01:30 Miwe / hekaýa | |
MIWE
Hekaýalar
Iň bagty gelen adamlar terbiýesi jüpüne düşen adamlardyr. “Halallyk kyssalary” 2019-njy ýyl... Salawmaleýkim! Meniň adym Abyr. Tanyşlarym maňa Ebbi diýýäler. Mamym haýsy kellesi bilen maňa bu ady dakanyny onuň özem doly bilip barmaýan bolara çemeli. Muň maňa-ha tapawudy ýok. Eger araňyzda birini ynjalyksyzlandyrýan bolsa, gidiň-de gugyllaýyň. Birgiden manysy çykyp, gözüňiz çaşarsa, menden däldir ýesli çe... Men o-on iki ýary:m ýaşy:mda. O diýen bir krutoý çuwak bolmasam-da, gyzlaryň ünsi mende. Töweregim märekeden hyň beren wagtlary köp. Diýmäýin diýsem, na(guk) mne nužny oni. Harizmam güýşşül passandyryn-da. Görşüňiz ýaly, “ors balagy ters” diýilýänlerden, ýagny men mitis öýdýän. Papam ors, mamam türkmenmi... ýa mamam ors, papam türkmenmidi-kä... Umuman, et tož ne wažno, düşnüklidär-äý, karoç. Ýarym-ýalpak pallyň-sulluňyma bakmaň, iki dili hem bilmän duramok. Prost ponimaýete, mekdep we ş.m.ler garyşýar-da, şeýleräk bir zatlar çykýar-da. Galyberse-de, mam-papym hem şeýle gepleýäler. Çaga wagtymam, şu wagt hem mam-pap sagbolsunlar, men näme diýsem şol. Çala ýüzümi sallaýsam dagyn, ber onsoň habary. Hiç bir zadymy kem etmeg-ä däl, gereginden artyk berjek bolýardylar. Kiçiräk wagtlarym bir gezek, mekdepden öýe gelenimde, ýüzümiň salykdygyny gören mamym ýüregi ýarylyp: – Synoçek, angeloçek moý. Şto stoboý, moý milyý? – diýdi. (Ýadyma düşdi, ejem türkmen eken). Bolşumdan bäş beter dodagymy çömmerdip: – Mam, ne hoçu w şkolu – diýdim. – Wiý, näme boldy? Aýt hany mamaňa. Kim göwnüňe degdi? Ertir baryp milisgeleşip gaýdaýyn. Kimmişin meň çagama deger ýaly olar. – Aý, mam... Uçitelnisa postawila mne troýku... – Bildimem-le. Ertir bir göreýin şol uçitelnisaňy. Kimmişin ol meň balajygma 3-lik goýar ýaly. Nu i dalşe, sami znaýete. Edil 3-lik üçin milisiýa eltmedi. Meň mamym beýtjek ženşina däl. Ýöne, spasibo mamoçku, hemişe arkamda durýar. Ol gezegem mugallymymyň merkini beripdi. Kim? Papammy? Aý, papam, on eto, mamam näme diýse şol. Meň sözüm mamym üçin kanun, mamamyň sözi papym üçin, nu i ikisi üçinem meň sözüm... Kanikula çykdyk. Çykmanymyzda hem ne tak už i skuçno. Nu maňa wserawno. Mekdepde kösençlik, gep çekýän diýsem ýalançy. Okuwam islesem okaýan, islemesem okamok. Şonda-da beýlebir tupoýam däl men. Kanikulda hem lager diýdi, morýa diýdi, w opşem boljak. Eeh, çalt gutardy kanikul. Ýene-de mekdep, uçitelnisy, odnoklasniki... bla-bla... Günler geçip dur. Bir günem şeýle ýagdaý boldy. Himiýa sapagydy. Mugallymymyz Çemen mugallym. Oçen krasiwaýa ona ženşina, daže i bez kosmetiki. Ýaşy meň mamym bilen deň, možet ondan ulurakdyram, toç neznaýu. Ýöne ýaş görünýär. Gowy görýädim ol mugallymy. Näme üçindir şol gün ol maňa erbet edip käýedi: – Alekseýew, bolýamy şu bolşuň? Sapakda oturmany bileňokmy? Hälden bäri gepläp-gepläp, agzyň durmady-la seniň. Ýuwaşrak bolaý. – Siz maňa oturmany däl-de, Himiýany öwrediň. – Eýse, sen şu bolşuň bilen Himiýany nädip öwrenjek, nädip diňlejek sapagy?! Mugallym bilen gepleşmäniň usulyny bileňog-a sen. – A siz öwrediň-dä. Mugallym ahyry siz – diýip, arkan gaýşyp oturdym. Muňa mugallymyň beter gahary geldi: – Soňky wagtlar bolşuň düýbünden üýtgedi. Samsykmy sen? Oturşyňy düzet! Utançsyz, uly adama dil gaýtarmany öwrendiňmi sen?! Şundan soň mugallyma hiç zat diýmedim. Köpçülikde maňa şeýle sözler aýdanyna gaharym geldi, ol meni kemsitdi, wed ona byla moýeý lýubimoý uçitelnisoý. Wse taki men köşeşdim hem beýle-de bir öýkelemändim. Öýe gaýdyşyn birgiden passanlar bilen konflikt boldy we draka. Elbetde sinýaki u menýa tože byli, ýüzümem ýene salyk. Urşup, urşup ýadaw özümem. Mamym öýde panika turuzdy. Göni hem mugallymlardan gördi. Mugallymlaryň meň gözüme ýumruklap urmajagyna ýaşy bir çene barsa-da, akly çatmady ili prosto ona tak hotela, bilmedim. Köçede uruşdyk hem diýdim bolmasa welin... Barybir men oňa Himiýa sapagynda bolan zatlary hem gürrüň berdim. (Kstati ona ýurist) Ertesi mamym ýanyna bir-iki sany işgärini alyp mekdebe arz etmäge geldi. Meni uran ýa meniň uran çagalarmyň üstünden däl elbetde, sebäbi olaryňam ene-atalary şolara meňzeşräk ýerlerdedi. Direktoryň ýanyna bardy we: – Men Alekseýewiň ejesi. Düýn Himiýa mugallymyňyz meň çagama käýäpdir. Klasdaşlarynyň ýanynda gygyrypdyr. Men ojagaz mugallymy näme etmelidigini gaty gowy bilerin. – Duruň, duruň. O nähili beýle? Gygyrypdyr, käýäpdir? – Hawa, edil özi. Onuň haky barmy näme kimdir biriniň çagasyna käýemäge. Çagamyň hukugyny talap edýän. Nu, w obşem, mamym hemişe bolşy ýaly, bu gezek hem praw çykdy. Ýöne men mugallymymy gowy görýänligim sebäpli oňa geçirimlilik etmegini soradym. Diňe klasdaşlarymyň arasynda maňa “Bagyşla” diýse ýeterlik. Ula gidirmegiň gerek däldigini mamama aýtdym. Mamym koneçno ilki razylyk bermedi, soň men diýenim üçin, bir gezeklikçe mekdepdäki bu bolan zatlary bagyşlaýandygyny aýtdy we bir şert bilen: “Mugallym, meň çagamdan klasdaşlarynyň arasynda ötünç sorasyn”. Direktorymyz mugallymyň arkasyny alypdy, ýagny – adaty mugallymyň käýinjidir-dä – diýen ýaly. No wse taki, ol hem biz bilen razylaşdy we mugallymy ötünç soramaga yran bolmaga çemeli. Himiýa mugallymym – Çemen mugallym sapagmyza geldi hem-de şol adamlaryň we klasdaşlarymyň ýanynda maňa: – Bagyşla, Alekseýew. Indi gaýtalanmaz – diýdi. Bu meniň üçin durmuşymdaky iň uly ýeňişleriň, derejeleriň biri bolupdy. Sebäbi mekdepde iň owadan we ökde, öňdebaryjy, iň halanylýan mugallym, izwinýalsýa peredo mnoý. Bu meni klasdaşlarymyň arasynda ýene näçe basganjak ýokary göteripdi. Maňa pontowatsa edere zat gyt hem däl welin, niço, bu-da biri. Garaz, şondan soň-a hasam, bir mugallym hem adymy tutmandy. Mekdebi isleýşimçe gutardym... 2029-njy ýyl... Gahrymanymyz Abyryňky çüwdi. Has dogrusy, Ebbiňki. Sorry Ebbi. Pasport adyňyzy tutanym üçin, ejeňiz meni suda beresi ýog-a. Da ne şuçu ýa... Bagyşlaň, “Gahryman” Ebbiniň dilinde geplänim üçin. Nämede galypdyk... Hä, hawa. Oňky çüwdi. Öz aýdyşyndanam beter krutoý passan bolup ýetişdi. Aý, ýöne, gynansak-da, bu hezillik uzaga gitmedi. Ejesiniň öňküligi ýokdy. Ýaşy gidişse, kim bolsa-da bildirýän bolmaly-da. Onuň ejesine näme üçindir bildirmez öýdüpdirin. Ýuwaş-ýuwaş iş öndürijiligi peselýär we ol peselse hem maddy ýagdaýa bildirip ugraýar. Indi gezek Ebbiniňki welin, häzirlikçe ol talyp bolansoň, oňa ähli zat ýeňil tapylmaly ahyry. Sebäbi ol okap ýör ahyry. Ine, işlär we öýüne kömek eder-dä. Ilki ony ejesi-kakasy adam etmeli. Ýöne, öňki kaşaňlyga öwrenşen Ebbä maşgaladaky soňky maddy ýagdaýlary agyr degdi. Dogry, kakasy hem işleýär, emma käbir sebäplere görä, Ebbiniň döwen awtoulaglaryny satmaly boldular. Ilkibadalar Ebbi okuwa taksida gatnasa-da, soňabaka “Hudaýyň beren güni darydan kän” diýlişi ýaly, günde beýle hezillik oňa ýetdirmedi. Ol okuwa awtobusda gatnamaly boldy. Bu bolsa, oňa görlüp-eşdilmedik derejede ýokuş degdi. Bolýan zatlara, hemme kişini günäkärleýärdi – töwerek daşyny, ejesini, kakasyny... Adaty günleriň birinde, hemişeki bolşy ýaly, Ebbi awtobusa mündi-de, boş ýere geçip oturdy we gulagyna aýdym diňlemek üçin gulaklygyny geýdi. Penjireden seredip barşyna, münýän-düşýänler bilen hem işi ýokdy. Howa sowuk bolansoň, gara paltosynyň kapýuşonyny kellesine geýipdi, awtobusda hem çykarman şeýdip oturmasy bardy. Birdenem yzdan bir daýza onuň egnine kakdy-da: – Oglum, ýanyňda ejeň ýaly biri zordan dur ahyry. Ýer ber-äý şoňa. Ebbi diýýäňmem diýmedi-de, aýdym diňläp, daşaryny synlamagyny dowam etdi. Töwerekdäkileriň diýýän zatlary onuň üçin bir köpükdi... ...Ejem ýaly bolsa, ol maňa ýer bererdi ili beýdip meni samsyk sözleri bilen bimaza etmezdi hemem menden başga adam gytmy. Ejem bu ýerde bolan bolsa, hiçiňiz gepläbem bilmezdiňiz... Ebbi düşmeli duralgasyna golaýlanda ýerinden galdy we diňe şondan soň zordan duran aýal özüni oturgyja goýberdi. Olaryň ikisi hem hiç zat geplemediler. Ebbi çalasynlyk bilen awtobusdan düşüp, ylgap gitdi. Çünki, ol ejesine gaharlydy, öýkelidi... ...Näme üçin ejem meň ýanymda durubam, ýaňky awtobusdakylara hiç zat diýmedikä?... Anna DARAKDIŞ. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 15 | |||||||||||||
| |||||||||||||