22:36 Kowusnama: Garrylyk hem ýigitlik hakynda | |
Dokuzynjy fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
GARRYLYK HEM ÝIGITLIK HAKYNDA Oglum, sen ýigidem bolsaň, akylyň garrynyňky ýaly bolsun. Beý diýmek bilen men saňa: “Ýigitlikden el çek” diýjek bolamok, ýigit bolsaň, gyzma ýa lellim däl-de, dogumly ýigit bolgun. Pähmidana Aristotel: “Ýigitlik däliligiň bir görnüşidir, şoňa görä, ýigide ganygyzma diýýändirler” diýipdir. Munuň üstesine düňle ýigidem bolma, dogumlylykdan başa bela gelmez welin, düňlelikden geler. Başardygyňça ýigitligiňden peýdalanjak bol, garrarsyň welin, onsoň, giç bolar. Şol goja kişi: “Garramda gözeller ýanyma gelmez diýip men gör näçe ýyllar biderek gam çekipdirin. Indi garradym welin, olar meň gözüme-de ilenok” diýipdir. Beýt Kadyr Allam, eşit ýigit çagymda Ýatsam-tursam küýüm gelin-gyzdady. “Goja çyksam, hiç kim gelmez ýanyma Diýip gorkdum. Indi bizar uzdan men! Her näçe juwan bolsaň-da, hezzet-hormatly Perwerdigäri unutmagyn, hiç haçan ajaldan ahmal bolmagyn, çünki ol gojaňa-da, ýigidiňe-de bakýan däldir. Bu barada Esjedi şeýle diýipdir: Ajal ýaşda bolsa, onda her zaman Gojalar ölerdi, ölmezdi juwan! Bilip goý, her bir doglan adam, irde-giçde ölmelidir. Eşitmişime görä: Hekaýat. Bir şäherde bir tikinçi bar ekeni. Onuň ussahanasy şäher derwezesiniň ýanynda ýerleşýän ekeni. Gonamçylygyň ýoly hem şu dükanyň üstünden geçýän ekeni. Tikinçi gazykdan bir küýze asyp, her gezek şäheriň derwezesinden ölini alyp çykaranlarynda, şol küýzäniň içine bir daş atýan ekeni. Aý aýaklanynda ol küýzäniň agzyny açyp, daşlary sanaýan we näçe adamyň ölendigini hasaplaýan ekeni. Soňra küýzäni boşadyp, täzeden daş atyp ugraýar ekeni. Wagt geçip, bir gün tikinçiniň özem öläýipdir. Günlerde bir gün tikinçiniň öleninden bihabar biri tikinçiniň ýanyna diýip gelipdir. Ol dükanyň ýapyklygyny görüp: “Gapysy gulply welin, tikinçi niredekä?” diýip, onuň goňşusyndan sorapdyr. Goňşusam: “Küýzede” diýip jogap beripdir. Oglum, howatyr etgin, ýigitligiňe buýsanmagyn. Ygtykat edýän wagtyňam, ygtykat etmeýän halatyňam, Hökmigüýçlüden gorkgun, ondan aman dilegin we şol tikinçi ýaly agyr günäleriň bilen birlikde oslagsyz ýerden küýzä düşmeziň ýaly, ölümden heder etgin. Diňe ýigitler bilen oturyp-turmagyn, her haçan-her haçan garrylar bilenem hemdem bolgun. Dost-ýarlaryň arasynda ýigitlerem bolsun, garrylaram, eger ýaşlyk edip, etmesiz bir işiň kül-külüne düşäýeňde-de, garrylar muňa ýol bermezler, çünki olar ýaşlaryň bilmeýän köp zatlaryny bilýändirler. Garrylaryň ýaşlygyny küýseýän halatlary olaryň üstünden gülmek ýigitlere adat hem bolsa, şu sebäbe görä, özüňi olardan uly tutmak, olary sylamazlyk ýigitler üçin aýypdyr, çünki garrylar juwanlygy küýseseler, ýigitler hem hökman garrylyga ýetmegiň arzuwyndadyrlar. Garrylar-a öz wagtynda ýigit bolup, ýigitligiň eşretini görendirler welin, ýaşlaryňky entek çetindir, olaryň şol arzuwlaryna ýetjekleri ýa ýetmejekleri entek gümanadyr. Üns berip synlasaň, olaryň ikisiniňem bir-birlerinden göwünleri hoşdur. Mahal-mahal ýigitler özlerini hemme kişiden akylly, köp bilýän hasap edýärler, ýöne sen beýle ýigitlerden bolmagyn we gojalara hormat goýgun, olara ýakymsyz söz aýtmagyn, çünki garrylar almytyňy berse, aşagyndan çykmak kyn bolar. Hekaýat. Eşidişime görä, ýüz ýaşly bir garry bolupmyş. Ol iki bükülip, hasasyna söýenip barýar ekeni. Bir ýigit onuň üstünden güljek bolup: “Şyh, bu ýaýy näçe aldyň, menem özüme birini edinäýsem diýýän” diýipdir. Goja: “Şoňa çenli ölmän gezip ýörseň, ony saňa mugtam bererler” diýip jogap beripdir. Sen her näçe mynasyp, sypaýy bolsaň hem, ýeňles garrylar bilen oturyp-turmagyn, çünki akylly-başly ýigitler bilen söhbetdeş bolmak ýeňles gojalar bilen söhbetdeş bolandan has gowudyr. Ýigitkäň ýigit ýaly, garran çagyň hem garry ýaly bolgun. Bu barada men iki beýtde şeýle diýýärin: Diýdim: “Ýap gapyny, geç sen ol öýe, Köňlüme häkim bol, kalbyma eýe”. Diýdi ol näzenin: “Bar, saçyň boýa, Garrapsyň, çeniň bil, keýpe giç indi”. Ýigitlere garrylygyň gelişmeýşi ýaly, garrylara-da ýigitlik gelişmez. Garrylykda ýigitlik yşgyna düşen adam asgyn düşülen halatda çalynýan ýeňiş surnaýyna çalym edýär. Bu hakda men “Zögdiýetde” şeýle diýipdim: Ýeňse berip gaçýan kişiň ýeňiş zogun çalşy kimin, Goja kişi heserlenip, ýigit saýýar özün bu gün. Gojalykda hötjedem bolmagyn. Aýtmyşlaryna görä, goja kişi hötjet bolanynda, juda myrtar bolýarmyş. Şonuň üçin, gende, hötjet gojalardan seresap bolgun. Ýigitlige garanyňda garran çagyň has adalatly bolgun, çünki ýigidiň entek garrylyga ýetmek umydy bardyr, gojanyň bolsa ölümden başga göz dikýän zady ýokdur, bolaýanynda hem, oňa göz dikip biljek däldir. Şoňa görä-de, ýetişen sünbüli ormasaň, öz-özi döküler, miwe-de şonuň ýalydyr, bişeninde ýolmasaň, tenip ýere gaçar. Men bu, hakda şeýle diýýärin: Goýsaň-da sen eltip Aýyň ortasyna täji-tagtyň. Süleýman dek bolsaň-da sen eýesi kän genji-bagtyň. Barybir bir pursat gelip, alarsyň gülberiň arka, Çünki bişen miwe tenip, gaçýar ýere darka-darka. Aly Emiralmömin hem (Allatagala ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: Ömur ahyr bolanda, tiz görüner nogsany, Şeýde-şeýde, kem-kemden terk eýleýir ynsany. Sen ýene bir zady bilmelisiň, olam sen hemişe bir bolşuňy saklap bilmersiň. Duýgularyň könelişip başlar, görüş, sözleýiş, eşidiş, ys alyş, syzyş, tagam biliş derwezeleriň ýapylyp ugrar. Şonda durmuşyňdan ne özüň lezzet alarsyň, ne uly il, şeýdip, sen kowum-garyndaşlaryňa, töweregiňe musallat bolarsyň. Beýdip ýaşandan bolsa ölen ýagşydyr. Gördüňmi – garradyň, ýigitlik hokgalaryndan el çekgin, çünki ölüm pillesi ýakynlaşdygyça, ýigitlik hokkalaryndan şonça daş durmalysyň. Ynsanlaryň ömri güneş kimin bir zatdyr: ýigitleriň güneşi gündogarda, gojalaryňky bolsa günbatarda bolýandyr. Günbatara sanan güneşi bolsa ýaşdy hasap etgin. Menin aýdyşym ýaly: Gojalygyň ýanynda bolmaz şalaryň erki, Altmyşa ser urdugyň, gowşaşar salyň örki. Gündiz namazyň geçip, başlar baky namazyň, Garaňkyň aralaşar, sowular bahar-ýazyň. Ine, şunuň üçinem, goja ýigitlik hyýalyna düşüp, özüňi ýigit dek alyp barmaly däldir. Gojalara hemişe mylakatly bolgun, çünki gojalyk şeýle bir keseldir, ony soramaga gelen-de bolmaz, ol şeýle bir dertdir, ony ölümden başga sagaldybilen lukman-da bolmaz. Her bir nähoşlukdan sagalma umydy bolar welin, gojalykdan sagalmak umydy ýokdur. Ol gün geldikçe agyrlaşar, ýeňilleşmez. Bir kitapda şeýle diýlip ýazylypdyr: “Adam otuz dört ýaşyna ýetýänçe her gün boýy, güýç-gaýraty artar, otuz dörtden kyrk ýaşyna çenli bir durşuna durar, artmazam, kemelmezem. (Günem orta bolanynda, günbatara tarap agyp ugramanka ýörişini haýalladýar.) Kyrk ýaşdan elli ýaşa çenli ol her ýyl özüňde öňki ýyl görmedik kemini görer, elli ýaşdan altmyş ýaşa çenli ol her aýda özüniň öňki aýda görmedik kemini görer, altmyş ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli her hepdede özüniň, öňki hepdede görmedik kemini görer, ýetmiş ýaşdan segsen ýaşa çenli ol her gün özüniň düýnki görmedik ýetmezini görer, eger ol segsenden artyk ýaşasa, onda onuň derdi, ezýeti sagatsaýyn artar”. Kyrk basgançakly merdiwan kimin, ömrüň mütdeti hem kyrk ýyldyr. Basgançaklar gutaranyndan soň, ýokarylygyna ýol bolmansoň, sen dyrmaşan ýoluň bilen ýene aşak düşmäge mejbur bolarsyň. Bir sagat mundan öňem görmedik-bilmedik derdi, ezýeti üstüne inip duran adamyň heý şondan soň keýpi bolarmy? Oglum, görýän welin, men saňa gojalykdan ýaňa köpräk derdinäýdim öýdýän. Nätjek-dä? Adam ogly gojalykdan juda köp zeýrenýär, onsoň, bu geňem däl. Çünki gojalyk nägehan zatdyr, nägehandan bolsa zeýrenilgiç bolunýar. Meniň aýdyşym ýaly: Ondan ýaňa derdinsem, geň-taň görmegil menden, Ol meniň duşmanymdyr, dat ediler duşmandan. Oglum, meniň ýegre dostum sensiň, duşmandan zeýrenileninde bolsa iň ýakyn dostuň ýanynda zeýrenilýändir. Alla ýol berse, senem, men ýaly, bu arzy-şikaýatlary öz agtyk-çowluklaryňa gürrüň berersiň. Bu hakda-da meniň dörtlemäm bardyr. 1 Beýt Gojalykdan kime eýläýin perýat, Bu ýerde sen derman, özge derman ýok. Eý, goja, gel saňa arzym aýdaýyn, Jahyllarda entek ondan arman ýok. Gojalygyň derdi-azabyny gojalardan gowy bilýän ýokdur. Hekaýat. Atamyň hajyplarynyň arasynda bir hajyp bardy, oňa Kämil hajyp diýerdiler, ýaşy segsenden geçen gojady, onuň at almak arzuwy bardy. Onsoň, atbakar oňa tohumy gowy, aýagy berdaşly, owadan bir at getirip berdi. Hajyp aty görüp, ony unady, nyrh kesişdiler, emma dişlerine seredip, onuň garrydygyny gördi we almady, ony başga biri satyn aldy. Men oňa: “Hajyp, näme üçin sen ol aty almadyň, ony başga biri aldy-la?” diýip soradym, ol: “Ol garrylygyň derdini bilmeýän ýaş ýigitdir, at bolsa, daşdan göräýmäge, örän owadandyr. Eger ol atyň gözelligine muşdak bolan bolsa, bu düşnüklidir, ýöne men gojalygyň dert-azaryndan habarly bolamsoň, garran aty alsam, menden aýypdyr” diýdi. Oglum, garranyňda özüňe bir ýerde mekan tutungyn, çünki gojalykda sapara çykmak gowy zat däldir, aýratyn hem ýarlykly garyp üçin şeýledir. Çünki garrylygyň saňa duşmandyr, garyplygam. Iki duşman bilen ýola çykmak bolsa akylly adama uslyp däldir. Eger sen tötänden ýa zerurlykdan sapara çykmaly bolsaň, Allatagalanyň rehim-şepagaty bilen, ýat illerde işiň ugruna bolsa, bu bir ýerde içiňi hümledip oturandan gowudyr, şeýle ýagdaýda öz dogduk mekanyňy ýatlap, gam-gussa batmagyn, nirede işiň rowaç bolsa, şol ýerde özüňe mesgen tutgun. Nirede günüň gowy geçse, şol ýeri özüňe mekan hasaplagyn. Dogry, “Watan ikinji enedir” hem diýipdirler, emma sen muňa onçakly baş galdyrmagyn, öz işiň rowaçlanmagyna jan etgin. “Bagtyýarlary eşretiň özi gözläp tapýar, betbagtlary bolsa – dogduk mekany” diýipdirler. Emma işleriň şowly gidýändigine, eline bir peýdaly pişäniň ilenligine göz ýetireniňden soň, ony elden bermejek bolup jan etgin, şol ýerde ymykly ornaşjak bolgun. Ýagdaýyňy pugtalaňson, artyk zada kowalaşmagyn. Köpi yzlap azdan galan bolmagyn. Salgyma kowalaşyp, erbet zadyň üstünden barmaz ýaly berenine şükür etmelidir hem diýipdirler. Emma günüňi şady-horramlykda geçirjek bolup, yňdarma bolmagyn. Dost-duşmanyň ýanynda gadyr-gymmatym bolsun diýseň, aslyň, derejäň garamaýak halka aýan bolsun. Wagtyňy bihepbe geçirmegin, durmuşda gözçykgynçlyk etmegin. ______________________________ Esjedi-Abu Nazar Abdul Eziz ibn Mansur Esjedi Merwi – X asyryň aýaklarynda, XI asyryň ortalarynda ýaşap geçen meşhur şahyr. “Zögdiýet” – terkidünýelik hakynda ýazylan kitap. Süleýman – Dawudyň ogly Süleýman pygamber. Hajyp – köşk hyzmatkäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |