol käte let iýmelem bolýardy. Oňa eýýäm onuň müň gezek ýuwdan akylyny çeýnedýärdiler, öň ençeme gezek eşiden zadyny gaýtalap-gaýtalap öwredýärdiler. Ol has beteri-de özünden bir basgançak ýokarda duran adamdan – tehredaktordan köp duýduryş alýardy. Ýüz-gözi ýaldyrap duran bu gara pyýadanyň ses-üýnsüz dommarylyp oturyşy başda oňa ýaramandy. Durdynyň göwnüne ol garasöýmez, ýeköýli göründi. Kä günler ol sekiz sagadynyň dowamynda «ýok – bardan» başga söz aýtmanam yzyna gaýdyp bilýärdi. Känbir eýleň-beýleň gülki bilenem mazasy bolmazdy. Gürlände-de örän resmi, hatda sesinem birneme ýognaldybrak, her sözüne nazym berip gürleýärdi. Şu telefon dagy näme, ol haýbatyňa-beýlekiňe parh goýmaýan apparat ahyryn. Şo jyrlanda daş onuň boluberşini görseň. Ilki bilen-ä ýerinden galyp, üst-başyny çekişdiren bor, ikinji gezek jyrlanda galstugyny düzeder, üçünji jaňda ardynjyrap, dim-dik duran ýerinden trubkany gulagyna ýetirer. (Hamana, ýokardakyň özi bilen gürleşýänsiň!) – Allo! Da! Da! Ä, hawa, diňleýäs. Ä, size haýsy redaktor gerekdi? Ä, ýok, men tehredaktordyryn. Baş redaktormy? Häzir! Ine, şeýle-dä. Telefony jyrladyp durandan, al, göter, «hä, hawa» diý, goý. Kim seni idäp dur?! Wezipäň bir ýerinde «redaktor» sözi bolanda-da, özüňi baş redaktor bilen deň saýyp bolmaz-a. Ony diýseň, Durdynyň wezipesiniň yzynda-da «rektor» sözi bar. Durdy eden işinde ululary käýindirmejek bolup, yhlas bilen edýärdi. Ol geljekki durmuş ýolunyň hut şu ýerden başlanyp gitjekdigine gowy düşünýärdi. Şeýle-de bolsa, käbir jogapkärli işleri diňe oňa ynanman, gapdaldan beýleki işgärlere-de buýurýardylar, Korrekturany-da iki bolup okaýardylar. Olara seredende, özüniň has az ýalňyş tapýandygyna Durdy gaty gynanýardy. Şu meselede oňa Nazar aga hasam berk daraşýardy. Gulluk wezipesine girmese-de, ol ähli sahypalardaky düzedilen ýalňyşlary birin-birin barlap çykýardy. Eger düzedilmedik ýalňyş göräýse, elindäki sahypalary patladyp stoluň üstüne atýardy-da, gözünden äýnegini aýryp, azymly nazaryny Durda dikerdi. – Bu näme, ä? Şu ýerde näme gerek? – Defis... – Defis bolsa goýmak gerek. Uniwersiteti gutardym diýdiňizmi? Size tirkeş sözleriň arasynda defis goýmagy öwretmedilermi? Habardar bolmak gerek. Şu äýnegi näme üçin dakynýanymy bilýäňizmi? Menem on ýyllap korrektor bolupdym. Bular ýaly korpusam däl, nonpareli okaýardyk. Gözümiň köküni, ana, şol gyrdy. Bu köp zatdyr, ahmal bolsaň, gözüňden sypar. Bir iş edeňde, hiç ünsüňi başga ýere sowmagyn. Elbetde, ýaş bolsaň, her niçik öwüt-ündewlere çydamaly bolýar. Ýöne Nazar aganyň öwredişi çökderräkdi. Käte işe gijä galynmanam bolanok. Şonda-da, Durdy redaksiýanyň beýleki işgärleriniň däl, tehredaktoryň gözüne ilýärdi. «Irräk turmak gerek, siz ýaly ýigitler çuswaňrak bolmaly». Işe geleli bäri Durdynyň bu ýaşuly bilen entek jynlary jyňkyrşanok. Ýöne daş-töweregi welin Durdynyň tersine, kimi görseň «Nazar aga» bolup dur. Oňa her kim bir haýyş bilen ýüz tutýar. Ol bir görseň, birini işe ýerleşdirjek bolup ýörendir, bir görseň ýarawsyza derman gözleýändir ýa jaň edip, haýsydyr bir işgär üçin topbazadan kömür soraýandyr» Onuň iň tiz hem höwesek bitirýän işem çaphana bilen baglanyşykly ýumuşlar. «Nazar aga, meniň kitabym çykmaly bolup dur, şonuň sahabyny egleýärler, şolara bir gaýrat et diýip bolmazmyka?» «Meniň ýygyndymyň korrekturasy köp eglendi-le, şony çaltlandyryp bolmazmyka?» diýen ýaly dürli haýyşlar alardy-da, derrew şony bitirmegiň ugruna çykardy, Bu tükeniksiz haýyşlar ony irizmän, gaýta göwnüni göterýärdi. Iliň haýyşyny bitirip, öz ähmiýetini beýgeldip, ony özüne çäksiz dereje bilýärdi. Durdyda bu adam şöhratparazdyr diýen düşünje döredi. Ol çaphana baranda, Durda «yzymdan galaýmagyn» diýip, berk sargap, kagyz skladyndan başlaýardy-da, harp ýygnaýjylaryň üsti bilen, sinkografiýanyň, dürli çaphana maşynlarynyň arasyndan geçip, kitap-žurnal sahaplap oturan gelin-gyzlaryň arasyndan darap, taýýar önümleriň duran ýerine-de çalarak degip, onsoň öz barmaly ýerlerine, žurnalyň korrekturasynyň düzedilýän ýerine barýardy. Soňky gezek bu ýoly başgarak bir ýerden başlap, ýene ahyrynda şo ýerde gutarýardy. Onuň ýöreýşi, özüni alyp barşy üýtgeşikdi. Hamana, şu giden dürli iş gurallary hem işçiler özüniňkidi-de, olam hojaýyndy. Şol köplügiň içine düşensoň, onuň badyny saklajak güýç ýokdy. Durdy oňa-muňa çolaşyp, onuň yzyny zordan eýerýärdi, Edarada – redaksiýada bolsa işiň ähli tehniki tarapynyň iň owunjak zatlaryna çenli ondan biidin çöp başyny gymyldatjak ýokdy. Şeýdip, Durdy örän talapgöý, üstesine-de il ýagdaýyna düşünmejek demir penjäniň astynda işläp ýördi hem ömründe onuň golunyň astyndan sypmajak ýalydy. Arakesme wagty bolansoň, eli boş işgärler üýşüşip warsaky urýardylar. Nazar aga warsaka diň salman, Durdynyň ýaňyja okap gutaran korrekturasyny ýekme-ýek çintgäp oturyşyna, birden gaşyny çytdy-da, Durdyny ýanyna çagyrdy. – Men size ünslüräk boluň diýip, näçe gezek aýtdym? Durdy oýuň hasabyny ýöretmänsoň, bu soraga takyk jogap berip bilmedi. Nazar aga beýleki meselä geçdi. – Hany şu sözlemi ünsli oka! – «Adam bol ataň ýaly samsyk bolma». – Näme ýetenok? Durdy pikirlendi, gözdedi, ýöne hiç kem tapmady. Beýleki duranlaram korrektura itinişdiler. Onýança-da gözi äýnekli, uzyn boýly bölüm müdiri: – Otur ýetenok, şonuň üçinem sözlemi haýsy mana çekseň çekibermeli – diýdi. – Gördüňizmi, ol äýňeklem bolsa, sizden gowy görýär. Siz-ä otury galdyryp gidipsiňiz, hatda onuň ýerini üýtgetseňem, biri-birine ters many berip dur, «Adam bol ataň ýaly, samsyk bolma» diýýärmi ýa-da «...ataň ýaly samsyk bolma» diýýärmi? Beýle ýalňyş, bilýäňizmi, nähili masgaraçylyk? Ruslarda bir täsin rowaýatam bardyr-la. Patyşa imperiýasy döwründe sürgundäkileriň biriniň yzyndan perman iberilipdir. Patyşanyň: «Rasstrelýat, nelzýa pomilowat»1 diýen buýrugyny mürze: «Rasstrelýat nelzýa, pomilowat»2 diýip, oturyň ýeriňi üýtgedip ýazypdyr. Şol säwlik bilenem bir bende ölümden halas bolupdyr. Ine kiçijik oturyň roly... Jaýdakylar wakyrda berdiler. Ýaş oglanyň reňki agardy. Nazar aganyň özüniňem käte ýalňyşaýýandygyna Durdy tiz göz ýetirdi. Durdyny orunbasaryň kabinetine çagyrdylar. Ol gapydan girende, Nazar aga başyny aşak salyp oturan eken. Onuň garaýagyz ýüzi çaňjarypdyr, az-kem käýinjem iýen bolsa gerek. Orunbasaryň sözi gysga boldy. – Durdy, sen ýaşulyny öýüne eltip gaýt. Gapysyna çenli ugrat. – Aý, özüm... – «Özüň» bolmaz, Nazar aga. Häzir ugraň, galanyny soň gürleşeris. __________ 1 Atmaly, rehim etmeli däl. 2 Rehim etmeli, atmaly däl. Ýaş oglanyň ýanyna goşulanyny her niçik ýokuş bilse-de, Nazar aga boýnuny sallap, Durdy bilen barýardy. Ol arakesmede çaphana gidişine, bir ýerde mazalyja ýelmäpdir. Muňa haýyşçylaryň biriniň içiren bolmagy-da ahmal. Elbetde, özüň meýilli bolmasaň, saňa zorlap arak içirýän adam ýok. «Düzgüni söýýän adam-da» diýip, Durdy içini gepletdi. Nähilem bolsa, ol bu ýagdaýa uzak begenip bilmedi, Ulularyň aýybyny görmek kiçi üçin utanç eken. Nazar aga ýol boýy bir zatlar gürlejek bolýardy-da, ýuwudynyp, hiç zat aýdyp bilmeýärdi. Wazzyk-wuzzuklaryndan gorkýan Durdy onuň häzir asla gürlemezligini isleýärdi. Olar şol dymyp baryşlaryna ahyry Nazar agalara ýetdiler. Ýaşuly ýaşkiçä işikden dolanmaga rugsat bermedi. Durdy içeri girip, bir käse çaý içmeli boldy. – Sen, inim, meniň günämi geç. Iş wagty, işgärleriň gözüniň alnynda, elbetde, men muny etmeli däldim. Ýöne... Ýöne Nazar agaň serhoşdur-a öýtmegin. Ýok, men serhoş däl. Ä, neme... Seniň ýaşyň näçe? – Ýaşuly ähli resmiligini unudyp, öz kiçi kärdeşi bilen «sene» geçip, içgin gürrüňe başlady. – Ýigrimi dört?.. Gördüňmi, men ýigrimi dört ýaşymda gyzyl oduň içinde kapitanlyga ýetişipdim. Gwardiýa kapitany! Häzirki ýaşlar zat başaranok diýsem, käbiri gaty görjegem bolýar. Men sen ýalykam, oduň içinde... Şol dört ýylda ýeke gezegem özümi gaýgyrmadym. Dogry, ilki-ilkiler gorkanam bolsam, soň bekeşdim. Ölüm-ýitim bilenem öwrenişdim. Ä, ölüm bilen. Şol dört ýylda men diňe iki gezek ejizledim. Ilki-hä faşistleriň elinden oda ýanan iki ýüz çaganyň jesedini gördüm. Iki ýüz çaga-how... Iki ýüz!.. Çal kül! Onsoňam Oderiň etegindäki obalaryň birinde bir aýala duşdum. Ol snarýadyň zarbyna ýere ýazylan borly. Bir göwüslek aýal eken. Torsuk ýaly çagajygy bolsa onuň göwsüni sokjaýardy, emjek bolýardy, süýt tapman aglaýardy, ýene emmesine ýapyşýardy. Neressejik ýaşajak bolup dyrjaşýardy... Meniň bolsa, inim, ömrümde perzende ýüzüm düşmedi. Ýaşulynyň bogazyna dolan düwün onuň gözlerinden paýrap indi. – Nazar aga, ejizlemäň... Aljyran Durdy näderini bilmedi. Adamsyna belet aýaly bolsa oňa göwünlik bermäge derek, azymly daraşdy. – Goý, Nazar, aýyp bolar. Ýigit ýeten ogluň barka, sen hemişe nadyl bolýaň. Içerä sowuk ümsümlik aralaşdy. Ýoňsuz wagt ötdi. Kimdir biri daşardan geldi. Açyk ýakasyndan döşleriniň tüýi çogup duran, degenek, ala gözli çöpürlek ýigit Durda tanyş göründi. Onýança Nazar aga: – Ä, biziň oglumyz Ally, tanyş boluň!.. – diýip, ümsümligi pozdy. Onuň Ally bilen gürleşişinde işdäki kesginligi, buýrujy äheňi ýokdy. Sesi mylaýymdy, ejizdi, nähilem bolsa, perzent-dä. Ally äpet penjesi bilen Durdynyň uzadan elini göwünli-göwünsiz gysyp, çalaja samyrdady-da, saçagyň üstündäki çäýnek-käselere seredişdirip, içki jaýa geçip gitdi. Birsalymdan agyr ýük üstüne çöken diwanyň ýiti jygyldysy eşidildi. Ahyr Durdy ony piwohanada görenini ýadyna düşürdi. Onuň haýsydyr bir uly edarada işleýän, geçen uruşda köp orden-medallara mynasyp bolan hormatly agasyna buýsanyp, güpläp oturyşyny görende, bu ýigidi barjamlyrak ýeriň läligidir öýdüpdi. Nazar aga birsellem ýuwudynyp oturdy-da, ýuwaşjadan öňki aýdanyny gaýtalady. – Şu biziň oglumyz. Senden birki ýaş ulurak bolmagam ahmal. Şol uly otagam şonuňky. Ýumruk ýalylygyndan biziň elimizde. Öz inilerimizden. Neresse ýetim galypdyr-da, men gullukdan gelemsoň, ýanymyza aldyk. Bu-da bir perzendimiz ekeni-dä, çagamyz bolsa, olaryň agasy bolar diýdik. Ýöne aga-da özi boldy, inem. Bary-ýogumyz şonuňky. Indi bir öýli-işikli bolanyny görüp, bizem sallançak ýüpüni çeksek... – Çekersiňiz enşalla. – Saňa barha synym oturýa, Durdym. Sen meniň berýän maslahatlarymy ýokuş görmegin, Durdym. Ä, ýaşlara abyr-zabyram gerekdir. Saňa gatyrak daraşýan bolsam, ony iş öwrenmegiň üçin şeýdýändirin. Şoňa dogry düşüngin. Ýa meňki nahakmy? – Hak, Nazar aga. – Nazar agaň seni nahak kötekleýän däldir. Işiň kiçisi-ulusy bolmaz. Gep işi nähili başarýanyňda. Ä, men seni terbiýelärin, gowy işgär edip ýetişdirerin. Men seni öz ýanym bilen, ä, gaty bir wajyp edara-da alyp barmakçy. Saňa adamlar bilen nähili gürleşmelidigini öwretjek. Durdy olardan gaýdanda, aýagy ýeňil gopýardy. Ara-ini bolşup, ikiçäk oturyp çaýlaşansoňlar, Nazar aga babatda jany aram tapan Durdy onuň stolunyň üstünde duran gazetleri aldy. Täze gazetler öz derejeleri boýunça, üst-üstüne eplengije durdy. Gazetleri hezil edip dörüp otyrka, Nazar aga üstüni basdyran Durdy onuň ýüzündäki sowuklygy görüp sypaýyçylyk etdi. – Gazetleriňiz-ä alandyryn, Nazar aga. – Soraşmanmy? – Hawa. – Gaty