Oglunyň “Dükana çaý gelipdir” diýende, Sähet aganyň daýysynyň çaý bilen bagly başyna düşen bir waka biygtyýar ýadyna düşdi. Bu waka ir zamanlarda bolupdyr. Hasan bilen Hüseýin atly ekiz dogan eken. Has dogrusy, olar Sähet aganyň daýy ugrundan bolup, Hasan atlysy ondan-mundan haryt getirip dogany Hüseýniň obada açan dükanyna tabşyrar eken. Hüseýin bolsa dükanyň işini ýöredip, şondan görýän peýdasy bilen hem hojalygyny dolandyrarmyşyn. Bir ýylam ýurtda çaý gytçylygy döräpdir. Şol günleriň birinde-de Hasan Eýrandan çaý alyp, yzyna dolanypdyr. Ol öňem Sumbaryň suwunyň ýaýbaňrak akýan jaryndan geçip, Eýrana häli-şindi gider-geler eken. Şo gezek, görgüli, howa sowuk bolansoň, atyň üstünde iki bükülip gelýärkä uklan bolmaly. At janawer hem öwrendikli bolansoň, gyşyň aňzakly doňagyna garamazdan, köne ýol-ýodany sypdyrman, öz maýdalyna ýöräp gelýän eken. Emma, ol haçan-da kert gaýalygyň deňine ýetiberende, at janawer nämedir bir zatdan ürküpdir-de, üstündäkini agdarypdyr. Şeýdibem, Hasan kert gaýadan uçup, heläk bolupdyr.
Gijaralar Hasanyň aty üstündäki ýüki bilen oba gelipdir. Dogan-garyndaşlary Hasanyň başyna bir külpetiň düşendigini aňyp, onuň gözlegine çykypdyrlar. Ýöne, ony hiç ýerden tapmandyrlar. Asla birnäçe günläp ondan gördüm-bildim hem bolmandyr. Bir günem Hüseýin agasyny idäp, goňşy oba barypdyr. Şol güni dostunyňkyda myhmançylykda bolup, bir gije ýatyp gaýdypdyr. Gije ýatyrka düýş görüpdir. Düýşünde dogany Hasana duşupdyr. Şonda Hasan oňa: “Eý, gardaş, men gaýadan uçdum. Sen meniň deňimden bir däl, birnäçe gezek hem geçip, görmän gitdiň” diýipdir. Hüseýin gan-der bolup oýanypdyr. Gören düýşüni öý eýesine habar beripdir. “Dostum, gören düýşüň pygamber ýorgudy bolsun, meger, şu gün seniň doganyňdan bir yş tapylsa gerek” diýipdir-de, çaý-çörekden soň Hüseýni ýola salypdyr. Şeýdibem, Hüseýin kert gaýalygyň deňinden geçýän ýol-yodany yzarlap gaýdyberipdir. Ol şonda hakykatdanam gaýanyň aşagynda, gür giden jeňňelligiň içinde asyl-asyl bolup ýatan doganynyň jesediniň üstünden barypdyr...
Ataly-ogul dükana baryp, çaýyň nobatyna durdular. Esli wagtdan soň ýetdik paýlaryny alyp tirkeşip öýe gaýtdylar. Sapargül eje gele-gelmäne olaryň öňünden çykdy.
-- Kakasy, neneň aýdyp bildiňmi?-- diýdi. Hezzet ony aňşyrmady. Öňürtdi:
-- Eje, çaý aldyk, kakam ejeň gowy görýän lampaza kempudy diýibem aldy, maňa bolsa şeker gatylan kökeden alyp berdi--diýdi.
-- Berekella, oglum, kyrk sekizlik çaýdan alyb-a oňarypsyňyz. Ýogsam, beýleki çaýlar onuň ýerini tutup bilenok.
Sähet aga ogluna, soňam aýalynyň ýüzüne naýynjar bakdy. Sapargül eje adamsynyň şol bakyşyndan henizem ogluna hakykaty aýtmandyr diýen manyny okady. Ýeri, ýene-de öz taýy barada sorasa, Hezzete näme jogap bersin? Sapargül eje gyňajynyň ujuny gözüne ýetirdi.
Sähet aga Hormatyň üç ýaşyndaka ýowuz derde sataşyp ýogalandygyny, dürli bahanalar bilen ýalňyz galan ogluny ynjytmajak bolup ýalan sözlemeli bolandyklaryny aýtdy. Aýdybam dogry etdi. Bu habar her näçe agyr degse-de ir-u-giç aýdylmalydy, onuň hem öz dogany baradaky hakykaty bilmäge hak-hukugy bardy.
Şol gün kakasynyň beren gürrüňi Hezzeti otdan alyp, suwa salan ýaly etdi. Bu şum habar Hezzetiň göwün deňzini çaýkan-çaýkan edip, onuň çaga kalbynda apy-tupan turuzdy. Dogrusy, ol birbada gulaklarynyň eşidýänini özi-de duýmady. Kakasynyň dört ýyl bäri dürli bahanalar bilen hakykaty aýtmazlygy güýçli, synmaz tolkuna öwrüldi-de, ol tolkunlar heniz oňly bekäp ýetişmedik çaga beýnisine baryp urdy. Gününi aglap ötürdi. Ol goýar ýerde goýmady. Ejesi höre-köşeläp gördi, kakasy ýalbar-ýakar etdi. Ýöne, olaryň hiç biriniň abyr-zabry ýaraly ýürege melhem bolup çaýylmady.
Sähet aga assyrynlyk bilen aýalyna seretdi, aýaly bolsa ýüzüni kesä sowdy. Bu mahal är-aýalyň ikisiniň ýüregi-de bir derde ulaşypdy. “Nämüçin bu habary Hormat janyň ýogalan güni Hezzet janyň özüne aýtmadyk? Nämüçin matam güni Hezzetjige doganynyň jesedini görkezmäge derek, ony öýden daşlaşdyrdyk? Nämüçin... nämüçin...?”. Bu sowallar är-aýalyň ikisiniň hem beýni öýjüklerinde hyň berýärdi. Soňra ýene-de olaryň beýni öýjüklerinde dörän şol sowallara jogaplar gözlenýärdi.“Oglum, biz saňa dözmedik. Doganyňdan «umydyňy üz» diýen niýet bilen saňa ekiz taýynyň ýüzüni gör¬kezmekden saklandyk. Onsoňam «Çaga¬nyň gorkmagy ahmal» diýlen yryma eýerip, seni şol gün öýden daşlaşdyranymyzy gowy gördük”.
Hezzetiň welin häzirem kemiş-kemiş aglap oturyşydy. Ejesi onuň ýüzüne ýaýran gözýaşyny eli bilen sylyp durşuna köre-köşe etdi.
-- Aglama, oglum, aglama, bu kysmat. Aglanyň bilen yzyna gaýtaryp getirjek zadyň bolmaz. Biz saňa ekiz taýyňy ýitirenimizi aýtmaga dözmedik. Ol keselläp öldi, alladan göni gelen ajal, oňa hiç bir zadyň emi ýetmedi. Ondan bäri aradan esli ýyl geçdi. Şonda-da ol biziň kalbymyzdan çykyp gidiberenok. Saňa seretdigim, seniň keşbiňde ekiz taýyňy görýärin. Ol hem ýaşap ýören bolsa bolmadymy? Mekdebe tirkeşipjik giderdiňiz. Men bolsam diňe saňa däl, ikiňiziň ýoluňyza-da garar oturardym. Biriňiz gara gözümdi, beýlekiňiz gözümiň ýagydy. Indem seniň barlygyňa şükür edýäs. Sen biziň bar mydarymyzsyň, ýüregimiziň ýagy, bagrymyzyň bagysyň.--Sapargül eje Hormatjygyň ýogalan günündäkisi ýaly ýüregini paralap sesli aglady.
Sähet aga birbada sesini çykarmady. Sapargül eje welin şondan soňam sesini kesmedi. Ol oglunyň ýanyna geldi, ony köşeşedirmek isledi. Ýöne, Hezzetiň ýürek ody heniz-heniz öçüşer ýaly däldi.
-- Sen bizi bagyşla, oglum. Ejeň ikimiz uly hata goýberdik. Seniň ýüregiňi agyrtmak islemedik. Öz ýüregimiziň agyrany bilen oňduk.
-- Kaka, eger-de hakykatdanam meniň ekiz taýym ýogalan bolsa, onda siz maňa onuň mazaryny görkezip bilermisiňiz? Ol haçan ýogaldy, nirede jaýlanyldy?
Oglunyň irde-giçde bu ýalynly sowaly berjegine ozaldan garaşyp ýören ýaly Sähet aga birneme ekezlendi.
-- Elbetde, guzym. Ony görkezerin, görkezmän näme? Ýaňy üç ýaşyňyzy doldurypdyňyz. Aslynda ol esli wagtlap düşekden galman ýatdy. Doktorynam gördük, tebibinem. Nepi degmedi, bir günem giç agşamlar... – Sähet aga hamsygjak ýaly etdi-de, basym erkini ele aldy. -- Garry enäň mazarynyň ýanynda kiçijik gubur bardyr, göz öňüňe gelýämi?
-- Çep tarapyndamy?
-- Hawa. Ana, şol tümmejik seniň doganyň Hormat janyň gubury bolmaly.
Hezzet sen-men ýok, ýerinden turdy-da, bar güýji bilen taýagatym ýerden ilerligine uzalyp gidýän gonamçylyga bakan ylgady...
Hezzet wagty bilen yzyna dolanmady. Ençe wagtlap doganynyň ölümini aýtman, gizläp gelendikleri üçin olaryň günäsini bagyşlap bilmedi. Basym Sähet aga hem agtygyny ýeke galdyrmak islemän, aýalyny yzyna tirkäp bu ýere geldi. Olar baranlarynda Hezzet eýýäm gözýaşa boglup oturan ýerinden Hormatyň guburynyň üstünde biten otjagazlary bir tarapa syryp, onuň daş-töweregini birkemsiz arassalapdy. Sähet aga ilki bilen ejesiniň mazarynyň baş agajyny, soňam oguljygynyň tümmejik bolup duran guburyny sypady. Onuň bu hereketini Sapargül eje-de gaýtalady. Soňra olar dyz epip, aýat okadylar.
--Ýör oglum, wagtam birçene barypdyr, öýe gaýdaly–diýip, Sähet aga oglunyň tahýalyja başyny sypady.
Hezzetiň gözleri gyzarypdy, ýüzi öňküsinden birneme garalypdy, ol dynman aglan bolmalydy. Häzirem gözlerinde ýaş bulduraýardy. Birsalymdan olar üç bolup tirkeşip öýe gaýtdylar. Hezzet ökje ogurlap gelşine: “Men ýene-de seni
idäp gelerin, doganym!” diýip, adajyk pyşyrdady. Är-aýal ogullarynyň özbaşdak pyşyrdysyny eşitseler-de, onuň näme hakda gürlänini açyk-aýdyň aňşyrmadylar.
***
Sapargül eje poçtalonyň eline tutduryp giden bukjasyndan soň aýagy ýeňläpdi. Ol haty okap ýyrş-ýyrş etdi. Adamsynyň işden gelerine howlukldy.”Kakasy, oglumyzdan hat geldi” diýibem, onuň gele-gelmäne öňüne çykdy. Sähet aga her gezek oglundan hat gelende, özünden öň okaýanyny, hatda näme täzelik bolsa, öňi bilen aýalyndan eşidýärdi. Bu gezegem ol başky sypaýylygy bilen gepledi.
--Aýagyň ýer tutanok welin, keýwany, sende täzelik bar öýdýän.
-- Ol gelnimizi täze köprüden geçiripdir.
--O nämäniň köprüsi?--Sähet aga gözündäki äýnegini aýryp, aýalynyň ýüzüne dikanlap seretdi.
--Biler bolsaň, men ogluma „Şäheriň töwerek-daşynda köpri gurulýar diýýärdiň. Bolmasa, gel biziň obamyzda-da täze köpri gurylýar. Gaýrat et-de, gelniňi köprüden geçir. Çagasy bolmaýan aýaly ilkinji bolup täze köprüden geçirseň, çagasy bolarmyşyn diýýärler diýip habar ýollapdym.
--Hä, gep mundan çyk-dow! Onsoň olam muňa ynanypmy? Çagasy bolmadyga köpri neýlesin? Onuň sebäbini doktorlar başga zatdan gözleýär. „Derýanyň köprüsinden geçeniňde ýagşy dilegler etmeli. Derýalar Hydyr gören¬dir-ler, şonuň üçin hem dilegleriň kabul bolar¬myş” diýib-ä eşidipdim.Ýöne...
--Kakasy, sen bir beý diýmesene?! Yrym-yrym, ýom-ýom bolar-da!. Ol meniň toslap tapan zadym däl ahyryn, sen şoňa düşün, ol ata-babadan bäri dowam edip gelýän yrym. Ugrunda bardyr, aýdylýandyr. Oňa seniňem, meniňem, her kesiňem ynanmagy gerek. Dogrusy, bu gürrüňi eşidip: ”Gaýnymyň tapyp ýören zadyny” diýäge-de. gelniň hem birbada garşy çykanmyşyn.
-- Ýeri, indi näme? Täze köprüden geçipdir dälmi? Onda biz basym agtyjaga garaşybermeli-dä!?
--Agzyňdan hudaý eşitsin. Ähli zat hudaýyň emri bilen bolýandyr. Belki-de, gelnimize çile düşendir. Çile düşen aýalyň çagasy bolmaýarmyş. Eger şeýle bolsa, onuňam yrym-ýomy bar. Goňşymyz Meretgülüň gelnine çile düşüpdir diýdiler. Esli ýyllap çaga gözi düşmedi. Ahyry näme etdi diýsene, kakasy?
-- Hawa, näme etdi?
--Ýedi dürli sapakdan boýuna deňme-deň kesip, öwlüýäde bir agaja ildirip gaýtdy. Durmuşa çykanyna dokuz ýyl diýlende-de, çilesi açylyp çaga gözi düşdi.
--Geň göräýmeli, gudrat diýip şuňa aýdaýsaň.
--Güljemal ýeňňe hem göbegenedi hemem tebipçilik ederdi. Oňa sen menden belet ahyryn. Pahyr, kileň aýallara serederdi. Çagasy bolmaýan aýalyň kellesine ýolbar¬syň bir bölejik tüýüni daňyp goýmagy hem şol pahyr sargardy. Bu çagasy bolmaýan aýalyň bire-bir emimişin diýerdi. Onsoň, menem Atagarry çopandan ýolbarsyň tüýünden bir penje sorap aldym. Gelnim geldigi, kellesine daňmakçy bolýan diýdim..
Güljemal ýeňňe, pahyr, artykmaç adamdy, ýatan ýeri ýagty bolsun, bütin ömrüni iliň alkyşyny alyp ýaşady.”Gyzym, tamdyrda bolsun, beýleki peçlerde bolsun, tapawudy ýok, çörek bişireniňde, ýany bilen kiçijik kökeler bişirmegi unutma. Şeýdilende, „çagaň bolar, köpelip gi¬dersiň» diýip, Güljemal ýeňňäniň haýsydyr bir çagasy bolmaýan gelne sargap durşy şü günki ýaly ýadymda.
--Keýwany, ertir toklyny soýup bäş-üç adam çagyraýsak diýýän. Ogluň ylmy işini goradym diýip habar edeninden bäri hem bir aý çemesi wagt geçdi. -- Sähet aga şondan soň hat-petlerine gümra boldy. Sapargül eje bolsa adamsynyň aýdanlary bilen bolup, häzirden ertirki sadakanyň ugruna çykdy.
***
Hezzet dynç günlerinde şäherde gurulýan buz köşgine, stadionlara, bäş ýyldyzly “Oguzkent” myhmanhanasynda işleriň gidişi bilen tanyşdy. 2017-nji ýylda üsti ýapyk sport binalarynda V Aziýa oýunlaryny geçirmegiň ýeriniň Aşgabadyň saýlanylyp alynmagyna Hezzet hem az begenmedi. Ýöne munuň jogapkärçiligine bolsa hemmelerdenem oňat düşünýärdi. Şonuň üçin ol şol ýaryşyň geçiriljek ýerinde gyzgalaňly alnyp barylýan gurluşyk desgalary bilen içgin gyzyklanýardy. Olarda gurulýan binalaryň rejelenilişi, daş-töwereginiň abatlanyşy bilen yzygiderli tanyş bolýardy. Baran gurluşygynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňleşmäge çalyşýardy. Ol gurluşyklaryň köpüsinde daşary ýurt kampaniýalary işleýärdi. Şonuň üçinem gurluşyk meselesinde olardan öwrenmegiň, birek-birek bilen özara maslahatlaşmagyň hiç mahal artykmaçlyk etmejegine düşünýärdi. Gurluşyk özara dostlugy has-da berkidýärdi.
Şäher ir ertirden töwerek-daş imi-salalykdy. Herhaçan bir maşyn geçäýmese, iki taraplaýyn hereket edýän gara ýollar hem kileň boşlaňdy. Dag howasynyň şähere berýän adajyk şemaly hem kükregiňi dolduryp ine-gana dem almaga mümkinçilik berýärdi. Ýöne beýle asudalyk uzak dowam etmeýärdi. Ir bilen ören adamlar toplum-toplum bolup ýola çykýardy. Kimsi okuwyna, kimsi-de işine ýetişmegiň peşindedi. Ýolagçy awtobuslardyr ýeňil awtomaşynlardan ýaňa köçe hereketine diri-dynuw ýokdy.
Bu gün „Älem“ seýilgähiniň mähellesi adatdakysyndan kändi. Baýramçylyk günlerinde-hä bu ýeriň gelim-gidimi çeniň-çakyň däldi. Ýöne howanyň saklynlygyndanmy ýa dynç güni bolanlygyndanmy, baran ýeriň özüne ýetik nobaty bardy. Enaýy hem şu ýerdedi. Ol obadaşy Marala gabat geldi. Olar birsellem gürleşip oturdylar.
-- Enaýy, sen gyz Aşgabatly bolup gitdiň-le. Biz-ä bu ýerlerik setanda-seýranba, ýöriteläp geläýmesek, obadan çykmaga halymyz ýok.
--Saňa duşanyma gowy bolaýdy jora jan. Neneň oba gara gowumy, biziň gaýynlaryň ýagdaýy niçik?
-- Oba-gara, şol görüp gaýdan obaňdyr-da. Siziňkilerem gowy. Sag-gurgun gezişip ýörler. --Maral zol-zol Enaýyň töweregine seredýärdi. Arasynda-da iki-üç ädimlikde oýnap ýören çagalara göz aýlaýardy. Ahyry-da gönimel gep urdy.--Meňkiler, gyz, hanha, şu ýerde, bir oglan, birem gyz. Hany seňkiler nirede, görnenoklar-a? Hezzet olary özi bilen aýlap ýörmi?
--Sen kim barada soraýaň? Hezzet iş saparynda. Balkana gitdi.Ol işiniň daşyndan ylym edýär, kandidatlygyny goransoňam, doktorlygynyň ugrunda. A men bolsam bu ýere öz okuwçylarymy getirdim.
--A çagalaryň...
Enaýyň ýüzi gyzyp gitdi. Ýöne syr bermedi.
--Biziň öz çagamyz ýok.
--Wah, huşum gursun, öten ýyl oba baraňda-da sorapdym. Arada gaýnyňam gürrüň beripdi. Görgüli, ölmänkäm agtyga gözüm düşäýsedi diýýä.
-- Hawa, o görgüli bizdenem beter howlugýar. Munuň üçin melhem barysyny salgy berýär.
Maral Enaýynyň göwnüni götermek isledi.
-- Bolýa, gyz, gyýylmasana. Hemme zadyň öz wagty bardyr.Sen heniz ýaş. Hanha, Sadap joramyz hem dokuz ýyldan soň hamyla boldy. Tüweleme, şu gün-erte bäbege garaşyp ýör. Alla berse, siziňkem bolar.
--Agzyňdan hudaý eşitsin, jora jan. Mürähet däl, öýe baraly, oturyp gaýdarsyň, gümür-ýamyr etmäge-de adam ýok--diýip, Enaýy jorasyna gülüp bakdy.
--Sag bol, biz şu gün yzymyza dolanmaly. Oba durmuşydyr-da, hojalyk işinden ýaňa durma-daýanma ýok.
Olar basym aýrylyşdylar. Enaýy öýüne dolandy, ýolboýy Maralyň „Sadap joramyz hem dokuz ýyldan soň hamyla boldy“ diýen sözlerini aňynda gaýtalady. Soňam özüniň durmuşa çykan ýyllaryny barmak büküp sanamaga durdy.
***
Hezzet dynç gününde oba gelipdi. Ol bu ýerde dost-ýarlary bilen duşuşdy, pata ýerlere göründi. Indem ol yzyna, şähere gaýtmakçy bolup howlyň derwezesiniň öňünde saklandy. Ol howla täzeden birlaý seretdi, seretdigiçe-de yzyndaky durmuş oňa hezil bolup göründi. Ol oba geldigi çagalyk ýatlamalaryna dolanardy. Düýnki günem şu giň howluda oýnap ýören oglanjykdy. Kakasy mugallymdy. Ol her gezek kakasynyň mekdepden gelende öňünden ylgap çykardy. Sähet aganyň ogluna berýän ata mähri üýtgeşikdi. Iki gyzdan soň dünýä inen ogluny ähli zatdan apalap saklaýardy. “Ballym“,“Köşegim“ diýerdi. Ol näçe ýadawam bolsa, oglunuň bilesigelijiligi onuň şähdini açardy, argyn göwresine ýeňillik aralaşardy. Bir günem oňa oba dükanyndan kiçijik tigir alyp beripdi. Ýöne bäş ýaşlyja Hezzetjik heniz ony sürüp hem bilmeýärdi. Ýany bilen igdekleýärdi, üstüne münse-de, aýaklary tigriň aýak goýaryna ýetip dursa-da, tigri heniz ýerinden hem gozgap bilmeýärdi.
Günleriň birinde welin Hezzetjigiň münen tigri öňe bakan tigirlendi ötägitdi. Muny hiç kes duýmady, görmedi. Ol tekerini köçä çykardy-da, kakasynyň gelerine garaşdy. Anha, kakasy-da göründi. Aralyk kyrk-elli metr çemesi bardy. Hezzetjik tigrine mündi-de, kakasyna bakyp „Kaka, men tigir sürüp bilýän!“ diýip gygyrdy. Özüne bakan tigirli gaýdan oguljygyny gören Sähet mugallym birbada gözlerine ynanmady. Has golaýyna gelensoň bolsa, „Oglum seresap bol, ýykylaýma!“ diýip, onuň tigrini saklady. Soňam „Tüweleme, meniň oglum ýigit çykypdyr“ diýdi-de, onuň ýüzünden taýly gezek ogşady.
Her gezek bu waka Hezzetiň ýadyna düşende, kakasynyň ogşan ýerini sypaýardy, şol günleriň dolanyp gelmegini isleýärdi. Dogrusy, ol çagalyk döwrüni küýsese-de küýsärdi welin, ýöne kakasyny göresi gelýärdi. Iki obanyň ortasynda giň baýyrlykda öwlüýä bardy. Kakasy bilen ejesi hem şol öwlüýäde, goşa mazar bolup ýatyrdy. Ol her gezek oba baranda, olaryň ýatan ýerine barardy, öz ýanyndan olar bilen sözleşerdi. Howlukmaç mahallarynda bolsa gonamçylygyň deňinde maşynyny saklap, aýat-töwir ederdi. Oba baryp olary idäp bilmedik gezeklerinde welin, şol gije düýşüne girerdi. Ol bu gezegem şeýle boldy. Ejesi “Oglum, biz kakaň ikimiz seniň geleriňe garaşdyk, sen bolsaň biziň duşumyzdan geçip gitdiň“ diýdi.
Ol bu ýalňyşyny düzetmek üçin ýene-de oba gaýtdy. Gadymy köşk, gadymy gala atlandyrylan bi oba indi onuň öňki gören obasy däldi, bütinleý üýtgäpdi. Birmahallar gyşlyk odun tapmak hyllala bolupdy. Eşeklije daga gidip arça-kerkawdyr ýylgaý çapyp getireniňi gördügi, depäň üstünde ýaşaýan obaň tokaý işgäri Döwlet gyşyk saňa ummasyz jerime salardy. Gyş agyr geldigi-hä maşgalalaryň gün-güzerany has-da goşalanardy. Geçen asyryň ýetmişinji-segseninji ýyllarynda-ha demirýol ýakasyndan bäş bahasyna kömür getirilerdi. Soň onuň hem yzy kesildi. Onsoň elektrik togy ýagdaýly bolansoň, kimsi mellegindäki gojalan agaçlaryň kökli-kündelerini köwläp aldy. Birentek maşgalalar çagalaryny sowuga aldymazlyk üçin mal tezegini ýakyp oňňut etmeli bolupdy. Etrap merkezine baryp-gelmek güzapdy, adamlar bu aralygy ýörite ulag bolmansoň, paý-pyýada geçmeli bolýardy. Köçeler zer-zaýady. Telefon arkaly etrapdyr şäherler bilen gürleşjek bolsaň, uzakly gün oba poçtasynda oturyp geçirmeli bolýardy.
Indi bu zatlary gürrüň berseňem ýaşlaryň saňa ynanjak gümany ýok. Obanyň her bir öýüne tebigy gazyň çekilmegi odunly meseläni aradan aýrypdy. Etrap merkezine awtobuslaryň biri gelip, beýlekisi gelýärdi. Köçeler abatlanypdy. Her kesiň el telefony bardy. Telefon belgilerini basdygyň, ýurduň aňrujy bilen gepleşip bolýardy. Hezzet bu eşretleri öz dogduk öýüniň mysalynda görýärdi. Ýöne näme, durmuş bir ýerde duranok. Ilk-ä kakasy, üç ýyldan soňam ejesi ýurduny täzeläp, bu bagtly zamananyň peşgeş beren eşretlerini görmän gitdiler.
Hezzet howludaky goja tudy synlady. Bu tut barada ol kän rowaýatlar hem eşidipdi. Ol üç şahadan ybarat bolup, birmahallar onuň her şahasynyň kölgesinde onlarça atlylar düşläp biler eken. Alymlar tarapyndan bäş ýüz ýyl töweregi ýaşan diýlip hasaplanylan, ata-babalarynyň gözi gören bu tut agajynyň häzir hem uly bir pudagy guraman, hasyla durupdy.
Ol howlyň bir künjünde özüniň baryp talyp mahallaryndaky salan mal ýatagyna göz aýlady. Käýerinde-käýerinde suwag gaçan ýeri bar diýäýmeseň, ol heniz hem ulanyşdan galmandy.
Ol içerik girdi-de, dulda söýelgi duran gazma dutaryny eline alyp, dürli äheňdäki heňlere tutdurdy. Bu dutar atasyndan galan dutardy, onuň dünýäden ötmänkä apalap saklan dutarydy.
Öýlänler gonamçylyga geldi. Ekiz taýysy Hormatyň mazarynyň üstünde oturdan ýadygärlik daşy uzakdan görünýärdi. Ondan uzak bolmadyk ýerde goşa mazar bardy. Kakasy bilen ejesi hem şu topraga berlipdi. Hezzet mazarlaryň ýanynda aýry-aýrylykda oturyp, aýat-töwir okady. Olaryň başagajyny sypap durşuna: ”Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun, mähribanlarym” diýdi. Özi-de gonamçylykdan tä asfalt ýola düşýänçä gözleri yzynda galdy.
***
-- Köre aýna, kele darak gerek däldigine menem her kesçe düşünýän. Ýöne, ynha, aýypsyz adamyň boljagyna welin hi-iç akylym çatanok.
--“Köstsüz dost gözlän dostsuz galar” diýlendir, ýöne “Kemçiligi bar adamyň artykmaç ýerem bardyr” hem diýýändirler.
Hezzet bilen Enaýynyň özara gürrüňi gyzyşypdy. Olar kimdir biriniň gürrüňini etdiler. Hezzet gurluşykçam bolsa mugallym bilen köp meselede çekişmäni, jedelleşmäni gowy görerdi. Käte-käteler Enaýynyň Hezzetiň gürrüňçilligine gözi giderdi. Şonuň üçinem gürrüňleriniň täsirine duwlanyp, köp wagtlap özüni onuň gürrüňini beren wakalarynyň arasynda ýaşap ýören ýaly duýýardy.Ol häzirem şeýle pursaty başdan geçirýärdi.
--Kakam pahyr bir sözi kän gaýtalardy – diýip, Hezzet gelni bilen eden gürrüňinde ýaňzytdy.--“Tiz gelen döwletiň gadyry bolmaz” diýerdi. Pahyr ýene bir sözünde “Bergidar her ady tutulanda, bir ölermişin” diýerdi. Görüp otursak, ol bize öz başyndan geçiren zatlaryny gürrüň beren eken. “Tiz gelen döwletiň gadyry bolmaz” diýen nakylda-ha goňşymyz Geldi söwdagäri göz öňünde tutup aýdan eken. Geldi diýilýäni bilimsiz, ýöne gyrp-çyrp bilen ýaşap ýören keýpihon adam eken. Sähel salymda tütjar baý diýleni bolup oturyberipdir. Wagtyny şady-horramlykda geçiripdir. Ýeter-ýetmezlikde güzeran görýän adamlaryň üstünden gülüpdir. Bir gezegem ähi toplanjasyny ýygnap Moskwadan täzeje “Wolga” maşynyny satyn alyp getiriipdir. Heniz maşynynyň boýuna-syratyna guwanmaga ýetişmänkä, şol maşynyň aslynda ogurlyk maşynlygy üçin organdan adamlar gelip, oňa hiç bir zat tölemezden elinden maşynyny alyp ötägidipdirler. Bu ýagdaý Geldi söwdagäriň ýüregine täsir eden bolmaly. Pahyr, tüwmaýak galypdyr. Şol derdi bilenem basym amanadyny tabşyrypdyr.“Bergidar her ady tutulanda, bir öler” diýen nakyly bolsa, özi barada aýdypdyr eken. Ol özüniuň maýyp halyna dokuz çagany bir özi ekläpdir. Üstesine, ilden-günden karz alyp, üç otagly eýwanly jaýyny täzeden gurdurypdyr.
Enaýy Hezzetiň beren gürrüňine gulak asyp durşuna, işe gitmek wagtynyň golaýlanyny-da unutdy. Şol bir duran ýerinden gozganmady. Hezzet bolsa gürrüňiniň arasyny kesmän, kakasy barada, onuň sargytlary barada gepiň gerdişine görä yzly-yzyna suňşuryp otyrdy. O gürrüňler täsirlidi, olary diňledigiňçe diňläsiň gelýärdi. “Eý, ogullarym, hergiz adamzadyň göwnüne degiji bolmaň. Bu dünýä gelen hemme kişi myhmandyr. Görýäň-ä, şu günki göreniň erte ýok. Annamyrat neresse adam baryny töweregine üýşürip, gyzyl-gyran güldürip oturany ýaňy dälmidi. Ylla, diýersiň, dünýä gelmedik ýaly bolup gitdi. Aradan aýlar-ýyllar geçer, kim ony ýatlar, kim ýatlamaz. “Dünýä bir merduwandyr, biri münse, biri düşer”. Ildeşimiz Magtymguly atamyzyň aýdyşy ýaly, bu dünýä gelen geçip baradyr. Mundan sähel wagt ozallar hem şu howly adamdan ýaňa hyň berýärdi. Hany indi olar, göreýin diýseňem-ä görüp bolanok“ diýerdi.
Enaýy gözüni gyrpman diňleýärdi. Diňledigiçe-de ol özüni şol wakalaryň içinde duýýan ýaly, oňa lükgeligi bilen berlipdi. Hälem gürrüňini soňlap, „Enaýy, hany işden gijä galamzokmy?“ diýmedik bolsady, belki henizem otursa oturardy.
Howa maýyldy, ir ertirki adaja ýagan ýagşyň iri-iri damjasynyň ýer ýüzüni çalaja sepeläp geçip gidenini hasap etmeseň, indi näçe aýdyr asmandan bir katra nem dammadyk ýerler başky durkuny üýtgedene meňzeýärdi. Köpügören gojalary diňleseň-ä tebigatyň bu oýnuny şol obadan rysgal-berekediň göterilendigi bilen düşündirýärdi. Hakykatadan-da indi niçe ýyldyr “Ýer ala, ýurt ala” diýleni bolýardy. Bir ýerde-hä ýagyş-ýagmyrdan ýaňa adamlaryň mellegiňi sil-suw basardy. Başga bir ýerde-de maýsa bolup gününi sanap bir enaýyja ösüp oturan arpadyr bugdaýlar suwsuzlykdan ýaňa daýhanyň gözüniň alnynda süllererdi-de, ylla gögerenine ahmyr eden ýaly, sähel wagtda ýitip ýok bolup gitmek bilen bolardy. Adamlar „bular ýaly guraksy ýyl indi beri bir gaýtalanmasyn” diýip, dileg ederdiler, hudaý ýoluna sadaka bererdiler.
Hezzet bu gün hemişekiilerinden ir oýandy. Her gezegem işe ugranda ejesiniň “Balam, her gün irden öýden çykanyňda sag aýagyň bilen ätläp çykgyn, şonda işiň şowly bolarmyş. «Aýy-güni döreden, ýeri-gögi ýaradan eziz Taňrym, işlerim şowly bolsun!» diýip, ýagşy arzuw-niýetler bilen öýden çykmalymyşyn. Şuny hergiz bek belle. Şeýden adam, rysgal-bereket tapar diýýärler, balam” diýen sözleri ýadyna düşerdi. Şonuň üçin ol mümkingadar şu yryma eýerjek bolýardy, hiç bolmasa o sözleri içinden gaýtalap,ejesiniň bu sargydyny berjaý ederdi.
Soňky günler Hezzet bilen Enaýynyň güni bir bolsa, dawasy ikidi. Häzirem olaryň gürrüňi alyşmady. Enaýy geýindi-de, eline sumkasyny alyp gidermen boldy. Hezzet onuň öňüni gabady.
-- Meniň siz bilen gürrüňim bar.
-- A meniň bolsa seniň bilen gürleşere wagtym ýok.
-- Nämüçin gürleşesiň gelenok?
-- Ony seniň özüň menden gowy bilýänsiň.
-- Gürrüňi uzaltma, hany aýt, näme bolupdyr?
-- Ýaňy diýdim-ä, meniň seniň bilen gürleşere wagtym ýok.
-- Şol bir zady käkeläp oturma-da, gözlerime bakyp gürle. Näme bolupdyr, bolan iş barada birin-birin gürrüň bermeseň, şu ýerden hiç ýana butnamarsyň.
-- Baý, gorkuzdyň-ow!
-- Isle, gorkuzýaň diý, isle-de zorluk edýäň diý.
--Meni ýalňyz galdyryň! Gidiň, häzir meniň gürleşere halym ýok, ýalňyz galasym gelýär.
-- Bolýa, goý seň diýeniň bolsun.Ýöne munyň bilen syparyn öýtme.
Enaýy diwarda asylgy duran saýawanyny alyp, çykyp gitdi. Hezzet bolsa onuň yzyndan eşidiler-eşidilmez pyşyrdady: ”Be, walla, “Bir aýaldan ar alaýyn diýseň, onuň ýanynda özgäniň aýalyny öw” diýlenleri çyn bol-dow. Ýeri, onuň ýanynda goňşymyz Nurgülüň görmegeýliginden, gözel gylyk-häsiýetlerinden, iş başarjaňlygyndan söz açmak nämäňe gerek boldy diýsene. Onsoňam men ýaňra. Bize täze işgär aýal gelendigini hem aýtdym. Aslynda işdäki gürrüňleri öýdäkiňe gürrüň berme diýsene.“Içki syryňy ataňa-da aýtma“ diýen pähim bar. Bu meniň indikime sapak bolsa gerek“. Şol günden başlabam, Hezzet öýünde işiň gürrüňini etmezligi öz öňünde äht edip goýdy.
Bir günem Enaýynyň özi söz açdy.
--Hezzet, sen hemişeler işiňden gürrüň bermegiň bardy welin, bu günler näme agzyňa suw alan ýaly, hiç zat gürrüň bereňog-a!?--diýdi.
--Aý, täzelik bolmansoň, gürrüňem ýok.
--Täze işe gelen aýal bardyr-a!
--Hä, sen ýene-de şol öňki heňiňe tutdurdyňmy?
--Hawa, soňky günler sen aýallar barada-ha gürrüň bereňok. Joramyň jorasynyň gyz jigisi sizde işleýän eken. Asyl, sen kitap bahanasy bilen uzakly günläp kitaphanaçy gelniň ýanyndan aýrylaňokmyşyň-a.
-- Kim ol joraň jorasynyň gyz jigisi? Ady-sory bolmazmy onuň?
--Adyny näme etjek? Onam susdurmakçy bolýaňmy? Gerek bolsa, onuň adynam aýdaryn, wezipesinem. Ýöne soňky wagtlar öý-işik bilen wejiň ýoklugyny, dynç günlerem öýde oturman, oturaňda-da içiňi hümledip, uzakly günüňi dymyp geçireniň ýalanmy? Munuň bir sebäbi-hä bolaýmaly.
--Işim bar. Men gitmeli.
--Nirä? Dynç güni näme iş bolup biler? Gizlinmi? Ýa birinden jaň geldimi? Gidiber, ýaňy el telefonyňy barladym. „Nabat Gadamowna“, „Maral Meredowna“, „Kätip“ ýaly onlarça gyz-gelinleň ady bilen telefon belgilerden doly. Entäk olaryň senden hasabyny soramok. Ýaňam sen ýuwunýarkaň „Maňa Hezzet Durdyýewiç öýdemikä?“ diýip bir jyn sesli aýal jaň etdi. Näme diýendir öýdýäň. „Hezzet Durdyýewiçiňizi başga ýerden gözläň!“ diýdim. Dogruda, walla, indi bi ganjyklar öý telefonyna-da jaň edip ugradylar.
--Enaýy saňa akyl geljek däl öýdýän, men gitmeli. Meni işe çagyrýarlar.
--Gitseň gidiber, seni saklaýan ýok.
--Egin-eşik ütüklenenmi?
--Düýnküleriňi geý-de gidiber.Ýa görünjegiň barmy?
--Azar edinme. Egin-eşigimi senden öňem özüm ütükläpdim, indem ütüklärin.
Ol birlaý geýjek egin-eşigine ütük basyşdyryp, howlukmaç geýnip çykyp gitdi.
***
Powestler