21:01 Prometeýiň Frankenşteýne sowgatlyk “darakdişi” / Futur-gotiki hekaýa / öýkünme | |
PROMETEÝIŇ FRANKENŞTEÝNE SOWGATLYK "DARAKDIŞI
Hekaýalar
2062-nji ýyl. Dekabr aýy. Salam, hormatly dabara gatnaşyjylar! Sag-gurgunmysyňyz? Gurgunsyňyzla, bolmasa bu ýerde nä körümiz?! Muňa-da şükür. Siziňem şeýledigiňize we şu hem-de başga mesele sebäpli, galyberse-de, meniň şanyma şeýle ýygnanyşyk, dabara gurnanyňyza begenjimiň çäginiň ýokdugyny aýdasym gelýär. Owadan sözüň ussady-ha däl, ýöne begenýänimi biläýiň diýýän. Minnet edýän ýaly hem boldy welin, keçyrasyz hormatdyllar. Umuman, meni sylap şu dabarany gurnaýanyňyza begenýänimi aýtjak boldum. Şo bir zady gaýtalap durmagym meni tolgunýan, aljyraýan ýaly hem görkezýän bolmagy mümkin. Ýöne sesimden bellidirle, hemem köpiňiz meni tanaman duranlar däl. Iki sözüň başyny çatmagymyň kynrakdygyny bilýäňiz. Diýýän bolmagyňyz mümkin, diýmeýän bolmagyňyzam mümkin, iň bolmanda şulary ýazga geçirenimden soňky okajaklar diýer, tanasalar olara-da bildirmez... bilmedim... “Iki sözüň başyny çatyp bilmese-de, bir tapawutlyja kürsiň başyna geçdi. Elbetde öz yhlas siňdirip, ylgap, özi döreden kürsüsi...” Umuman şeýle. Uzak lakgyldamankam düýeli gürrüňe geçeýin. Dogrusy, meniň şu günlere ýetmegime atam sebäp boldy diýsek has dogrusy bolar. Sebäbi aslynda bu meniň ýeke özümiň arzuwym däl. Bu meniň atamyň arzuwy we men hem özümi bilelim şunuň bilen ýaşan ýaly. Atam pahyr diýerdi: “Her kesiň özbaşdak arzuwy bolmaly. Bolmasa, kakamyň, ejemiň ýa-da ejemiň ejesiniň, kakamyň kakasynyň we ş.m.-leriň arzuwy diýip, sen öz durmuşyňy däl-de, olaryň ýaşamak islän durmuşyny ýaşarsyň. Bu bolsa, seni aýratyn şahs bolmaklykdan mahrum edýär. Sen hatda, olaryň özi hem bolaňok, diňe olaryň islän “zady” bolýaň...”. Hernäçe muňa düşünsem-de, onuň arzuwy meniň hem arzuwyma öwrüldi duruberdi. Eger-de men muny islemedik bolsam, elbetde men başgaça ýoldan giderdim. Ýöne bu ýoluň hem maňa kän bir zyýany ýok. Peýdasy bar. Şonuň üçin hem şu günki dabara şonuň şanyna diýsem adalatly boljak. Maňa söz bereniňize görä, men atam Anna Darakdişiň gürrüň beren bir rowaýatyny aýtmak isleýärin. Aslynda nokgy-nokgy edip oturman, göni şu rowaýaty aýdyp berjekdim welin... Gadym zamanda Kreýter atly biriniň atelýasy bolupdyr. Elbetde ol atelýesinde köýnek tikmändir. Ol “heýkelleri” (başlangyçlary) ýasamak bilen meşgul bolupdyr. Ýöne ol kişi ölemen alkaş eken we ýasaýan zatlaryny arasynda bulaşdyrýan eken. Meselem, oň kellesini birine, muň elini başgasyna we ş.m. Soň bir gün bu has kämil bir heýkel ýasamaga başlaýar we ähli ýasan zatlaryna jan bermegi niýetine düwýär. Kreýter öz ýasan kämil heýkellerine “çagalarym” diýýän eken. Ol “çagalaryny” palçykdan, ýagny suw bilen toprakdan ýasapdyr. Suwuň üsti bilen toprakdan ýasalan bedenlere jan beripdir. Aradan esli wagt geçýär. Görüp otursa, ähli “heýkelleriniň” bir aýratynlygy bar, emma has kämil, has tapawutly edip ýasanynda hiç bir tapawutly aýratynlyk ýokmuşyn. Gaýta, tersine, beýlekilerçe-de dälmiş. Olardan goranara hem hiç zady ýok, ejizmişin. Ne uçup bilýärmiş, ne bir ibaly ylgap bilýärmiş, ne kuwwatly goly barmyş, ne-de ýene bir zady. Bu ýasan heýkelini ol “Ýokarkylardan” ar almak, olaryň başyna musallat salmak üçin niýetläpdir eken. Soňra “Ýokarkylaryň” iň bir gymmatly zatlarynyň biri bolan ýanyp duran otlaryndan kiçijik uçgunjyk ogurlapdyr. Ony hälki (toprakdan ýasalan bedenler) ýasap, (suw bilen) jan beren “kämil” heýkellerine paýlapdyr. Elbetde, bu paýlan ody galak-gaçak uçgunjyk bolupdyr we ol muny “akyl” diýip atlandyrypdyr. Netijede, ne haýwan, ne Hudaý, aramlyk görnüşde nägehanlar döredipdir. Göräýmäge, şeýle bir ejiz, ysnat mahlukmyş. Emma ol döräp, ähli bela-beterleriň başy bolupdyr. Sen Kreýter hökmünde bir adamyny göz öňüne getir. Ol öz “çagalary” üçin kaka bolupdyr. Öýi we onuň daşy üçin ähli islän zatlaryny alyşdyrypdyr, guruşdyrypdyr, döredişdiripdir. “Çagalaryny” naharlapdyr, ýöne galan heýkellerden tapawutlylykda olara başgaça garapdyr, ýagny terbiýeläp başlapdyr, geýindiripdir, maddy we maddy däl zatlar bilen üpjün edipdir, sowgatlar beripdir. Maddy däl sowgatlaryň içinde ilkinjisi, iň tapawutlysy, iň gymmatlysy, şol bir wagtyň özünde iň bideregi, iň ejizi we iň güýçlüsi onuň “akyl” diýip atlandyran hälkije, “Ýokarkylardan” ogurlan uçgunjygy eken. Ýaňky uçgunjygy sowgat berdimi?! Berşi ýaly hem... hatda, ondan-da artyk zat isleýär. Kiçijik çaga bir gowşak oýnawaç berip, “Bar döwmän oýna. Döwäýseňem sen meniň çagam däl. Köçede galarsyň. Haýsy “nägehan” eýe çyksa-da maňa bildirenok. Garagyň aksyn. Saňa geregem şol” diýýän ýaly, onuň bitin bolmagyny isleýär. Biz öte ejiz, zadyň alnyndan däl bolanymyz üçin, “Ýokarkylaryň” zadyny, ýagny kiçijik uçgunjygynyň azajyk bölegini hem ibaly göterip bilemzok. Ýerini bilip ulanmagy başaramzok, sebäp ol biziň zadymyz däl. Biz ony götererden biraz ejiz gelýäris. Umuman-a, şeýleräk ýoldaşlar. Munuň bu ýerde ýeri däldigini hem bilýärin. Emma öň hem aýdyşym ýaly, men giriş, çykyş, gutlag, minnetdarlyk ýaly sözlere gezek gelende duran ýerim. Sebäp meňem Kreýteriň darakdişini göterýän çagalaryndan tapawutly ýerim ýok. Anna DARAKDIŞ. | |
|
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||
| ||||