gelşiksiz. Gazetleri ýygnap ugran Durdydan ýüzüni sowan Nazar aga birneme mylaýymlandy. – Görüşdir, onsoň goýaý alan ýerinde. Arakesmede Täç atly gelin çäýnek-käseleri çaýkaşdyryp geldi, Nazar aga gaýnap başlan çäýnege ýönelen Täjiň öňüni gabsady. – Duruň, howlukmaň. Çig suwdur, gowuja gaýnasyn. Ä, çäýnek-käselerem gaýnaga çaýkamak gerek, soňra çaýdan laýyň ysy gelmez ýaly. – Ol gözüniň gytagyny Durda öwürdi-de, Täjiň elinden çäýnegi aldy. – Bi ýigitler barka, siz ýaly gelinleri işletmeli däl welin... – Aý, bu zamananyň ýaşlary daşa daňlan ýalydyr. Ýene garrylar gaýratly. Nazar aga ýaş gelniň öwgüsine göterilmedi. Gaýta onuň eden işinden kem tapdy. – Bagyşlaň, muny bar ýuwup bilşiňiz şumy? – Eýsem ondan beter nähili ýuwjak? – Ä, soda bilen ýuwaýmaly ekeniňiz. – Men indi şunuň üçin öýden soda getireýinmi? – Ynha, aýtsasyz biz tapyp berjek ahyryn. Ol çekerinden nahar sodasyny çykardy. Ol dagy näme? Gerek bolsa ol stoluň üstünede ak saplyja pyçak, dürtgüç, ownuk duz, gara burç, gaty gidiberse naşyja bulguram çykaryp goýawersin. Sebäbi «Nazar aga» boljak bolsaň, o zatlaryň bolmaly, ýogsa ýönekeý tehredaktor bolýaň. Hatda bir gezek ol trolleýbusyň gyslyşygynda köýneginiň iligini üzdürip gelen işgärimize öz çekerinden iňňe bilen sapagam çykaryp beripdi. Onuň başarjaňlygyna Durdy bireýýämden bäri telpek goýýardy. Öýlän olar şol wajyp edara wajyp meseläni çözmäge gitdiler. – Sizde, bagyşlaň welin, erudisiýa ýok – diýip, ol ýol boýy Durdyny igeläp bardy. – Adamlar bilen takyk, resmi, düşnükli gürleşmegi başaraňok. Ä, esasanam, sizde aýal maşgalalara erudisiýa pes. Düşünýäňizmi meniň aýdýanlaryma? Düşünýän bolsaňyz, medeniýetliräk bolmak gerek. Ä, Uniwersiteti gutardym diýdiňiz dälmi? Ä, şony unutmaň. Ol wajyp edara Ýazyjylar soýuzy bolup çykdy. Bulary soýuzyň metbugat işleri boýunça konsultanty, ýaňy özüňi tanadyp ugran prozaçy, orta ýaşlaryndaky bir zenan kabul etdi, Saglyk soraşylandan soň, esasy iş gürrüňini Nazar aganyň öwredişi ýaly, Durdy alyp barmalydy hem şeýdip ulular bilen gepleşmegi öwrenmelidi. Nazar aga çalarak ümläp goýberensoň, Durdy esasy gürrüňe geçdi. Ol müň gezek içinde öwrüp gaýtalan ilkinji sözlemini aýtdy. – Biziň siz bilen organymyz bir... – Wiý, wiý – diýip, konsultant aýal Durda bir zat diýjek boldy-da, Nazar aganyň ýüzüne seredip ýylgyrdy. – Näme diýjek bolduňyz? – Organymyz bir diýýän... – Gaty beýle däldir-le?.. Eýýäm dili kentlewügine ýelmeşip, sesi gyryljaşyp ugran Durdynyň halys özüňi ýitiräýmeginden howatyr eden Nazar aga gürrüňi öz üstüne aldy. – Ä, neme bagyşlaň. Elbetde, organ siziňki, biz häki bir siziň tehniki işgäriňiz. Siziň ýanyňyza-da elbetde, tehniki mesele bilen geldik. Häzir abuna ýazylyşyk döwri, siz azda-kände ýardam berseňiz, žurnalyň tiražynyň artmagyna oňaýly täsir ederdi. Biz, ine, redaksiýanyň tabşyrygy boýunça şo mesele bilen gelipdik... Yza gaýdyşyn Nazar aga özüniň nähili dilewarlygyny dem Durdynyň entek hiç zat başarmaýandygyny hälki ýagdaýdan çen tutup, berk tankytlady. Onda şeýle mümkinçilik bolany üçin, her kim bilen gepleşip bilýäni üçin, şeýle wajyp ýere-de ony iberýän ekenler. Onuň ylgaýany bolsa hakdy. Ylmy işlerini sahaplatjak bolýan aspirantlara, işe ýerleşip bilmän ýörenlere, öz inileriniň ýaramaýan çagasy zerarly galan gelinleriniň býulletenlerini düzetmäge-de ony ylgadýardylar. Eýýäm ellini arka atan adamy bu hysyrdylar ýadadaýjak ýalydy. Emma ol ýadanokdy. Onuň şol ylgap ýörşüne ýadamaga eli ýetenokdy. Adamda şeýle, berk, dogabitdi gaýratyň bolup bilşine Durdy haýran galýardy. Çaýyň gowy gaýnanyna, korrekturanyň ýalňyşlarynyň takyk düzedilişine berk gözegçilik etmekden başlap, haýsydyr bir öýlenjek bolýan inileriniň maşgala meselesine çenli ol gara çyny bilen goşulýardy. Ýöne onuň hemişe bar işe ýetişip bilmeýänine, käte öz işi üçin, ile ýüz tutýanyna-da Durdy göz ýetirdi. – Sen bir işde maňa kömek berip bilmezmiň, Durdym? – Elimden gelse ýaltanman, Nazar aga. – Bolýar, häzir meniň bilen öýe gidersiň. Ýaşulynyň başyny aşak salyp, ýolboýy dymyp barşynda aýratyn many bardyr öýdüp, Durdy hyýalyna-da getirenokdy. Olar baranda, Ally saçak başynda keserip ýatan eken. Ol nirededir, bir ýerde aýagyny döwdüripdir. Şikes mojugrak bolarly, Nazar aga indi onuň üçin esli wagt bäri ylgap ýören eken. Ally diwara göz aýlady. – Ýaşuly, bu haty görýäňmi? Maşyn aljak bolsaň, puluňy jemle diýipdirler. Şu nobaty syrdyrmaly. Tizräk jemle puluňy. Ýogsa bu döwük aýak bilen hiç ýere aşyp bolanok. – Ä, pulmy?! Men-ä şo zady ýygnap ýören däldirin, Allym. Maşyna ýeterlig-ä ýokmuka diýýän. Seniň toýuňa niýetläp ýygnanjamyz bolaýmasa... – Aý, ýaşuly, heleý tapylar. Nobaty köýdürmän, , maşyn alaly, maşyn! – Alaý diýýän-ä baryny. – «Baryny» däl, ýedini tap. Bolmasa, ol içigar galmyşlary sat. Ally diwara göz aýlady. – Ä, nämäni? Şu halylarymy? – Hawa, halylary. Indi haly moda däl, maşyn moda, pul moda. Entegem geçýärkä, öwür pula. Esgä guwanmazlar, ýaşuly. – Ä, aýdýanyň näme? Olar ejemizden galan ýadygärlik ahyryn. Heý, öz guwanjyňam satyp bolarmy? – Aý, goýsana, ýaşuly. Guwanç diýdiň, ýadygärlik, diýdiň... Dur-da, anha diwary tutup, heý haýyr barmy? Nazar aga halylara bakyp dymdy. Gülälek ýaly lowurdap duran halylara bu öýe gelen her myhman höwes bilen syn edip, bir hoş söz aýdyp gidýärdi. Bir gezek tanymal şahyrlaryň biri olary poeziýa deňäpdi, beýle nepis zady aýak astyna atmak külli günädir diýipdi. Halylar, elbetde, aýawly saklanýardy. Alla halylaryň taryhyny gürrüň bermek gerek däldi, ol ony öň ençeme gezek eşidipdi. Ýöne bir şahyryň bulary poeziýa deňänini aýtsa, nähili bolarka? Muny oňa nädip düşündirjek? Allam öz pikirini ýaşula düşündirmegiň ebeteýini gözleýän bolsa gerek. Ahyry ýaşkiçiniň sabyr käsesi kiçi geldi. – Bä, kyn gördüň-ow, ýaşuly... Maşynly gürrüňi goýaly, Allym. Oňa gurp ýok.. Häzir seni inwalidlige çykaryp, zähmet möhletiň ýörär ýaly edeli. Onsoň ýagdaýyna görä işe ýerleşseň... – Düzet – düzedýän bolsaň. Ýöne meniň pul diýenimi oýlan. Gaty bolmasa, maňa birazajyk karz beräý. Häzirlikçe bir piwo içerlik taşla. Menem saňa elgarama bolup ýaşaman. – Beýle gürrüň ýagşy däl, Allym. Onsoňam içseň aýagyňa zyýany deger. Göreňokmy, şol bitmän gidişi. – Ony özüm gowy bilýän, ýene bir onluk eçil. – Bir zat diýilse, ýamanlyga aýdylýan ýaly... – Gysganjak bolýaňmy? – Ýok, men heniz adamdan zadymy gysganan däldirin, senden-ä asyl gysganman. Nazar aganyň Durdyny şunça wagtlap garaşdyryp, munça gürrüňe şaýat edip, ahyrynda tabşyrany Allynyň zähmet depderçesi boldy. Onuň nusgasyny göçürmelidi. – Ertire çenli nädersiň, Durdym? – Aý, göçürerin-le, – Gaýrat et. Adam diňe hyzmaty bilen adamdyr. Ertesi Nazar aganyň berekellasyny almak Durda başartmady. Ol iki günläp göçürdi. Ondan-oňa iş çalşan Allynyň zähmet depderçesini göçürip otyrka: «Bäý, şäherde beýle edaralaram bolýan eken-ow, entegem muny Nazar aga tapaýýar» diýip, ol ençe gezek geň galmaly bolupdy. Bulaşyk ýazylan dürli poçerkleri harpma-harp göçürmek onuň halys ýüregine düşüpdi. Käte gaharlanyp: «Näme üçin men göçürmeli? Onuň öz eli ýokmy? Gözi görenokmy?». diýip, öz-özüne sorag berýärdi. «ýok, men onuň üçin edemok-da, Nazar aganyň haýyşyny bitirýän» diýip, ýene öz-özüni köşeşdirýärdi. Şol ýaşuly göz öňüne gelende, ony erksiz tabynlyk gurşap alýardy. Ol şol ýaşulynyň öňünde her bir hyzmaty etmäge tabyn ýalydy. Ýaşuly özüni sowukganly alyp barsa-da, Ally babatda ynjalyksyzlanýanyny Durdy aňýardy. Ýaşuly «Kazbegini» işdämen sorup oturyşyna gözlerini tegeläp, bir zatlaryň pikirini edýärdi. Onuň nazarynda çuňňur ökünç bardy. Indi yza gaýtaryp bolmajak hatanyň yzasyna ezýet baryny çekýänini balkyldaýan gözleri aýdyp durdy. Ol Durdynam öňküsi ýaly göz astyna alyp, «terbiýeläp» baranokdy. Zähmet depderçesi göçürilip gutaransoň, Nazar aga ony haýal etmän notariusda möhürletdi. Ol Allynyň işlerini mümkin boldugyça tiz düzetjek bolup çalyşýardy. «O bihepbe soňky wagtlarda gaty köp içýär. Ýanyna özi ýaly işsiz birki sany näkesem goşulypdyr. Ony işsizlik azdyrjak. Öýli-işikli edip, il hataryna goşup bolarmyka diýýän welin, hiç ugruna däl» diýip, bir gezek Nazar aga işgärleriň arasynda içini dökdi. Öň iki günde zordan ýetişdirilýän maket şol gezek ýarym günde gutarypdy. «Aýal oba gidip, öýde özüm bolamsoň, gel şundan dynaýyn diýdim-de gijesi bilen işledim» diýip, ertesi Nazar aga gürrüň berdi. Ýaşulynyň başarjaňlygyny hemişe ilden öň ýaňzydýan jogapkär sekretar: – Nazar aga iş buýursaň, öküze buýran ýalydyr bir topuldygy alar – diýip, göwün göteriji söz aýtdy. Nazar aga beýle öwgülere ersip barmasa-da, «Kazbegini» işdämen sorup, hoş sözi ajy tüsse bilen demine dartýardy. Käte-de çilimiň külüni bahanalap üst-başyny kakyşdyryp, galstugyny dogurlap, döşündäki «Şöhrat» ordenini güjeňleýän ýaly, gaýşarylybrak oturýardy. Gözigidijilik bilenmi ýa guwançdanmy – özünden gözüni aýyrman oturan ýaş ýigide Nazar aga üns bermän durup bilmedi. – Muny özümi görkezmek üçin-ä dakynamok, Durdym. – Siz mynasyp ahyryn, Nazar aga. – Gep onda däl. Ä, adam salyhatlyrak bolmaly. Ähli şan-şöhratyňy döşüňden asyp ýörmek gelşiksizräk. Dogrusy, bulary siziň üçin dakynýas... Bu ordeniň özboluşly taryhy, üýtgeşijek gürrüňi bardy. III derejeli Şöhrat ordeni onuň hyzmatynyň iň uly sylagydy. Ol muňa söweşe giräýen uçurynda mynasyp bolupdyr. Ol bir gezek razwedka gidipdir. Ol şonda özüne iki esse gelýän bir daýaw frisi ele salypdyr. «Şeýle-şeýle diýlip, buýruk berildi. Gitdik. Gorky ýok. Watan hyzmatyny bitirmeli? Bitirdik». Ine, bar söweşiň, aldym-berdimli pajygaly pursatyň taryhy şeýledi. Öýlän Nazar aga öýüne gaýtmaga rugsat sorady. – Öýde aýal ýok, irräk baryp, iýer-içer taýýarlamaly. Ally-da maňa garaşyp oturandyr. Işden gijä galma häsiýetine gelişmese-de, ol günüň ertesi günorta bolanda-da Nazar aga gara bermedi. Ynjalmadyk işgärler ahyry Durdyny onuň yzyndan iberdiler. – Görüp gel, içip ýatyrmy ýa?.. Olara baranda, Durdyny garaşylmadyk aýylganç habar garşy aldy. Ally başlyklaýyn birki sany näkes jaýdaky halylary sypyryp durka, Nazar aga üstlerine gelipdir. Aljyran ogrular ýaşulyny pyçaklapdyrlar. Durdy şol ýerden keselhana ugrady. Ol näçe urunsa-da, ak ýektaýly hekimler ony wagty bileň näsagyň ýanyna goýbermediler. Ahyry içerden biri çykdy-da: – Sen Durdymy? – diýip sorady. Durdy baş atansoň, wraç ony yzyna tirkäp alyp gitdi. Ýaşulynyň haly teňdi. Antrasit ýaly ýaldyraýan gara meňzinden zat galmandyr. Ýüzi solgundy, akdy. Ol agyr gabaklaryny galdyrdy. Öçügsi nazar Durdynyň gözleri bilen kaklyşdy. Ol nähilidir bir tabşyryk berjek ýaly boldy, ýene gözünden başga ýerde hereket bolmady. Birhaýukdan şol öçügsi nazary hem agyr gabaklar örtdi. Krowatyň buz ýaly demrine ýapyşyp yza dolanan Durdy haýsy gapyny açsa, kesellileriň palatasy boldy durdy. Ony ahyry kimdir biri tutaklap, daşara çykaryp goýberdi. Ol ýaşuly kärdeşinden ýene bir sapak aldy. Şeýle ajaýyp adamyň ölüp, onuň ýerine nähili näkesiň ýaşap galjagy hakdaky ajy hakykat ony tekiz ýerde büdretdi. Нudaýberdi НALLYÝEW. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |