23:31 Kowusnama: Öz-özüňe erk etmek we iýip-içmek kadalary hakynda | |
Onunjy fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
ÖZ-ÖZÜŇE ERK ETMEK WE IÝIP-IÇMEK KADALARY HAKYNDA Oglum, sada adamlaryň işlerinde belli bir kada-kanun, belli bir tertip-düzgün ýokdur, olar bir zadyň wagtynyň bolup-bolmanlygynyň känbir pikirini hem edip durmaýarlar. Ýöne atly-abraýly adamlarda bolsa her işiň öz wagty bardyr, gije-gündiziň ýigrimi dört sagadyny olar etmeli işleri üçin bölýändirler. Işler bir-birlerine garyşmaz ýaly, olaryň hersine belli bir wagt, belli bir çäk goýýandyrlar. Olaryň hyzmatkärleri hem özleriniň haçan, näme iş bilen meşgullanmalydyklaryny bilýändirler, şeýdip, işler öz kadasy bilen gidip durandyr. Ýöne beýleki zatlardan öňürti iýmek-içmek hakda az-owlak aýdaýyn. Bilip goýgun, bazar adamlarynyň agşamlaryna nahary köp iýmek adatlary bardyr, bu bolsa örän zyýanlydyr, olaryň aşgazanlary iýlen zady wagty bilen siňdirip bilmeýärler, harby adamlaryň endigi: olar wagta bakýan däldirler, nirede, haçan, näme tapsalar, şol ýerde-de garynlaryny doýurýandyrlar, beýtmek bolsa haýwanlaryň adatydyr, çünki olar nirede iým berilse, şol ýerde-de iýýändirler. Asylly, atly-abraýly adamlar bolsa gije-gündizde bir gezek iýýändirler. Munuň özi özüňe erk etmek kadasydyr, emma ol adamy gowşadyp, gurpdan gaçyrýandyr. Şonuň üçin, muny şeýtmek gerekdir, ýagny atly-abraýly adam säher bilen ýeke özi az-owlak garbanmalydyr, soňra gidip, günorta namazyna çenli öz işleri bilen gümra bolmalydyr. Nahar wagty geleninde, seniň bilen bile naharlanar ýaly, özüň bilen bile çörek iýýänleri çagyrtgyn. Emma nahary howlukman iýgin. Şerigata görä, saçak başynda adamlar bilen mylaýym gürleşgin, olaryň ýüzüne çiňerilip oturmagyn, başyňy aşak salyp oturgyn. Hekaýat. Eşidişime görä, bir gezek Sahyp Abbat öz kowum-garyndaşlary, dost-ýarlary bilen nahar iýip oturan ekeni. Oturanlaryň biri keseden gyl ýelmeşen dogramça et alypdyr. Sahyp ony göpup: “Dogramçadaky gyly aýraý” diýipdir. Ol adam dogramçasyny ýerde goýupdyr-da, çykyp gidipdir. Sahyp ony yzyna alyp geliň diýip emr edipdir we ol geleninden soň: “Pylany, sen näme üçin hiç zat iýmän, saçagyň başyndan turduň ötägitdiň?” diýip sorapdyr. Ol adam: “Dogramçadaky gyly gören adamyň duzuny iýmegi özüme myzaýyk görmedim” diýipdir. Sahyp bu sözi eşidip, erbet utanypdyr. Hemişe özüňe serenjam bergin, az-owlak garaşgyn, soň bolsa tagam äbermeklerini buýurgyn. Atly-owazaly adamlarda iki hili adat bardyr: käbirleri ilki öz tabagynyň, soňra beýlekileriň tabaklarynyň äberilmegini tabşyrýarlar, beýleki birleri bolsa tersine, ilki bilen beýlekileriň tabaklarynyň, soňra öz tabagynyň äberilmegini emr edýärler. Bularyň biri sypaýyçylygyň, beýlekisi bolsa syýasatyň alamatydyr. Dürli tagamlar taýýarlat, olaryň arasynda turşusy-da bolsun, datlysy-da. Köp iýmäni adat edinenler-de, çümhörekler-de saçagyň başyndan dok turar ýaly etgin. Eger seň öňüňde nahar galyp, beýlekileriň öňünde galmadyk bolsa, öňüňdäki nahary olaryň öňüne süýşürgin. Saçak başynda ýüzüňi turşadyp oturmagyn, “pylan naharyň gowy bolupdyr, pylan naharyn onçakly datly bolmandyr” diýip, aşpeze käýemegin. Ony soň birwagt aýtsa-da bolar. Nahar iýmek şertlerini-hä bildiň, indi şerap içmek usulyny-da bil, çünki ony-da düzgüne salmak üçin belli kada-kakun bardyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |