22:19 Kaseta / hekaýa | |
KASETA
Hekaýalar
Bu Pylany. 1-nji gün. Kreýteriň ýanyna bardy. – Bir dyrnak greçka tapylmasa men ölýän. Eý, Hudaý-eý... 2-nji gün. Zenan Kreýteri görjek boldy. Gapy ýapyldy. Garaňkylyk. Soň günlerde bir gün bu ýene-de Zenan Kreýteriň ýanyna bardy. Hantamaçylyk gursun. Adam ogluna üns gerek, mähir gerek, edil howa we suw ýaly. Kreýteriň ýanyna hem barjakdy, emma tapmady. (Neresse greçkadan aşa düşen bolmaly-da ýa-da tersine) Zenan Kreýter: – Kebelek aglaýa. Sen bir ýürege düşmesene. Iki ýaşapsyň, indi sen uly adam-a. Kreýteriň Zenan Kreýteriniň ýanyna bardy. Kowdy. Gorkdy. Gaçdy. Dälimi nämemi.. Goňşularynyň ýanyna bardy. Öň bal ýalaýan ýaly ýalaýan goňşular hem edil Zenan Kreýter ýaly, indi Kebelegi ýalaýadylar. Pikir etdi: Bäh, diýmek, Kebelek has gowy. Men bolsa, biderek, pis, kirli, raz už olar meni ýalanok. Düşnükli. Daýzasynyň, daýysynyň ýanyna bardy: – Daýy, daýza, meň enaýyja jigim bar. Ol men ýalak däl. Ol gowja. Men bolsa dereksiz. Daýzaň, daýyň nazaryndan şol bir zady okady: Çyndanam, niçtožestwo. Bir gün daýza tamdyrda çörek bişirip dur eken. Wasiliý onuň oglunyň lakamy. Bu hem bedeberrew çagalaryň toparyndan. Pylany ýaňky Wasiliý bilen hajathana girýär. – Wasiliý, bu zat näme? – Jürnük. – Men jürnük diňe çäýneklerde bolýandyr öýdýärdim. – Adamlarda-da bar. – Özüň dakdyňmaý? – Ýok, özi bar. – A näm üçin mende ýok? – Sebäbi sen gyzjagaz. – Kakaňda hem barmy? Daýzasy gygyrýar: – Kakasynyň jürnügi bilen näm işiň bar?! Zenan Kreýteriň Zenan Kreýteriniň ýanyna bardy. – Bir biderek çaga sen, tokga etjik diýsä. Zenan Kreýteriň Kreýteriniň ýanyna barmaga gorkdy. Sebäp hemmeler gorkýar. Baranoklar ýanyna. Daşyndan synlady. Hemme ýerini, hemme hereketini, hemme zadyny... Pikir etdi: Düşnükli, ejemiň Kreýteri umnyý adamlary halaýar. Niçtožnyý urod bolsaňam, umnyý bolup bolar. Ýaňky ejesiniň Kreýterleri gepleşende eşitdi: “Samsyk şunsy. Beýleki doganlary allanäme”. Ahyr bir gün ýürek edip, ejesiniň Kreýteriniň ýanyna bardy. Ol akyl soraglaryndan ýagdyryp ugrady. “Synagdan” üstünlikli geçdi. Pikir etdi: Ýa že skazala, urod bolsaňam, um urody bolman boljak ekeni. Nakonesto, bir çykalga, gaçybatalga! Staratsa byt umnym. Umnyý adamlar näme edýädi.. Ejemiň Kreýterine görä, kitap okaýardy. Posmotrim, olar meni kowýarmy ýa ýok... Afinanyň huzuryna bardy. Kowmady. Kenizlerine ugrukdyrmagy buýurdy. Kitaphana bardy. Kowulmady. Begendi. Ýapyşdy. Goýbermedi. Ýeke galmazlyk üçin bir ýoldaş. Nämedir bir närse muňa üns we mähir berdi. AHYRY! Sygynara bir zat, daýanara diwar/sütün, tutara tutawaç, ýapyşara ýapyşalga... Gark bolup barýan adamyň iň soňky demde tutara bir ýüp tapyşy ýaly... Söz owadanlasaň owadanlap oturybermeli, ýöne, gynansak-da, ählisi hem bärden gaýdýar. Günler geçdi. Apollonyň gapysyny kakdy. Kowmady. Tersine, garbap aldy. Hiç kimiň görkezmedik mähremligini görkezdi. Aglanda gözýaşyny süpürdi. Emma... uzaga çekmedi. Apollon ýitip gitdi. Barybir sazyň, galyberse-de, mähriň-söýgiň bir ülüşjigini goýup gitdi. Kasetada esasy orunlaryň birini eýeledi oturdy. Pikassonyň ýanyna bardy. Bu hem edil Apollon ýaly. Ýöne, wagty bilen ýitmedi, emma o diýen saklanyp hem durmady. Da Winçä, Wan Goga, Salwadora hem ýüz tutdy. Kabul etdiler welin... Käte bir gelip gidýän gyrandegenlere öwrülip galdylar. Pifagoryň ýanyna bardy. Kabul etdi, emma wagtlaýyn. Soň-a bu hem kowdy muny. Bulam aldy-da, hötjetligini edip, mundan öň keşdi çekmeýän närsesi – et dadyp başlady. “Full mahawlar. Eýse, žiwotna geçýän duşaňyz rasteniýa geçmiýem-ä. Rasteniýe nä janly beden dälmi... “Bir-biriňizi gemirýäňiz” diýen bolup, asyl özüňiz şol. Munam iýmeli däl ekeniňiz-dä. Beýtseler aç ölerdiler. Olam-a şol. Bolduňyz meň bäşşime trowoýadnyý bleýd. Gurbakga iýip oturan ýaly boldumla. Aýyrsana artyby...” Eýnşteýniň ýanyna bardy. Kowmasyna kowmady welin, görgüli hernäçe janygsa-da, Pylany hiç zada düşünmedi we özi ony terk etdi. Dogrusy, Eýnşteýn muny saklap hem durmady. Kerim agadan hem kowuldy. Darwiniň ýanyna bardy. – Osman aga siz “galýusinasiýa görýäňiz” diýdi. Şol çynmyka? Darwiniň gapdalynda oturan orangutan çypar tüýli uzyn gollary bilen aýlap bir berdi gulakçekgesine. Soňundanam gülgüne dodaklaryny çöwrüp, barmagy bilen agzynyň iki gyrasyny gulagyna ýetirip, dilini çykardy we üstünden güldi. Mendeleýew hem uzak saklamady. Sebäbi, agaranly baklažkany çaýkap, himiki partlama diýen bolup, gapagyny açdy. Gerodot hem sabyrlylyk görkezjek boldy welin, uzaga gitmedi: – Ýit, gözüme görünme. Daňdanakanyň ýyly bilen Muhammet şanyň ada gaçyp gitmeginden başga zady beýnisine ornaşdyryp bilmeýän gögeläniň biziň huzurymyzda işi ýok. Afinadan ötünç soraryn. Ötünç soramak geregem bolmaz. (Truslygy ýalanmaý...) Magtymgulynyň ýanyna bardy. – Biraz huşuň pes diýmeseň, erbet nesil däl ýaly. Azajyk synlarys. – Atam diýýän-ä, şü Benijanyňyza bijinmişdik diýdiler welin, şol Darwiniň ýaňky çypar bijini-ýä dädir-dä. Arangutanmy näm, ýa daýnazony bijinzor diýip aladyňyzmykaýym or bir bulaşyklyk gidadymykan... – Göteril-eýt, köpeýogly. Daýyňam gursun, daýyň çypar arapgutabam, daýzaňam, ysnat diýsä. – Bor atam, ýöne ol Darwin we dinozawr, bagyşlaň welin. – Daryňam, din zarbaňam al-da, gelen ýoluň bilen yzyňa! (Ýene soraglarym bardy-da. Bilemok-da hiç zady. Darwin bilen deň gelýä-dä. Ikisem öň bijine meňzeş mahluklaň bolandygyny aýdýa, Gerodot dagam. Awstrolopitekler, neandertalesler zatlarmyka ýa başgamykan... Şulaň barsyny bir ýere jemläp gyrlyşdyraýsaň-da... Neýse...) Luka Paçoli bilen hem wagtlaýyn dostluk gurdy, özi-de ýakyn dostluk welin... Mundan gitdi. Öňünden Komenskiý çykdy. – Meň pedagogikamy adamlaryň kellä geýendigine garamazdan, men seni kabul edeýin welin, bir gyrarakda goşmaça kömekçi edip alaýmasam, senden nämedir bir zat çykar öýdemok men-ä. Ýöne adam azlyk edýäni üçin... Islendik wagt kürsini ilkinji boşatmaly sen borsuň, has gowuraklar geler. Bu ýerde bu Wundta sataşdy. Ol hem kowmady muny. Asyl olar hiç bir adamyny hem kowanok. Iň bolman öwrenmek, eksperiment üçin-ä gerek. Şeýdip, tapanja-tupanjalary bilen oňşuberdi, ýaşaberdi. Adam diýeniň käte binamysrak, ýüzigalyňrak bolýa. Işigaýdan Gerodot we Magtymguly kowany üçin elini gowşuryp oturmady, başgalaryň hem ýanyna sowlup gördi. Meselem, Şekspiriň ýanyna bardy. – Ýa bol ýa-da bolma. Orta-miýana biri maňa derkar däl. Karl Marksyň ýanyna bardy. – Seniň sypatyň aýdyp dur, dünýä belli ýaltaşynaslygyňy. Şoň üçribem pikirinem etme. Leniniň ýanyna bardy. – Bize bulag ýalak nalajedeýinleg gegek däl. Nygden çykdyň sen. BAÝ güm bol. Gitleriň ýanyna bardy. – Býaghty ýahtaýn, tohymzhak. Sheýni kohslaýhgere armaýtur daşaýançy edibem almazdym. Esgerlere ýolmaladaýmasam, bir ok bilen pylança kub mm gaýzy hem rowa göremok sehýn ýalaklara. Aristoteliň ýanyna bardy. Az-owlak saklansa-da, ahyry bu ýaşuly hem çydam edip bilmedi. – Mysalaň gursun. Filosofiýa saňa psih ýa dälilik däl, pekge. Paýhasa söýgi ol. Paýhas bilen ruh ýa akyl keseliniň tapawudyny bilmeýän adam, edil süýt bilen läbigi tapawutlandyryp bilmeýän aňsyz mahluk bilen deňdir. Sen gowusy psihiatryň ýanyna git. Psihiatryň ýanyna bardy. Aristotel ugratdy – diýdi. Psihiatr: – Düşnükli. Diýmek, siz özüňizi iň akylly ynsan hasap edýäňiz-dä? Muny beýle hasaplamaklyga nähili delilleriňiz bar? – Men özümi akylly hasaplamok how. Akyllydyryn öýtsem, nä körüm bu ýerde. Gaýtama, men siziň ýanyňyza bir meselejik bilen geldim, ministr. – Men ministr däl, men psihiatr. Aýt, hany, näme meseläň bar? – Şübhäm bar. – Nämä? – Dälimikäm diýýän. ... A siz nähili pikir edýäňiz, ministr? – Birhiliräk özüňä. Ýöne birinjiden-ä, bu ýere “men däli” diýip gelenoklar, ikinjidenem, Aristotel sindromdakylary hassa diýip kabul edemzok. Şoň üçinem ýalňyş gapy. – Bir manysyz ylym eken-eý. Men akylly we sag bolsam, nu özümi şeýle hasaplasam, znaçit özümi şeýle-de alyp bararyn. Onsoň meň psihiatrda nä körüm? Garaz biziň eserjigimiziň bu gezekki gahrymanyny hiç kim kabul etmedi. Ahyrsoňy ol eline ýüp aldy-da, soňky çykalga ýapyşdy. Ahyrky demde ýüp üzüldi. Bolmady. Pyçak aldy, wenasyny kesdi. Gözi garaňkyrady. Gözüni açdy. Hassahanada. – Meni ýene kabul etmediler... waý ujus, hiý şeýle-de niçtožestwo bor oguşýa. Men iňbärkisi ölüme-de gerek däl. Aýdyň-eý, haýsyň halas etdiň meni, biderekler? – Gapyny gurmasyna gurupsyň, han gyz weli, arman içinden açary aýraýypsyň-da. Daşyndan gelip açdyk. Görsek, kaput bolmaň öňüsyra. 9-dan aşak zyňdy özüni... – Blää... Nirden çykdyň-aý sen, ýoprst?! Bedäň başyňa ýumrulmyş, hepbesiz pituh. Ýöriteleseňem tapylmazdyň, şäheriň orruk-ortasynda. Dermanly guty pylança sagatdan soň oýardy. Wagtlaýyn tükgertdi. Ukusmy? Içjek däl ony. Gorkýan ondan. Ysy ýüregimi bulaýar. Birden gaýtararynmy nämemi... Anna DARAKDIŞ. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||