00:37 Mizantrop / pes mifiki hekaýa | |
MIZANTROP
Hekaýalar
Waka we ondaky gahrymanlar hem-de olaryň pikirleri oýlanyp tapylan, durmuşdaky ýa kelledäki gabat gelmeler bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur, tötänlikdir. Maslahat: Ýürege we kellä ýakyn kabul etmezlik. Köpçüligi ýigrenýänimiň sebäpleriniň biri, kliçkamy aýdanymdan hem size düşnükli bolar öýdýän. Men, Atan-satan. Bu bir ýönekeý bahana. Aslynda meň gyr kakynym adamlar. Näme üçin? Bilemok. Ol kliçkany bolsa maňa, daş-keşp babatda-da, iç-keşp babatda-da ýüz prasent idealny adamlar goýdy. Galyberse-de, menem özümi ýüz prasent idealny diýip hasap edýän. Sebäbi, terslikdir ýalňyşlyk diýen sözlere haýsy manyda gelse-de bolamok. Asyl adamzady (adamlary) şol ýalňyşlyklary, gowşaklyklary, ejizlikleri üçin ýigrenýän. Ýok, men sosiopat däl. Adamlary ýigrenenim bilen, olaryň hemmesi maňa görä bolmaly diýip, men olary kerçäp ýören ganhor däl. Diňe meň ýanymda hiç kim görünmesin. Boldy. Haçanda, olar geplänlerinde, suw içenlerinde, nahar iýenlerinde, sakgyç çeýnänlerinde we umuman, nähili hereket etseler-de çykarýan sesleri barada gürrüň ýok, olar hereketsiz durkalar hem, men ýigrenýän. Iň bärkisi olaryň dem almasy-da meň jynyma düşýär. Ýöne, iki-ýeke mende hem dost-ýar, tanyş-biliş bar, garaz hereketlerine çydap boljak, çydamasaň hem çydansyran bolup boljak. Şoň üçin men düýbünden sagat adam. Şol sebäpli-de, eger islesem, islemesem hem, köpçülige baryp bilýän, gürleşibem bilýän. Arada, tanyşlaryň biri öýe geldi. Ol tanşyma menem kliçka goýaýsammykam, size tanatmak üçin. Ony ýigrenib-ä duramok. Ýöne gynansakda ol men ýaly birkemsiz biri däl-dä. Dogrusy, men ony ikilikçiň sorag belgisine meňzedýädim. Ýöne size ol barada aýdyp berip durkam, birhili oň kliçkasy uzyn boljak. Şoň üçin “Sorag” diýsem, düşünäýiň, ýöne, owadan sorag belgi däl. Biraz gyşyk-egriräkden göniräk. Ýaňky Sorag otyr garşymda. Gepleşip otyrys, çaý-paý içip. Elbetde, onuň çaýy süzmesi, arasynda hopurdatmasy meň ýüregimi bulap, işdämi kesýär. Şonda bir çagajygyň dümewli wagty maňkasyny çekişi ýadyma düşýär... Sorag: – Durmuş kynlaşýarmy ýa göwnümemi? Aý göwnümedir, ýadawdyryn. Asyl başdan-aýak Adamyň jennetden kowulmasy onuň ähli kowmy üçin synag ýaly. Men: – Adam jennetden kowlanok. Ol diňe bu dünýä gelýär (dogulýar). Onuň almany iýmedik wagty haýsydyr bir çaganyň ene göwresinde wagtyny ýatladýar we almany iýýär-de, bu dünýä gelýär. Ýa-da tersine, islendik çaga hem ene göwresinde wagty ol jennetde, ýagny göniden-göni iýmiti heniz iýenok. – Bir zadyňy diýäýýäň-äý. Bolýa, seňki dogram eken diýeli. Çaga enesiniň göwresindekä göniden-göni iýmit iýmeýän bolsa, alma iýen bilen nädip deňäp otyrsyň? Ýa bolmasa, Adam, ýagny ilkinji adam kimiň göwresindedi ol wagt? Seň munyň ýummurtga ilki emele gelipmi ýa towuk diýen ýaly bolýa. – Men ol soraglara jogap berip bilsem, şu ýerde seň bilen lakgyllaşardymmy? Men pelsepeden bilýän zadym ýok. Bu soraglaryňa gutarnykly jogaby hatda güýçli pelsepeçilerem tapyp bilmändir. Sen bolsa, maňa nemeden bolýaň. Wi, ýogsada, ýaňky towukly ýumurtgaly gürrüňiň bilen çyndanam Adamyň kimiň göwresindeligi ýaman meňzeş-äý. Birdenem Soragyň tüýsi üýtgän ýaly boldy, göwnüme bolmasa. Synçylygym bar, elbetde, iç-keşp babatda. Men: – Sorag, şu wagt birhili sen, sen dälmi, ýa meň göwnümemi? Karopkaň şol, ýöne näme üçindir garşymda başga biri oturan ýaly. – Göwnüňedir. Köpräk içseň (çaý) şeýle bolýaň sen. – Men hatda aç wagtymam, daşky sypaty saýgarmasamam, içki-ni gaty gowy saýgarýandyryn (Gözümiň görşi hem pes). Men seň kimdigiňi aňaýdym öýdýän. Nä senden gorkar öýdýäňmi, arkaýyn tanadyber özüňi. Ýa bu hem nobatdaky meni tanama we meň karopkama girjek bolma usulyňmy? – Ýok, sen üýtgeşik adam bolanyň üçin, seň bilen gyzyklanmamyň çägi ýok-da. Samsyk gülkim tutdy, ýöne näçe waňkyryp gülesim gelse-de, gülkimi biraz basmak üçin ajy ýylgyryp: – Meni öwen bolýaňmy. Wah, işigaýdannn-n... Seň ol pelsepäň geçen asyrda galdy. Indi bu ýerdäkiler seni öwüp, taýdyraýmasalar. Ol öwgi, şöhratyň üsti bilen adamlaryň özüne aşa göwniýetijiligini ösdürmek arkaly, gözüni gapyp, soňra bolsa ony marionetka ýaly oýnamaklyk modadan gaçdy. Täzeräk usul tapyp geläýmeli ekeniň, ile gülki bolmajak bolsaň. Hehhehhe. Gijä galdyň, gardaş. Gijä galdyň. Indiden soň gelip näme etjekdiň?! Aý ýöne geleniň kemem däl. Bu ýerde seň dünýäňe alyp gitmek üçin her dürli gurçujaklar bardyr. Ýöne, seň gidişiň-gelşiňi des-deň etmeseler bolýa. Sen nä soňky bolýan wakalardan habarsyzmyň? Ýa Ýeriň aşagynda işiňiz öte köpmi ýa tersine, işsiz uklap galdyňyzmy? Aý ýok, ikinji aýdanym bolmaga haky ýok. Siz öte başagaý bolaýmasaňyz. Ýöne ol başagaýlygyňyza şükür edersiňiz entek. Bu ýerden şeýlebir patok barar welin, edil ýöne nädäýersiň, toba gelip öňküje ýeriňe – ýedi gat asmana – baraýarsyň. Näme? Adamlary peseltmekmi? Meni güldürmesene. Ýaman mylakatlaşypsyň-laý. Ýoo, men düýbünden olaryň beýgelip-peselenine garşy däl. Men, diňe olary ýigrenýän. BARY-ÝOGY ÝIGRENÝÄN! Senem meň ýanyma şu biderek häsiýetlerim sebäpli, “waw, betinden olja” diýip geldiň ahyry, ýakynymyň keşbinde. Millet keýpine maňa Atan-satan diýen däldirler. Ol ady men güne ýatyp alamok. Bolaýjak indem “Satana” özüni satan Atan-satan” adynam alaýsak. Birhili, erbedem boljak däl. HAH. Näme-de galdym? Wi, hawa. Aý, bular seň ol dünýäňden çekinjek gurçujaklar däl, arkaýyn bol. Sen olary unudyp, syn edip bilmedik bolsaň, ine, saňa gysgaça maglumat. Aslynda, öňkülermiziň seni tanaýşy boýunça, şu wagt ikimiziň dialogymyz tersine bolmalydy. Soň gözöňüne getirip gör, iň mylakatlysy men-dä. Biliber onsoň... Şoň üçin goşuňy al-da, gelen ýeriňe arkaýyn göterliber. Ýo, işimi bitirjek diýseňem, baş üstüne, biziň garşylygymyz ýok. Bu-da bir “biziňkiler” üçin nobatdaky “şow” bor-da. Onsuz günde nireden näme tapjaklaryny bilmän, tutuş Ýerdäkiler aýak üstünde. Edil meň özüm-ä, şulary has beterräk bir ýerini tapyp, şo ýere alyp gitseňizem, çalarak begenäýmegimem ahmal, öňki ýeriňiz bular üçin witjik. Ýöne, ol ýerinem bular mekan edinerler. Dogrusy, maňa barybir. Esasy zat şular gözümiň öňünden aýrylsalar bolany. Olaryň şu töwereklerde barlygynyň özi meň iňsoňky derejede kakynymy tutdurýar. – Hiç hili “Satana ne suşestwuýet”. – O! Iblisem beýdip gepleýärmi asyl. HA-HA-HA-HA-HA-HA..... Bagyşlarsyň-da, Ýerastynyň başlygy samsyklygym üçin. Ýöne, gynansak-da, sen bu Ýeriniň başlygy däl-dä. Bu Ýerde Men – Adam – başlyk. Seni diňe myhman hökmünde sylaýmasam. Uzagrak eglenseň-ä, ol hökmünde-de sylap bilmerin. Aýratynam, men. Öýüme köp geliberselerem halamok. Bilýänsiňle, täzeden düşündirip oturmaýyn. – Iblis seň özüň. Ol seň içiňdäki birgiden “tarakanlaryň” biri. Meni tanamadyňmy eýse? Özüňizde şeýle biderek biri bar diýip, ony näbelli birini tapyp, oň üstüne ýüklejek bolýaňyzmy... Aý hawa-da, siziň tebigatyňyzyň bolmalysam şeýle, ähli garalyklary ile ýöňkejek bolmaklyk, üstesine menem kelläňizde pitikläp otyryn. Aslynda, üns ber-de gör. Ähli aýdylýan bolan we bolmadyk wakalarňyz, rowaýatlarňyz seniň tebigatyň bilen bagly. Belki bular ulaldylyp görkezilendir ýa bolmasa siziň gözüňiziň öňünde ulalyp görünýändir. Şeýle seretseň bolsa, meselem, ilkinji adamyň dünýä gelşi bilen siziňem dünýä gelşiňiz meňzeş bolşy ýaly, ikimiziň hem ýolumyz, ýagny seniň “Iblis” diýip atlandyrýan zadyň ýoly seň ýoluň bilen meňzeş. Aýdaly, ähli adamlar bigünä dogulýarlar, olar iň bir eýgörülýän birileri, ýöne niçikmi birje ýerde kimdir biri tarapyndan (umuman durmuşdan) tamalary çykman lapykeçlige uçraýsa, boldy onsoň, başlanýar hälki gara tarapa ýykgyn etmeklik. Saňa şol zatlar Iblisiň ýoluny ýatladanokmy, olam “rowaýatlaryŇyzda” aýdylyşy ýaly, bigünä perişdedi ahyry. Şol zatlaryň ählisi seniň tebigatyň bilen meňzeş. Sen özüňe ýamanlyk eden adama ýamanlyk etmäge derek ýagşylyk etmek barada pikirlenip gördüňmi? Bar şeýle eken diýeli, sebäbi şeýle adamlaram bar. Şeýle adamlaryňam içinden gizlin gara pikirler (ýagny men) geçmän duranok. Ýöne, biz ýek-tük paýhaslylar barada gürrüň edemzok-da, adatylar barada. Adatylarda ýagşylyk etmek beýlede dursun, olar hatda bagyşlap hem bilenoklar. Şeýle seredäýmäne, daşyndan hemme zat gülala-güllük, emma, hiçisem perişde däl. Men ownuk-uşak ýamanlyk barada däl, has erbedräk durmuş wakalary barada. Mysal üçin, kimdir biriniň sebäp bolmagynda adam iň bir gerekli zadyny ýa bolmasa ýakynyny ýitirip biler. Bu ýerde başga-da mysal köp, ýöne iň bir güýçliräginden birini getirdim. Aýt hany, şular ýaly birini olar bagyşlap bilýälermi? Elbetde, ýok. Seniň özüňem hatda şu wagt şu aýdanlarymyň samsyklygy hakda pikirlendiň. Kimdir biri meniň elimden gymmatly zadymy alar-da ýa ganyma galar-da, men ony bagyşlamalymy – diýip pikir etdiň. Ine, siziň ownukly-irili meseleleriňiziň düýp-sebäbem şunda. Soň käbir adamlaryň ýönekeýje bir zatlar üçin ters hereket etmesiniň nämesini ýazgarýaňyz, eger-de, özüňizem şolar ýaly bolsaňyz. Olar etmeli däl, olar ideal bolmaly, size bolýamy. Arasynda şu seň dostuň karopkasy we muň içindäki menden başga närseler maňa hakyky özüm bolmaga päsgel berýä we maňa gelişmejek pikirleri dile getirdýä, bolmasa-ha men gowy mylakatlylygymy görkezerdim saňa. Men bu ýere saňa akyl öwretmäge däl-de, seň tarapyňy çalmaga geldim. Aslynda men seň dostuň, öz içki “men”-leriň biri, meň bilen ylalaşyp ýaşap bilerdiň welin... Birtopar biderekler, manysyz tentekler diýsä. Ähli dünýä baradaky döreden, bilýändirin öýdýän, bolgusyz pikirleriňizdäki zatlaryň öz içki-daşky dünýäňizdäki, durmuşyňyzdaky zatlar bilen meňzeşdigini, hatda şo bir zatdygyny, gysgaça aýdanyňda, dünýä – bu siz-digiňizi görüp we yzarlap, düşünip bilmez derejede Tupoý ýaradylan siz. Men muny başdan hem bilýärdim. Seniň içiňdäki “tarakanlaryň” hemmesi diýen ýaly seni diňläp, saňa hyzmat etse-de, men seni özüm ugrukdyrmak isleýän we köplenç seniň saýaňda men muny başarýan. Sen ýaly mal birine hyzmat edip, pff... Sagja bol, gardaşym. Siz o diýenem bir tentek däl. Garaz, şygyrdy bar. Sebäbi, käbirleriňizi doly rulit etmek maňa başardanok, başardýan ýigrenjiler bolsa meň iň halaýanlarym. – Aýdyp bolduňmy? Ýa ýene barmy? Şeýle bolsa, çaltrak aýt-da, ýöresene dawaý, şu taýdan! Nokgy-nokgyň bilen ýürege düşüp başladyň. Meň tanaýan bidereklerim-ä ba:r bolup bilşiň şu bolsa, seni rulit ederler. Ýöne, bilemok, sende hem troýan wiruslarynyňky ýaly “obnowleniýe” bar bolsa. Birje sorag. Seň hälden bäri süýndirip, garaköseň bolup aýtjak bolup oturan, üýtgeşik filosofski pikirleriň gysgaça, Iblis – biziň öz içimizdäki biri-dä. Ýagny, hemmesi özümiz. Beýle bolsa, hany sen otdan ýaradylypdyň-la hemem sen meň içimdäki Iblis bolsaň, oň içinde näme işläp ýörsüň, ýa bolmasa oň içindäki Iblise menden näme peýda?! – Biraz pikirlenseň öz soragyňa özüňden jogap alarsyň. Men seň üçin ýakyn dost däl, pekge. Meň könekije meslekdeşlerim mylakatlam bolsa, saňa muny aýtmazlar. Ol-a men ekenim. Nirde bar, beýle hezillik. Sen şyňňyrdylyrakmykaň diýsem, senem ýabygorly ýaly. – Äl-äýt bir, bideregiňem baryp ýatany ekeniň-äýt. O köçedäki Anna ýaly bolup, aýdýan zadyňam-a ibaly düşündirip bileňok welin. (Senem-ä tentek welin, menem-ä paýhasly däl. Şu samsyk meň içimdäki pikirleri okaýamyka şu wagt...) – Gaýrat et, ýuwaşrak pikirlen. Gulagymy deşdiň. – A-a, ponýatno. Onda diňle, neme! Meselem alsak, (How) ene(miz) – howa, (Adam) ata(myz) – Suw, ikisiniň gatnaşygy – Ot, emele gelýärem (biz) – Toprakmy?! Iblisiň asly ot, Adamyňky toprak diýýäler welin, senem biziň “birimiz” boljak bolsaň, şunnalyrak bolýa-da. Biziň emele gelmegimizde diýmek, Oduň hem goşandy bar-da. Adamyň kän bir halanmaýan, şol sanda öte halanýan instinktleriniň (süýji gadaganlyklarynyň) netijesinde, indiki boljak adamda sen emele gelýäň. Hümm, logiçno. Ilkinji adam bilen biziň dünýä gelşimiz birmeňzeş? Ol kimiň göwresindedi ol wagt?! Onda diňe Birinden başgasy adamyň fantaziýasy-da. Öz içindäki birgiden ordany rowaýatlara siňdiräýdimikä. Be-e fantaziýasy güýçli passan eken-eý bular. “Aklar we gyzyllar” urşy oň öz içinde. Be-e.. Saňa ýene soraglarym köp-dä, dost. – Hany, bolýa. Men ýöräýin. Barmaly ýerlerim köp. Saglykda görüşýänçäk. Hiç zat geplemän, gapa tarap ugratdym. Çykyp barýarka, ýylgyryp: – Otur, ýene çaý içip git – diýdim. – Ýok, sagbol men gyssanýan, dostjan – diýdi. Hümm, çykyp barýarka Sorag “gaýdyp geldi-ow” diýmek. Adaty sögünç sözler bilen-ä ony ýöredip boljak däldi. Aralykdaky aýdanlarymam näme, ol ikimizden başga hiç kim eşitmedi. Bardy-geldi biri biläýende hem ýüregine ýakyn kabul edip, çyndyr öýdüp ýörmez diýip umyt edýän. Hotýa, maňa barybir. Anna DARAKDIŞ | |
|
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |