00:48 Kolhoz agysy | |
KOLHOZ AGYSY
Goşgular
![]() Kolhozyň meýdany, kolhozyň bagy, Kolhozçylar hem kolhozçy aýal-gyz, Kolhozyň kontory, kolhozyň maly, Hem öňdebaryjy kolhoz başlygy, Kolhoz buhgalteri, kolhoz kassiri... Gaty köp zat degişlidi kolhoza, “Sanasaň sogaby bar” diýilýäni... Çyn daýhan bolanda kolhoz başlygy, Gün-günden pajarlap ösýärdi oba. Ýöne öz bähbidin arap işläniň, Süýrenýärdi hojalygy iň yzda. Niçeme çyn Gahrymanlar döräpdi, Il guwandy, ýurt guwandy olara. ...Sorady agtygym kolhoz barada, Jogap bermän dymdym, näme diýeýin? Düşünmersiň ýaşamasaň kolhozda. Ýöne weli magat bir zady bilýän, Kolhoz kolhozçylaň arkadagydy, Bilmedim nämüçin kolhoz dagady?! Agyp-dönüp ýören dowar sürüsi, Dagda, düzde, çölde... giden örüsi. Alabaý zorundan gaçar börüsi, Zootehnik, weterinar, fermasy, Kolhozçylaň bir-birege armasy, Ýeňijiler sosialistik ýaryşda... Barysy boldy ýat, Bary indi mat. Demir gala bolmuş berbat. Ýatlap bu gün kolhozy, Hem-de urlan sowhosy, Ýadyma düşdi obamyň, Ýykylan çynar, hozy... Kolhoz kolhozçylaň arkadagydy, Bilmedim nämüçin kolhoz dagady?! 18-20.03.2023. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |