SUD
Bu gün meni iň bir halamaýan ýerime çagyrdylar. Beýleki otaga, ýagny iňlisleriň aýdyşy ýaly “liwiňrum”, bizde birhiliräk bolýa. “Ýaşalýan otag” diýseň-ä, nä beýleki otaglarda ýaşalanokmy, “myhman otag” diýseňem, biziňkilerde tersine, gulplyň bäriýany durýan otag. Umuman, bu möhüm däl. Paltaly, pyçakly bardym. Şu gezek bir düşündirip biläýsedim diýen niýet bilen, emma munuň hiç haçan bolmajagyna akylym çatýar. Gürrüňi orta ulularyň biri atdy:
– Illeri gör, uly-il daşarda, köpçülikde aýlaň-çaýlaňda. Bolýa. Saňa biz günde ente ýa aýlan diýemzok, iň bolmanda biziň bir aramyzda otur ahyry. Myhman-mediwan gelende gürrüňe goşulmasaň hem, ýöne oturaý.
– Meniň şeýleräkdigimi nä olar bilenokmy? Gaýta araňyza gelsem, geň görüp aňyrsyna çykyp bilmezler hem meň üçin siziňem, işdäkileriňem gürrüňleriňiz gyzyksyz, gyzyksyzlykdan geçen ýüregmi bulap, başymy aýlaýar. Ol gürrüňleriň ählisini men öňünden bilýän ahyry. Gerek bolsa, men indiki aý etjek gürrüňleriňizem aýdyp bereýin. Men bir zada - hemmäňize düşünip otyrkam, iň bolmanda düşünmäge çalyşýarkam, näme üçin siziň maňa düşünip bilmeýşiňize - düşünip bilemok.
Ýene biri:
– Menem beýlebir halap baramok, ýöne oturýan-a.
(Daşyňdan-a lezzet alýana meňzeýäň sen, ol gohlar, gürrüňler bilen. Halamadyk adam nädip beýdip bilýä, men düşünemok)
– Aý, meň kelläm agyryp, başym aýlanýar. Size iş bolaýmaýyn diýýän.
Birinji geplän:
– Onda-da otur aramyzda. Oturmasaň bolmaz.
– Meniň şahsy boşlugyma (личный пространство) degmäň. Eýse, men siziň gözüňize barmagymy sokdummy? Neuželi şeýle kyn meni günüme goýmak. Gepletseňizem “adamlar gutarypdyr-ow”, “zamana nähili boldy-aý”, geleli-eý, gideli-eý, işlemän ýatyp sowaly-eý... la-la-laý... Adamda şahsy boşluk diýip bir zat bolýa. Bir bende şony gazanyp bilmän kösenip ýörkä, siz bolsa iliň şahsyna goşulyp ýörkäňiz, nämäniň gutarany barada pikirem etmäge ukyply däl. Nireden çykýany belli bolmadyk ol sözler siziň pikiriňiz däl we kimdir biriniň ýa-da nämedir bir zadyň gutaranlygyny aňladanok. Ol bir ýönekeý köpçüligiň gaýtalap-gaýtalap lejini çykaran nobatçy sözleri. Sürini ýatladýarsyňyz...
(Dogrusy şundan soň pylança minut ýaly, öz pikirlerime gidipdirin we yzyndan näme gürlenenini bilemok. Gürrüňiň soňuragynda “aralaryna dolanaýdym” öýdýän.
“Dünýä akyl ýetirmezden ilki özüňe akyl ýetir” diýýämi. Birnäçe manysy bar. Olardan umumy kabul edileninden daşary ikisini mysal getireýin, gep uzaltman.
Biri: Her bir adamynyň içinde uly bir dünýä bar, ýagny biz dünýä bolsak, haýsyna akyl ýetireniňde hem tapawudy ýok we henize çenli bu dünýä hiç kim doly akyl ýetirip bilmedik bolsa, özüne hem akyl ýetirip bilesi ýok (häzirlikçe). Şol içimizdäki dünýäde hem, ýaşaýan dünýämizdäki ýaly birgiden närse, janly-jandar, adamlar bar...
Beýlekisi: Meselem, özüm-ä egoistligim sebäpli, kimdir biri üçin däl-de, özüme akyl ýetirmek üçin nämedir bir zatlary öwrenerdim. Ile zyýanam, peýda-da ýok. Bu manysynyň aňyrsynda şahsy ego ýatyr.
Muny näme üçin getirdim: Özüňe doly akyl ýetirip bolmaýandygyny ýaňy hem aýtdym we menem özüme doly akyl ýetirip bilemok. Käbir zatlara düşündim, has dogrusy, düşündimmikäm diýip pikir etdim we edýän. Birje ýeri göze dürtülip du:r-da. Ol hem meniň anormallygym. Belki men normaldyrynam, ýöne özümi bilelim bäri (bilmäkäm hem) meni anormaldygyma ynandyrandyklary sebäpli. Başga-da ownukly-irili sebäp köp welin... Akyly çala gowşagrak uly adamyny hem onuň (ruhy) näsagdygyna ynandyryp bolar, emma akyly ýerbe-ýer adamlaryň arasynda hem (beden) näsagdygyna ynanýanlary gyt däl. Düşündirip bildimmi?
Eger uly adamlarda şeýle bolsa, çagalardan nämä garaşýas? Ony anormaldygyna ynandyryp, normal bolmagynamy? Üstesine çagalygyň bellibir wagty hem däl, tutuşlygyna. Bu ýerde başga düşündirere zat galmady)
– ...Meni wunderkindlygyma ynandyrmaly däl ekeniňiz, eger size aýlanmana gidýän aýlandyrylyp goýberlen, normal, ile meňzeş çaga gerek bolsa – diýip, soňky pikirlerimi daşymdan aýdypdyryn. Bilemok aralykda näme gürrüň boldy, meň aýdanym oňa gabat geldimi ýa gelmedimi. Gabat gelmäninde hem menden normallygy geň göräýmeseler, beýle ýagdaýy geň görjek adam ýok-laý.
– Seniň şu edýäniň hem bolanok. Uly adamlar bilen sanaşmaly däl.
– Jigim bilen gürleşenimde hem köp eşdipdim (aýdypdyňyz) şu sözleri.
– Umuman, han ogul, sanaşma hiç kim bilen. Sen geçirimliräk bolaý.
(Men sanaşmaga höwes edip, özüm ylgap geldim şu jaýa. Düşünemok, adama azarym ýok, bizarym ýok. Goh edýän biri, bukulyp oturan biri we ol ähli gohdan, gepden bukulýanlygy üçin günäkär)
– Normal adamlaryň anormal birine geçirimli bol diýmegine düşünmek üçin hem normal bolmak gerek...
Anna DARAKDIŞ.
Hekaýalar