12:52 Kitap - dürler hazynasy | |
KITAP — DÜRLER HAZYNASY
Pedagogika we edep-terbiýe
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň kämilleşmegi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kitaplaryň neşir edilmegi, täze döwrebap kitaphanalaryň açylyp, kitap gaznalarynyň kitaplar hem-de elektron kitaplar arkaly üstüniň ýetirilip durulmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginden habar berýär. Ylym-bilimiň gözbaşy, paýhaslar ummanynyň jemlenýän ýeri bolan kitaby halkymyz dürler hazynasyna deňeýär. Türkmen halky taryhy, edebi, medeni we ruhy miraslary, asyrlardan aşyp häzirki bagtyýar döwrümize gelip ýeten çeper edebiýaty bilen meşhurdyr. Ýurduň islendik pudagyndaky ýetilen ýokary derejeler, ilki bilen, halkyň milli medeniýetiniň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Milli medeniýetiniň galkynmagynda bolsa, kitap we kitaphanalaryň orny örän uludyr. Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Ýurtda neşir edilýän kitaplaryň köpdürlüligi, olaryň sany, çap ediliş hili, ulanylýan tehniki enjamlaryň kämilligi döwletimizde milli medeniýeti ösdürmeklige uly ünsüň berilýändiginiň şaýadydyr. Kitap ynsanyň teşne ruhuny ylym-bilimden gandyrýar, ony kämillige gönükdirýär. Kitap — adamzada mahsus bolan maglumatlaryň tükenmez çeşmesi. Ol biziň görüp bilmeýän zatlarymyzy görkezýän, taryhy döwürleri bir-birine baglaýan köprüdir. Geçmişi-geljegi ýakynlaşdyrýan, ynsany ynsana dost edýän uly güýçdür. Kitaphana her döwrüň, eserleriniň her ülkäniň meşhur şahsyýetleriniň pikirleriniň jemlenen ýeridir. Olaryň ykbalyny, il-ýurt bähbitli işlerini halkyň, ýurduň taryhy bilen baglaýan ruhy serişdedir. Ylma we ylymdar adamlara uly hormat goýýan beýik Seljuk döwletiniň soltanlary ilki bilen, medreseleri we kitaphanalary gurdurypdyrlar. Esasan-da, Seljuklar köşgüniň baş weziri Nyzamylmülk kitaphanalaryň ösmeginde uly işler bitiripdir. Seljuk türkmenleri ylma uly üns beripdirler, hat-da kerwensaraýlarda-da kitaphanalar bolupdyr. Häzirki özgeriş-ösüşli döwürde gadymy taryhy, baý halk döredijiligi, çeper edebiýaty bilen şöhratlanýan türkmeniň milli medeni mirasyny halka ýetirmekde ýazyjy-şahyrlarymyz, alymlarymyz, neşirýat ulgamynyň we kitaphana işgärleri örän uly işleri alyp barýarlar. Ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş hem-de beýleki ulgamlar bilen aýrylmaz baglanyşykly kitaphana ulgamy halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesliň aň akabasyny durlamagynda, dünýägaraýşyny kämilleşdirmeginde aýratyn hyzmatlary bitirýär. Hormatly Prezidentimiziň kitaba, çeper döredijilik bilen meşgullanýan adamlara goýýan sarpasy uludyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Kitaplar köp neşir edilse, ylym hem güllär, medeniýetem. Ylym güllese taryhymyz güllär, tutuş adamzadyň ykballary, şu günümiz, geljegimiz gülzarlyga öwrüler» diýip juda jaýdar belleýär. Täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen, kitap okamak usuly döwrebap derejede kämilleşdi. Häzir kitaplar elektron görnüşde, onlaýn tertibinde elýeterli boldy. Indi kompýuterleriň, ykjam telefonlaryň kömegi arkaly belli kitaphanalara aralaşmak hem-de zerur neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi döredi. Döwlet Baştutanymyz şunuň ýaly usullaryň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmalydygyny hemişe nygtaýar. Goý, ýurdumyzda rowaçlyga beslenýän ylym-bilim özgertmelerini amala aşyrmakda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işleri rowaç bolsun! Güljan ATAÝEWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň öwreniji mugallymy. Surat: Salim Özüdogru / "Kitap okaýan goja" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |