19:42 Köne taryhyň täze sahypalary | |
KÖNE TARYHYŇ TÄZE SAHYPALARY
Taryhy makalalar
Mylaýymlyk bilen öwüsýän garaşsyzlyk şemaly türkmen ykbalyna siňen çaňlary syryp aýranyndan soňra, ýazga geçirilen geçmişimiziň, edebi we medeni mirasymyzyň bize näbelli bölegi dil açyp başlady. Ata-babalarymyzyň alyn deri siňen gymmatlyklara gyýa göz bilen garalan zamanalar, harlyk bilen gurşalan heňňamlar gutardy. Türkmeniň taryh asmanyndaky döwletlilik ýyldyzynyň öňündäki perdeler syryldy. Şu döwre çenli doly öwrenilmedik Akgoýunly we Garagoýunly Türkmen döwletleriniň taryhy hakdaky iň ygtybarly eseriň täzeden dünýä inmegi hut şeýle diýmäge doly esas berýär. XIV asyrda gündogar we günorta-gündogar Anadolyda syýasy herekete başlamak bilen, XV asyrda Horasanda, Eýranda we Yrakda häkimligi ele alyp, beýik döwletler guran Garagoýunlylaryň we Akgoýunlylaryň döwrüne degişli maglumatlar azdyr. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem şol döwre degişli taryhy çeşmeleriň neşir edilip ýaýradylmanlygydyr. Bu döwre degişli iň ygtybarly çeşmeleriň biri «Kitaby Diýarbekriýe» eseri bolup durýar. Emma Abu Bekr Tährany-nyň «Kitaby Diýarbekriýe» eseri häzirlikçe ýeke-täk golýazma arkaly mälim bolup, ol hem Yragyň Basra şäherinde aklawjy Muhammet Emin begiň şahsy kitaphanasynda saklanylýan eken. Irginsiz yhlaslar, üznüksiz aladalar netijesinde bu eseriň suratnusgasyny almak başardýar. Şeýdibem, «Kitaby Diýarbekriýe» eseriniň täze ömri, täze döwri başlanýar. « Kitaby Diýarbekriýäniň» bize gelip ýeten golýazmasy ýazaryň öz eli bilen ýerine ýetiren asyl nusgasy däldir, munuň üstesine-de ol ünssüz we harsal bir hatdadyň galamynyň önümidir. Şonuň üçin şeýle nusgany terjime etmekde we çapa taýýarlamakda ençeme kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyň göze görnüp duran hakykatdyr. Kitap Beýik Serdarymyzyň Ruhnamada «Akgoýunly döwletiniň iň meşhur hökümdarlarynyň biri Gara Ýülük Osman begiň agtygy Uzyn Hasandyr» diýip nygtaýan, Sahypkyran Soltan Hasan Bahadyr hanyň, ýagny Uzyn Hasanyň tabşyrygy boýunça 1470-1471-nji ýyllarda ýazylyp başlanýar we onda Uzyn Hasanyň ölüminden soňky wakalar hem beýan edilipdir. Muny ýazar hem bu kitapda şeýle beýan edýär: «Şu işi ýeňiş we üstünlik eýesi, soltanlyk kömegi we halypalyk goldawy saýylan, yslamda ýolbaşçy bolmagyna ir wagtdan bäri garaşylan, soňraky döwürde halk arasyndaky adalatyna göz dikilen Sahypkyran Soltan Hasan Bahadyr gözden geçirmek isledi. Onsoň men pelek ýörgünli permanyna boýun bolmaklygyň wa¬jyp hökümi bilen, onuň sahawat äleminiň işigine we jahan boýun egen tagtyna tarap ýüzlenip, jahany penalaýjy tagzym ediş dergähiniň bosagasyna tarap «lepbeý» diýip, başym bilen togalandym. Sebäpsiz kerem-sahawat ýagdyran Hezretden, minnetsiz nygmat eçilen Berijiden arzuwymyň hasyl boluş gapylaryny açyp, bu pukara bendäni şol maksada ýetirmegini we bu işde oňa üstünlik bagyşlap, bagtly etmegini dileýärin». Şu güne çenli Akgoýunly we Garagoýunly türkmen döwletleriniň taryhyna dahylly çeşmeler türkmen diline terjime edilmedi we olar baradaky maglumatlar esasan, rus alymlarynyň işlerinde üzlem-saplam gabat gelýär. Mähriban Serdarymyzyň ýiti pähiminiň we belent paýhasynyň örän adalatly talap edişi ýaly, türkmen öz taryhyny özi ýazmaly. Şu jähtden, bu kitabyň ähmiýeti biçak uludyr. Munda taryhy sahnada öçmejek yz galdyran Garagoýunly we Akgoýunly türkmen döwletleriniň özara barlyşyksyz söweşleri anyk mysallaryň esasynda beýan edilýär. Bu kitaby okanyňda, Ruhnamada türkmeni bütewilige, agzybirlige çagyrýan parasadynyň gymmaty has äşgär ýüze çykýar. Taryhy çeşmelerde beýan edilişine görä, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleri mongollaryň hüjümi netijesinde, Eýranyň çöllügine tarap gaýdýarlar we gelip, Jezire sebitinde mekan tutýarlar. Şaýy mezhebinde bolan Garagoýunly türkmenleri Wan kölüniň demirgazygynda ornaşýar. Sünni mezhebinde bolan Akgoýunlylar bolsa Diýarbekrde mesgen tutunýarlar. Garagoýunly nesilşalygyny esaslandyran Gara Ýusup Akgoýunly iliniň hökümdaryny ýeňlişe sezewar etmek we Töwrizden uzak bolmadyk ýerde Yrak soltany Ahmet Jelaýyrynyň goşunyny derbi-dagyn etmek bilen uly mertebä eýe bolýar. Gara Ýusupdan soňra ogullary Isgender we Jahanşa oruntutar hökmünde onuň soltanlyk tagtynda oturýarlar. Bu nesilşalygyň iň soňky şahsyýeti Hüseýin Alydyr. Garagoýunly nesilşalygynyň iň esasy hökümdarlarynyň biri «Hakyky» lakamy bilen tanalan Jahanşa öňdengörüji, syýasy tarapdan çeýe, ugurtapyjy patyşa bolmandyr. Şol sebäpli ýurduň çäklerini giňeltmek üçin, agyr çykdajylar bilen amala aşyran birnäçe şowsuz ýörişleri onuň abraýynyň ýere degmegine getiripdir. Şol şowsuz ýörişler zerarly, halk çekip-çydardan çökder agyr ýagdaýlara uçraýar. Şeýlelikde, Garagoýunly türkmenleriniň döwleti ýuwaş-ýuwaşdan synmak bilen bolýar. Munuň tersine, Akgoýunly nesilşalygy güýçlenip, täsiri beýik derejelere galyp ugraýar. Akgoýunly döwletiniň düýbüni tutujy belli emir Gara Ýü-lük Osman begdir. Bu döwletiň iň meşhur hökümdarlarynyň biri Gara Ýülügiň agtygy, Uzyn Hasan ady bilen meşhurlyk gazanan Abu Nasr Hasan begdir. Ol Garagoýunly hökümdary Jahanşany ýeňlişe sezewar etmek bilen, Töwrizi, Arap hem Ajam Yragyny, Parsy, Kermany we tä Pars aýlagynyň kenaryna çenli bolan ýerleri eline alýar. Abu Bekr Tähranynyň «Kitaby Diýarbekriýe» eseriniň baş gahrymany hem şu Uzyn Hasandyr. Sahypkyran ady bilen tanalan Uzyn Hasan eýýäm 11 ýaşyndan başlap, özüniň doga-bit¬di batyrlygy, gaýduwsyzlygy arkaly adygyp ugraýar. Kiçijik derejelerden beýik mertebelere galýar. Tagta çykmagy bilen äleme çäksiz güýç, hökmürowanlyk we döwlete gözel zynat bagyşlaýar. Ol hemişe haýyr işleriň tarapynda bolup, ymaratlary bina etmeklige ýykgyn edipdir. Alymlary, ylym adamlaryny söýüpdir. Ulamalary, ussat hünärmenleri uzaklardan we daş-töwereklerden öz paýtagty Töwrize getiripdir. Onuň bu ajap häsiýetleri ogullary Soltan Halyla we Soltan Ýakuba hem geçipdir. Kesekı leşgerden öz leşgerine düşen ýesirleri, bendileri ýesirlikden azat etmek belent mertebeli Sahypkyranyň ajaýyp adatlarynyň biri bolup, ol bu işi ýygy-ýygydan we yzygiderli amala aşyrypdyr. Kitabyň ýazary Abu Bekr Tähranynyň ömür ýoly hakynda maglumatlar örän az. Hatda şol we şondan soňky döwürlerde ýazylan meşhur şahsyýetleriň terjimehallaryny beýan edýän sözlük kitaplarynda hem bu alymyň ady agzalmaýar, emma bu zatlar onuň ylym dünýäsindäki ornunyň pesdedigini aňlatmaýar. Taryhy ýagdaýlara, tebigy hadysalara we ynsan eli bilen ýüze çykýan pajygalara görä, ençeme gymmatly golýazmalaryň küle öwrülip galandygy şübhesiz hakykat. Şeýle bolmagyna garamazdan, beýikligiň hatyrasyna ykbalyň gizläp goýýan şunuň ýaly eserleri, wagty gelende, öz nesilleri tarapyndan täze ýaşaýyşa başlaýar. Ýazaryň özi hakdaky iň ygtybarly maglumatlary onuň öz kitabyndan tapyp bolýar. Ýazar diňe bir taryhçy bolman, eýsem güýçli uslybyýetçi (stilist), müderris we üç hökümdaryň hyzmatynda bolan (şol sanda Akgoýunly hökümdary Uzyn Hasanyň döwlet adamlarynyň biri) tanymal şahsyýetdir. Emma şeýle-de bolsa, hiç bir eserde onuň terjimehalyna degişli maglumatlara gabat gelmeýäris. Hatda özüniň «Taryh-y alam ara-ýy Emini» atly eserini «Kitaby Diýarbekriýäniň» goşmaçasy hökmünde ýazan Fazlulla ibn Ruzbyhan hem onuň adyny agzamaýar. Ýazar eserinde özüni «Abu Bekr at-Tährany al-Isfahany» diýip tanadýar. Şundan görnüşi ýaly, ýazaryň ady Abu Bekr bolup, ol Ys-pyhanyň Tähran diýen ýerinde doglupdyr. Bu ýer görnükli hadysçylary bilen tanalan we Ýakudyň döwründen bäri belli bolan ýurt bolmaly. Ýazar kitabynyň girişinde hem lakamyndan söz açyp, şeýle diýýär: «…875-nji (1470-1471) hijri ýylynda tertibe salynan zatlar arassalanyp, saýhallaşdyrylyp ýazylansoň, «Bekr» sözi hem-ä ýazaryň lakamynyň ikinji bölegi, hem-de Sahypkyran hez¬re¬ti-niň önüp-ösen ýurdunyň adynyň ikinji bölegi bolup gabatlaşansoň, oňa «Kitaby Diýarbekriýe» («Diýarbekr ýurdunyň taryhy») diýip at goýdum. Onuň harplarynyň jemi-de ebjet hasaby boýunça 875 bolýar. Elbetde, bu hem onuň bir gaýyby geňliklerindendir. Ol bolsa şu kitaby tertibe salmagymyň we ýazmagymyň bereketinden, pikir-oý edilmezden , öz-özüni ýazaryň gözüne görkezdi». Abu Bekr Tährany Şahruhyň 1446-njy ýylda Reýde aradan çykandygy hakynda gürrüň berende, 1448-nji ýyldan bäri Re¬ýiň we Kumuň häkimi bolan Şahruhyň agtygy Baýsunkar ogly Soltan Muhammet agyr kesele uçran atasynyň (ol şol wagt 71 ýaşynda) sagalmajakdygy baradaky gürrüňlere ynanyp, 1446-njy ýylyň başlarynda, Yragyň beýleki ýerlerini we Parsy eýe¬lemek üçin herekete girişýär. Ilkinji nobatda atasynyň diwanyna gös-göni bagly bolan Yspyhany basyp alan ýaş şazada şäheriň görnükli adamlaryndan özüni goldamaklaryny haýyş edip, olara köp sylag-serpaýlar ýapýar we möhüm wezipeleri ynanýar. Soň¬ra Soltan Muhammet doganoglany Mürze Abdyllanyň elinde bolan Şiraz şäheriniň üstüne ýöriş edýär. Şirazyň golaýyna gelende, şäherlileriň goranyşa taýýardyklaryny görýär we şol wagt Muhammet Şahruhyň Hyratdan bärik ugrandygyny eşidýär. Garaşylmadyk bu habar zerarly, Şiraždan gyssagly yza çekilen Soltan Muhammet atasynyň özüne garşy goşun ýollandygyny bilensoň, leşgergähini taşlap, Kürdüstana gaçyp gidýär. Şahruh agtygynyň bu diýenetmezligine onuň hyzmatyna giren Yspyhanyň görnükli adamlarynyň sebäp bolandygyna ynanýar. Şonuň üçin olary tutup, öz ýany bilen Sawä getirdýär, ençemesini öldürtýär, galanlaryny el-aýagy bagly halynda öz ýanynda saklaýar. Leşgergähini Reýiň töweregindäki Faşabuýa diýen ýerde guran Şahruh ýaz çykanda, Tähranyň günortasynda ýerleşen Abdylazymyň mazaryna zyýarat etmek üçin, ýola düşýär. Ýazar hem şol wagt bu leşgergähde eken. Şahruh ýakyn adamlaryny ýanyna alyp, ýola çykanda, Simnanly şyh Alaeddöwlä ýakyn duran müritlerinden bir derwüş ýazara hökümdary görkezip: «Bu adam garaşylmadyk zatlara mynasyp bir patyşadyr. Men geçen gije düýşümde Hezreti Pygamberiň onuň egin-eşiklerindäki tot-tozanlary kakyşdyryp duranyny gördüm» diýýär. Ýazar köp pikir etmezden, oňa: «Gören düýşüň dogry. Tozan kakmak toprakdan bolan bedeni ebedi bolan ruhdan aýyrmak diýmekdir» diýip, jogabyny berýär. Ýazaryň bu jogaby derwüşiň göwnünden turmaýar we ol gidýär. Köp wagt geçmänkä, hökümdaryň ýanyndakylar aglaşyp-eňreşip, yzlaryna dönýärler. Bu wakada özünden giden Şahruhyň haly has agyrlaşýar. «Hökümdaryň dişi agyrýar» diýip, onuň hakyky ýagdaýyny halkdan gizleýärler. Şonda ýazar olaryň öz sözlerine görä: «Derrew dişini sogurmak gerek» diýip ýüzlenýär. Bu onuň Şahruhyň uzak ýaşamajakdygyny aýtdygydy. Az salymdan 72 ýaşyndaky Şahruh aradan çykýar. Bu wakadan soň, jezalandyrylman galdyrylan Yspyhanyň görnükli adamlaryna erkinlik berilýär. Olar ýazar bilen bile-likde Kuma gidýärler we şol ýerde Soltan Muhammediň Kür-düstandan gaýdyp gelmegine garaşýarlar. Köp wagt geçmänkä, Soltan Muhammet Kürdüstandan gaýdyp gelýär we bu bolup geçen düşünişmezlikler zerarly, Yspyhanyň görnükli adamlaryndan ötünç soraýar, olara ýene-de halat-serpaý ýapýar. Şu maglumatlara esaslanyp, ýazaryň Yspyhanyň tanymal adamlary bilen ýakyn gatnaşyk saklandygy hakda netije çykarmak bolýar. Şahruhyň olaryň bir toparyny öldürmegine ýazar gynanýar we munuň onuň üçin gowy netije bermändigini hem nygtaýar. Ýokarda görüp geçişimiz ýaly, derwüşiň düýşüni ýorşy hem ýazaryň Şahruh tarapyndan Yspyhanyň görnükli adamlarynyň öldürülmegine onuň gynanjy we hökümdara bo¬lan gahary diýip düşünip bolar. Onuň Şahruhyň leşgergähinde bolmagy tötänlik däl-de, eýsem, Yspyhana iş bilen gelmegi sebapli bolsa gerek. Ýazaryň Soltan Muhammediň zamanynda we soňra Garagoýunlylar döwründe dowam eden gulluk wezipesiniň nämedigi anyk bilinmese-de, onuň kätipler diwanynda bolandygyny aýt¬mak mümkin. Jahanşa 1457-nji ýylda ogly Muhammedi Mürzäniň ýanyna emir Çäkirli Bistam begiň ogly Baýezidi, Rüstemdar hökümdarlaryny we Jelawiýe emirlerini goşup, Damgany basyp alma¬ga ugradýar. Muhammediniň goşununda Abu Bekr Tährany hem bar eken. Damgany Babyryň adyndan dolandyrýan emir Simnanly Nasreddin şäher ilatyny gala toplap, mäkäm goranyşa taýýarlanýar. Garagoýunly goşuny şäheri gabap, gorag garymlaryny gömdürmäge we diwarlarda deşikler açmaga başlaýar. Ýazar eger gala söweş arkaly alynsa, şäher ilatynyň ýowuz ykbala sezewar boljakdygyna düşünip, olary halas etmek maksady bilen, Baýezit begden nähak ganyň dökülmezligini haýyş edýär we Astrabat häkimi Baba Hasan Garkynyň güýmenje hökmünde keýpine etjek çozuşyndan hiç kimiň habardar bolmajakdygyny, erk edilmeýän güýjüň her hili netijelere getirip biljekdigini aýdyp, goşunyň şäherden yza çekilmegini teklip edýär. Ýazar muny aýdyp duran wagty, Jahanşanyň leşgergähinden Uzyn Hasan bege garşy ugradylan Tarhan ogly Rüstem begiň agyr ýeňlişe sezewar bolup, ýesir düşendigi hakynda ha¬bar gelip gowuşýar. Ýazar duşmanyň garaşylmadyk çozuşynyň mümkindigi barada sözlap durka, şeýle habaryň gelmegi bilen, galany gepleşikler arkaly almaly diýen karara gelinýär we bu işde araçy bolmak ýazaryň üstüne ýüklenilýär. Abu Bekr Tähranynyň galanyň häkimi bilen öňden tanyşdygy sebäpli, onuň sözleriniň diňlenjekdigine ynanýarlar. Ýazar gala girmek üçin, hendegiň gyrasyna gelende, häkimiň ýakyn adamlaryndan, ýazaryň dosty Möwlana Ybraýym ony görüp, örän şatlanýar we Abu Bekr Tähranyny derrew içeri salýar. Ýanyndaky Gyýaseddin Halaç bilen bilelikde gala giren Abu Bekr Tährany dostlukly söhbet açyp, galanyň häkiminden getiren teklibiniň kabul edilmegini soraýar. Galanyň häkimi garagoýunlylaryň sözüne ynanmaýandygyny, sebäbi olara tarapdar bolan yspyhanlylara garşy tä kyýamat gopýança ýatdan çykmajak erbet iş edendiklerini ýatladyp, Muhammedi Mürzäniň we onuň begleriniň öz esgerleri bilen üç parsah uzaklykda ýerleşen Astana diýen ýere çekiljekdikleri, şeýle hem bala-çagalary bilen galadan çykyp gidende, özüne hiç hili azar bermejekdikleri hakynda Gurhandan ant içseler, galany olara berjekdigini mälim edýär. Abu Bekr Tährany onuň isleglerini Muhammedä we onuň beglerine ýetirýär. Olar bu teklibi kabul edip, ant içýärler. Gaýtadan gala gelen ýazar muny ol ýeriň häkimine mälim edýär. Yzyna dolanmaly pursaty, halk köpçüligi onuň daşyny gallap alýar we aglap-eňräp, özlerine aman berilmegini, beglere, şazadalara edilen rehimdarlygyň özlerine hem edilmegini ýalbaryp soraýarlar. Ýazar aman beriljekgini aýdyp, olary köşeşdirýär. Gara¬go-ýunly leşgergähine gaýdyp gelen ýazar Çäkirli Baýezit bege halkyň kyn ýagdaýyny habar berýär we leşgergähiň ylalaşylan ýere çenli yza çekilmegini gazanýar. Ertesi daň bilen şähere giren Muhammediniň nökerleri we käbir emirler berlen sözde durman, talaňçylyga ýüz urýarlar, aýal-ebtat, çaga-çugalary ýesir almak bilen meşgullanýarlar. Muny gören ýazar agyr we ajy sözler bilen Baýezit begden bu işleriň öňüni almagy talap ed¬ýär. Ýazaryň bu sözleri akylly-başly adam bolan Baýezit bege ýiti täsir edýär, ol ýesir¬leri boşadýar, hatda bu işde Muhammedi Mürzäni hem aýyplaýar. Horasan ýörişinden soňra, Jahanşanyň Pars welaýatyndaky häkimi bolan beýleki ogly Pir Pudak hem kakasynyň buýruklaryny diňlemän, erkin hökümdar ýaly hereket etmäge başlaýar. Jahanşa 1462-nji ýylda ogluny akylyna aýlamak üçin aýgytly herekete geçýär. Abu Bekr Tährany-da Yspyhanyň häkimi Muhammedi Mürzäniň weziri Salman bilen bilelikde onuň goşunynda eken. Ýazaryň Jahanşanyň 1467-nji ýylda Uzyn Hasan bege garşy eden we pajygaly tamamlanan iň soňky ýörişine gatnaşandygy ýa-da gatnaşmandygy hakda maglumatlara duşmaýarys. Bir bilýän zadymyz Uzyn Hasan beg bilen Teýmirly Abu Sagydyň arasyndaky hat alyşmalar wagtynda, onuň Kazwinde ýaşanlygydyr. Emma onuň haýsy sebäbe görä, bu şäherde bolandygy belli däldir. Ol bu ýerdekä, Pars häkimi Seýidalynyň Erdebil töwereginde bolan Soltan Ibn Sagyda tabynlygyny bildirmek üçin iberen ilçileri Kazwine gelýär. Olardan Möwlana Şemseddin bilen öňden dost bolan ýazar Ibn Sagydyň ýeňiljekdigi barada birnäçe delilleri we alamatlary görkezip, ony ol ýere ibermezlige çalyşýar. Hakykatdan hem köp wagt geçmänkä, Çagataý hökümdarynyň öldi habary gelýär we yzysüre başly-barat bolup gelýän çagataý esgerleri peýda bolýar. Abu Bekr Tährany köp wagt geçmänkä, Erdebile gelen Uzyn Hasan tarapyndan çagyrylýar. Ýazar bu çakylygy kabul edip, 1469-njy ýylyň Baýram aýynda Soltanyýa ýoly bilen Erdebilde ýerleşen Uzyn Hasan begiň leşgergähine tarap ugraýar. Bu çakylyk Akgoýunly hökümdary Uzyn Hasan begiň peýdaly, ýagşy niýetli adamlary goldandygyny we ýazaryň hem şeýle adamlaryň hatarynda bolandygyny görkezýändigi jähdinden möhümdir. Hakykatdan-da, Hasan begiň Abu Bekr Tähra¬na özüniň iň ynamdar adamlarynyň arasyndan ýer berendigi bellidir. Hasan beg 1470-nji ýylyň soňlarynda Teýmirli Ýadygär Muhammet Soltany Horasana häkim bellände, bu baradaky permany ýazar taýynlaýar. Biraz soňra şol ýylyň ahyrynda Töwrize gelen Hasan beg bu ýeriň kazylarynyň we mütewellileriniň etmişleri, parahorlyklary barada şikaýat edilende, olaryň hemmesini wezipesinden aýyrýar we ýazaryň maslahat bermegi bilen, şerigat işlerine ýolbaşy edip, türklerden bir adamy belleýär. Ine, ýazar eserinde özi hakynda şeýleräk maglumatlary berýär. Meşhur şahyr Möwlana Jamy 1474-nji ýylda haj zyýaratyndan dolanyp, Töwrize gelende, ony begiň ýakyn adamlary bolan Kazy Hasan, Möwlana Abu Bekr Tährany we Derwüş Kasym Şekewül dagylar garşylaýarlar hem-de ony dabara bile hökümdaryň ýanyna eltýärler. Abu Bekr Tähranynyň haçan aradan çykanlygy mälim däldir. Onuň Hasan begiň ölen wagty heniz aýatda diridigi welin bellidir. Hatda onuň 1482-nji ýyldan soň aradan çykandygyny hem aýtmak mümkin. Ýazaryň Garagoýunly we Akgoýunly diwanlaryndaky esa-sy wezipesiniň uslybyýetçi kätip bolandygy şubhesizdir. Ýokarda Jahanşa bilen Teýmirli Abu Sagydyň arasynda baglaşylan ýaraşyk şertnamasynyň onuň galamyndan çykandygyny we Hasan begiň Ýadygär Muhammet Mürzäni Horasana häkim etmek baradaky permanyny onuň ýazandygyny belläp geçipdik. Onuň uslybyýetçi kätiplikdäki şöhraty Hindistana çenli baryp ýetipdir. Mahmyt Gawan azyndan bir ýyl bolmak şerti bilen, ony Dekkana çagyrypdyr. Emma ýazar diňe bir uslybyýetçi kätip bolman, eýsem, Hasan begiň iň ýakyn we ynamdar adamlarynyň biri bolupdyr. Ol öz kitabynyň başynda eserini ýazmak üçin, müderrislikden el çekendigi hakynda ýazýar. Emma biz onuň nirede we haçan müdderislik edendigini anyk bilmeýäris. Görüp geçişimiz ýaly, Abu Bekr Tähranynyň terjimehalyna degişli maglumatlar örän azdyr. Az maglumatlardan onuň şahsyýeti barada düýpli düşünje almak çetindir. Şeýle-de bolsa, onuň ýokary ahlakly hem-de diýenini etdirip bilýän adam bolanlygyny we beýleki artykmaçlyklary bilen mydama ynama hem-de hormata mynasyp görlendigini buýsanç bilen aýtmak bolar. Damgan şäherini talaňçylykdan, aýal-ebtatlary, oglan-uşaklary bolsa ýesirlikden gutarmak üçin, emirleriň gazabyna duçar bolup biljekdigine garamazdan, nähili uly gaýrat sarp edendigi hakynda ýokarda agzalyp geçildi. Uzyn Hasan Begiň Töwrize häkim bolmagynyň yzysüre, ýazary öz ýanyna çagyrmagy onuň sowatly bir ynsan, tejribeli bir döwlet adamy hem-de oňat bir şahsyýet hökmünde tanalýan adamdygyny görkezýär. Hatda şöhratynyň Hindistana çenli ýetmeginiň-de tarypy ýokarda agzalypdy. Ýazar Uzyn Hasan begiň taryhy sahnada peýda bolmazyndan öň, her bir adamyň begenip hoş boljagy, zamanyň hadysalaryndan gürrüň berýän bir eser ýazmak isleginiň bolandygyny, ýöne «gaýgy-aladalarynyň köpelmegi we garşylyklaryň birleşmesi» zerarly, ol arzuwyny amala aşyryp bilmändir we ýerine ýetirilmegine sebäp boljak bir patyşanyň sahna çykmagyna garaşyp gezipdir. Hakykatdan-da, bu garaşma biderek bolmandyr we ýazar yzly-yzyna beýik ýeňişler gazanyp, Akgoýunly Hasan beg tarapyndan çakylyk alýar. Ýokarda-da aýdylyşy ýaly, ýazara uly bir ynam bildirip, ony iň hormatlaýan adamlarynyň hataryna goşan Hasan beg şol döwürde Abu Bekr Tährana garaşan sowgadyny berip, oňa öz taryhyny ýazmagy buýurýar. Bu buýruk netijesinde ýazar mugallymlyk işini birýana taşlap, eseri ýazmaga girişýär. Ýokardaky ýazgylardan mälim bolşuna görä, «Kitaby Di-ýarbekriýe» eseri Akgoýunly taryhyna degişli iň esasy we ygtybarly kitapdyr. Eserde girişden soň, hezreti Sahypkyranyň, ýagny Uzyn Hasan begiň Adam ata çenli ýeten atalary ýekän-ýekän sanalýar we olar hakynda maglumatlar berilýär. Nesil kökünden soň Gara Ýülük Osman bege degişli habarlardan söhbet açylýar we hakyky Akgoýunly taryhy beýan edilip başlanýar. Osman beg döwri eserde ýüzleý görkezilýär, emma diňe Garagoýunly hökümdary Gara Ýusubyň Osman begi 1418-nji ýylda ýeňip, ony Memluklaryň Halap naýybyna penalanmak ýoluna düşürmegi, ýene Gara Ýülügiň 1457-nji ýylda Jahanşanyň serkerdesi Tarhan ogly Rüstemi ýeňmeginiň wakasy bilen eseriň I bölümi tamamlanýar. Mundan soňra Çagataý hökümdarlary bilen Garagoýunly Jahanşa Mürze hakyndaky gürrüňe başlaýar. Ýazar bu ýerde Şahruhyň ölüminden soň, Yrak, Pars, Horasan we Mawerannahrda ýüze çykan wakalary açyk we mümkin boldugyça ýüzleý beýan edýär. Mundan soň ýazar ýene Hasan beg bilen bagly wakalara dönýär. Bu bölüm Hasan begiň Gürjüstana ýörişi bilen başlanýar. Soňra Trabzon meselesi ugrunda Fatyh bilen bolan çekişme, ýene bir Gürjüstan ýörişi, Hysny Keýtanyň basylyp alynmagy, Jahanşanyň Hasan bege garşy eden ýörişi hem-de onuň ölümi bilen tamamlanan ýöriş, Hasan begiň Bagdada eden ýörişi, soň Garagoýunly hökümdary Hasan Alynyň ýeňilmegi, Teýmirli Abu Sagydyň gelmegi, ýeňilmegi, öldürilmegi we Eýranyň dürli etraplarynyň basylyp alynmagy baradaky gürrüňler orun alýar. Ýazar Abu Bekr Tährany ýokardaky terjimehalyndan aňlanylyşyna görä, Akgoýunlylar ýurdunda, ýagny Gündogar Anadolyda ýaşamandyr. Bu sebäpden, soňky gürrüňlerden daşda bo¬lup, eserindäki akgoýunlylara degişli bölekleri eşidip ýazypdyr. Eserdaki käbir yşaratlar akgoýunlylara degişli habarlaryň (hemmesiniň ýa-da möhüm bir böleginiň) hökümdar Uzyn Hasanyň özi tarapyndan aňladylandygyny bildirýär. Käbir hadysalar ýazylandan soň, olar Hasan begiň pikirine görä goşulypdyr. «Kitaby Diýarbekriýe» eseri Akgoýunly taryhyny öwrenmek üçin iň ähmiýetli eserdir. Çünki, Akgoýunly taryhynyň bu döwründen söz açan başga hiç bir eser ýokdur. Eserdäki garagoýunlylar we çagataýlar bilen baglanyşykly söhbet ýazaryň öz döwrüne degişlidir. Bu hadysalaryň köpüsi hut ýazaryň öz gözleglerine esaslanýar. Bu sebäpden Diýarbekriýe, esasan, hiç bir resminamalary bolmadyk, Garagoýunlylaryň Jahanşa we Hasan Aly döwürleri hakynda iň möhüm çeşme bolşy ýaly, Şahruhuň ölüminden Huseýin Baýgaranyň hökümdarlygyna çenli bolan Teýmirliler taryhy üçin-de ähmiýet berilmegi möhüm bir eserdir. «Kitaby Diýarbekriýeden» Akgoýunly we Garagoýunly döwletleriniň esger we mülki gurluşlary, bu döwletleriň daýanýan Türkmen illeriniň gurluşlary, göçüp-gonup ýören ýagdaýlary barada hem möhüm maglumatlar getirilýär. Eserden iň ähmiýetli bolany üç ýazar peýdalanypdyr, olar: Gaffary, Hasan beg Rumly we Münejjimbaşydyr. «Kitaby Diýarbekriýeden» iň köp peýdalanan ýazar Hasan beg Rumlydyr. Hasan beg Türkiýäniň Siwas etrabynyň halkyndan bolup, ol 1431-nji ýylda Kumda doglupdyr. «Ahsanut-tawaryh» eseriniň 1404-nji ýyldan 1445-nji ýyla çenli gelen bölüminde ulanylan çeşmeleriniň içinde «Kitaby Diýarbekriýe» iň başda getirilýär. Hasan beg Rumly «Kitaby Diýarbekriýeden» maglumaty käte doly, käte gysgaltmak, sözlem we gurluşlary üýtgetmek, edebi aýratynlygy bolan tekiz we sazlaşykly ýazylan ýerlerini taşlamak bilen eserine goşupdyr. Hasan beg Rumly eseriň gowy bir nusgasyny gollanypdyr. Hasan beg Rumly eserini ýyl esasyna görä tertibe salypdyr. Hut şonuň üçin htm «Kitaby Diýarbekriýede» beýan edilen wakalaryň ýüze çykan senesi görkezilmediklerini Rumly, esasan, nätakyk beripdir. «Kitaby Diýarbekriýeden» köp peýdalanan beýleki bir ýazar iň beýik taryhçylaryň biri bolan Münejjimbaşy Şyh Ahmet Ependidir. Ýazan döwletleriniň taryhlary üçin iň gadymy çeşmeleri goldanan Münejjimbaşy eserindäki Akgoýunlylar baradaky söhbetinde-de «Kitaby Diýarbekriýe», «Alam ara-ýy Emini» we Kazwinli Mir Ýahýanyň «Lubbut-tawaryhyny» peýdalanypdyr. Bu günki taryhçy üçin-de peýdasy boljak esasy çeşmeler şulardan ybaratdyr. Abu Bekr Tähranynyň bu eseri Akgoýunly Türkmen döwletiniň bu kitapdaky beýan edilen döwrüne degişli başga çeşmäniň ýoklugy üçin has-da ähmiýetlidir. Kitapda serkerdeleriň öz atlary, hatda münen atlarynyň hem atlary berilýär. Söweş tärleri, durmuş däp-dessurlary dogrusynda maglumatlar getirilýär. Umuman alanyňda, Abu Bekr Tähranynyň «Akgoýunly türkmenleriniň taryhy» («Kitaby Diýarbekriýe») kitaby türkmen döwletiniň şöhratly geçmişini, taryhyny, medeniýetini öwrenmekde ygtybarly çeşmeleriň biridir. Gurbangözel KÖMEKOWA, Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkeziniň uly ylmy işgäri. Çary MUHAMMETJUMA, Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |