09:58 Kerwene goşulan oglan / erteki | |
KERWENE GOŞULAN OGLAN
Ertekiler
Gadym ata-babalaryň döwründe bir kerwenbaşy bar eken. Ol uzak ýyllar kerwene baş bolup, dünýäniň onlarça ýurduny aýlanypdyr. Bir günem ogluny ýanyna çagyryp: - Heşdek, oglum, men indi halys garrap, tapdan düşdüm. Kerwenbaşylyk işimi saňa tabşyraýsam diýýän. Neneň görýäň? Ýurt görersiň, halal söwda etseň, baýarsyň - diýip, oglunyň pikirini bilmek isläpdir. - Siz makul bilseňiz, ata, men garşy däl. - Ýöne bu örän kyn hem jogapkärli işdir. Kerweniň ykbaly esasan, onuň kerwenbaşysynyň boýnuna düşýändir. Turuwbaşdan işiňe hasam ykjam ýapyşmaly borsuň. - Munuň üçin men näme etmeli? - Öňi bilen sen kerwene baş boljak düýämizi kyrk gün çemesi bakyp-bejerip, agzyna seretmeli borsuň. Goý, ol birneme güýç-kuwwat toplasyn. Ony hor etmeseň, ol saňa ýolda-yzda ýakyn syrdaşyň bolup biler. Özi-de kerwende adam dilinde gürläp bilýän ýeke-täk düýedir. Onsoňam başky kerweniň otuz-kyrk düýeden köp bolmasyn.Tejribäň artyberse, olary ýüzden agdarsaň-da bolar. Her düýäň göterjek ýüküniň öz çägi bardyr, iki ýüz kilo çemesi ýük düýelere uzak ýol üçin ortaça agyrlykdyr.Ýanyň bilen geregiçe suwdur azyk götergil. Kerwençileriň arasynda lukmandyr tebip bolsa has-da gowy. Eger-de kerweniňe jahankeşdedir diwanalardan, dilmaçdyr zyýaratçylardan goşulmak isleýänler bar bolsa, olardan hem ýüz öwürme. Şunlukda, ýaş kerwenbaşy atasynyň aýdan-diýeni bilen bolup, kerwenbaşylygy kabul edip alypdyr. Ol kyrk günden soňam gadymy Mähne şäherine ugrajak kerwene baş bolup, ýola düşüpdir. Kerwenbaşynyň ýaşaýan obasynda on-on iki ýaşlarynda akylly, ýetim bir oglanjyk ýaşaýar eken. Ol hem uzak ýurtlara syýahat etmegiň höwesinde eken. Ol gadymy Mehne şäherine kerweniň ugramakçy bolýandygyny eşiden dessine, öňi bilen kerweniň öňbaşçy düýesiniň ýanyna baryp: - Düýe dost, Mehne şäheri üýtgeşik ýermişin diýýärler. Menem kerweniňize alaýyň-da! - diýip, ýalbaryplar haýyş edipdir. - Akyllyjam, sen ony menden däl-de, baryp kerwenbaşydan sorasaň bolmaýarmy? Seni hemmeler tanaýar ahyryn. - Bu gezek kerwene baş bolup kerwenbaşyň ogly gidýämişin diýdiler. O bolsa meni tananok, sen welin maňa belet. - Onda sen şu ýerde garaş. Men onuň bilen gürleşip göreýin. Belki göwnär. --Göwnemese näme? Gowusy, meni horjunyňa at, bolany. - Ýok, oglanjyk, ony edip bilmen. Men kerwenbaşyny bu barada hökman habardar edäýmeli. Belki, seniň gitmegiňe olam garşy bolup durmaz. - Aý, näbileýin-dä! Birsalymdan düýe oglanjygyň ýanyna keýpsiz halda dolanyp gelipdir. - Gurtmy, tilki?—diýip, oglan onuň öňünden çykýar. - Tilki, tilkiňem guýruksyzy. Kerwenbaşy göwnemedi. „Bize goşuljak bolýan çaga akylyň öýjügi, ony obada hemmeler tanaýar” diýdim.Gaýta ol muňa ör-gökden geldi: „Özi bir çaga bolar-da, onuňam bir akyllysy bolarmy?” diýip ýüzümi aldy. - Men size almajagyny aýtdym-a. Haýyş edýän, meni ýanyňyza alyň, ynanyň, size peýdam degse deger, zyýanym degmez. Siz munuň hötdesinden geläýmeli. Könelerimiz „Gurt garrasa-da bir tokla güýji ýetermişin” diýipdir. Siz kerweniň esasy ýolbeledi. Hemmeler sizi öwýärler, size bil baglaýarlar. Adamlar size ynanýarlar, sizi hormatlap, birkemsiz bezeýärler, boýnuňyza jaň dakyp, kerwene baş edýärler. Kerwençiler yzyňyza düşüp, menzil-menzil ýollar aşýarlar, ulu-uly şäherlerde söwda-satyk edip, söwdalary oňup, aman-sag iline dolanyp gelýärler. - Seniň kerwene goşuljak bolýanyň çynyň öýdýän!? - Hawa, düýe dost, men muny köpden bäri arzuw edip ýörün. - Onda gel şeýle gürleşeli. Rast, kerwenbaşy göwnemese, başga çärämiz ýok. Ertir saba bilen, kerwen ýola düşmezden öň üstümdäki çuwala girip, onuň bir burçunda, hiç kesiň gözüne görünmän, gymyldaman oturmaly bolarsyň! Azyk-owkadyňy özüm ýetirin. - Bolýa, düýe dost, aýdyşyň ýaly ederin, gitsem bolýar. Şunlukda, kerwen ýola rowana bolýar. Düýe ýolda-yzda, dem-dynç alynýan saraýlarda çäresini tapyp, oglanjygy iýmek-içmekden hor etmändir. Kerwen ýol aşyp, düz aşyp, çöl kesip, ahyry Mähne şäherine baryp ýetipdir. Bu şäher merkezi şäherleriň biri bolup, ol ýer dumly-duşdan gelýän kerwenleriň birigýän ýeri eken. Şonuň üçinem bu ýerdäki san-sajaksyz kerwensaraýlar hemme wagt diýen ýaly söwdagär täjirlerden ýaňa hyryn-dykyn bolupdyr. Heşdek kerwenbaşam öz kerweni bilen bu ýerde düşläp, hemişekileri ýaly söwda-satyk bilen gezibersin. Indi habary kimden alalyň, elbetde, habary çuwaldaky oglanjykdan alalyň. Oglanjyk düýäniň tabşyryşy ýaly, gündizlerine adamlaryň gözüne görünmändir. Gijelerine welin şähere çykyp aýlanypdyr. Özi ýaly dürli ýurtlardan gelen oglanlar bilen tanyşypdyr. Olar bilen gijelerine şäheriň iň owadan ýerlerine bile aýlanyp, bu ýerde bolan günlerini hoş geçiripdir. Bir günem gijaralar düýe oglanjygy naharlap otyrka: - Dostum, kerwenbaşymyz bir kesele ýolugypdyr. Onuň bagry agyryp, heläk bolýar. Derdine em edilmese, beterleşmegem ahmal. Onsoň biz kerwenbaşysyz nädip yzymyza dolanarys? – diýip, oglandan sorapdyr. Oglanjyk uzak oýlanyp oturman: --Bu derdiň dermany siiziň öz eliňizde ahyryn. Bagyr agyrma keseliniň birinji emi düýe çalydyr. Düýe çalyndan günde üç wagtyna içen adam bagyr agyrma keselinden bahym gutulýandyr—diýipdir. - Maslahatyň üçin sag bol. Ýaş kerwenbaşy düýäniň maslahaty bilen birnäçe günläp düýe çalyny içip gezipdir. Derdinden basym gutulypdyr, soň gaýdyp-duwara bagrym agyrýar diýmändir. Olaryň Mähne şäherine baran günlerinde Çynma-Çyndan gaýdan kerwen hem gelen eken. Şonuň üçinem bu gezek kerwençileriň söwdasy oňupdyr. Olar türkmen topragyndan äkiden gawun kakydyr, gury eriklerini, deri-bagana, haly we haly önümlerini hytaý çaýydyr, gandu-şekerine hem-de ýüpek matalaryna çalşypdyrlar. Gatyrlaryň ikisiniň ýüküni bolsa arassa nahar duzundan tutupdyrlar. Bir gün agşam akylly oglanjyga onuň bilen tirkeşip ýören çagalaryň biri: ”Biler bolsaň, men saňa bir gizlin zat aýdaýyn. Arada şu ýerden uzak bolmadyk bir harabaçylykda boldum. Ol ýerde altyn-kümüşden doly ýedi sany hum küýzäniň gömlen ýeriniň üstünden bardym. Olary ele salmak bir özüme başartjak zat däl. Onsoň kim meniň paýymy berse, men oňa şol hazynaly ýeri görkezmäge taýyn!” diýipdir. Akylly oglanjyk bu habary dessine jaňly düýä ýetiripdir. Jaňly düýe-de kerwenbaşa habar beripdir. Bu habary eşiden Heşdek kerwenbaşy şol günüň özünde salgysy berlen harabalyga barypdyr. Özüne altyn-kümüşli humlaryň ýerini salgy beren oglanjygyň serpaýyny ýetiripdir-de, hazynany hiç kese görkezmän, kerwen goşunyna daşapdyr. Şunlukda, altyn-kümüşden ýüklenen agyr kerwen yzyna dolanypdyr. Ýollar güzaply eken, her hili ýagdaýlar hem bolup durar eken. Bir günem guýyň başynda düşläp, birneme dem-dynjyny alan kerweniň ýaňy bir ýola düşen wagtlarynda niredendir bir ýerlerden ujy ýiti peýkam ýaly penjeleri somalyşyp duran ägirt uly ýyrtyjy guşlaryň onlarçasy peýda bolupdyr. Olar barha-barha kerwene golaýlap, dumly-duşdan hüjüm etmäge başlapdyrlar, kerwendäki haýwanlary, hatda adamlary-da çokjaklap başlapdyrlar. Şeýdibem kerwende uly bir başagaýlyk döräpdir. Kerwenbaşy guşlardan dynmagyň alajynyny agtarypdyr. Öňi bilenem: “Akyllyjam, gaýrat et, mähnet kelläňi işlet. Üstümize açgöz guşlar çozandyrla-how!” diýip, kerweniň başyny çekip gelýän jaňly düýä maslahat salypdyr. Jaňly düýe-de assyrynlyk bilen oglanjykdan kömek sorapdyr. Oglanjyk bolsa akylyny işledipdir-de, düýä eşidiler ýaly pyşyrdapdyr: - Kerwenbaşa aýt, bular örän howly, ýyrtyjy guşlardyr. Uly heläkçilige eltip biler. Olardan gutulmagyň ýeke-täk ýoly bar. Munuň üçin kerweniň yzyna ýaraman gelýän agsak gatyrlaryň läşini guşlaryň öňüne oklasyn. Şeýtse, guşlar öz-özleri bilen başagaýlanyp kerwenden üzülip galarlar”. Kerwenbaşy haýdan-haý düýäniň beren maslahatyna eýerip, agsak gatyrlardan birnäcesiniň läşini guşlaryň öňüne oklapdyr. Kerwen ahyry howpdan gutulypdyr. Haýp, kerwenbaşy bu ýagdadan dyndym diýse, oňa ýolda ikinji bir bela sataşypdyr. Kerweniň çöl beýewanda birsydyrgyn gidip barýan mahalynda, sen-men ýok, olaryň üstüne çölde gezmeläp ýören bir süri ýabany düýe çozupdyr. Ýaş kerwenbaşy ýagdaýy bada-bat aňypdyr. Uzak ýollardan aryp gelýän üsti ýükli düýelerdir adamlarda olara garşy darkaş gurara küýç-kuwwat galmandyr. Üstesine, goranara olaryň üýrtgeşik ýaraglaram ýok eken. Kerwenbaşy öňküden-de beter aljyrap, kyn ýagdaýa düşüpdir. Ýene-de jaňly düýä maslahat salypdyr. - Düýe dost, şu wagta çenli kerweni ençeme howpdan-hatardan halas etdiň. Hany bu gezegem gaba kelläňi işlet. Bolmasa, biz heläk bolarys. Düýe-de başyny öýküsinden-de dik tutup: - Häzir, häzir - diýip, pikirlenen bolupdyr-da, bolan ýagdaýy horjundaky oglanjyga eşider ýaly edip daşyndan gaýtalapdyr. - Çölüň şorsuraşyp ýören mes düýeleri üstümize çozdy. Olar köplük, özlerem örän rehimsiz görünýär. Ýüzugra gabat geleni depeleşdirip geçjekler. Indi biz başyna giden, bu wagşylaşan düýeleri saklamagyň gyssagly ýoluny tapmaly? Düýäniň gürrüňlerini çuwalyň içinde diňläp oturan oglanjyk: - Goý, kerwenbaşy kerwendäki horjunly duzlary olaryň öňüne döküşdirsin. Olar duzdan ýüz öwrüp bilmezler, şonda biz olardan arany açyp bileris - diýip, pyşyrdapdyr. Düýe kerwenbaşa oglanyň aýdyşy ýaly maslahat beripdir.Ýaş kerwenbaşy derhal işe girişipdir. Duzly çuwallaryň birnäçesiniň garnyny ýaryp, duzlary döküpdir. Süri bolup üstlerine gaýdan düýeler ýoldaky agaryşyp ýatan duzlary görüp, birek-birekden ozuşyşyp, duzy ýalamak bilen başagaýlanypdyrlar. Şeýlelikde, kerwen bu howpdan hem dynyp, aman-sag oba gelip ýetipdir. Hemişekileri ýaly bu gezegem obanyň ulusy-kiçisi kerweni uly şowhun, aýdym-saz bilen bilen garşy alypdyr. Heşdek ýükleri düşürip bolansoň düýäň jaňyny çözmäge durupdyr. Soňam: - Düýe dost, meniň saňa bolan minnetdarlygymyň çägi ýokdur. Seniň maslahatyň bilen meniň bagyr agyrym aýryldy. Ýoldaky çozuşlardan hem sypmak başartdy. Üstesine, egsilmez baýlyga eýe bolduk. Men seni elimiň aýasynda götersemem azdyr. Seniň akylly maslahatlaryň bolmadyk bolsady, belki kerwen başy bütin, aman-esen gelmezdi - iýipdir. Düýe bolsa: - Ol maslahatlary beren bir özüm däl! - diýipdir. - O nähili bir özüm däl. Başga kim bolup biler? Ony men öz gözlerim bilen gördüm ahyryn. Näme gazanan bolsam, seniň kömegiň, seniň akylyň bilen gazandym. Men saňa guwanýan. Häzir bolan bolup geçen ýagdaýlaryň barysy barada atama-da gürrüň berjek. - Ýadyňyzdamy, men sizden akylly bir oglanjygy kerwene almak barada haýyş edipdim. - Hawa, hawa, ýadymda. Menem oňa göwnemändim. - A men bolsam, “Gerekli daşyň agramy ýok” diýip, akylly oglanjygy ýanym bilen alyp gitdim. - Ýanym bilen alyp gitdim!? - Hawa, biziň ähli howp-hataradan halas bolmagymyza men däl, diňe şol, akylly oglanjygyň nepi degdi. - Ba-a, men şonda ýalňyşan ekenim-ow, asyl akyl-a oglanjyk-da bar eken. Hany, ol nirede? Şunça wagtlap sen ony menden nirede bukup sakladyň? - Ol öňem arkamdaky çuwaldady, häzirem şol ýerde. - Goý, ol meniň ýanyma gelsin. Men oňa serpaý ýapjak. Düýe dyzyna çöküp, oglanjygy çuwaldan çykarypdyr. Ýaş kerwenbaşy özüniň ýalňyşanlygyna puşman edip, oglanjykdan ötünç sorapdyr. Soňam ony bir çuwal altyn-kümüş bilen sylaglap, öýüne elin eltip gaýdypdyr. Galan baýlygyny hem garyp-gasara paýlapdyr. Şondan soň akylly oglanyň güni gelipmişin diýýärler. Heşdek kerwenbaşy ony soňky gidişliklerde-de ýanyndan goýmandyr. Oglan munuň üçin jaňly düýä minnetdar bolup gezipdir. | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |