16:44 Şägirt we şarjagaz / hekaýat | |
ŞÄGIRT WE ŞARJAGAZ
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Günlerde bir gün şägirdi mugallymyndan, näme üçin Injilde beýleki adamlary ýazgarmagyň bolmaýandygynyň ýazylandygyny sorapdyr. Şonda halypasy oglanjygy geň galdyryp, oňa içinde az-owlak hapa bolan adaty şarjagazy uzadypdyr. Mugallymy okuwçysyndan ýerinden turmagy we ol şarjagazy çişirmegi haýyş edipdir. Şägirt gulak asypdyr we şarjagaza ýel bermäge başlapdyr. Haçan-da şarjagaz birneme çişenden soň, mugallym okuwçysyndan näme görýändigini sorapdyr. Oglanjyk, biraz gabarasy ulalan şarjagazy we onuň içindäki bildirer-bildirmez şekiljigi görýändigini aýdypdyr. Mugallym oňa şarjagazy çişirmegi dowam etmegi tabşyrypdyr. Şarjagaz ýene-de azak-tenek çişenden soň bolsa ol ýaňky sowalyny gaýtalapdyr. Okuwçy, indi diňe şarjagazy hem-de onuň içindäki ýürekbulanjy hapany görýändigini aýdypdyr. Soňra oglanjyk şarjagaz çişip-çişip äpet bolýança we iň soňunda-da öz-özünden ýarylýança oňa ýel bermegini dowam edipdir. Şarjagaz batly ses bilen ýarylanda, onuň içindäki hapa çar ýana syçrap gidipdir we okuwçyň lybasyny zer-zaýa edipdir. Aňk-taňk bolan oglanjyk bolsa üsti-başyny hapadan arassalamak üçin başagaý bolupdyr. Şonda mugallymy okuwça, adaty durmuşda, eger-de adam özgeleriň kemçilikleridir günälerine üntüşigini dikip, özündäki kemter gaýdýan ýerlerini aňşyrmagy bes etse, edil şu şarjagaz bilen bolan ýagdaý ýaly hadysanyň ýüze çykýandygyny aýdypdyr. © Roman Grigorýew Çeşmesi: https://fb.ru/post/psychology/2020/2/17/185921. 13.05.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |