22:14 Kim razy däl? / hekaýa | |
KIM RAZY DÄL?
Satiriki hekaýalar
- Gör, siziň naçalnigiňiz nähili rehimli adam. Işden ir goýberip, özi ertire çenli garawulyň ornuna galaýypdyr. Gör, nähili dözümsiz başlyk. - Diýmek, onda sen maňa öýlenmegi ýüregiňe pugta düwüpsiň-dä?.. - Düwdüm. - Sen hemmesini ölçerip-dökdüňmi? - Hawa. - Magazine, bazara baka bir ädimem ätmejegimi sen bilýäňmi? - Şoňa menden ökde adam bolmaz. - Men nahar bişirmäni başaramokdyryn. - Sen başarmasaň, men başarýan. - Men kirem ýuwup bilemok. - Men kiri gowy ýuwýan ýeri bilýän. - Men öl esgini, tozan sorýany elime-de alman. - Meň iki elim bar-a. - Men magnitofony soňky güýjüne çenli waňladaryn. - Meň gulagymyň perdesi teletin ýalydyr. - Seň ähli dostlaryňy öýden çykaryp kowaryn. - Nirä gitseler, şoňa gitsinler. - Men seň aýlygyňy bir köpügiňem goýman eliňden alaryn. - Eger-de dostlarym bolmajak bolsa, puluň maňa derkary ýok. - Men oýun edemok. Hemmesi aýdyşym ýaly bolar. - Meňem gara çynym. - Şu zatlara garamazdan, sen maňa öýlenmäge razy-da onda? - Razy. - Onda men razy däl. Öz mertebesini saklap bilmeýän äri men başyma ýapaýynmy?! Malhaz SOTADZE, Gruziýa SSR-i. Terjime eden Rahman ÖWEZOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 29.10.1982 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |