19:43 Kellede döwlen tabaklar | |
KELLEDE DÖWLEN TABAKLAR
Meýhanada içip lül-gammar bolan iki sany arakhor özara sene-mene edipdir, soñam gyzyl ýumruga giripdir. Şol wagt ol ýerde duran Temel dawagärleri aralaşdyrjak bolupdyr. Emma ol ikiarada erbet silterlenipdir we kellesinde iki tabak döwlüpdir. Meýhanaçy ylgap gelip, ondan sorapdyr: - Haý, edeniñ bar bol-a, Temeljan! Kelläñe hiç zat bolanok dälmi?.. Temel başyny ahmyrly ýaýkap: - Aslynda ýok kellä zat bolasy ýok-la! - diýipdir. - Eger mende kelle bolsa, bu iki serhoşyñ arasyna girermidim... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |