10:07

"Kim gaýkyny söýer, kim küýkini..."

Nukdaýnazar
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 368 | Добавил: Moderator | Теги: Geldimyrat Seýidow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Hâzir "aydymçylarymyz" özleri goşgy ýazaýýa, olara şahyr geregem däl. Sebäbi şahyrlar bilen işleşmek üçin özüñ sözüñ doly manysynda ussat bolmaly.
Ýene bir ýeri bar, "aydymçylarymyz" özlerine meñzeş "goşguçy" hem tapaýýarlar bolmanda.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
"Goşgularyň iň kämilleri aýdyma öwrülýär" diýen çaga pikiri gorap çykyş etjek bardyr öýtmämsoň meniň özüm-ä bu çekişmede many göremok. Aslynda bu barada jedel edýän bir barmy? Aýdymçy şahyrlar (поэт-песенник) bu ugra öz talantynyň beýlekilerden güýçli ýa-da pes bolandygy üçin däl, talantynyň özboluşlylygy, aýdym-saza sazlaşýandygy üçin baş goşýar. Erbet ýa-da gowy žanr ýok, eseriň özi kämil bolmasa, aýdym-saz oňa gymmatlyk berip bilmez. Elbetde, aýdyma öwrülmegi goşgynyň meşhurlygyna uly goltgy berip, ony kagyzda galýan goşgulara garanda has amatly ýagdaýda goýýar. Türkmenlerde bolsa şahyrlaryň eserleri kitaplara garanda esasan bagşylaryň dilinde ýaýraýandygy we miras galýandygy üçin şahyrlar öz eserlerini aýdymyň labzyna ýanap düzüpdirler. Özem diňe goşuk görnüşi aýdym edilipdir, gazal ýa mesnewi aýdyma geçmändir. Onuň üçin "Türkmen binasy", "Ady Magtymgulydyr" şygyrlarynyň aýdyma öwrülmek şahsy bolmandyr. Umuman, aýdyma öwrülmegiň goşgynyň kämilligine dahyly ýok. Aýdym üçin goşga başga talaplar bildirilýär: sözleriniň esasan gysgadan labyzly bolmagy, manysynyň däl-de, sözleriniň, aýratynam gaýtalamalaryň ýatda galyjy bolmagy, çuňňur pikirleri däl-de, çuňňur duýgulary beýan etmegi we ş.m. Garaz, häzirki döwürde aýdym bolan goşgularyň artykmaçlygyny öňe sürjek adam tapylmasa gerek. Eger tapylsa, men olara dünýä edebiýatyndaky käbir şygyrlary görkezeýin, onsoň aýdym-sazsyzam özünde jadyly mukamy ýaňlandyryp duran ol eseri okap: "Ýok, bu şygry aýdyma öwrülmek külli günädir" diýseler gerek.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]