20:39 Klawiatura | |
KLAWIATURA
Ylym we tehnologiýa
Klawiatura – kompýutere elipbiý-sifr informasiýalary girizmek üçin gurluşdyr. • Klawiaturanyň gurluşy (strukturasy) Adaty klawiaturada 100-den gowrak(104-108) klawiş bar. Elipbiý-sifr klawişler topary sanlary, harplary, belgileri, dyngy belgileri girizmek üçin hyzmat edýär. 1. Funksional klawişler topary: F1-F12 klawişler (1.12-nji surat). Bu klawişler haýsy programma bilen işlenýändigine baglydyr. Köplenç F1 – klawiş kömekçi hökmünde, F10 – klawiş menýular setirine geçmek üçin ulanylýar. 2. Kursory dolandyrmak üçin klawişler (kursor klawişler) (1.13-nji a surat). 3. Goşmaça sifr klawişleri (1.13-nji b surat). Windows nyşanly (emblemaly) klawiş (1.14-nji a surat), esasy menýuny açmak üçin hyzmat edýär). Menýu şekiljikli klawiş (haýsy obýekt bilen işlenýän bolsa şol obýekt üçin gapdal menýuny açýar) (1.14-nji b surat). SHIFT, CTRL we ALT klawişler (1.15-nji surat). 1. Shift – baş, setir harplary we ýokardan 2-nji hatardaky klawişleriň ýokarky simwollaryny girizmegi üpjün edýär. 2. Сtrl – köplenç sistema buýruklaryny bermek üçin beýleki klawişler bilen bilelikde ulanylýar. Mysal üçin: Сtrl + A – papkanyň penjiresinde ähli obýektleri ýa-da priloženiýäniň penjiresinde dokumenti tutuşlygyna bellemek (tapawutlandyrmak); Сtrl +C – bellenenleri kompýuteriň aralyk ýadyna (bufere) nusgalamak (kopiýa etmek); Сtrl +X – bellenenleri kompýuteriň aralyk ýadyna kesip geçirmek; Сtrl +V – bellenenleri täze ýere goýmak. 3. Alt klawiş Ctrl klawiş ýaly beýleki elipbiý-sifr klawişleri bilen bilelikde klawiatura arkaly buýruk bermekde ulanylýar. 4. Сtrl + Alt + Delete – kompýuter işlemän duranda (“doňanda”) ulanylýar. • Klawiaturanyň kömegi bilen işlemek: 1. Tab – penjiräniň bir dolandyryjy elementinden beýleki dolandyryjy elementine geçmek üçin ulanylýar. Eger dolandyryjy element çarçuwanyň içinde bolsa, onda ol bellenen (tapawutlandyrylan) hasap edilýär. 2. Kursor klawişler – elementler toparynyň içinde elementleriň birinden beýlekisine geçmek üçin ulanylýar. 3. Enter – bu klawiş bilen buýruk ýerine ýetirilýär. 4. Boşluk (probel) – bu klawişiň kömegi bilen „baýdajygy” goýmak we aýyrmak örän amatly. Köplenç bu klawiş Enter klawişe meňzeş täsir edýär. Alt + Probel sistema menýusyny açýar (kursor klawişleriň kömegi bilen gerekli buýrugy saýlap bolýar). 5. F1 – kömekçini çagyrmak. 6. Esc – yza dolanma (çykmak). 7. BackSpace( ) – bir dereje ýokaryk geçmek. • Redaktirleme klawişleri: 1. Tekstde simwol girizilýän ýer ýörite görkeziji kursor bilen bellenýär. 2. Kursor – kursor klawişleriň kömegi bilen süýşürilýär. 3. BackSpace – kursoryň çepindäki simwoly öçürýär. 4. Delete – kursoryň sagyndaky simwoly öçürýär. 5. Enter – abzasy soňlaýar. 6. Tab – meýdançanyň çepinden ýer (отступ) goýýar. 7. Home – kursory setiriň başyna geçirýär. 8. End – kursory setiriň soňuna geçirýär. 9. Сtrl + Home – kursory dokumentiň başyna geçirýär. 10. Сtrl + End – kursory dokumentiň soňuna geçirýär. 11. Probel – sözleriň arasyna boşluk girizýär. 11. Shift – baş harplary girizmek üçin ulanylýar. 12. CapsLock – diňe baş harplary girizmek üçin peýdalanylýar. 13. PageUp ýa-da PageDown – dokumentiň ýokarlygyna ýa-da aşaklygyna sahypalaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. 14. PrintSсreen – kompýuteriň ekranyny surata düşürýär. 15. Alt + PrintSсreen – diňe bir işjeň (текуший) penjiräni surata düşürýär. Klawiaturany sazlamak. Klawiaturany sazlamak üçin, ýörite (Пуск – Панель управления – Региональные стандарты) – gepleşik penjire hyzmat edýär. • I bölüm boýunça esasy bilmeli düşünjeler • Syçan bilen işlemek Syçanyň çep gulagy papkalary, faýllary (obýektleri, elementleri) bellemek (saýlamak, tapawutlandyrmak) we olary işe goýbermek üçin ulanylýar. Adaty ýagdaýda syçany papkanyň (ýa-da faýlyň) üstüne eltip, bir gezek çep gulagyna basylanda ony belleýär, iki gezek basylanda açýar (ýa-da işe goýberýär). Syçanyň sag gulagy köplenç bellenen obýektler bilen işlemek üçin ulanylýar. Obýektiň üstünde syçanyň sag gulagyna basylan wagtynda gapdal menýu açylýar we gerekli buýruklary saýlap bolýar. • Papkalar bilen işlemek • Papka döretmek 1. Iş stolunda ýa-da diskiň içinde syçanyň sag gulagyna basyň. 2. Создать – buýrugy saýlaň. 3. Папку – buýrugy saýlaň we syçanyň çep gulagyna basyň. 4. Papka at goýuň. • Papkanyň adyny üýtgetmek 1. Papkany belläp, syçanyň sag gulagyna basyň. 2. Переименовать – buýrugy saýlaň we syçanyň çep gulagyna basyň. F2 klawişe basyp, papkanyň adyny aňsat üýtgetmek bolar. Papkanyň nusgasyny döretmek (kopiýa etmek) 1. Nusgasy dörediljek papkany belläň (tapawutlandyryň). 2. Syçanyň sag gulagyna basyň we Копировать buýrugy saýlaň (ýa-da klawiaturada <Сtrl>+<C> – Сtrl klawişe basyp saklap, soň C klawişe basmaly). 3. Nusgany haýsy papkada ýerleşdirjek bolsaňyz, şol papkany tapyp açyň. 4. Papkanyň içinde boş ýerde syçanyň sag gulagyna basyň we Вставить buýrugy saýlaň (<Сtrl>+<V>). • Papkany başga papkanyň içine kesip geçirmek 1. Geçirilýän papkany belläň (tapawutlandyryň). 2. Syçanyň sag gulagyna basyň we Вырезать buýrugy saýlaň (<Сtrl>+<X>). 3. Kesilen papkany haýsy papkada ýerleşdirjek bolsaňyz, şol papkany tapyp açyň. 4. Açyk ýerde syçanyň sag gulagyna basyň we Вставить buýrugy saýlaň (<Сtrl>+<V>). Papkany ýok etmek(öçürmek) 1. Ýok ediljek papkany belläň. 2. Syçanyň sag gulagyna basyň we Удалить(Delete) buýrugy saýlaň. • Ýok edilen papkany dikeltmek 1. Iş stolynda Sebet (Корзина) belgijige basyň (açyň). 2. Dikeldiljek papkany belläp, syçanyň sag gulagyna basyň we Восстановить buýrugy saýlaň. Bellik. Buýruklary ýerine ýetirmegiň başga usullary hem bardyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |