13:34 Kowusnama: Anuşirwan Adylyň nesihatlarynyň ýatlanylmasy | |
Sekizinji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
ANUŞIRWAN ADYLYŇ NESIHATLARYNYŇ ÝATLANYLMASY Ilkibaşda ol: “Gije bilen gündiz çalşyp durka, pelegiň gerdişine geňirgenmäň” diýipdir. Soňra diýipdir: “Adamlar näme üçin bir gezek ökünen zatlaryna ýene-de ökünmelimişler?” Soňra diýipdir: “Patyşa belet adam näme üçin arkaýyn ýatýarka?” Soňra diýipdir: “Durmuşy arzuw edişi ýaly geçmeýän adam näme üçin özüni diri saýýarka?” Soňra diýipdir: “Günäsiz halyňa dil ýetiren adamyň günäsini muny saňa ýamanlanyň günäsinden has çalt ötgün”. Soňra diýipdir: “Peýdasyz zada gulak gabardanyň başy başsaglygy berlen adamyňkydan has beter agyrar”. Soňra diýipdir: “Köp zyýan çeken adamlaryň içinde gözi bilen görüp zyýan çekeni has köp zyýan çeken hasap etgin”. Soňra diýipdir: “Bokurdagynyň guly bolan adama garanyňda, alnyp-satylýan guly has azat görgün”. Soňra diýipdir: “Ylmy bolup, akyly bolmadyk adama ylmyndan zyýan ýeter”. Soňra diýipdir: “Durmuşdan sapak almagy başarmaýan adama hiç kim sapak bermez, sebäbi onuň azaby reýgan bolar”. Soňra diýipdir: “Nadana öz nadanlygyndan häzir bolandan her bir zatdan seresap bolan aňsatdyr”. Ýene diýipdir: “Özüňi iliň öwmegini isleseň, senem iliňi öwgün”. Ýene diýipdir: “Adamlara çeken azabyň köýmesin diýseň, adamlaryň saňa çeken azabyny hem reýgan etmegin”. Ýene diýipdir: “Dostlaryň az bolmagyny islemeseň, göwnüňde kine saklamagyn”. Ýene diýipdir: “Gam-gussa batmajak bolsaň, göriplik etmegin”. Ýene diýipdir: “Göwnüňe degilmesin diýseň, özüňe rowa görmedik zadyňy ile-de rowa germegin”. Ýene diýipdir: “Asuda ýaşaýyn diýseň, özüňi işleriň gidişine uýgunlaşdyrgyn”. Soňra diýipdir: “Özüňe telbe diýdirmejek bolsaň, tapylmajak zady gözlemegin”. Soňra diýipdir: “Sylagly-sarpaly ýaşaýyn diýseň, özgeleri ryswa kylmagyn”. Soňra diýipdir: “Aldanasyň gelmese, edilmedik işi etdim hasap etmegin”. Soňra diýipdir: “Syryň başgalara äşgär bolmasyn diýseň, başgalaryň syryny açmagyn”. Ýene diýipdir: “Ýeňsäňden güldürmejek bolsaň, gol astyňdakylara mylaýym bolgun”. Ýene diýipdir: “Uzak wagtlap ahmyrly bolmajak bolsaň, nebsiň ýesiri bolmagyn”. Soňra diýipdir: “Akylyň kesgir bolsun diýseň, öz-özüňe iliň gözi bilen garagyn”. Soňra diýipdir: “Mydam bükgüldide bolmajak bolsaň, ile ýamanlyk etmegin”. Soňra diýipdir: “Gadyrly bolaryn diýseň, iliň gadyryny bilgin”. Ýene diýipdir: “Diýeniň edilsin diýseň, öz diýeniňi özüň etgin”. Soňra diýipdir: “Iliňe akylly görünjek bolsaň, akmaga syr bermegin”. Soňra diýipdir: “Adamlardan saýlanaýyn diýseň, duz-çörekli bolgun”. Ýene diýipdir: “Iliň göwnüne degmäni edermenlik saýýan adamy sen näme üçin duşman saýaňok?” Soňra diýipdir: “Duşmanlaryň bilen arasyndan gyl geçmeýän adamy näme üçin özüňe dost saýýaň?” Soňra diýipdir: “Kütek adam bilen dostlaşmagyn, kütek adam dostluga-da ýaraýan däldir, duşmanlyga-da”. Soňra diýipdir: “Özüni dana saýýan nadandan daşrakda bolgun”. Ýene diýipdir: “Adyl sud gözlemez ýaly, özüň adalatly bolgun”. Soňra diýipdir: “Her näçe ýokuş bolsa-da, hakykaty diňlemek gerekdir”. Ýene diýipdir: “Duşman syryňy bilmesin diýseň, syryňy dostuňa aýtmagyn”. Ýene diýipdir: “Ownuk-uşak zatlara baş galdyryp, uly-uly gürlemegin”. Soňra diýipdir: “Mertebesini bilmeýän adamlary diri hasap etmegin”. Soňra diýipdir: “Baýlygy ýok döwletli adam boljak bolsaň, gözüň dok bolsun”. Ýene diýipdir: “Biderek diýip satmaz ýaly, biderek zady satyn almagyn”. Ýene diýipdir: “Deň-duşa mätäç bolandan ölen ýagşydyr”. Ýene diýipdir: “Minnetli adamyň çöregini iýenden, aç gezen gowudyr”. Ýene diýipdir: “Her bir derdiňi görene jar edip ýörmegin, ýöne dostuňdan gizlemegin”. Soňra diýipdir: “Özüňçe ýok adama mätäç bolmak uly betbagtçylykdyr, näkesden delalat isländen, gark bolup ölen ýagşydyr”. Soňra diýipdir: “Bu dünýä üçin jan çekýän pälipes jalaý o dunýä üçin jan çekýän yzgytsyz takwadan ýagşydyr”. Soňra diýipdir: “Baryp ýatan misginlikden adam bolup ýetişen kişini henizem misgin saýyp ýören adamdan akmak adam ýokdur”. Soňra diýipdir: “Bilmeýän zadyňy bilýän diýip ýer depip durmakdan, soňam ol tassyklanman, ile ryswa bolmakdan erbet zat ýokdur”. Ýene diýipdir: “Nagty nesýe çalyşýan adamdan aldawa düşýän adam ýokdur”. Ýene diýipdir: “Işi düşen adamyň möhümini bitirip bilýän halyna bitirmeýän adamdan näkes adam ýokdur”. Soňra diýipdir: “Adyllar arasynda adym agzalsyn diýseň, elgaramagyňdaky adamlara, mümkin boldugyça, ýagşylyk etgin”. Soňra diýipdir: “Asylly adam saýylaýyn diýseň, nebisjeň bolmagyn, asyl nebisjeňligi oýuňa-da getirmegin”. Soňra diýipdir: “Garamaýak halkyň gözünden düşmejek bolsaň, olaryň işlerini öwgün”. Soňra diýipdir: “Özüňe ýüreklerden orun alyp, sylanaýyn we il senden ynjamasyn diýseň, hemişe iliň bähbidini aragyn”. Ýene diýipdir: “Uly iliň öňünde iň gowy we iň öwgüli adam bolaýyn diýseň, öz unamaýan zadyňy beýlekilere maslahat bermegin”. Ýene diýipdir: “Ýüregiňe hiç bir melhemiň peýda edip bilmejek ýarasy salynmasyn diýseň, nadan adam bilen harçaňlaşmagyn”. Soňra diýipdir: “Adamlaryň içinde iň adamkärçiliklisi bolaýyn diýseň, adamdan zadyňy gaýgyrmagyn”. Iň soňunda hem diýipdir: “Dilim uzyn bolsun diýseň, eliňi gysgarak saklagyn”. Anuşirwan Adylyň öwüt-ündewleri, ine, şulardan ybaratdyr. Oglum, sen bulary okap otyrkaň, olary äsgermezçilik etmegin, çünki bu sözlerde paýhasdyr beýikligiň nyşany bardyr, çünki olar hem danalaryň sözüdir, hem hökmürowanlaryň. Bularyň hemmesini öz emlägiň hasap etgin, entek ýaşkaň olary pugta öwrengin, çünki garraňsoň diňlemek bilen bolmarsyň, çünki gojalar ýaşlaryň bilmeýän köp zatlaryny bilýändir, onsoňam, bu zatlary Hudaý gowy bilýändir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |