21:29 Köñlümiñ aramy / hekaýa | |
KÖŇLÜMIŇ ARAMY
Hekaýalar
Biz köp garaşmaly bolduk. Reproduktor Moskwa bilen gürleşjekleri çagyrdy. Maryny çagyrdy, Murgaby çagyrdy... Gözeli çagyrmady. Paltamyz daşa degensoň, şäherara telefon aragatnaşygynyň naçalnigine arz etdik. Ondan kömek bolmady, gaýta bize kassany salgy berdi. Ejesi bilen gürleşip bilmedik Gözel birhili tukatdy, ýüzüni aşak salyp, ümsümje ýöräp barýardy. – Bar keýpiň uçdy öýdýän, Gözel? Ejeňi gaty göresiň gelipmidi? – Göresim gelmänem duranok. Şu gün öýe jaň edýän günüm, «Näme üçin jaň etmedikä?» diýip, ejem alada galar... Gözeliň ýokarky dodagynyň üstündäki kiçijik haljagaz çala tirpildeýärdi, bu onuň nägileligindendi. – Meniň-ä şol gyşky kanikulda öýe baryp gaýdyşym. Şondan bäri ne yzyma hat ýazýan, ne hat alýan. Bärik gaýdamda ejeme menden hata garaşmagyn diýip berk sargaýan. «Eger tiz-tiz hat ýazsam, telefon edip başlasam, onda meniň pulumyň gutardygydyr ýa başga bir zatdan gysylýanlygymdyr. Eger menden hat-habar bolmasa, ogluň keýpiniň köklügi, wagtynyň hoşlugydyr» diýip düşündirýän. Dogram-da, wagtyň hoş bolanda, yzyň ýadyňa düşüp duranok. Gözel meniň uzak samahyllamama: – Sen oglan ahyryn – diýip, gysga jogap. berdi. Bir salymdan bolsa ýene ejesini ýatlap başlady. – Indi ikinji hepde gürleşip bilemok... Ýa bazary gabatlap, öýümize baryp gaýdaýsammykam?.. – Birigün baýra gezelenje gideliň diýşipdig-ä... – Bolýa-da, ertir gürleşjek bolaýyn – indi birneme köşeşip ugran Gözel meniň bilen ylalaşyga geldi. – Sen ertir ir gel-de, biziň öýümize zakaz ber. – Ine, munyň başga teklip. Ýöne ertir maňa Gözelleriň öýüni zakaz bermek miýesser bolmady. Onuň ejesine derek, öz ejemiň aladasyny etmeli boldum. Obadan telegramma gelipdir, ejeň keselhanada ýatyr, ýagdaýyň boldugyndan tizräk gelewer diýipdirler. Men esasy sapaklarymy okadym-da, bilet ýagdaýyny bileýin diýip, aeroporta geldim. Hut şo wagt taýýar reýsem bar ekeni, ýerem. Uçdum gaýdyberdim. Bir sagada ýetip-etmän, men dogduk mekanda. Göni raýon keselhanasyna haýdadym. Eger ejemiň ýagdaýy gowy bolsa, şu gün yzyma gaýtmagymam mümkindi. Gözele boýun alan sözüm galjak. Ondanam zerury ertir baýra gezelenje gitmek. Nähilem bolsa, bärik gaýdýanymy Gözele duýdurmaly ekenim, elbetde, wagt bolmady. Ýöne men hepdede bir gezeg-ä Gözel bilen tirkeşip telegrafa barýan, ol ejesi bilen gürleşende, menem obada telefonly birine jaň edip, ejemden habar alaýmaly ahyryn. Geleňsizlik, hemmesi geleňsizlikden. «Zyýany ýok, indikiňe berk bol, ýetişseň, şu gün yzyňa dolan!» – ine, meniň gelen netijäm. * * * Birwagtlar kimdir bir aladaçyl adam tarapyndan düýbi tutulan, häzir arçadyr çynarlaryň saýasyna bürenip oturan raýon keselhanasynyň giň howlusynda azaşyp ýörer ýaly beýle bir çylşyrymlylyk ýokdy. Men terapiýa bölümine ugradym. Keseräkde obadan gelen üç aýal keselhana eşikli bir aýalyň daşyna üýşüp durdy. Olaryň ýanynda duran kelte boýly aýala gözüm düşende, inim jümşüldäp gitdi. Birbada gözlerime ynanmadym. Keselhananyň ýuwlup-ýuwlup reňki solan gögümtil eşigi ýeňdenem kelte boýly ejemi has hem ýere ýegşerdip durdy. Ejem birhili gözügidijilik hem naýynjarlyk bilen ol aýallaryň gürrüňini kesesinden diňleýärdi. Olaryň diýýänlerini çalaja. baş ýaýkap makullap, gülkülerine ýylgyrýardy. Onuň bolşy märekä goşulyp bilmän duran boýny buruk ýetim oglana meňzeýärdi. Daş çykyp bilýän bolsa, haly ýaman däldir. Ejem meni görenden: «Durdy» diýdi-de, ysgynsyz maňa topuldy. Ejemiň kiçijik göwresi, duluklarynyň üstüne dökülişip duran ak saçly başy meniň döşümdenem pesräkde ýalydy. Görgüli hamsykdy. Çiginlerimi gysyp duran elleriniň ysgyny birden gowşady. Ol elini aşak goýberdi, başyny döşüme goýup, ýuwaşjadan dyzyny epdi, – Eje, eje, saňa näme bolýar? Eje!.. Goltugyndan girip, ejemiň mejalsyz göwresini dikeldenimde, maňlaýyndaky gasynlarynyň arasyndan gara der şaglap akýardy. – Wah, pahyry ýene tutdy-da. Ýetişeweriň, wraçy çagyryň!.. Ýaňky goňşy aýalyň howsalaly sesi hemmeleri örüzdi. Ejeme şo ýerde derman berdiler. Maňa-da ýetirmän, ony göterip, palatasyna eltip ýatyrdylar. Birsalymdan tegelek ýüzli wraç damarlaryň urşuny barlap: – Garryny näme gorkuzaýdyň? – diýip, gaty agramly sorag berdi. Men näme diýjegimi bilmän durkam, onuň özi äheňini ýumşadaýdy. – Häzir gowulaşar, azajyk sabyr ediň. Oglunyň gelenine gaty tolgunan borly garry... «Ogluna gelmez öýtdümikä?..» diýip, men oýa batdym. Ýöne meniň oýumdanam, howsalamdanam wraçyň dolmuş ýüzüne çaýylan hoşroý ýylgyrma rüstem geldi. Meniň garaşýanym şoldy. Olar eneli-ogly ýeke galdyryp, daş çykdylar. Simleri salparyp giden demir krowatda ejem bir gysym bolup ýatyrdy. Dem alanda, kükregi galyp-galyp gidýär diýäýmeseň, endamynda başga hereket ýokdy. Ýüz-gözüne dökülişip duran gunduz ýaly ak saçlarynyňam ýeke tary gymyldanokdy. Bu saçlar öň beýle ak däldi. Menem onda kiçidim. Ekin başynda, kümeçilikde oturýardyk. Men bir iş bilen oba gaýtdym-da, yzyma giçläp dolanmaly boldum. Ejem maňa gijä galsaň öýde ýat-da, irden geläý diýipdi, ýöne men ertir turmasyna ýaýdanyp, giçläp ýola çykdym. Meniň bagtyma biziň brigadamyza täzeräk işe gelen Muhammet aga duşaýdy. – Eşejigiňi gatyrak haýdat, inim, «Ýekelik hudaýa ýagşy» diýipdirler. Ýoldaşly bolsaň, ynhalykga ýolam önäýer. Hä, özüň-ä ýeserje ýigit ekeniň – diýip, ondan-mundan gürläp, kem-kemden meniň bilen tanşyp ugrady. – Ýola gaty giçläp çykypsyň. Gorkmadyňmy? Aý, tüweleme! «Durdy» diýdiňmi adyňa?! Kimiň ogly borsuň? – Ogulkeýigiň ogly. – Han ogul, soralanda, hergiz ejeň adyny tutmazlar, aýyp bolar, saňa «enem ogly» diýerler. Hemişe: «Men pylankesiň ogludyryn» diýgin. – Kakam ýok-da... – Eý-how, ol-a birhili eken. Kimkän-aýt Ogulkeýik diýýäniň? Men tanamadym-la. Kelte boýly aýal-ha däldir-dä?! – Hawa. – Hä, şol çal saçly aýal seniň ejeňmi? Bu gezek «hä» bersemem-ä berdim welin, ýöne ejemiň saçynyň çalaranyndan habarym ýokdy. Meniň ejem çal saçmyka? Men ony niçik görmedimkäm?.. Muhammet aga üzülen gürrüňi täzeden başlady. – Siz näçe dogan? – Bäş. – Haý, tüweleme! «Çöp bol – köp bol!» diýipdirler. Onsoň Ogulkeýigiň ulujasy özüňmi? – Hawa. – Näçinjide okaýan diýdiň? – Bäşinjide. – Bolubilýä. Ýene bäş-alty ýyldan heriňiz bir murtuny palta çapmaz ýigit bolup ýetişersiňiz. Ejeňiz bu günleri görmedik ýaly bolar... Indi görüp otursam, ýol şeýle bir uzagam däl ekeni. Ýöne şol wagtlar bize ol ýoly aşmak agyrdy. Öýe baramda (ol öý bolup öýem däldi-de, ýöne wagtlaýyn ýaşamak üçin ýeke kerpiçden galdyrylan tünekdi, gijelerine depesinden ýyldyz görünýärdi), onluk çyranyň ýagtysyna men ejemiň başyna näçe tiňkämi diksemem, onuň saçynyň çalaranyna ýa garalygyna göz ýetirip bilmedim. Oňy synlamak maňa ertesi gündiz miýesser boldy. Dogrudanam, ejemiň saçynyň eýýäm-haçan beýle çalaryp ýetişäýenine haýran galdym. Wagt geçdigiçe ol, saçlara barha köp gyraw çökdi. Saça dökülýän ol gyrawa «ömür gyrawy» diýýärler. Ol ömrüň uzaklygyna görä düşermiş, emma ejemiňki başgaçady. Onuň müň sebäbi bardy, müňüň içinde-de esasy bir sebäpdi – öýi doly ýetim çaga. Şolaryň eşigini ýarym-ýalaňaç etseňem, aýagyny açyk goýberseňem, iýjek nanlary bilen göwnüni bitin saklamalydy. Adamlar bize göwünlik bererdiler. «Ine, sähel wagtdan bu kynçylyk geçer-gider, bu günleri görmedik ýaly bolarsyňyz, baş saglygy bilen agzybirligi diläň» diýerdiler. Ejemiň bir solan dony bardy, ol gyşyn-ýazyn reňkini agardyp, ejemiň egninden düşmezdi. Wagt, diýilýäni-de şol solak dona meňzäp, depämizden sowulman, bir durşudy. Ýöne ahyry adamlaryň bir diýeni geldi, biz ejemize gol kömegini berip başladyk. Ömürylla göwünlik bilen ulalyp ötäýjek ýalydyk. Şondan soňky geljek şatlykly günler günortanyň salgymyna dönüp, bize hiç wagt ýetdirmejek ýalydy. Gaty bir beýle-de däl ekeni. Ýetimler tiz ýetişdiler. Adamlar bolsa-bolmasa göwünlik berip, biziň keýpimizi-de bölüp durmadylar. Toý-tomaşa çagyrdylar, köpüň hataryna goşdular. Indi olaryň ýetimligi-de ýitdi, egin-eşigi-de bitdi, ogullaryny öýeribermeli, gyzlaryny toýlaýmaly. Birwagtky garajürjen arryjak oglanlar derek boýly jahyl çykdylar. Hawa, wagt şeýle tiz geçdi, ejemiňem saçlary şeýle tiz agardy. * * * Ejem gözlerini açdy-da, maňa bakdy, Oglunyň öňünde düşekde ýatmakdan çekindimi, başga bir zada tolgundymy, Ony ýene der basdy. Dodaklaryny ýalady, hiç zat diýmedi. Ejemiň şeýle dymma häsiýeti öňem bardy. * * * Ejemiň boýy kelte bolansoň, men onuň bilen deňleşenimi-de duýmandyryn. Bir gün ejemi deňämde durzup, boýumy deňeşdirdim. Muny görsene, men ejemden uzynrak ekenim. – Eje, men nähili ösüpdirin... Görsene!.. Ejem çäksiz begendi, gözleri çygjaryp gitdi. Göz degmesin üçin, ýüzüme çüfledi, jaýryk-jaýryk aýalary bilen başymy sypady, kellämi egip, bagryna basdy, ýöne sesini çykarmady. Bu häzire çenli ejemi şatlandyran ýalňyz gezegimdi. Häzir meniň boýum üçege ýetýär. Ejem maňa: «Kakaňa meňzäpsiň» diýýär. Çagalaryny taşlap giden ata bolan söýginiňmi, dözümsizligiňmi, garaz bir düşnüksiz duýgynyň ýaraly kalba garylyp, häzirlerem ýaşap bilşine haýran galýan... Ejemiň ellerini aýama aldym. Guş guzlaýmaly jaýryklary bolmasa-da, bu eller henizem gataňsydy. Şu elleriň çeken zähmetinden men näçe kitap satyn aldym. Bu eller latynçalap gol çekip, student ogullarynyň yzyndan näçe pul ýollandyr. Bu eller ogul öýermek, toý tutmak üçin häzirlerem wagtyny boş geçirmeýän borly. Elleriniň birneme ýumşary üçin, posalajyk agtyklary söýeri üçin, indi bu elleri agyr işden dyndarmak gerek. Iş-güýjüňe ýarara, öýüň törüni bezäre saňa gaýratly gelinler gerek, eje. * * * – Gelmediň, hat-habaram etmediň. Hijiňizden derek bolmady... Ejem gaty görýär. Göwni ýuwkalypdyr. * * * Bize käte daýym geläýmese, başga bir myhman gelip durmazdy. Köçeden maşyn geçýändir welin, sen ylgap çykarsyň. Ol bolsa deňämizden tozadyp, geçip, kimdir biriniň işiginde saklanar. Biz özümizçe şeýdip, iliň myhmanyny «garşylap», iliň myhmanyny «ugradardyk». Öýde-de bir uly güýmenje bolmansoň, jigim ikimiziň uly pişämiz kinody. Uruşly kinolary şeýle bir hezil edip görerdik. Uruşsyzam bolsa ahyryna çenli irkilip, soňragyndan bir topalaň turaýmazmyka diýip garaşardyk. Şeýle kinolaryň birinden men gaty gijä galyp geldim. Gelsem, ejem köçä çykyp oturan eken. Gorkdum. Gijäniň içinde syňsyraklap ýörsüň diýip käýiner öýtdüm. Ejem hiç zadam diýmedi. Men gelip, ýerime girdim welin, olam öz ýerine geçdi. Bu bir gezek bolmandy, sähel eglensem, ejem meni ýolda garşylaýardy. Jigim bilen şeýle gijä galyp gelenimizde, men oňa «näme beýdip ýolda otyrsyň?» diýdim. – Ýüregim gysýarmy-nämemi, hiç ukym tutmady. Şu ýeri şemalga diýip oturyşym... Ejemiň ukusy gelmän duranokdy. Hemmämiz öýdekäk, asyl ol ýola bakmazdy. Çagalary meýdandaka, ene gözüne uky gelmezmiş... * * * Tegelek ýüzli wraçyň aýdany dogry boldy. Ejem kem-kemden özüni dürsedi. – Jigiňden hat alýaňmy? Ýagdaýy niçikkä? Puly ýetýämikä? Öz ýagdaýlaryň nähili? Men onuň öz ýagdaýyny soradym. «Şükür, oňat...» diýip otyr. Eýsem ol näme diýsin? Olaryň ganyna guýlan her niçik ýagdaýa-da, şükür etmek, demiň gelip-gidýän bolsa, şükür etmeli. – Ýagdaýyň oňat bolsa, seň bu ýerde näme üçin ýatyrsyň? – diýip, birneme keçje sorag berdim. – Bagrym agyrýar, dawleniýäm bar, ýüregim sançýar... – Sanaberse, onda entegem dert bar bolarly. – Näme gerek? Iýip-içjek zadyň barmy? – Ýok, hiç zat gerek däl. Bularyň özleri berip dur, bir zat islesem, obadan gelip-gidýänem köp. Ejemiň başujundaky tumboçkanyň içi boş däl eken. «Ilim-günüm bolmasa...» diýip, gör nähili pähimli adam aýdypdyr. Ejemiň taby barha ganymatlaşýardy. Birsellemden-ä aýak üstüne-de galdy, özüni has gowy dürsedi. – Azar edinip gelip oturmasaňam bolardy. Hatjagaz ýazaýmaly ekeniň. Käte bir habar almasam, ynjalyp bilemok. «Gözeliň ejesinden başga-da gerek eken çaga» diýip oýlandym. Gözeli ýatlap, yzyma gaýtmalydygym hakydama geldi. Häzir samolýotyň soňky reýsleriniň birine ýetişsem, yzyma aşyp biljekdim, Emma muny edesim gelmedi. Bir ýerlerden çagalygyň gudratly demi ýüregimi mährem duýgulardan doldurdy-da, kalbymy lerzana saldy. Giç agşama çenli ejemiň ýanyndan aýrylmadym, soňra obamyza gaýtdym. Ertesi irden keselhana baranymda, uly derwezäniň agzynda meni ejemiň özi garşylady. – Geldiňmi? Obalar nähili? – Ol goňşy-golamyny birin-birin sorap çykdy. – Menem indi erbet däl – diýip, öz ýagdaýyndan habar berdi. – Ertirkije naharam işdäli iýdim. Birneme işdämem açylypdyr. Meni aladalanma, sen okuwyňa haýda, okuwyňa. Şu gün-ä howa-da allanäme boljak öýdýän... Ejem bilen hoşlaşyp, howludan çykyp gelýärkäm, yzyma öwrüldim. Eý, alla! Birneme çepine gyşaryp, ýüzüni jebirli çytyp, ýere ýegşerilip duran ejemiň egninde şol öňki solak dony... Ol çagalaryndan üzülip, öňki durkunda galypdyr. Нudaýberdi НALLYÝEW. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |