Ömrüni gurluşykda ötüren adamlara-da ýaşlara iş öwretmek ýeňil-ýelpaý düşenok. Işläp duranyň ýanyna baraga-da „eýt“ , „beýt“ diýeniň bilen halypalyk etdigiň däldi. Diňe bir orta mekdebi gutaranlar däl, ýörite gurluşyk ugrundan okap gelenlerem halypaň görkezmesine mätäç bolýar ahyryn. Esasy zat saýlap alan käriňe yhlasyň, höwesiň bolmalydy. Aljyramaly däldi. Hezzete hemişeler kyn-gyssaga düşende, kakasy “kömege” gelerdi. Bu gezegem şeýle boldy. Kakasy bilen öz arasynda bolan bir gürrüňçiligi hakydasyna getirdi.”Oglum, hünäriň erbedi bolmaz. “Hünäri öwren-de ýigren” diýlendir. Ynha, men ömürboýy mugallymçylyk etdim.Ýöne men diňe şol bir kär bilen oňňut etmedim ahyryn. Uniwersitetde okaýarkam, okuwyň daşyndan fotosuratçylyk gurnagyna gatnaşyp, bu hünäriň tilsimlerini ele aldym. Şonda berlen şahadatnama maňa şu günki güne çenli eklenç çeşmesi bolup hyzmat etdi. Hem-ä il-günüň hyzmatyny edip alkyş aldym, hemem elimiň kiri boldy.Esasy zat, ýadamany-ýaltanmany bilmezlikdir, tutan işiňe hyjuwly ýapyşmakdyr. “Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýendir Magtymguly atamyz”.
Hezzet Magtymgulynyň ady tutulanda, ýüregi teselli tapan ýaly duýdy. Ol „Magtymguly” bilen günde-günaşa ýüzbe-ýüz bolýardy. Onuň ýyrtylyp ugran goşgular kitaby elinden düşmezdi. Eýýäm on-on iki ýaşlarynda-da şahyryň köp goşgularyny ýatdan bilýärdi. Oňa şahyryň ähli goşgulary-da ýarapdy. Bir gezek ol kakasyndan ``Magtymgulynyň bütin ömründe ýazan goşgulary bir kitap bolupmy?`` diýibem sorapdy. ``Ýok, oglum, onuň şygyrlary ummasyz kän bolmaly. Aýdyşlaryna görä, onuň bir gatyra ýük bolarlyk kitaplary bolupdyr. Öň bir gezek, men saňa gürrüňem bersem berendirin. Oba ýagy çozup, öýler talanypdyr, adamlar ýesir edilip äkidilipdir. Şonda Magtymgulyňam ýedi kitaby ýitipdir. Olaryň arasynda Magtymgulynyň `köp ýyllap zähmet çeken`Totyguş dilli`` atly kitabam garakçylara olja bolan. Magtymguly şol kitabyna has gynanypdyr. Ol kitap hünärler kitaby eken. „Siz ony nireden bilýärsiňiz, kaka?” diýip soranda, kakasy bilesigeliji oglunyň ýüzüne garap: „Ony men ýüz ýaşap dünýäden öten garry eneňden eşidipdim. Onsoňam, Magtymguly şahyr şu töwereklerde ýaşap geçen-ä. Asly goňşy obamyzdan, gerkeziň gyşyk tiresinden bolupdyr. Ol Etrek, Sumbar ýakalarynyň dagyny-düzüni torç eden ynsan. Onuň goşgularynyň ençemesini Döwletgeldi bagşy aýdym edibem aýdyp ýör. Magtymguly akyldar, onuň aýdyp gitmedik nesihatam ýok. Ine, ejeň ikimizem garradyk.”Gara daşdan gara gyly saýlan göz, Çöňňeler görejiň, göze myhmandyr” diýýä Magtymguly atamyz. Pahyryň bilmedik, aýtmadyk zady ýok. Her bir aýdan sözi ýüregiňe jüňk bolýar.” Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz, Nana mätäç däldir, söze myhmandyr”. Sered-ä onuň aýdýanyna! Ýa-da:”Her näçe ýaşasaň-da ýeriň ýüzünde, Adam ogly bäş gün duza myhmandyr” diýýä. Mende Magtymgulynyň irki ýyllarda çap edilen goşgular ýygyndyalry bardyr, oglum. Sen olary al, olary ezizläp sakla. Olary boş mahalyň oka. Olar saňa durmuşyň kada-kanunyny öwreder, olar dünýä gözleriňi açar”.
Hezzet Magtymguly-Pyragynyň ömri-döredijiligi bilen mekdebiň soňky ýyllarynda okap ýörkä-de gyzyklandy. Mugallymlaryna-da sorag baryny bererdi. Soradygyça-da şahyryň şygyr älemi oňa giň umman bolup göründi. Mekdepde ahyrky döwlet synagynda „Türkmen dili we edebiýaty” dersinden düzme ýazmaly bolanda-da şeýledi. Onuň azat temadan ýazan düzmesine mekdep boýunça iň gowy ýazylan düzme hökmünde uly baha berlipdi. ``Magtymguly-Pyragy kim?``. Temanyň şeýle aýdyň hem gönümel goýulmagy aglaba okuwçyny kyn ýagdaýa salýardy. Magtymguly barada bilýän zatlary, olaryň ýatdan bilýän goşgulary şo dem aňlaryna girmeýärdi.
Hezzetiňki welin beýle däldi. Onda Magtymguly hakynda ýazara zat juda kändi, munuň üçin ol ýeke gezek ýüregine, kalbyna sala salmak ýeterlikdi, sözden sözlem ýasap gider oturardy. Diňe bir babasydyr mamasynyň şahyr hakda beren gürrüňleriniň bir bölegini ýazga geçirip bilse-de, ýeterlik boljakdy.
Düzme türkmen dili we edebiýaty mugallymynda-da, mekdep direktorynda-da, mahlasy, ony diňlän adamlarda-da uly gyzyklanma döretdi. Onuň ýazan düzmesi Magtymgulyny hemme zatdan baş çykaryp bilýän beýik ynsan edip görkezýärdi.
Düzmäni mekdep direktorynyň haýyş etmegi bilen türkmen dili we edebiýaty mugallymy oturanlaryň ählisi eşider ýaly edip sesli okamaga durdy:
Magtymguly-Pyragy türkmen halkynyň, ýürek owazyny, namys arynyň päkizeligini türkmen diline ýugrup, öz halkyna beren ynsandyr. Ol türkmen halkyny, onuň ykbalyny ilkinji bolup, bir döwletlilige birleşmäge çagyran, oňa göni ýol görkezen akyldardyr.
Biz hemişe Magtymguly-Pyragyny şahyrlyk, ýagny, akylly, zehinli şahyrlyk akabasyna saldyrjak bolýarys, ýöne Magtymguly-Pyragy şahyryň derejesinden has beýikdir.
Ol dünýäniň akyldarydyr, umumy adamzat şahyrydyr. Hut şonuň üçin-de Magtymguly-Pyragy bir göwne, bir ömre, bir döwre sygmaýar. Ol ähli göwünleriň, ähli döwürleriň şahyrydyr.
Magtymguly-Pyragy türkmen halkynyň ähli sütüniniň milli öwüşgünli almaz täjidir. Türkmen halkynyň mertebesi, ary-namysy, ynsap ölçegi beýik akyldaryň şygyrlarynyň özenini tutýar.
Magtymgulynyň döredijiligi adamzat ýaşaýşynyň iň wajyp sowallaryna jogapdyr.
Ýyllar aýlanyp, günler dolandygyça Magtymguly-Pyragy bize has beýik, mukaddes, ýakyn hem eziz bolup görner.
Durmuşda halal ýaşamak isleýän adam özüne-de, beýlekilere-de gowy zatlary isleýär, ol şahyr we filosof. Magtymgulydan her kim özüni gyzyklandyrýan sowallaryň hemmesine jogap tapyp biler diýip men pikir edýärin.
Magtymgulynyň ajaýyp şygyrýet dünýäsi biziň geljekki bagtly günlerimiziň binýady bolar.
Kalbynda Magtymgulynyň ruhuny göterýän halkyň geljekde sapaly durmuşda ýaşajakdygyna ynanýaryn…``
--Älhepus, berekella, berekella. Okuwçyda zehin-ä bar eken, duran bir akylyň öýjügi-dä. ``Adam boljak bolsa heniz oglanlykdan aga görner`` diýleni-dä – diýip, mekdep direktory hemmeden öň dillendi.—Hany, ony çagyryň, onuň şeýle adamyň özi bilen hem gürleşmek gözeldir.
Birsalymdan bu ýere Hezzet geldi, özi-de mugallymlaryna salam berip geldi.
-- Şu gezeg-ä sen bize göz görkezdiň oglum, men-ä saňa telpek goýdum – diýip, türkmen dili we edebiýaty mugallymy hem öz begenjini saklap bilmedi. – Haýsy temadan düzme ýazmalam bolsa, onuň ilki bilen salgylanýany Magtymguly. Men arada ondan munuň sebäbinem soradym. ``Men Magtymguly atamyzda ynsanyň ähli gowy gylyk-häsiýetlerini, adamkärçiligi, halallygy, watansöýüjiligi, söýgä wepalylygy görýän, türkmen edebiýatynda ondan beýik adam göremok`` diýdi.
Hezzet birneme uýaljak ýaly etdi. Ýöne gürrüň öz düzmesi barada barýanlygyny welin bada-bat aňdy. Mugalymyň ýaňky aýdan sözleri öz galamynyň astyndan çykan jümlelerdi.
-- Gep düzme ýazmakda dälmikän diýýän. Gep onuň Magtymgulynyň şygyrlaryna beletliginde – diýip, otagyň töründe oturan mekdebiň taryh mugallymy hem gürrüňe goşuldy. – Üstesine, okuwçyň gözýetimem giň, başarjaňlyk ukybam ýiti.
--Hezzeti edebiýatam, sungatam gyzyklandyrýar. Ol şygyr ýazmakda-da öz güýjüni synap görýär. Onuň goşgulary şu güne çenli diwar gazetlerinem bezäp geldi. Birnäçesi-hä merkezi gazetlerde-de çap edildi. Biz şeýle zehinli okuwçynyň geljekde-de hünär saýlap almagy üçin şu günlerden aladalanmalydyrys – diýip, direktor bu gezek mugallymlaryň ýüzüne haýyş äheňinde garady.--Okuwyňyzam paýawlap barýar, nirä okuwa girsem diýýäň?—diýip, bu gezek mekdep müdiri Hezzetiň öňünde anyk sowaly keserdip goýdy.
Hezzet pikirlenmedi.
-Ýoldaş mugallym, özüm-ä dil ugrundan gitmekçidim welin, ýöne gurluşyk hünärem meni bir gyra çekip dur.
--Berekella, gurluşykçy bolmagam sarpaly kär, sen nirä okuwa girseň-de alyp çykarsyň, tüweleme, zehiniň dag ýarýar.—Müdir töweregini alyp duran mugallymlara ýüzlendi.—Geliň, muňa ýagşy umytlary diläliň. Şeýle okuwça elimizden gelen kömegimizi gaýgyrmaly däldiris. Bular biziň geljegimizdir. Muňa degişli ``Taryp hatyňyzam`` ertire goýman, şu günüň özünde gowşurmagymyz gerek!
Mekdep müdiri umumy gürrüňe nokat goýan ýaly etdi. Soň mugallymlardan hiç haýsysy geplemedi.
Hezzetiň dogrudanam Magtymguly şahyra bolan öz şahsy garaýşy bardy. Oňa Magtymgulynyň her bir setiri syrly dünýä bolup görünýärdi. Her setir, her jümle bir manyny berip, oňa goşmaça düşündirişem gerek bolmaýardy. Ýöne Magtymgulyly meselede hem onuň böwrüne sanjy bolýan zatlar ýüze çykypdy. -
--Öz-ä türkmen, ýöne nämüçindir onuň käbir goşgularyna doly düşünip bolanok--diýip, partadaşy Bally bir gezek onuň ýanynda janygypdy.
Bu pikiri diňe bir Ballam däl, beýleki ýoldaşlaram alyp göteripdi. Hezzet welin bu pikir bilen asla ylalaşmaýardy.
--Biz düşnüksiz sözleriň baryny arap-pars sözleridir öýdýäris. Ol nädogry. Magtymguly akyldar adam, ol her halkdan bir söz çöpläp, gatym-garymlyk bilen şygyr ýazan däldir. Onuň ulanýan sözleri türkmeniň öz gadymy, ýöne döwrüň geçmegi bilen ulanyşdan galan sözleri bolmaly. Bu hökman şeýledir. Şahyryň ulanan sözleriniň köpüsine halk dessanlarynda-da gabat gelmek bolýar ahyryn.
Men Magtymgulyny türkmen dilini ýitirmän saklan, oňa döredijilikli çemeleşen beýik ynsan hasap edýärin. Onuň şygyrlaryny okanyňda, türkmeniň arassa ýüregine, zannynyň halallygyna, geçmiş taryhyna, onuň däbine-dessuryna, watansöýüjiligine, ynsan söýgüsine göz ýetirýärsiň. Magtymguly meniň üçin hemişe şamçyrag bolar. Onuň Watanynyň bütin ýer ýüzünde tanaljakdygyna, onuň öz ene dilinde öňküden-de söýlüp okaljakdygyna men doly ynanýaryn”.
Hezzetiň kakasy bilen bolan gürrüňleri, Magrtymguly şahyr barada ýazan düzmesi onuň ýokary okuw mekdebinde okap ýörkä-de, ony gutaransoňam ýadyndan çykmazdy. Gaýta käte-käteler olar hakynda ýörite oturyp ýatlardy. Gurluşyk işleri bilenem ol öwrenişip gidipdi. Ol gurluşygyň ähli uçastogynda işläp görüpdi. Laý garmak, kerpiç daşamak, kerpiç örmek, garaz gurluşyk bilen bagly ähli işleri başyndan geçiripdi.Ýöne häzirki jaý salnyşygynda ulanylýan tehnika ozalkylary ýaly däldi, işler düýpgöter ýeňilleşipdi. Aýlyk-günlük oňuşmazça däldi. Jaýa mätäçlere jaý berilýärdi, dynç aljaklara oňaýly şertler döredilýärdi. Onsoň gurluşyga işe gelýän ýaşlaryň sany gün-günden artmak bilendi.
Hezzet özüniň işe başlan ilkinji günlerinden halypaçylyk käriniň özbaşyna bir sungatdygyna düşünip galdy. Her binada aýry-aýry halypalara duşupdy. Onsoňam her halypanyň öz işleýiş usuly bardy. Biriniň kerpiç örülýän diwaryň inini-boýuny, tekizligini ýa-da tekiz däldigini anyklamak üçin häli-şindi elinden ölçeg taýagy düşmezdi. Başga biri ädimläp, garyşlap işlemegi endik edipdi. Birentek ussa bolsa olaryň hiç biri-de gerek däldi. Göz çaky bilen işleýärdi, işiniň hili welin hiç kesiňkiden peslär ýaly däldi. Hezzetiň şeýle ussa gözi gidýärdi.
Arada ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýynyň dabarasynda oňa göçüp baran tanyş ýüzlere, şadyýan çagajyklara gözi düşende Hezzetiň özüniň saýlap tutan kärine bolan höwesi, şatlygy öňküsindenem goşalanypdy. Ol şol pursat özüni bagtlylaryň bagtlysy, ile şatlyk paýlaýan adam saýdy. Bu oňa meçew berdi, güýç berdi.Ylmy derňewlerine-de yhlasly ýapyşdy. Nirede işlese-de işini ylym bilen utgaşykly alyp bardy.
***
Deňze ümsümlik aralaşmagy ýarygijeden soň başlandy. Bolmasa onuň uzakly gün lemmer-lemmer bolup birsydyrgyn halda towlanyşyp gelýän tolkunlarynyň gelip kenara urýan adajyk sesi Awazada ýerleşýän „Kuwwat“ myhmanhanasynyň dördünji gatynda ýerleşen Hezzete ylla sallançakda hüwdülenen dek ýaňlanýardy. Haçanda deňze ümsümlik aralaşandan soň, diňe şondan soň ine-gana uklapdy.
Hezzet saba bilen başga bir zadyň şuwwuldyly sesine oýandy. Ol bu sesiň nämedigini bilesi geldi. Eýwana çykdy, töwerege göz gezdirdi. Deňiz ümsüm, rahatdy, suwuň ýüzem göm-gökdi. Hälki şuwwuldyly ses bolsa aşakdaky üçekden eşidilýärdi. Hezzet egiliip seretdi, indi oňa hemme zat aýandy.O ýerde kimdir biriniň oklan gaz suwundan boşan gapyrjagy ysgynsyz şemalyň ugruna, öňe-yza togalanyp, şuwwuldyly ses edýärdi. Ol birsellem seredip oturdy, soňam içerik girdi. Düşegini ýygnady, sakgal-murtuny syrdy, ýuwundy, ertirlik edindi. Gapyrjagyň şuwwuldyly sesi bolsa tä gaýdynça eşidildi durdy.
Ol iş saparynda bolan mahallarynda hemişe-de ir oýanardy. Öýde welin durmuş başgaçady. Enaýy özündenem ir turardy. Käte-käteler: ”Oglan, tur. Işe gitmelisiň-ä!” diýerdi. Köplenjem “Çaýyň demlengidir, sowadyjydanam gerek zatlaryňy alyber, men mekdebe ir barmaly. Aç gitmejek bol” diýerdi. Aý, garaz, şuňa meňzeş günler gündelik gaýtalanyp durardy. Bir gezegem Hezzet wagty bilen oýanmandy, turmaga ýaltanýardy. Näçe turuzjak bolsa-da bolmady. Enaýy başgaça hereket etdi. Jübi telefonyndan öý telefonyna aýlady. Öý telefonynyň jaňynyň sesi ir säher bilen asuda öýüň içine ýaň berdi. Enaýy trubkany alyp: “Salam. Hawa, hawa. Hezzet Durdyýewiň öýi şy. Näme, hemmeler garaşyp dur! Bilýbäňizmi näme, Hezzet öýde ýok, onuň saba bilen işe diýip gidişi. Hawa, hawa, barar, garaşyberiň, hökman barar, asyl ýetibem barýandyr. Häzir barar” diýip, öz-özi bilen gepleşip, trubkany ýerinde goýdy. Enaýynyň garaşyşy ýaly hem boldy. Zöwwe ýerinden turan Hezzet, hasyr-husur geýinmäge başlady, geýnip durka-da:”Ezizim saňa-da ir turuz diýäýmändirin. Irden brigadirler bilen ýygnanyşygym bardy”. Enaýy eden işine ökünmedi. Ol Hezzet geýnip durka çaýyny-çöregini agzyna tutdurdy. Özem “Bir döwüm çörek iýmän, şu taýdan bir ädimem butnamarsyň!” diýip dur.
Hezzetiň ylmy işe ymykly baş goşaly bäri ýatyp doly ukusyny alan gezegi bolmandy. Enaýam oňa hemişe “Kadaly ukyňy almasaň, sen oglan, basym dälirärsiň” diýerdi. Şeýle diýmäge ol halys mejbur bolupdy. Ýarygijeler oýanyp göräýgin, keçäň üstünde uzalyp, ýassygam söýeg eder-de okap oturandyr. Üstesine-de, wagty bilen iýip-içenogam. Moskwada aspiranturada okan ýyllaram onuň iş rejiminiň şol bir bolşudy. Deň-duşlary ýyl içinde bäş-üç gezek oba aýlanyp giderdi. Tomsuna oba baş berýär diýmeseň, başga mahallar hat alyşmak bilen oňardy. Ylmy işini birýüzlüräk edipdi. Onuň uly-uly kitaphanalarda bolup, dörüp çykan kitaplarynyň sany-sajagy ýokdy. Daşyndan göräýmäge, ol her kitapdan bir jümle alyp ýa-da şol kitaplaryň suratlaryny gözden geçirýän hem-de olaryň birentregini kem-käsleýin göçürip alýana meňzeşdi. Hakykatynda welin ol beýle däldi. Şol bir temanyň dürli ylmy işlerde dürliçe beýan edilişi bilen gyzyklanmasa, iýmek-içmek ýadyna düşmeýärdi. Günde-günaşa ylmy ýolbaşçyzy Wadim Antonowiç oňa täzeden-täze ýumuş tabşyryp, onuň ýekeje gününi hem boş goýmaýardy.Ol diýseň talapediji adamdy.
Hezzet hem ezberdi, işeňňir, ýadamany-ýaltanmany bilmeýän, bir zadyň anygyna ýetmän ol işi ertä goýmaýan, ýolbaşçysynyň bir diýenini iki gaýtalatmaýan aspirantlardandy. Bir ylmy işi töwerekleýin öwrenýänçä telim ylmy işe degip geçmeli bolýardy. Şeýle bolansoň onuň pikiri köplenç ylmy ýolbaşçysynyňky bilen çapraz gelýärdi. Çünki onuň bilýän zatlary ylmy ýolbaşçysynyň indiki tabşyrjak ýumuşlary bolup çykýardy. Şonuň üçinem käte-käteler iki eli bilen kellesini tutup oturardy. Birdenem içki pikirini Hezzetiň ýanynda daşyna çykaranynam bilmän galýardy: “Be, walla, men ýolbaşçymy, sen? Ýa-da men indi garrap ýörmükäm?!” diýerdi.
Aslynda Wadim Antonowiç Hezzete talyplyk ýllaryndan göwni ýetipdi, diňe bir gowy okamak däl, eýse durmuşda-da göreldeli, terbiýe gören diýilýän ýigitleriň hatarynda tanaýardy. Many-mazmunly taslamalaryň onlarçasyny hödürläpdi. Hatda onuň bir taslamasy heniz talyp mahaly durmuşa-da geçirilipdi. Şonuň üçinem haçan-da Hezzetiň özüne aspirantlyga hödürlenilende ikelläp razy bolupdy.
Wadim Antonowiç indi telim ýyl bäri hormatly dynç alyşa çykypdy. Ylym bilen meşgullanýanlar hakynda söz açylanda, öňi bilen şägirdi Hezzetiň adyny tutardy. Ondan bäri aý-aýlanyp ýyllar geçip gitdi. Hezzet ýaňy-ýakynda dost-ýarlary bilen otuz üç ýaşyny belläpdi, saçyna welin eýýämden irki gar sepelenen ýaly ak gyraw örtülipdi. Doktorlygynyň üstünde işleýärdi. Daşyndan hem ýokary okuw mekdepleriň birinde sapak berýärdi. Indi onuň öz aspirantlary bardy. Ylymda ýokary derejä ýetdim diýip, gol gowşuryp oturyp bolmaz diýýärdi. Işi-pişesi şol bir kitaplaryň gatyny dörüp ýörmekdi, ol şondan hem lezzet alýardy. Garaz, onuň işi şowunady, ýöne perzentsizlik dagy welin är-aýalyň ikisini-de gysyp-gowrup barýardy.
Hezzet ýaşlygyndan gözleri äýneklidi. Soňky günler onuň durmuşynda garaşylmadyk täsinlikler hem köp bolup geçýärdi. Hatda ol täsinlikleriň käbirleri ony oýlandyrybam başlapdy.
Hezzet gijäniň bir mahalyna çenli kitaplara güýmendi-de, eýwana çykyp deňzi synlady. Bu mahal ýokardan älemi garawullap duran ýaly aý hem tegelenip, öz şöhlesi bilen töwerege adajyk ýagtylyk saçýardy. Hezzet howanyň sowugyndanmy ýa-da özüniň hemişeki üşekligindenmi, içerik ýöneldi, şo pille-de täzeden ýene-de bir gezek Aýy synlamak üçin yzyna öwrüldi. Bu göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi. Aý hemişeki şöhle saçyp duran ýerinden nirädir bir ýerlerik sumat bolupdy. Töweregiň ýagtylygy welin şol öňküligine durdy. Geň galaýmaly, ýap-ýaňyja asmandaky tegelenip duran Aý ýerinde ýokdy. Ol bu bolan ýagdaýa akyl ýetiribilmän düşegine geçensoňam esli wagtlap uklap bilmedi. Şonuň üçinem Hezzet Aýyň bu bolşuna täsinligem däl, eýse gudrat diýip düşündi. Kämahallar agşamlaryna iýenini siňdirip bilmän kösenerdi. Häli-şindi garry enesiniň “Agşamyna on ädim ätmezden ýorganyňa girme” diýip hemişeler gaýtalap ýören nakylyny ýatlasa-da, ony özüniň berjaý edip bilmänine ökünýärdi. Käte-käteler aşak hem düşerdi. Ýöne köplenç ýaltanardy...
* * *
Hezzet bu günki eşiden täzeligini hemmeden öň maşgalasyna ýetirmäge howlukdy. Ol öýe baranda Enaýy aşhanada biş-düş bilen meşgul bolup ýör eken. Gapynyň açylanyny duýan Enaýy aşhana duran ýerinden gygyrdy:
--Kim geldi?
Hezzet bu gezegem ozalkylary ýaly oňa degişme bilen jogap berdi.
--Poçtalon Peçkin geldi. Girmek bolýamy?
--Peçkin bolsaň, giriber. Men saňa süýt satýan daýzadyr öýtdüm.
-- Süýt satýan daýza-da bir günde iki gelýän däldir, şu gün-ä ir gelip, süýji ukudakam menem oýardy.--Hezzet hemişekleri ýaly gelip Enaýynyň ýüzünden adaja ogşady. -- Meniň saňa getiren habarym, belki, süýtdenem ýegdir.
Enaýy öňlügine elini süpürip durşuna:
--Aýt, oglan, diňleýän, näme täzelik? Ýüregiň böküp dur welin, baýrak beýleki alan-a dälsiň-dä!--diýdi.
--Hawa, aldym, onda-da nä baýrak. Biziň Aşgabat şäherimiz dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdir.
--Aý, ýog-a? Biziň Aşgabadymyz Ginnesiň rekordlar kitabyna giripmi?
-- Hakykatdan-da Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär, görklenýär. Ähli ýerde häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän ak mermerli binalar gurulýar. Şäherde gurulýan möhüm ähmiýetli her bir taslama Mähriban Prezidentimiziň hut özi seredýär. Gurulýan desgalaryň ähli tapgyrlarda ýerine ýetirilişine, binagärlik çözgüdiniň berjaý edilişine, onuň injener-tehniki taýdan üpjün edilişine, geljekki binanyň ulanylmaga berilmegine çenli berk gözegçilikde saklaýar. Oňa berlen “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň hem Milli Liderimize bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany diýip düşünýäris. Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Aşgabatda gurluşyk işleriniň depgini öňkülerinden-de güýçlendirdirildi. 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna taýýarlyk ýaýbaňlandyryldy. Munuň üçin Olimpiada şäherjigi gurulýar. Özüň bilýäň ahyryn, şäherimiziň durmuşynda köp sanly özgertmeler bolup geçdi. Aşgabada Abadan şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň çäginde ýerleşýän ilatly ýerleriň birnäçesiniň birleşdirilmegi paýtagtymyzyň meýdanyny iki essä golaý artdyrdy. Munuň özi gelejekde Aşgabat şäherinde has uly möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilikler berer.-- Hezzet ylla münberde oturan ýaly, öňki-soňky täzeliklerden söz açýardy. --Şäherimiziň etraplaryndan ikisiniň atlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk getirilip, olaryň “Berkarar”, “Bagtyýarlyk” diýlip atlandyrylmagy hem aşgabatlylaryň şatlygyny artdyran wakalaryň biri boldy. Aşgabat şäheriniň güni baýramçylygy bolsa ähli aşgabatlylaryň dabarasyny uludan tutjak tolarynyň biri bolar.
Hezzet sözüne dyngy berende, Enaýy golaýynda duran kürsä geçip oturdy.
-- Dogry aýdýaň, Hezzet. Her ýylyň 25-nji maýynda ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde ýaňlanýan “Soňky jaň” dabarasy hem, nesip bolsa, mundan beýläk Aşgabat şäheriniň güni bilen bilelikde, goşa baýram hökmünde bellenilip geçiler.
Adatça, dynç günlerinde Hezzet işdeş ýoldaşlary bilen bilelikde saba bilen saglyk ýoluna çykardy. Özi-de bu ýere ýygy-ýygydan gelerdi. Her gezegem ol bu aralygy ruhubelentlik bilen ýeňil geçmegi başarýardy.Welosiped ýörişlerine höwes bilen gatnaşardy. Enaýy hem çärelerden galmazdy, çagalary haýwanat bagyna aýlardy. Kinoteatlara, muzeýlere, sergilere olar bilen bile gatnaşardy. Mahlasy, çagalar bilen döwrüniň şanly wakalaryna şaýat bolardy.Şoň üçinem oňa ýaňy-ýakynda ýaşlara berýän Watançylyk duýgusy, keramatly topraga söýgi döredişi, pederlerimiziň öwüt-ündewli sözleri arkaly Watanyň beýgeldilmegi bilen baglanyşdyrylyp wagyz-nesihat işlerini alyp barmakda tapawutlanýanlygy üçin kärdeşler arkalaşygy tarapyndan gymmat bahaly sylag hem gowşurylypdy.
Onsoň onuň Hezzet bilen dynç günlerini bilelikde geçirmäge boş wagty bolmazdy. Oňa Hezzet gowy düşünýärdi. Şu ýylyň dowamynda bary-ýogy bir gezek, döwlet aýlawynda geçirilýän bedew ýaryşlaryna bilelikde tomaşa edipdiler.
Olar uly işdämenlik bilen üsti nazy-nygmatdan doly saçagyň başyna geçdiler.
***
Hezzet iş saparyndady. Ol öýe gelende, onuň belgisindäki poçta ýaşiginde bukjaly hat ýatyrdy. Ol haty eline aldy, hat Enaýydan gelipdir. “Ol ýene-de şol öňki heňine tutandyr. Seniň iş saparyň soňy bolmady. Soňky döwür öýüňe myhman bolduň.Ylym diýdiň, ylmyň aňyrsyna çykdyň. Öý-hojalygyň, maşgala durmuşyňy ikinji derejeli zada öwürdiň” diýendir. Hawa, hawa, ol hökman şeýle diýendir. Möhüm obýektler, zerur işler gerdeniňde diýmez. Bir tarapdan-a Enaýy hakly. Onuň käkeläp durmasy ýöne ýerden däl. Oňa-da düşünmek gerek. Aýallaň kellesem biz erkekleriňkiçe işleýär ahyryn. A men bolsam, könelerimiziň “Geňeşere kişi tapmasaň, aýalyňa geňeş, soňundanam onuň diýeniniň tersine et!” diýşine eýerýän. Dogruda, walla, “aýallara asmanda hezillik bar diýseň, derhal merduwan gözlemek” bilen bolýarlar.
Ol içerik girensoňam, haty okamaga howlukmady. Şo mahalam telefon jyňyrdady. Ol haty eliniň tersi bilen oklap goýberdi-de, baryp trubkany galdyrdy:
--Alo, Enaýy, bu senmi?
--Eýse, kim bor öýdýäň? Ýogsa-da, başga bir aýalyň jaň ederine garaşyp durmudyň?!
--Ýeri, ýeri, seçmeläbermesene. Seň bilen düşünişip, arkaýynlykda gepleşip bolmazmy? Neneň günüň-halyň, oňatmy?
--Sen soralyň bäri erbet däl.
--Goýsana, ezizim, iş saparynda bolsamam, men seniň halyňy häli-şindi sorap otyryn-a.
--Ýalan sözleme. Sen indi näçe gün bäri şol ýerde?
--Bir aý, on iki gün, dört sagat bäş minut.
--Basym iki aý dolýar. Soňky gezek sen haçan öýe telefon aýladyň?
--Soňky gezekmi? Düýn, ýok-ýok, oňňin.
--Ýene ýalan sözleýäň, dört gün mundan ozal!
--Men ýalan sözlämok, gumuň içine gitjegimi öňinçä duýdurypdym ahyryn, ol ýerde telefon çekmänsoň, jaň edip bilmedim. Ine, ýap-ýaňy gelşim, saňa jaň etjek bolup durkam...
--Gepem tapýaň. Bahanaň kän sen oglanyň.Iş bolsa, seniň öýüň ýada düşenok.
--Walla, çypbakaý çynym, indiki hepde özümem barýan. Neneň saglygyň, doktora görünmekçi bolýan diýipdiň. Görnüp bildiňmi?
-- Oturyp-oturyp, indi ýadyňa düşdümi? Hatymy almadyňmy?
--Diýýän-ä. Şumatjyk içerik girip durşum diýip. Dogrusy, poçta gutusynda hatyň bar eken, aldym, häzir ýuwundygym okaryn, ýagdaýyň bilen tanşaryn diýip durkam, seň özüň jaň edäýdiň.
--Şeý diýsene. Seniň şol äwmezligiň aýrylman geçjek-dä! Hany, onda, bar al, basym oka, soň jaň edersiň, bagty gelen pekge diýsäni!
--Enaýy, Enaýy...alýo, alýo...--Ol guguldap duran trubkany ýerinde goýdy. Soňam içgepletmelerini daşyna çykardy: “Be, walla, aýal halkyna düşünip bolmaz eken-ow. Bir zadyny oklajak bolup dur-aýt. Indem öýkeländir, hijem gürleşmez”.
Hezzet äýnegini elýaglygyna süpürişdirdi-de, täzeden gözüne dakyndy. Soňam hatly bukjany eline alyp, bir eýlesine, bir beýlesine öwrüp gördi, bukjanyň bir burçuny emaý bilen ýyrtyp aýyrdy. Bukjadan çykan uly tagta kagyzda bary-ýogy ýekeje sözlem, onda-da kelteje sözlem ýazylgydy. Şojagaz kelteje sözlemiň güýji ummanlaryň astynda gark bolup barýan Hezzeti ýeriň ýüzüne alyp çykdy. Onuň daýaw göwresini öz girdabyna dolap aldy. Hezzetiň gözleri sähel salymda ýaşdan püre-pürlendi. Ol bu ýazgyny gaýtalap-gaýtalap okady: “Buşluk, oglan, sen basym kaka bolýaň!”.
Täzeden trubka topuldy, howul-ara belgileri aýlaşdyrdy:
--Ezizim, sen meni aglatdyň-a. Heý beýle-de bir göwni kem adamyň göwnüne degmek bormy? Beýdibem bir ar almak bormy? Ýaňy aýdaýmalydyň-a. Oguldur, ogul. Meniň dokuz ýyllap garaşan oglumdyr ol. Daňdanky uçar bilen bararyn. Hawa, hawa, ýanym bilen buşlugyňam alyp bararyn. Meni indi bu ýerde saklajak güýç bolup bilmez, ezizim!..
Ol trubkany goýdy, trubka ýerinde bijaý goýlan bolara çemeli. Hezzet oňa o diýen bir ünsem bermedi. Trubkada bolsa nätanyş bir aýalyň häli-häzirem zorruk sesi mesaňa-mälim eşidilip durdy: “Sen kime ezizim diýýäň? Aslynda sen oglan kim!? Nirä, kime jaň edýäň? O nämäniň ogly, o nämäniň buşlugy? Bararyn, saňa nä bu ýerde gujak açyp garaşýan barmy? Eşitdim-eşitmedim diýme, meýit. Ýene-de birje gezek jaň etdigiň bes, polisiýa habar ederin. Alýo, alýo...”
Hezzet gözleriniň ýaşyny eliniň aýasy bilen syldy. Ol begenjinden ýaňa durky bilen titreýärdi, şol titremesi bilenem bir bulgur doly suwy başyna çekdi. Diňe şondan soň ol birneme özüni raslady.
Derhal ýazuw stolunyň başyna geçdi. Ol çetki obalaryň birinde ýaşaýan aýal doganyna hat ýazmakçy boldy. Birdenem jübi telefony ýadyna düşdi-de, olaryň öý telefon belgilerini aýlaşdyrmaga durdy.Trupkany aýal dogany aldy.
--Aýnäzik jigim, bu men, agaň Hezzet, buşluk!
-- O nämäniň buşlugy, agam? Saglyk-amanlykmy? Ilki bir, hal-ahwal soraşarlar agam jan, bir ýegeniň gullukdan geldi, beýlekisem bu gün ugrajak bolup dur. Gelnejemiň ýagdaýam gowumy? Ýogsa-da, buşluk soraýaň welin, bu ýylam “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi dagy bolaýdyňmy?
--Men näme diýýän, tamdyram näme diýýär. Bäsleşige heniz wagt bar.
--Onda näme? “Lalyň gepine enesi düşer” etdiň-le muny.
--Basym men ata bolýan!
-- Senmi? Sen basym ata bolýaňmy?
--Hawa, biz basym köpelýäs, jigim!?
--Hudaýa müň-de bir şükür. Gözüňiz aýdyň!—Şondan soň Aýnäzigiň bogazy dykyn aldy-da, birbada gürläp bilmedi. Trubkany goýansoňam, begenjinden ýaňa aýagy ýer tutman, howlyň içini torç etdi. Şol barmaşa-da, adaja pyşyrdady: “Agam jan, belki ýalanam bolsa çyn bolsun-da, buşlugyň gürrüňi bolmaz, ýatakdaky toklulardan semizinden semizini saýlap bererin!”.
* * *
Ol ir ertir bilen paýtagtyň keşbini uçaryň üstündekä synlady. Görmäge göz, taryplamaga söz gerekdi. Aşgabat bütinleý başga keşbe giripdi. Şol günler paýtagty ösdürmek üçin gurluşygyň on ikinji, on üçünji nobatyna badalga berilmegi bilen şäheriň günorta-günbatar künjegini ösdürmek göz öňünde tutulyp, döwrebap ýaşýyş jaýlarynyň we edara ediş binalarynyň täze toplumyny bina etmek meýişlleşdirilýärdi. Paýtagtda halkara ülňülerine laýyk gelýän derejedäki gurulýan döwrebap binalaryň tehniki taýdan üpjünçiligine aýratyn üns berilýärdi, olaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli bina edilmegi üçin zerur çäreler görülýärdi.
Hezzetiň münen taksisi halkara aeroportundan şähere sary barýan ýoly nazarlap, ýerinden gozgandy. Onuň geçen iki aýyň içinde bina edilen desgalary görüp, gözi dokundy. Olar bir ýa iki däldi, sanardan kändi. Ol desgalar biri-birinden owadandy, ajaýypdy, görmegeýdi, gözeldi. “Bir ýyllap dagy şäheri görmedik bolsaň, belki tanamazlygyň hem ahmal” diýip içini gepletdi. Ýene-de dürli maksatly guruljak desgalar göz atuwyna geldi. Hezzet şäheriň mundan beýläk hasam ösdüriljekdigine kalby bilen ynanýardy. Onuň ýer ýüzünde özüne taý tapylmajak jennet mekanyna öwrüljekdigine şübhesi ýokdy. “Baş bolmasa, göwre läş”. Ol bu zatlaryň esaslandyrylmagynyň güzabyny hem şöhratyny diňe bir ynsanyň öňdengörüjiligine, gujur-gaýratynyň ägirtligine syrykdyrýardy. Şonuň üçinem Hezzet gije-gündizläp, şol beýik ynsana biribardan jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat dileýärdi. Oňa bolan ýürek buýsanjy çäksizdi. Ondaky buýsanç indi köpden bäri külli türkmeniň hem göwün küýsegine öwrülipdi.
Hezzetiň şol beýik, nurana adamyň ýylgyryp duran suratyna gözi düşdi. Şol pursatda-da köňüllere barýan ýola garap duran Gahryman Arkadagymyzyň: «Öňe, Diňe Öňe, Jan Watanym Türkmenistan!» diýen buýsançly sözleri Hezzetiň beýik zamana bolan guwanjyny has-da artdyrdy.
2014-nji ýyl.
# Powest “Medeniýet” žurnalynyň 2015-nji ýylda çykan sanlarynda çap edildi.
Powestler