17:02 Köñüllere barýan ýol / powest | |
KÖŇÜLLERE BARÝAN ÝOL
Powestler
Bu eserde Aziýanyň merjen şäheri bolan ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligi, owadanlygy hakynda söz açylyp, gurulýan il-ýurt bähbitli binalar dünýä ýüzüne wagyz edilmäge, mahabatlandyrylmaga çalyşylýar. Onda hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde halkara maksatly çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýän ýerine öwrülen Garaşsyz baky Biratap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty jennet mekany Aşgabadyň at-owazasy, onuň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuşy, iş-aladasy, ynsan söýgüsi barada söz açylýar. * * * Tebigatyň sähel wagtda üýtgäp, howanyň garaşylmadyk ýagdaýda sowamagy zemine güýzüň aralaşmagyndan habar berýärdi. Şeýle boljagyny öňünden bilýän ýaly daýhan birleşikleriniň ak atyzly pellerinde zähmet çekip ýören daýhandan başlap, mal yzynda gezip ýören çopana deňiç bu ýagdaýyň irgözin gamyny iýip goýupdylar. Diňe olar hem däl, ýeňles, ýuka geýnen tutuş aşgabatlylar hem bir günüň içinde bar lybasyny galyň egin-eşige çalşyp ýetişipdi. Politehniki instituty tamamlap, paýtagtda işe galan Hezzet şu güne çenli şäheriň gurluşyk edaralarynda dürli wezipelerde işläpdi. Ol häzir şäheriň günortasynda gurulýan gurluşyklaryň biriniň inženeridi. Ýurduň Baştutanynyň paýtagtyň gurluşyk binalaryna iş saparyna aýlanmagy adaty zada öwrülipdi. Soňky wagtlarda gurluşykçylaryň arasynda ýygy-ýygydan bolýardy. Bir gezeg-ä Hezzete Ýurt Baştutanynyň hut özi bilen ýakyndan salamlaşmak, ikiçäk söhbetdeş bolmak bagtam miýesser edipdi. Şonda Ýurt Baştutany onuň hal-ýagdaýy, aýlyk-günlügi bilen hem gyzyklanypdy. Hezzet bolsa özüniň hem-de özi bilen bile işleýän ýoldaşlarynyň kem zadynyň ýoklugyny, aýlyk-günlükleriniňem, iş şertleriniňem, ýaşaýyş-durmuşlarynyňam hiç kesiňkiden pes däldigini aýdyp, oňa berk jan saglyk, işinde üstünlikler arzuw edipdi. Şondan soň Ýurt Baştutanynyň onuň berekellasyny ýetirip, ýoluny dowam etdirişi, ulagyna münensoňam yzyndan elini galgadyp galyşy Hezzetiň soň-soňlaram hiç hakydasyndan gitmedi. Paýtagty tanalmaz ýaly özgertmek üçin döwletiň gaýgyryp goýjak zady ýokdy. Şonuň üçin hem şäher günsaýyn däl, sagatsaýyn ösýärdi, Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabady dünýäde nusga alarlykly ak şähere öwürmek üçin ýer ýüzüniň iň bir tanymal gurluşyk firmalary çagyrylýardy. Ilkinji çagyrylan firma-da ýumuş tabşyrylyp durulmaýardy. Çagyrylan şol firmalaryň öňlerinde anyk meseleler goýlup, olaryň arasynda taslamalar boýunça bäsleşikler yglan edilýärdi. Diňe şondan soň bäsleşikde üstünlik gazanan firma bilen iki taraplaýyn şertnama baglaşylýardy. Binanyň düýbiniň tutulyş dabarasyna Ýurt Baştutanynyň hut özüniň gatnaşyp, özüniň-de ak pata bermegi indi däp bolup galypdy. Şo gezek binanyň açylyşyna märeke bary ýygnanypdy. On bir gatdan ybarat bu ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga berilýänligi üçin onuň öňündäki giň meýdançada ir säherden aýdym-saz ýaňlandy. Bu ýerik mähelle barysy ýygnanypdy. Jaýyň ýaşaýjylary çagalaryny alyp, bu açylyşa hemmeden öň gelipdi. Hezzet diýseň tolgunýardy. Ýyl ýarymdan gowrak wagtlap zähmet çekilen binany birkemsiz aman-sag tabşyrmak Hezzetiň hem oňa gatnaşan kärdeşleriniň hem ýüreginiň küýsegidi. Basym dabara başlandy. Dabarany şäher häkiminden gelen wekil açyp, ony guran gurluşykçylaryň adyna sagbolsun aýtdy. Aksakal ýaşulular yzly-yzyna cykyp geplediler. Jaýyň gurluşygyna işjeň gatnaşan işçileriň uly toparyna Ýurt Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurdylar. Ady tutulan işçiler bir-birden orta çykyp, sowgatlaryny aldylar. Ine, birdenem ortada uzyn boýly, bugdaý reňk, gözleri äýnekli, hortaň ýigit peýda boldy. Ol Hezzetdi. Hezzet özüne reňkli telewizordyr gymmat bahaly haly gowşurylanda, ýene bir gezek özüniň gurluşykçy hünärine baş goşanyna bolan buýsanjy artdy. Bu serpaý oňa birmahallar kakasynyň howluda mal ýatagyny gurup berendäki berekellasyny ýatladan ýaly boldy. Şo pursatlar onuň gözüniň öňünden edil kino lentasy ýaly deý geçip gitdi... Ol heniz institutyň talybyka bir aýlyk iş tejribesini geçmek üçin dogduk obasyna iberilipdi. Şonda kakasynyň howluda üýşürip goýduran kerpiçdir gum, sementdir üçek üstlerine gözi düşen Hezzet ejesine: --Eje, siz täze jaý salynmakçy bolýaňyzmy?--diýdi. Sapargül ejäniň oglunyň bilesigelijiligine gözi gitdi. --Wah, kakaňdyr-da, indi näçe wagt bäri howlyň burçunda göleli sygyr üçin agyl ýatak gurdurmakçy bolup ýör. Ähli gerek-ýarak zadyny taýynlady. Kömekçisem bar, ýöne obadan kerpiç örüji ussa tapanok. Düýnem ussa gözläp, maýyp halyna, aşaky obalara aýlandy. Tapman geläýdi öýdýän – diýdi. -- Hany, kakamyň özi görnenog-a, nirä gitdi? Ol gyşky rugsatda dälmi? -- Ol şu gün irden awtobus bilen welaýat merkezine ugrady. Mugallymlaryň hepdelik okuwyna çagyrypdyrlar. -- Eje, hany sen maňa aýt, kakam ýatagy nirede gurmakçy bolýar, ýerini görkezip biljekmi? -- Wiý, oglumy, kakaň mal ýatagyny gurjak ýerinde dört gazygam kakylgy durandyr. Gapysy gaýra bolmaly. -- Onda, şeýle. Maňa köne eşiklerden getir, men ony özüm örerin. Ussa gözlemegiň geregi bolmaz. -- Oglum, agyl salmak, goňşy-golamdan kömek soramasak, bir özüňe eýgertmez. -- Eje-e, maňa eşik gerek! -- Häzir, häzir, balam. –Sapargül eje mundan artyk ogluny gürletmedi. Gidişi bilen gelşi deň boldy. Kakasynyň köneräk eşiklerinden getirip gitdi. Hezzet derhal işe girişdi. Öňi bilen agylyň binýadynyň düýbüni gazdy. Soňra esli palçyk taýynlady. Bu döwürde Sapargül eje onuň ýanyna telim gaýta gelip “Armasyny” berip gitdi. Soňky gezek gelende welin, gözlerine ynanmady. Günortana çenli ýatagyň dört tarapynyň-da düýbi ýarym metr çemesi örülipdi. “Berekella, oglum. Gözüm degmesin, “tüf”,”tüf”. Oglum, demiňi alaweri, gaty ýadama, me, çaýdan hem owurtlap dur. Arakesmäňde men saňa ýumurtgaly börek bişirip bererin” diýdi. --Bolar eje, bir günde mundan artyk örmekçi däl. Siz nahar taýynlaýançaňyz, men ertiriň palçygynyhem garyşdyryp goýaryn. Hezzet gurluşykçy bolmagy irmahallardan arzuw edipdi. Bu arzuw onda baryp uzak Sibiriň ok geçmez gür tokaýlyklarynda gulluk edip ýören mahalartynda döräpdi. Asman ýüzi görünmeýän gyrymsy gür tokaýlygyň içindekä boş mahallarynda esger ýoldaşlarynyň hersi bir zada gümrady. Kimsi aýydyr maýmynyň çagajyklaryna tomaşa etse, başga biri ol şahadan başga bir şaha bökjekläp ýören belkajygyň täsin hereketlerini synlaýardy. Hezzetiň ünsi welin düýbünden başga ýerdedi. Ol häliden bäri diňe bir zada--guşlaryň çöp-çalamdan höwürtge gurnaýşyny synlaýardy, olary biri-biri bilen baglamakda palma ýapragyny sapak ýaly ulanyp bilşine haýran galýardy. Dogrusy, ol bürgütdir leglekleriň öz nesillerine goýup gidýän höwürtgeleriniň dört ýüz ýyllap durýandygyny haýsydyr bir kitapdan okapdy. Ýöne häzirki ýaly guşlaryň höwürtgeleriniň nädip, näçe wagtda ýasalyşyny öz gözleri bilen görerin öýtmändi. Ol bu gezek çypar guşlarynyň höwürtge ýasaýyşlarynyň ýeke-täk şaýady boldy. Bu guşlar höwürtgelerini tezege eýlenen kesek tokgalaryndan ördüler. Onsoň güne guran şol höwürtgelerini ýekedaban ýaly agyr bir zat bilen urup döwäýmeseň, olar ýeňil-ýelpaý zada aňsat-aňsat döwüläýenokdy. Asyl ol höwürtgeler ýer yranmasynda-da, tokaý otlananda-da zeper ýetmän galardy. Guşlaryň bu agyr zähmetine Hezzetiň gözi gitdi. Her-haçanam bolsa ömrüni gurluşyga bagyşlamagy, adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmakdan başga sogaply işiň ýoklugyny, meger, şol höwürtge gurmaga ussat guşjagazlar kalbyna guýan bolsalar gerek... Ana, şo gezegem giden mal ýatagyny bir özi gurdy oturyberdi. Daşyna saman garyp, suwag çekdi. Üçegini ýapaşagyrak edip, suw akaryna ternaw oturtdy.Ternaw oturdyp durşunda-da, Kerim şahyryň bir bent goşgusyna hiňlendi: Ternawlardan suwlar akyp, Nowruz gary eräp durka. Bir gyz gördüm aýna bakyp, Gara saçyn darap durka. Kakasynyň hepdelik okuwdan gaýdyp gelenine Hezzet az begenmedi. Howlyň derwezesinde saklanan awtobusdan Sähet aga düşdi. Şol ýerde-de ony Hezzet garşy aldy. Sähet aga heniz üç ýaşyndaka aýagynda tapan şikesi ýaşy ulaldyksaýy eli hasaly gezmeli bolupdy. Ol geçen bütin ömründe agsaklaýardy, eli hasaly, ikinji topar maýypdy. Ataly-ogul garsa gujaklaşdy. Sähet aga hal-ahwal soraşdy. Olar howla girenlerinde Sapargül eje öňlerinden çykdy. --Kakasy, sag-aman gelýärmiň? Hezzet janam seň gideliň bäri geleni, ýöne dem-dynjam almady. Sähet aga birbada hiç zat aňlamady.”Meň giden günümden bäri bir hepdeläp dynç almadyk bolsa, oňa nähili düşünmeli?” Sapargül eje howlukmady. Sähet aga gaharlanjak ýaly etdi. --Nämäniň dem-dynç almasy, keýwany? Etiň-ýagyň týkenipmidi? Toklydan-çebişden soýmadyňyzmy? -- Duraweri, kakasy, duraweri. Toklynam soýduk, hemme zadam bar öýde, men iýmek-içmek hakda aýtjak bolmadym. Beýläňe bir göz aýla ahyryn! – Sapargül eje mal ýatagyna bakan gözüni ümledi. Sähet aga boýy birkemsiz ýetirilen, içine mal salybermeli edilip goýlan ýatagy görüp birbada gözlerine ynanmady. Ol ýatagyň daşyna aýlandy, ogly bilen onuň içine girip gördi. Ýatagyň içindäki ahyrlary birlaý synlap çykdy. -- “Gutarylan işden gül ysy geler” diýilýändir. Tüweleme, oglum. Işiň kemi ýok. Sen är işini bitiripsiň, bolmasa, bu gyş hem sygyrlarymyza gyşlar ýaly sümelge tapman kösenerdik. Üstesine, obamyzda indi kireýine işleýän ussa-da ýok. A sen örmäni, gurluşygy nireden öwrendiň? Sapargül eje oglundan öňürtdi. --Ýigit daýy ugruna çekse, goýazy bolmaly. Daýysynyň belli ussa bolan, daýysyna çekipdir. -- Dogry aýdýaň, keýwany, “Är daýa” diýlen gürrüň-ä bardyr, daýysynyň-a ussa kemi ýokdy.Ýöne o pahyr ýogalanda, Hezzet jan heniz dünýä-de inmändi. -- Kaka, biz indi dördünji ýylyň talyby, bular ýaly ownuk-uşak işlerden baş alyp çykmasak bolmaz ahyryn. Meniň bir taslamamy talyplaryň arasynda yglan edilen ylmy bäsleşikde uly baýraga hem mynasyp gördüler. Oňa alymlar uly baha berdiler. Maňa okuwyňy gutaransoňam işiňi ylym bilen utgaşdyryp alyp barmagy maslahat berdiler. Maslahat beren adamlar kiçi-kirim adamlar däl-how. Ýurdumyzda tanalýan adamlar, ylymda uly açyş eden adamlar, professorlar. --Berekella, oglum. Ylymyňy dowam etdir diýseler, dowam et. Ylymdan zyýan çeken adam ýokdur. --Ynha, bir aýlyk tejribäm bilen şu ýerik geldim. Dogrusy, her kimi öz etrabyna ugratdylar. Meniň tejribämi bolsa obamyzda gurlup başlanylan tomat-konserwa zawodynyň gurluşygynda geçirmeli etdiler. Gurluşygyň inženeri obadaşymyz Nury Remezan ogly bolmaly. Aşgabatdaky uly desgalaryň gurluşyklaryna-da onuň bilen bile gatnaşypdyk. Bäride-de onuň bilen tutuş bir aýlap işlemeli. Görsem, siziňem ähli gurluşyk materiallaryňyz taýýar, gazygam kakylan eken. Ejemem, “Kakaň ussa tapanok!” diýdi. Onsoň menem oňardygymdan... her gün az-azdan ördüm, bolupdyrmy, ýa kaka, kemi barmy? -- Tüweleme, kemi ýok. Aslynda, gurluşykçy bolmak, jaý salynmak, inžener bolup onuň garamatyny boýnuňa almak ýeňil-ýelpaý iş däldir, balam. Oňa ezberligem, jepakeşligem gerekdir welin, tejribelilik has zerurdyr. Könelerimiz “Halypasy bolmadygy halypa tutunma” diýendir. “Assa-assa işleseň ussa bolarsyň, işlemeseň hassa” diýilmänmi. Bizde bir mugallym bardy, gurluşyga höwesekdi. “Her gün az-azdan ördüm” diýeňde, şol adam, ýadyma düşdi. Aslynda ol zähmeeetden okadardy, işden gaçan adam däldi, gaty gaýratlydy. Oňa Aman Anna, il arasynda Aman ussa-da dýýärdiler.Ýöne, ine, şolam halypa gören adam däldi. Özi ýaly halypa görmedik ýaş-ýeleňler bilen bile işläp, ussa bolupdy. Bir günden bir gün menem oňa täze jaýymyzyň gurluşygyny ynandym. Kireýinem öňünden aldy. Gününe şo döwrüň ýigrimi bäş manadydy. Geňem gördümle, bary-ýogy bir dynç gününde, bir özi tutuş jaýyň boýuny ýetirdi oturyberdi. Oňa “men-men” diýen atly ussalaram telpek goýdy. Işi gutardym edip, nahara çykdy. Haýp, Aman ussanyň bugarypjyk duran jüýjelije palawa gapdalynyň çüýşesi bilen ýaňy bir işdämen topulyp durşudy welin, edil şo mahalam daşarda uly bir gürpüldi eşidildi. Ýer yranandyr öýdüp, zöwwe ýerimden galypdyryn. Ýer yranma küje, zat küje? Görsem, Aman ussanyň howlymyzdaky ýap-ýaňyja boýuny ýetiren jaýy bir gapdalyna düňderilip ýatyr. Men derhal içerik girdim-de, bolan iş barada ussany habarly etdim. Asyl ol müýnürgemedem, gaýta şeýle boljagyny öňünden aňan ýaly, ýerinden gozganaýynam diýmedi. Öňünde goýlan palawdan göwünli-göwünsiz symyşlap oturyşyna: “Eý, paňkelle Aman, kireýjigiňi aldyňmy, git-dä güm bolup, ýeri naharyňy öýüňde iýeňde bolmadymy? Abraýlyja başyňy biabraý edip” diýip pyşyrdaýa. Maňa bakybam “Göz degendir” diýýä. Aý, onsoň näme etdi diýsene, ertesi, birigüni, soň tutuş hepdeläp bize gatnamaly boldy. Ahyrky günem işini birýüzli tamamlansoň, gaýdarman boldy. Şo mahalam ejeň: ”Aman jan, ýumurtgaly börek bişirdim, iýip git, gel, geç otur” diýdi. Aman ussa welin yzyna öwrüldi-de “Wah, ýeňňe jan, ýumurtgaly böregiň-hä ölemen aşygydyryn welin, men gideýin, şol jaýyň ýene-de ýykylman durjagyna ynamym ýok” diýip, howlukmaç halda oturman gitdi... Sapargül ejä adamsynyň getiren bu mysaly göýä öz ynjysyny ogluna kinaýa bilen kakdyran ýaly bolup göründi. Ony Hezzet hem aňan eken. -- Ýok, kaka, men ýatak jaýyny bir günde däl-de, tutuş bir hepdede saldym. Ony traktor bilen hem ýykyp bilmersiň – diýdi. -- Oglum, men saňa ony aýtjak bolmadym. Ýöne, Aman neressäni ýatlaýdym... Hezzet özüne berlen baýragy göterip, taýagatym ýerde duran maşynyna bakan ýöneldi. *** Onuň Moskwada okan ýyllarydy. Bir günem saba bilen Aşgabada bakan ýola düşmeli bolupdy. Ýöne Hezzetiň ýatyp galaýmakdanam gorkusy ýok däldi. Ol şol gorky bilenem ýerinden turup, sagady eline aldy. Göni bäşde gygyrar ýaly edibem oňa tow berdi. Hezzetiň häzirki ýaşaýan otagy on alty gatly jaýyň on altynjy gatynda ýerleşýärdi. Dogrusy, ýolagçy bolsaň, oýaly-ukuly ýatylardy. Bu gezegem onuň dürli oýlar bilen gijäniň birmahalyna çenli gözlerine uky gelmedi. Kellesinde-de alasarmyk pikirler at salýardy. Şol pille ejesini ýatlady, ýerinden turubap penjesiniň jübüsinden hatly bukjany çykaryp, onuň käbir ýerini pyşyrdabrak okady: ”Deň-duşlaryň kileň, balam, öýlendi. Seň bilen ýaşytdaş Petdiniň hem iki çagasy bar. Ýogsam, şolam şäherde ýaşaýar. Ejeleriniňkä welin häli-häzir gelip dur. Bilýän, obada ýaşamaly bor diýip pikir edýänsiň. Biz o hakynda hem kakaň bilen gürleşdik. Kakaň “Oglumyzyň gutaran ugrundan obada iş ýok, ol Aşgabatda işlejek bolýar. Biz oňa garşy çykyp bilmeris.Ylmy-bilimini goý göwni söýen ýerinde ulansyn” diýýär. Ýöne, herki zadyň öz wagty bolýandyr. Okamak, bilim almak bir zat, öýlenmek, maşgala gurmak başga zat. Göwün bereniň bolmasa, bize rugsat ber”. “Bulara-da, düşünmeli.--Hezzet haty ýene-de öňki ýerine eltip goýdy.-- Garrylaryň menden başga nämesi bar? Hiç kimi ýok. Bularyňam il deňinde agtyk söýesleri gelýändir? Munuň üçin, iki ýol bar, biri-hä baryp şäherde işe durmaly. Dogrusy, öňinçä ýaşar ýaly kireýine jaý gözlemeli bolar. Ikinjisi hem ejemleri Enaýylara sawçylyga ibermeli. Ýöne, öňinçä bu däp-dessurlaryň hökman berjaý ediläýmelidigi barada Enaýyny habardar etmeli. Soňundan näme? Soňundanmy, soňundan toý ederis, bir günden bir gün biziňem özbaşymyza jaýymyz bolar. “Türkmen goşy dura-bara” diýeni ýaly, şondan soň ejemleriň agtygynyň ugruna çykyberilse bolar”. Moskwa owadan şäherdi, giňdi, gijeleri-de edil gündiziň güni ýaly ýagtydy, onuň owadanlygy gündizdäkilerinden has owadandy. Hezzet indi bu owadan şäherde üç ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýardy. Şu döwrüň içinde ol eýýäm aspiranturany tamamlap, ylymlaryň kandidaty diýen derejänem alyp ýetişipdi. Onuň ýaşaýan otagynyň äpişgesinden aşaklygyna seretseň Moskwanyň göni köçeleri, olarda hereket edýän tramwaýlar, maşynlar çaga oýnawaçlaryny ýada salýardy. Oňa derek belentden-belent köşklerdir gadymy salnan binalar seleňläp görünse, üstüňden häli-şindi uçup geçýän uçarlar pel-pellläp ganat kakýan algyr guşlary ýadyňa salýardy. Mahlasy, dünýäniň ähli gözelligi şu şäherde jemlenilen ýalydy. Ol Aşgabat şäheri hakynda oýlanýardy, oýlandygyça öz ýaşaýan şäheri bolan Aşgabadyň bütinleý täze keşbi onuň göz atuwyna gelýärdi.”Nämüçin, Aşgabatda täze-täze desgalar, köşkler, lowurdap duran köçeler, suw çüwdürimler, stadionlar, teatrlar gurluberenok. Ýogsam, Türkmenistan ýerasty, ýerüsti baýlyklara kem rysgalmy? Guraýyn diýse, döredeýin diýse haýsy ýurtdan gözel tebigaty, keramatly topragy kem?”. Öz öýünde keserdip goýan bu sowallaryna ýene-de Hezzetiň özi jogap gaýtardy: “Sebäbi gurmak, döretmek diňe merkezden, Moskwadan çözülýär. Ony çözmäge Türkmenistanyň özüniň hak-hukugy ýok”. Şondan soň Hezzet ep-esli wagtlap dymyp oturdy. Ol bu mahal gözel-görkli Moskwany däl-de, göýä geljekki aşyklaň şährini, jenneti mekana öwrüljek juwan Aşgabadyny, şäheriň bagtyýar adamlaryny synlaýardy. Soňundanam ol şeýle netijä geldi: ”Sabyrly gul, dura-bara şat bolar”. Enşalla, biziň mähriban paýtagtymyzy hem merjen şähere, gurjak kimin lowurdap duran mermerden guruljak ajaýyp şähere öwürjek gerçek tapylar”. Ol şol oýlar bilen düşege geçdi. Ep-esli alasarmyk pikirlerden soň, teý ahyry uka gitdi. Ol şol uklaýşy bilen sagat altyň ýarynda-da oýanmandy.Ýöne başga bir ýagdaý onuň oýanmagyna sebäp boldy oturyberdi. Al-asmanda uçup ýören bir gara garga geldi-de, özüni Hezzetiň ýatan otagynyň aýnasyna urdy. Ylla ol içerik girmekçi bolýan ýaly, bu ýagdaýy bir däl, birnäçe gezek gaýtalady. Bu Hezzet oýanyp oturansoňam gaýtalandy. Aýna döwlere gelýärdi. Özem sesiniň ýetdiginden gagyldap ses edýärdi. Hezzet ýerinden turdy-da, aýna golaý bardy. “Kiş-kiş” diýip gargany kowdy. Garga diňe şondan soň nirädir bir ýana uçup gitdi. Hezzet hiç zady aňlamady. Ol çyrany ýakyp, sagada seretdi. Sagadyň dili dördüň ýaryny görkezýärdi. Ol gaýtadan ýatmaga hyýallandy, barybam aýnanyň tutusyny bir gapdala syrdy. Al, gerek bolsa, ýer agaryp, bireýýäm daň atyp gidipdir. Sagada baryp topuldy, dili dördüň ýarynda duran sagatdan ses-selem çykanokdy. Hezzet göz açyp-ýumasy salymda geýinip ýola çykdy. Uçara-da soňky minudynda ýetişdi.”Gudrat diýibem şuňa aýdarlar. Ýeri, gudrat bolmasa, garga üçin urunara şol belent jaýda, onda-da on altynjy gatdan başga-da aýna kän ahyryn?” diýip, ol ýolboýy içini gepletdi. Dogrudanam, şo gezek ony garga oýarmadyk bolsady, ýatyp galardy, ýatyp galsa-da, baý iş köpelerd-ä! Şondan soňky ýagdaýy heniz Hezzet göz öňüne-de getirip görmändi. Gargaly waka welin hakydasyndan çykmady... *** Hezzetiň nobatdaky açylyş dabarasyndan gelip durşudy. Bu günki işlerden ruhlanypdy, keýpiçagdy. Ol häzir özüniň keýpiçaglygyny kimdir biri bilen paýlaşmak isledi. Şonuň üçinem derhal el telefonyna ýapyşdy. Ondan kimdir biriniň telefon belgisini aýlaşdyrdy. Soňam „Kerim, neneň bardyňmy? Hawa, hawa, öýde. Göwün açyşaýsak diýjek boldum. Ertirem dynç günüdir. Bolýa, gepleşdik. Sagat ýedide, “Aýna“ kafesiniň öňi. Hezzetiň ýene-de tutuş sagat ýarymlap wagty bardy. Sakgal-murty oňly garalmadygam bolsa syrdy. Suwa düşdi, çapyşyga goýberiljek bedew mysaly, özüni kemsiz raslady. Köwşüni iş edinip garalady. Agşamky ütüklenilen eşiklerinden çykaryşdyryp, diwanyň üstünde goýdy. Penjeginiň jübüsindäki pullaryny sanaşdyryp, ýene-de ýerine saldy. Soňam geýinmäge durdy, birsalymdan içeriniň ähli ýerini Hezzetiň sepinen duhusynyň hoşboý ysy gaplap aldy. Ol baranda kafeniň öňi toý lybasynda geýnen adamlardan doludy. Topar-topar bolşup duran adamlaryň arasynda Hezzetiň tanyşlary-da bardy, hatda birki adam onuň bilen elleşip salamlaşybam gitdi. Kerim welin henizem gara berenokdy. Dogrusy, şu ýerik oturmagy wadalaşanyna birbada ökünjegem boldy. Basym erkini ele aldy, öz-özüni köşeşdirmäge durdy. Oňa Hezzet belet bolarça bolupdy. Daşyndan göräýmäge „Aýna“ ýeke kafeli restoran ýaly görünýärdi. Hakykatynda welin bu ýerde birbada üç ýerde toý toýlap bolýardy. Aýratyn ýerde özbaşyna kafesem bardy. Kerim gelmedik bolsa, belki Hezzetiň kafeli meselede aladasy artsa-da artardy. Olar kafeniň çolaryp duran gündogar tarapyna geçip jaýlaşykly oturdylar. Birsalymdan ofisiant gyz olaryň sargan nygmatlaryndan getirip gitdi. Soňky gelende bolsa,“Içdäňiz açyk bolsun!“ diýip gitdi. --Sag boluň! –Hezzet ofisiant gyz gidensoň Kerime ýylgyryp seretdi. -- „Urşuň geňeşi ýok“ diýipdirler, al, Kerim, nahary sowatmalyň. Işdäň açyk bolsun! -- Sag bol, dost, seniňem işdäň açyk bolsun! --Ýogsa-da, bir zat ýatdan çykypdyr. Bu günki üstünligi bellemeli bolar ahyryn.--Hezzet Kerime içgi barada sugşurdy. --Sen maňa seretme, men bu ýerik ulagly geldim. -- Asyl şeýlemi? -- Ol ofisiant gyzy ýanyna çagyryp, oňa özi üçin ýeke bulgur içgi buýurdy. *** Hezzet uly köçäniň ugry bilen barýarka, el telefony jyňyrdansoň maşynynyň tizligini peseltdi. Telefony açmazdan öň özüne kimiň jaň edýänini bildi. Ol Enaýydy. Maşyny köçäniň gyrasynda saklap, telefony açdy.“Enaýy. Sen maňa edaraň agzynda garaş, barýan. Öýe barmaga wagt ýok, ýygnaga ýetişmeli. „Arzyly“ kafesi golaýjak. Şolar nahary erbedem taýýarlanoklar. Günortanlygymyzy şol ýerde edinäýsek bolmazmy? Hawa, hawa. Hoş görüşýänçäk“. Hezzet bu ýere gelende, Enaýy eýýäm oňa edaraň öýündäki uly köçäň gyrasynda garaşyp duran eken. Olar kafeniň günorta çetinden girdiler. Hezzet Enaýya boş ýeri görkezdi, olar jaýlaşykly oturdylar. Onýança ofisiant nahar ady görkezilen depderçäni getirip olaryň öňünde goýdy. Hezzet welin heniz depderçäň gatyny açyp-açmanka: -- Mähribanym, näme iýjek, buýur!-- diýdi. Enaýy bolsa ýylgyrjaklap durşuna: -- Aý, oglan, ilki bilen okap bir gör, nämeleri bar, nämeleri ýok?—diýip, jogap berdi. Şondan soň Hezzet naharlaryň adyny tutup, bir ujundan sesli okap başlady. -- Birinji, dograma, kelemli çorba. Ikinji, etli börek, ýumurtgaly börek, manty, palow, balyk... --Ol depderçäniň ikinji sahypasyna göz gezdirdi. -- Somsa, işlekli, towuk, ysmanakly gutap, aý, tüweleme, bularda adyny tutan zadyň bar eken-ow – diýdi. -- Basymrajyk bolaweri, aýt näme iýjek, sagat ikide ýygnagymyz bar. -- Maňa-ha kelemli çorba bilen ýekeje somsa bolar. Sen özüň näme isleseň alaý. -- Ýok, mähribanym, maňa-da seniň saýlan naharlaryň bolar. Onýança olaryň ýanyna ofisiant geldi. Hezzet: --Jigim, kelemli çorba bilen somsaňyz taýýarmydyr ýa-da garaşmaly bolarmy? Ofisiant: -- Bize täzelikde ökde aşpez işe geldi. Onuň bişiren ýumurtgaly böreginiň hem-de taýýarlan dogramasynyň müşderisi ýetik. Diňe şol naharlara garaşmaly bolar diýäýmeseň, başga islän naharyň taýyn. Buýruň, haýsysyndan näçe? Bu gezek Enaýy öňürtdi. --Iki kelemli çorba bilen iki sany somsa. Ýany bilen salat, iki bulgur aýran hem bolsun. --- Düşündim. –Ofisiantyň yza öwrülenem şoldy welin, Enaýy ony saklap ýetişdi. --Ýekeje minut aýak çekiň! Biz buýran naharlarymyzyň nämäniň etinden taýýarlanylandygyny soramagy unudypdyrys. Ofisiantyň jogaby nagt boldy. --Siziň sargan kelemli çorbaňyz göläniň etinden. Somsaňyz bolsa goýunyňky. -- Näme diýseňizläň, meniň ýoldaşyma goýun eti ýaraýan däldir. Oňa ysmanakly gutabam, kömelekli gutabam bolýan däldir. Kelemli çorbaň welin bolar. Ikimize-de şondan getiräýiň. -- Baş üstüne. Ofisiant gitdi. Hezzet Enaýa bakyp “Hemişe meniň aladam bilendir” diýip içini gepletdi. Ofisiantyň “Ýumurtgaly böregiň” adyny agzanda welin, Hezzetiň agzy suwjaryp gitdi. Arman, soňky wagtlarda gan basyşynyň ýokary galýanlygy üçin ýumurtgaly börekden ine-gana garyn edip bilmeýändigi ýadyna düşende, uludan agras demini aldy. Çaga mahallary ejesi olara günde-günaşa diýen ýaly ýumurtga börek bişirip bererdi. Ýumurtgasy pökgerişip duran böregiň üstüne mazaly eýlenen deri gatygyny dökerdi welin, oňa işdämen topulanyňy bilmän galardyň. Böregiň ululugam esli bardy. Onuň bäş-alty kesimini günortanlyk iýen adama agşamlyk nahar küýsetmezdi. Onsoň talyp ýyllaram köplenç ýumurtgaly böregi küýsärdi. Dogrusy, onda-munda ýumurtgaly börek iýilmänem durlanokdy. Ýöne olaryň hiç haýsysy-da öz ejesiniň bişiren böreginiň tagamyny bermeýärdi. Rugsat döwri oba bardygy, ejesi oňa hökman ýumurtga börek bişirip bererdi. Ejesiniň şol datly ýumurtga böregini ýatladygy ýylgyrardy. Häzirem adaja ýylgyrdy. Ony Enaýy dessine aňdy. “Ejeň bişiren ýumurtga böregini ýatladyň gerek?” diýdi. Hezzet bolsa “Sen ony nädip bildiň?” diýdi-de, Enaýyň ýylgyryp duran ýüzüne manyly seredip goýaýdy. Enaýy olara gelin bolup baransoň, iki ýyllap obada ýaşapdy. Şol iki ýylyň içinde ol hem gaýnynyň bişiren ýumurtga böreginden telim gezek iýipdi. Aslynda ýumurtga böregini bişirmegiň öz usuly bardy. Ol Enaýynyň ozalky pikir edişi ýaly däldi, ony bişirmek üçin birnäçe adamyň asla geregi ýokdy. Sapargül eje tutuş maşgalanyň iýjek ýumurtgaly böregini bir özi taýynlardy. Enaýy hem soňy bilen bu nahary bişirmäge ökdeledi. Ol şähere göçüp gelensoňam Hezzete bu nahary küýsetmändi. Ýöne ýumurtga onuň gan basyşyna derhal täsir ederdi. Hezzet muny durmuşynda synap görüpdi. Şonuň üçin hem indi bu içerde ýumurtgaly börek bişirilmeýärdi. Üstesine, dynç günleri bolaýmasa, olaryň ikisi-de işdedi. Aslynda oňa goýun eti, goç eti, olardan taýýarlanýan dograma oňa düýbünden ýaramaýardy, kofeden, gara çaýdan saklanmaly bolýardy. Derman otlaryndan demlenilen çaýlar onuň göwün küýsegine öwrülipdi. Birsalymdan ofisiant sargalan zatlaryň ählisini getirip gitdi. Soňam: --Işdäňiz açyk bolsun! –diýdi. -- Sag boluň! –Hezzet ofisiant gidensoň Enaýa ýüzlendi.-- Mähribanym, al bakaly, noş bolsun! -- Sag bol, saňa-da noş bolsun, ezizim! Soň är-äýal oturyp garbandylar. Ondan-mundan gürrüň edibem esli wagtlap oturdylar. Bu mahal kafeniň belent diwarynda asylgy duran ullakan sagadyň peýkamlary ikä golaýlapdy... *** Hezzet desgany tabşyrandansoňam gol gowşuryp oturmady. Şäheriň köne köçeleriniň ýüküni ýeňletmegiň aladasyny etdi. Hojalyklar gurplanýardy, gurplanan hojalyklarda bolsa täze-täze ulaglar peýda bolýardy. Munuň üçin bar bolan köçeler daryşganlyk edýärdi. Täze köçeleri gurmak işine Ýurt Baştutanynyň hut özi arhitektorlyk edýärdi. Onuň tabşyrygy bilen taýýarlanylan taslamalar makullanylansoň durmuşa geçirilýärdi. Şonuň üçinem täze gurulýan köçeler, olaryň yşyklandyrylyşy, ýanýodalar dünýä ülňülerine laýyk edilip gurulýardy. Köne köçelerde gatnaýan ulaglaryň hereketi bolsa birneme çylşyrymlaşýardy. Hezzet köçeleri kagyz ýüzünde birin-birin gözden geçirdi. Köçeleriň çatrygynda dört taraplaýyn sowma ýol etmegiň kararyna gelindi. Ýöne, munuň üçin öňi bilen bu teklibiniň taslamaçylar tarapyndan goldanylmagy zerurdy. Dogrusy, ýygnakda şeýle teklip bilen çykyş edenler başga-da boldy. Hezzet Durdyýew has aýratyn gyzyklanyp gaýtadan münbere mündi, özüne bir mümkinçilik berilmegini haýyş etdi. Haýp, bu gezek hem onuň arkasyny çalan bolmady. Şu mesele barada hepdäniň ahyrynda ýene-de ýygnanmaly edildi. Özi-de her kim bir teklip bilen çykyş etmeli diýlip tabşyryldy. Hezzet öz teklibinden el çekmeýärdi. Şonuň üçin bolsa gerek, şundan başga bir teklip taýynlaýynam diýmedi. Haýp, bu gezekki ýygnagam bişow geçdi. Birenteginiň teklibine gulak assaň, köçeleriň ugrundaky onlarça ýaşaýyş jaýydyr edaralar bütinleý ýykyp aýrylmalydy. Başga biriniňkä gulak assaň welin, şäher gurluşygyny taşlaga-da, gaýralygyna çölüň merkezine bakan süýşüp, şol ýeri şähere öwürmegiň aladasy bilen bolmalydy. Garaz, pikirler dagynykdy, biri-birine çapraz gelýärdi. Ýygnaga şäher häkimliginden Nury Meret atly epeý bir adam wekil bolup gatnaşýady. Ol tejribeli, köpügören adamdy, onuň şäheri abadanlaşdyrmakda eden işleri kändi. Ol ýygnagyň ahyrynda söz aldy: --Şäher köçeleri babatda menem kän oýlandym. Birnäçe taslamam-da bar. Ýöne diňe bir öz taslamasy bilen çykyş eden ýoldaşalaryň tekliplerini däl, hatda öz taslamamy hem halamok. Men onuň ähmiýeti barada aýtjak bolýan. Ýoly giňeltmek zerur, ýöne nädip?! Köçäň iki tarapam jaý, mekdep, ýene şoňa meňzeşler.--Ol bokurdagyny arçady, birki öwre üsgürindi. Hemmeler oňa amatly bir üýtgeşik taslamany orta atar öýdüp çaklapdy. Ol welin henizem gepläberenokdy. Ýygnaga başlyklyk ediji kömekçä suw getirmegi buýurdy. Onýança Nury Meret dillendi: --Ýok, suw gerekmez, azar edinmäň! Men ýaş hünärmen, aslynda hemmäňizden ýaş Hezzet Durdyýewiň teklibini ikelläp goldaýan. Häzirlikçe şundan amatly teklip eşitmedim. Ol işiniň daşyndan ylym bilen hem meşgullanýar. Onuň ylmy işem gurluşyk bilen bagly. Hezzet Durdyýewiň bu teklibi ylma esaslanýar. Geljegi bar. Şonuň üçinem biziň hemmämiziň ýaş alymyň bu teklibini goldamagymyz hem-de oňa bu teklibi haýal etmän özleşdirmäge başlanylmagyna rugsat bermegimiz gerek. Hemmäniň nazary Hezzetde eglendi. Hezzet welin başky durkuny birjigem üýtgetmän, sesini-üýnüni çykarman otyrdy. -- Men-ä goldamok! --Menem garşy. --Gowy teklib-ä goldaňzok! Aý, garaz, oturanlardan üçüsi, soň ýene biri, ýene-de biri garşy çykdy.Ýygnaga başlyklyk ediji Hezzet Durdyýewiň teklibini orta atyp, el galdyrmaşak etdi. Hemmeler elini galdyrdy, hälki bäş adamdan hem biri, az salymdan soň ýene biri elini göterdi. Şunlukda, Hezzet Durdyýewiň teklibi tutuşlugyna makullanyldy. Ýygnaga başlyklyk ediji Hezzete garady, Hezzet bolsa henizem başyny galdyrman äm-säm bolup otyrdy. --Hezzet Durdyýew, saňa söz berilýär?! Hezzet diňe şondan soň ýerinden turdy: --Hormatly kärdeşler, sag boluň. Men bu teklibi özleşdirmek üçin gijämi gündiz edip, yhlasymy gaýgyrman işlärin! Oturanlar el çarpdylar, soňam bir-birden gelip onuň elini gysdylar. Teklibi goldamadyk üç kişi hem Hezzeti gazanan bu uly üstünligi bilen gutlap gitdiler. *** Ir säher bilen ýagyş damjalady, giç öýlänler gar tozgalap başlady. Nowruz baýramynyň belleniljek gününe bary-ýogy bir hepde wagt galanda, howanyň birdenkä üýtgäp garyň ýagmagy köpi geňirgendirenem bolsa Hezzet oňa başgaça düşündi. Bu ýýl müçe hasaby boýunça balyk ýylydy. Balyk bolsa suwsuz oňup bilmez. Suw bolsa ýaşaýşyň özeni. Diýmek, balyk ýyly iň bir hasylly-bereketli ýyllaryň biri bolmalydy. “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň--ýaz”. “Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş”. Bu onuň özünden oýlap tapan sözleri däldi. Ony kakasyndan eşidipdi. Kakasy geografiýa, biologiýa derslerinden sapak berýärdi. Şeýle bolansoň onuň howa, ýer-ýurt bilen bagly aýdyp beren nakyllaryny Hezzet kän diňläpdi. Elinden kitap düşmezdi, kän okardy. Kitaplaryň gatlaryndan öň eşitmedik, bilmedik nakyllardyr atalar sözine gabat gelerdi. Ýatkeşligi güýçlüdi. Bir gezegem ol Enaýy bilen nakyl hem-de atalar sözini aýdyşmakda özara bäsleşdi. Türkmen filologiýasyny aýratyn tapawutlanan diplom bilen tamamlan Enaýy hem bu meselede hiç kimden peslär ýaly däldi. Onuň bilýän nakyldyr atalar söziniň sany-sajagy ýokdy.Ýöne olaryň arasyndaky häzirki ýaryş kimiň nakyldyr atalar sözüni kän bilmeginde däldi-de, olary temalar boýunça aýtmakdady. Ikisi-de ellerine kagyz-galam alyp ýazuw stolunyň başyna geçdiler. Muňa Enaýynyň gyz dogany Sadaby hem çagyrdylar. Onsoň olara ýumuş berýänem, wagt belleýänem Sadap boldy. -- Azap çeken akyl tapar, jedel eden nakyl. Taýýarmysyňyz? --Taýýar--diýşip, Hezzet bilen Enaýynyň sesi goşulyşyp gitdi. --Taýýar bolsaňyz, onda başlalyň. Ilki ýazjak nakyllaryňyz we atalar söziňiz bedew bilen baglanyşykly bolmaly. Ikiňize-de bäş minut berýän. Wagt gitdi. Olar ylla çapyşga goýberilen bedewler ýaly, işe başladylar. Basym bellenilen möhletem doldy. --Wagtyňyz boldy, jogaplaryňyzy ýygnap alýaryn!--diýdi-de, Sadap olaryň ikisiniňem kagyzlaryny ellerinden aldy.--Indi geliň, hemmämiz gulak asyp diňläliň. Enaýy, öňürti senden başlaýyn! Jogaplary ikisine-de görkezmän saklamagy är-aýaly hakykatdanam tolgundurypdy. Sadabyň okap başlamasy, olaryň ikisiniň hem ünsüni bir ýerik jemledi. Ogul irden galkyp atasyna garar. Irden turup ataňa seret, ataňdan soň atyňa. Ataň bolmasa, atyňy. Atyň öldi, ataň öldi. It içen suwdan at içmez. Atyny harlan, atasyny harlar. At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden. Il oňlasa, atyňy soý. Atyň agsagy-da, eşekden ozdyr, Uzak ýoly at ýeňer, agyr güni är. Ýagşy at öňüni gözlär, ýagşy ýigit soňuny. --Berekella.--Sadap Enaýynyň ýazanlaryny okap bolup, Hezzetiňkä geçdi.-- Indi, geliň Hezzetiň ýazanlaryny diňläliň! Är ganaty--at. Malyň iki bolsa, biri at bolsun. Atym bar, ne gamym bar. Ata dost ýaly seret-de, duşman ýaly mün. Ýedi ýaşar at sykylyklap suwarylmaz. Aty baryň, ganaty bar At gadryny münen biler, ok gadryny-atan Iki at depişer, arasynda eşek öler. Gyzly öýde kyrk atly eglener, biri alar. Pyýada gözi bilen at alma, dul gözi bilen hatyn. At alsaň, ile geňeş. Atyň iýermen bolsa oňduň, aýalyň iýermen bolsa--ýandyň. At ýaryşda, är söweşde. Hezzetiň özünden iki nakyl ozmagyna Enaýynyň ýüzi gyzaran ýaly etdi. Şonuň üçin Hezzet Sadabyň berekellasyndan öňürtdi: --Enaýy, sen ruhdan düşme. Meniňem bilmeýän zadym kändir. Ýöne Sadap at-bedew barada ýazmaly diýdi welin, meniň ýüregimden turdy. Bilýäň-ä, meniň ahal-teke atlary barada köp kitaplary okanymy! Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewlerimiz barada aýdylan nakyllardyr atalar sözi ummasyz kän. Bu diňe meniň ýadymda galanlary. Hälem, Sadap bize ýene bäş minut wagt beren bolsady, belki ýene-de ýadyma düşeni bordy.Ýogsa-da, şeýleräk bir nakyl hem bar: At alma–eýer al, aýal alma--hossar al, ýer alma--goňşy al. Sadap hem Hezzetiň jogaby bilen ylalaşýan ýaly ýylgyryp oňaýdy. Ara düşen böwşeňligi ýene-de Hezzetiň özi bozdy. --Dogrusy, Enaýy, men seniň ýazan nakyllaryňy hem ýazyp bilerdim. Ýöne gözümiň gyýtagy bilen seňkileri birlaý okap çykamsoň, olary ikilenç gaýtalamaýyn diýdim. Ýogsa-da, Enaýy, men senden bir zat soraýynla!?. “Irden turup ataňa seret, ataňdan soň atyňa” diýlen nakyly her kes bilýär. Bu nakylyň ündewi, asyl manysy ir bilen sag-aman örüp, ilki ataň bilen görşüp, soň atyň ýanyna barmakdan ybarat. Sebäbi at hem ýigidiň dosty, ýakyn ýoldaşy hökmünde mukaddes saýylýan haýwan hasaplanylýar. Ýöne, seň nakyllaryň arasynda „Ataň bolmasa, atyňy” hem diýipsiň welin, walla çynym, men bu nakyly ozal eşitmändim. Enaýy ony özüçe düşündirmäge durdy: --Wiý, bu oglany. “Ataň bolmasa, atyňy” diýlen nakylyň il arasynda ýörgünli bolan “Irden turup ataňa seret, ataňdan soň atyňa” atly nakylyň başgaça görnüşi-dä! Meniň pikirimçe, bu nakyl, atasyz ösen ýa-da atasy ýogalan ýigitler üçin döredildimikä diýýärin. Muňa sen nähili düşünýäň, Hezzet? --Onçasyny-ha bilmedim welin...--Ol ilkä özüne bakan ýylgyryp duran Sadabyň ýüzüne, soňam öz beren sowalynyň jogabyna garaşyp duran Enaýa garap gepledi. –Eger-de, biziň Enaýymyz şeýle pikir edýän bolsa, onda ol dogrudyr. --Bäsleşigi dowam etdirýäsmi ýa-da ýok!--diýip, Sadap ýene-de ýumuş bermäge häzirlendi. --Ýok!--diýip, Hezzet galamyny kagyzyň üstünde goýdy. --“Utulan göreşden doýmaz!” diýlendir, oýnalyň!--diýip, Enaýy adamsyny gaýtadan ýaryşa çagyrdy. --“Oýunçy utulanyny bilse ýagşy, ezizim”, ýene-de Sadabyň öýümize gelen gününde dowam, etdiräýeris. Bolmaýamy? Bir çäýnek çaý demläp getirseň, üýşüpjik içerdik. Enaýy eliniň tersi bilen galamyny ýazuw stolunyň üstüne oklap goýberdi. Soňam, torsaryldy-da, aşhana bakan turup gitdi. Hezzet Sadaba üm bilen düşündirdi. --Gaty göräýdi öýdýän! Sadabam ýuwaşjadan öz pikirini aýtdy. --Oňarmadyňyz, ýene bir gezek oýnaýmalydyňyz-da! --Zyýany ýok. Enaýy çaýyny demläp getirsin bakaly, men oňa käbir nakylyň rowaýatyndan gürrüň bererin welin, derhal öýkesi ýazylar. Onsoňam, onuň birentek nakyllaryň gelip çykyş rowaýatlaryndan habary barmyka? Onýança Enaýy getiren çaýyny olaryň öňünde goýdy. Birdenem: --Bir zadyň gürrüňini edip durduňyz welin, men geldimem lal-jim bolaýdyňyz-la, gyz. Näme şeýle gizlinmi?--diýdi. Muňa olaryň ikisem ýylgyrdy. Hezzet öňürtdi: --Enaýy bilen käbir nakyllaryň manysy barada ýaryşaýsam diýdim. Neneň görýäň? --Men taýýar. Ýöne gürrüň haýsy nakyl barada barýar? Hezzet öýkesi ýazylan Enaýa buýsançly garady. Muňa Sadabyňam ýüzi açyldy. --Meselem, “Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn” nakylyň manysyna neneň düşünýäň? -- Men bu hakda gazetleriň birinde okaýdym öýdýän.-- Hezzetiň aýdyşy ýalagam boldy. Enaýyň gepi-sözünde öýke-kineden jinnek ýalagam alamat duýulmady.--Bir adam Eýrana sapara gidipdir. Eýranyň köp ýerlerini gezip gelensoň, gören-eşiden zatlary hakda obadaşlaryna gürrüň berip öwünýärmiş. Şonda Hemedan şäherinde gören, geň-enaýy zatlaryny gürrüň berýärkä, kellesi gyzyp: “Hemedanda şeýle bir uly kädiler bar. Men şolaryň kyrkysyny dagy göterýärdim” diýip öwnüpdir. Obadaşlary:”Heý, kyrk kädinem göterip bolarmy?” diýip, oňa ynanmajak bolsalaram, hiç ýeň bermändir. Ahyry bu gürrüňleri diňläp oturanlaryň biri:”Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn! Hany, ho-ol kädilerden göter-de, görkezäý!” diýipdir. Şundan soň ýaňky öwünjeň jahankeşde kişi näme diýjegini bilmän, sözüniň soňuny haňk-huňka uraýypdyr diýýär. Şodur-da-şodur, biriniň aýdýan zadynyň dogrudygyna müňkür bolup, ony anyklajak bolsalar: ”Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn! Ony, şeýder-de, barlap göräýeris!” diýýändirler. -- Onyň dogry, Enaýy. “Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn” diýen nakyly biziň hemmämiz hakykatdanam kädi bilen baglanyşdyrýarys. Ýöne men bu nakyl barada žurnallaryň birinde şeýleräk bir pikire gabat gelipdim. Nakyldaky “kädi” sözi “kärdi” bolmaly diýilýär, “kärdi” bolsa “suwly ýaby” aňladýar. Şonuň üçin nakylyň taryhyna degişli rowaýatda hemedan ( bu ýerde bu söz geçgit, köpri manysynda gelýär) daş bolsa-da “kärdi” diýmek bilen, ýagny suwly ýapdan böküp geçmegiň ýakynlygyny ündemek isläpdirler diýilýär. Bizde “Ýylanyň ýigreneni narpyz, ol hem hininiň agzynda gögerer” diýlen başga bir ýörgünli nakyl bar. Şu nakyla kybapdaş, “Ýylan ýarbuzdan gaçar, kança barsa ýarbuz ötrüw geler” diýen Oguz nakyly hem bar. Biz öz nakylymyza narpyz manysynda düşünýäris. Ýöne Oguz pähimindäki ýarbuz sözi narpyz dälmikä diýjek bolýarlar. Sebäbi ýylanyň mekany çöl. Çölde bolsa narpyz bitenok. Ol suwly ýerlerde bitýän ösümlik. Şoňa görä nakyldaky ýarbuz haýsydyr bir möjegiň ady bolmagy ahmal. Üstesine, çölde ýaşaýan adamlar ýarbuz atly möjegi görendikleri, tanaýandyklary barada aýdýarlar. Aýdyşlaryna görä, ýarbuz möjegi ýylan bilen oňuşmaýarmyşyn. Şonuň üçin ýylan näçe ýigrense-de, ýarbuz möjegi onuň hininiň agzynda peýda bolýarmyş, gögerýärmiş. Aslynda, nakyllar we atalar sözi many-mazmuny boýunça dürli-dürli bolýar, şeýle hem olar baradaky pikirlerem dürli bolup biler. Halkyň paýhasy, akyly we ruhy onuň diliniň üsti bilen nakyllarda öz beýanyny tapypdyr. Meselem, “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür” diýen nakylynda ýeri diňe güýzüne sürmelidigi, ýogsam ony ýylyň haýsy paslynda sürseň-de, edil güýzdäkiçe ähmiýetli bolman, azyndan ýüz gezek sürmeli boljakdygy nygtalýar. Şonuň üçinem ýer adatça güýzüne, pesinden ýigrimi-otuz santimetr çuňlukda sürülýär ýa-da depilýär. Onsoň gyşy bilen depilen ýer doňup, ondaky mör-möjekler ölýär, ot-çöpleriň kökleri çüýreýär. Şeýle edilende, mes toprakly ýer hasylyny hem bol eçilýär. Ýöne ýylyň başga paslynda, ýerden bol hasyl almak üçin, meselem, gyşda, ýazda, ýa bolmasa tomusda edil güýzdäki ýaly ýeri çuň depmek, çuň sürmek peýdaly bolarmyka? Elbetde, bolmaz diýýärin. Şonuň üçinem bu nakylyň üsti bilen ýeri ýüz gezek däl-de, ýagny, ýüzleý sürmeklik ündelýän bolmaly diýip çak edýän. --Sen-ä baslygyp ýatan akylyňam, nakylyňam öýjügi ekeniň--diýip, häliden bäri sesini çykarman ümsüm oturan Sadap dillendi.--Gürrüň-ä sende bar eken. Kelläň gyzgynyna Enaýyň demlän çaýynam unutdyň. Dogrudanam, ujundan birje käse içen hum çäýnege demlenilen çaýy tas sowan ekeni. Ol çäýnegi usullyk bilen oňe süýşürdi. Şondan soň olaryň hersi öz iş-aladasy bilen dargady. *** “Şübhe ýüregiň kiridir” diýleni boldy. Hezzet ”Awaza” milli syýahatçylyk zonasyna işe çagyrylanda, Enaýy onuň bilen tas iki günläp gepleşmän gezipdi. Ol häzire çenli ýüzüne hiç hili reňk urmandy. Ýüzüne reňk urýanlary-da o diýen bir halap baranokdy. Gabanjaňlyk ýokundysy welin onuň beýni öýjüklerini halys eýeläpdi. Ol gaharyna bäs gelip bilmän goňşy otaga geçdi-de, eline ilen reňkini ýüz-gözüne çalyp çykdy. Hezzetiň ony görüp keýpi bozulypdy, ýüz-gözi-de ylla suwy ýetmän süllerip oturan bugdaýyň bolşuna çalym etdi. „Ah, sen gabanjaňlyk. Sen zerarly indi ine-gana işläbem, ýaşabam bolanok“. Ýöne, kim näme diýse-de, Hezzetiň durmuşa bolan öz garaýşy bardy. Ol Enaýy bilen söýşüp durmuş gurupdy, birek-biregi görmeseler, ol gün ylla ikisi üçinem manysyz geçen ýalydy. Är-aýal bolup ýaşap ýörenlerine ýedi ýyl bolupdy.Öýde haýsydyr bir dawa turdugy bes, ahyry çaga bahanasyna syrykdyrylýardy. Dogrusy, ilki-ilkiler-ä özbaşyna ýajaýyş jaýlary bolmansoň, bäbeklemekdenem goranyp gezipdiler. Indem ýaş hünärmen hökmünde öz işleýän edaralaryndan ýeňillikli baha bilen şarňyldap duran iki otagly jaý berlensoňam olar çaganyň küýseginde. Hezzet iş saparyna ugrasa, Enaýy onuň geljek wagtyny barmak büküp sanardy. Häzirem onuň iberen hatyny eline alyp täzeden okamaga durdy. Enaýy Hezzetden gelen haty öwran-öwran gaýtalap okady. Okadygyça onuň Awazany göresi geldi. “Awazanyň şypaly suwy bedeni taplamakda, keselden soň gurplandyrmakda deňsiz-taýsyz melhem. Menem deň-duşlarym bilen suwa düşdüm. Deňiz suwy bedeniň süňk-damar, bogun-agyry kesellerindäki agyrylary el bilen aýyran ýaly edýär. Onsoňam deňiz suwunyň ýüzi durşuna tebigy ýod. Ýoduň bolsa adamyň saglygy üçin peýdasy bimöçber. Aýratynam ýoduň goýalyşan möwsümi maý, oktýabr aýlary diýýärler. Dogrusy, ol aýlarda suwa girip bolanok. Şonda alkym çişme keselinden ejir çekýän adamlar birnäçe günläp, saba bilen kenara çykyp dem alsalar, bu keselden olar bütinleý gutulyp gidýärmişin. Nesip bolsa, rugsada çykdygyň, senem bu ýere gel. Joraň Merýem-de adamsy bilen lukmanlaryň maslahaty bilen, bu ýere gelipdir. Ol hem indi “şu ýere gelelim bäri özümi duýşum oňat” diýýär. Şonuň üçin ady äleme dolan Awaza diňe bir melhem mekany däl, ol gudratly mekan. Enaýy, deňziň jadylydygyna, täsinlikler mekanydygyna öňem ynanýardym. Indi hasam ynanýan”. Hezzetiň iş bilen eglendigi hem Enaýyny içeriň ýalňyzlygy gysyp-gowrup barýardy. Ol öz işinden nägile däldi. Şonuň üçin köp wagtyny mekdepde geçirýärdi. Sapakdan soň okuwçylary şäherde guralýan çärelere alyp barardy. Bar ünsüni işe bererdi, onuň okuwçylary şäher, welaýat Olimpiada bäsleşiklerine gatnaşardy. Hatda şu gün bir okuwçysy döwlet derejesinde geçirilen taslama bäsleşiginde birinji orny eýeläp, mekdebe, tutuş şähere uly abraý getiripdi. Muňa Enaýynyň begenjiniň çägi ýokdy. Uly ýygnakda-da ýeňiş gazanan okuwçy bilen birlikde ony taýýarlan taslamasyna ýolbaşçylyk eden mugallymyň ady deň tutuldy. Ony gutlaýan adamlaryň hem sany-sajagy ýokdy. Ministrlikden, şäher bilim bölüminden gelen wekiller yzly-yzyna söz alyp, olaryň ikisini hem bu uly ýeňiş bilen gutladylar, olara Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşurdylar. Gazet-žurnallar üçin ýeňiş gazanan şol okuwçy bilen ikisiniň suratyny alyp gitdiler. Şu gün ony öýüne-de ýeňiş gazanan gyzyň ata-enesi öz ulagy bilen getirip gitdi. Enaýy öýe gelende, öýüň gapysy gulplanylmadyk eken. Ol „Hezzet, sen öýdemidiň?“ diýip gygyrdy. Içerden ses-seda çykmady. Ol gujagyndaky gülleri suwly gapda goýdy. Otaglaryň ählisini birlaý aýlanyp çykdy, şol barmaşa çetki otagdan hümürdi eşidildi. Enaýy gapa gulagyny diredi. Gapynyň aňyrsyndan adajyk aýal sesi me-saňa mälim bolup eşidildi: „Men seni ýürekden söýýän. A sen bolsaň...“. Enaýy bu sözleri diňläp, uzak saklanyp bilmedi, ähli güýji bilen dergazap bolup, gapyny debsiläp diýen ýaly açdy. Iki taraplaýyn açylan gapynyň jarkyldysyna oýaly-ukuly ýatan Hezzet zähresi ýarylan ýaly bolup, dikelip oturdy. Bu mahal bolsa radioda haýsydyr bir söýgä bagyşlanylan radio oýun eşitdirilýärdi, häzirem onuň dowamy gidip durdy. „Ezizim, menem seni söýýän. Sensiz ýaşap bilmerin. Sen meni taşlama, yzyňa dön. Ýok, ähli zat gutardy. Dönmerin diýdimmi, dönmerin...“. --Enaýy, eýgilikmi? –-Hezzet gözlerini owkalaşdyryp durka, howsalaly gürledi.-- Bu nä boluş, Enaýy, ýüzüňde gan-pet ýok-la. Näme habar? Janyň beri sagmy? Enaýy öz-özünden utandy, aglajagynam, begenjeginem bilmedi, ýagşydan-ýamandan sesini çykarman, gelşi ýaly çykyp gitdi. *** Şol gün Ýurt Baştutanynyň Şagadam atly ajaýyp ahalteke bedewine atlanyp, syn meýdançasynda bedewli gezim eden gezegi diňe bir Hezzetiň ýa Enaýynyň däl, oňa tomaşa eden her kesiň hem hiç haçan ýadyndan çykmasa gerek. Arkadag Prezidentiň şol gezekki atlanan syn-syratly, gözelligiň nusgasy bolan gyraty Şagadamyň belentden ýaňlanan aýdym-sazyň astynda täsin galdyran oýunlary bilen bu ýere ýygnananlary haýran galdyrdy. At çapmagyň ussady bolan ýurt Baştutanynyň täsin hem ýürek joşduryjy tomaşasyna syn eden eziz watandaşlarynyň kalby guwançdan doldy. Edil şo pursat Allanyň gudraty we il-günüň alkyşy bilen Köpetdagyň etegindäki bu ajaýyp künjekde hakyň halany, ýurt Baştutanynyň sag egnine giň meýdandan asmana göterilen ak kepderileriň biri gondy. Onuň gyrata atlanyp, okdurylyp öňe barýan merdem gerdenine ak kepderiniň gonmagy özüne Arkadag saýýan türkmen halkynyň köňül küýsegi, ýürek arzuwy, döwleti dolandyrmakda, adalaty hem-de agzybirligi berkarar etmekde berkarar döwletli ilde bagtyýar zamananyň buşlukçysy bolup göründi. Gözi bilen gören bu ahwalatyny Enaýy mekdebe gelensoň işdeş ýoldaşlaryna-da, okuwçylaryna-da gyzgynlygy bilen gürrüň berdi. Şol günüň agşamy bolsa “mawy ekran” arkaly muňa olaryň özlerem tomaşa etdi. Aslynda, Hezzet ekiz taýydy. Ikisi-de oguldy. Kakasy olary apalap, Hezzet-Hormat diýip at dakypdy. Ýöne haçanda ekizler üç ýaşyna ýetende, Hormatjyk bir kem tapdy-da, düşege baglanyp oturyberdi. Edilmedik em galmady. Ol şol ýokuşan derdinden aýňalmanam basym ýogaldy. Bu ýagdaý ata-enäniň ýüregine iňňe bolup dürtüldi. Onuň ýalňyz galan Hezzete eden täsirini welin dil bilen aýdyp-beýan edip boljak däldi. Gije-gündizläp özüniň taýyny agtardy. Iýmedi-içmedi, gün içinde bir däl, telim öwre ony sorady, onuň niredir bir ýerlerden çykaryna garaşdy. “Daýylaryňka gitdi” diýdiler. Bir günem ejesi Hezzetiň “Eje, meniň doganymy göresim gelýär” diýip ýalbaryp durşuna halys ýüregi ezildi. “Bolýar balam, kakaň işden gelsin, hemme zady gürrüň berer” diýip, ony rahatlandyrmaga çalyşdy. Özi-de gözüniň ýaşyny oglundan gizläp, bu syry oňa aýan edibilmän, goňşy otaga geçdi, ol ýerde içini mazaly gowzatdy. Hezzet ejesiniň bu jogaby bilen kanagatlanmady. Şol gün sabyr-takady galmadyk Hezzetiň gözleri kakasynyň ýolunda garalyp galdy. Basym Sähet aga hem işden geldi. Hezzet onuň öňüne ylgady. “Kaka, eger-de Hormat daýymlardan gelmejek bolsa, onda onuň ýanyna biziň özümiz baraýaly?!” diýdi. Sähet aga bu ýagdaýa äm-säm boldy, dişlerini gysanda süňklek duluklary gabarylyp gitdi. Ol aýalyna seretdi, Sapargül eje bolsa onuň gözlerine bakabilmän, başyny aşak egdi. Soňam elini agzyna tutup, ogly eşitmez ýaly, adaja gepledi: ”Eýse, men näme edeýin?! Özüň bir zat et kakasy, ekiz taýyň öldi diýmäge hi-iýç dilim baranok”. Hezzetiň kakasy aýalynyň jogap bermäge ejizliginden gorkup, özi ykjamlandy. Ol ýüzüne bakyp, tutuş gulaga öwrülip oturan oguljygynyň sowalyna jogap bermelidi, munuň üçin çyna berimsiz ýalan sözlemelidi. Özi-de nämedir bir zady oýlap tapmalydy, ynandyrmalydy. Şeýle-de etdi. “Oglum, Hormaty daýyňlar alyp gitdi. Indem olar haýsydyr bir uzak obalaryň birine göçüp gidipdirler. Häzirlikçe olaryňam, Hormatjygyňam niredeligi belli däl”.-- Sähet aganyň sözleri biri-birini tutmady, hereketi-de ýasama çykdy. Mundan özüniň göwni hem suw içmedi, utandy. -- O nähili niredeligi belli däl – diýip, Hezzet uly adam mysaly gürledi.--. Siz nämüçin olary gözläňzok? Ýa-da olar meniň doganjygymy alyp gaçdylarmy? -- Ýok, ýok, oglum. Olar ýaly zat ýok. Wagty geler, hemmesi aýan bolar. Hezzet torsaryldy-da, goňşy otaga bakan ylgap gitdi. Bu gürrüň şunlugyna galyberdi. Ýöne, Hezzet, barybir, bilesigelijiligi galmady. Ýedi ýaşyna ýetýänçä, özüniň şol bir sowalyny gaýtalap ýördi, gaýtalap ýördi. Hormat bilen üç ýaşlarynda düşen suratyny elinden düşürmeýädi, onuň ýüzüni sypaýardy. Wagtal-wagtal surat bilen ýüzbe-ýüz durup “ikiçäk” gürleşýärdi. Oňa abyrsyz sowallary berýärdi, ol sowallaryň jogabyny ýene-de onuň özi jogap berýärdi. Bir günem Sähet aga ýüregini bire baglady-da, ogluna ähli zady bolşy-bolşy ýaly edip gürrüň bermegi ýüregine düwdi. Şonuň üçinem ol beýleki öýde oturan Hezzetjigi ýanyna çagyrdy. -- Oglum, gel bärik, seniň bilen birki agyz gürrüňim bar-- diýdi. Hezzet kakasyny kän garaşdyrmady, dessine ylgap diýen ýaly geldi. -- Näme, kaka? Meni nämüçin çagyrdyň? O nämäniň gürrüňi? Kim hakynda? -- diýdi. -- Gel, geç, otur.--Ol ogluny ýanynda oturtdy. Şo mahalam daşky gapyň jaňy kakyldy. --Kaka, men açaryn.--Hezzetjik ylgap baryp gapyny açdy. --Kim ol, oglum? -- Sähet aga uzak saklanyp bilmän gygyrdy. Hezzetjik: --Kaka, süýt satýan daýza-laý – diýip, gygyrdy. Şeýdip, Sähet aganyň ogly bilen etjek gürrüňiniň arasy üzüldi. Aradan aý aýlandy, pasyl täzelendi. Hezzet welin kakasyny öz gününe goýmady, kakasy-da aýtmagyň ebeteýini tapmady. Bir günem Sähet aga ýeke özi daşarda aşyk oýnap oturan oglunyň ýanyna bardy. -- Oglum, Hezzet jan, aşyk oýnaýamydyň? – diýdi. Hezzet aşyklaryny çöpleşdirdi-de: -- Hawa, kaka, aşyk oýnaýan. Ynha, şu kenek bilen bäş sany aşygy doganym Hormat üçin ýygnap goýjak, olary dostum Seýitden utup aldym. Ol bu aşyklary görse, begener gerek? – diýip, gyzyldyr ýaşyl reňke boýalan aşyklary kakasyna görkezdi. Sähet aganyň gözleri çyglandy, bokurdagy dykyn aldy, ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedi. Ýarasy täzelendi. Häzir ol niçe wagtdyr Hezzetiň umyt bilen garaşyp ýören arzuw-hyýalyny pagyş-para etmek, oglunyň ýanynda mazaly içini döküp, Hormatly meselä ymykly nokat goýmak isledi. -- Oglum, ejeň nirä gitdi? -- Ejem goňşulara çykdy. -- Onda ikiçäk galypdyrys-da. Bir meselede sen bilen gürleşäýsegem boljak. -- Kaka, telefon jyňyrdaýar. -- Bar, oglum, galdyr, kimkä? -- Belki, daýymlardyr. Hormaty getirýändirler–diýdi-de, içerik ýumlukdy. Ýöne ol uzak eglenmedi. Barşy bilen gelşi deň boldy. -- Daýymlar däl ekeni, kaka, dükana çaý gelipdir eken, kyrk sekizlik diýýär, kakaňa habar ber, tükenmänkä barsyn-- diýip, ejem goňşulardan jaň edýär. Sähet aga içini gepletdi: “Ýene-de bolmad-ow. Şu zatlary isleýänem ejeň, oňa päsgel berýänem”. --Kaka, näme diýdiň? Sähet aga birhili ýaýdanjak ýaly etdi-de: -- Aý, hiç-le – diýdi. -- Ýör, oglum. Ilki çaýyň bir ugruna çykaly... (Dowamy bar).. | |
|
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |