09:51 Kliffhenger - edebiýat we sungat beýan edişi usuly hem žanry | |
KLIFFHENGER - EDEBIÝAT WE SUNGAT BEÝAN EDIŞ USULY HEM ŽANRY
Edebiýaty öwreniş
Edebiýatda (kino, teatr sungatynda) sýužetiň, ýagny beýan edilýän wakanyň iň gyzykly ýerinde şarpa üzülmegi, ir döwürlerden bäri awtorlar (režissýorlar, dramaturglar, ssenaristler) tarapyndan ulanylyp gelinýän çeperçilik usuly. Mysal üçin, “Müň bir gije” ertekisinde Şährizada, her daňdan diri galmak üçin, patyşa gürrüň berýän ertekisini iň gyzykly ýerinde üzüp, patyşa özüni ertesi gijede wakanyň nähili gutarandygyny bilmek üçin diňlär ýaly edýär. Ýa-da ýene bir has gadymky mysal, Eflatun (Platon) özüniň Atlantidaň heläk bolmagy hakyndaky “Kritiý” atly dialogynda, grekleriň Baş Hudaýy Zewsiň Atlantidany ýok etmegiň kül-külüne düşüşi baradaky jemleýji sahnasyny şeýle tamamlapdyr: “Ine-de Zews hudaýlaryň hudaýy, kanunlary berjaý kylyjy, biziň aýdan zatlarymyzy oňat aňşyryp, şeýle gözgyny azgynlyga sezewar bolan şöhratly kowum hakda oýlandy-da, oňa jeza bellemegi niýetine düwdi, şol kowumyň belaýy-serhoşlukdan açylyp, asyllylygy öwreneri ýaly. Şonuň üçinem ol hemme hudaýlary dünýäniň göbeginde dikeldilen, dogulmaklyga dahylly ähli zatlara syn kylyp bolýan öýleriň şanlysyna çagyryp, ýygnananlara şeýle sözler bilen ýüzlendi...”. ...Eflatunyň döwründen soň geçen 2500 ýyla golaý wagt bärem (Platon 428/427 ýa-da 424/423 – 348/347 ýyllarda ýaşan), Zewsiň Atlantidany ýok etmek üçin mejlise çagyran “kärdeşlerine” nähili sözler bilen ýüzlenendigini hiç kim bilenok. Soňky döwürler bu usuly “kliffhenger” diýen iňlis idiomasy bilen atlandyrýarlar. Kliffhenger – bu “cliffhanger” ýa-da “cliffhanger ending” diýen, “gorpuň üstünde asyl-asyl duran” diýmegi aňladýan iňlis sözünden gelip çykan adalga. Bu çeperçilik usuly, eseriň sýužet akymynyň dowamynda çeper gahrymanyň başdan geçirmesini (ýa-da ruhy hunabasyny) dartgynlylygyň ýokary derejesine ýetirip, iň jygba-jyg (kulminasion) pursatda-da, wakany şarpa kesmekden ybarat. Bu usulyň maksady esasan şu aşakdakylar bolup durýar: 1. Okyjyny (tomaşaçyny) özbaşdak pikirlenmäge mejbur etmek; 2. Wakada doly aýdylmadyk (hetjikläp çeýnelmedik) detallary goýmak bilen esere bolan gyzyklanmany artdyrmak. Çeper döredijilikde kliffhenger termini (adalgasy) ulanylyp başlamanka, bu çeperçilik usuly “intriga” diýlip atlandyrylypdyr. Ýöne häzirki zaman edebiýaty we sungaty öwreniş nazaryýetinde bu ikisini, ýagny kliffhenger bilen intrigany biri-birinden tapawutlandyrýan awtorlaram bar. Olaryň pikirine görä, kliffhenger esasan kino sungatynda, özem onuň serial žanrlarynda has köp ulanylyp, dartgynly pursatda kesilen sýužetiň dowam etdiriljekdigini aňladýandygyny, intriganyň bolsa, esasan çeper edebiýatda giňden peýdalanyp, üzülen sýužetiň soňra dowam etdirilmeginiň hökman däldigini nygtaýarlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |