15:28 Kowusnama: Nard, küşt oýnamak we olaryň şertleri hakynda | |
On üçünji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
DEGIŞMEK, NARD, KÜŞT OÝNAMAK WE OLARYŇ ŞERTLERI HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, öňküler, “degişmek şeriň başlangyjydyr” diýip gidipdirler, ýagny degişme barça belalaryň öňbaşçysydyr. Şonuň üçin, başardygyňça, oýlanyşyksyz degişmelerden gaça durgun, eger degişjek bolsaňam, serhoş wagtyň degişmegin, beýle ýagdaýda şerdir bela has köpelgiç bolýandyr. Ýakymsyz degişmelerden, paýyş sözlerden serhoş ýagdaýyňda-da, kelläň dury wagtynda-da utangyn, aýratyn hem nard, küşt oýunlarynyň başynda ägä bolgun, çünki bu iki oýun oýnalýarka, adamlar juda gyzma bolýarlar we degişmä onçakly çydamaýarlar. Onsoňam, nard bilen küşdi köp oýnamaga endik etmegin. Eger oýnaýsaňam, seýrek oýnagyn we guşdan ýa goýundan, nahara çagyrmakdan ýa başga bir bolgusyz zatdan özge zat goýup oýnamagyn, karzyna ýa pul goýup oýnamagyn, çünki pul goýup oýnamak edepsizlik we humar hasap edilýändir. Eger bulary gowy oýnaýan bolsaň, humarbazlykda ýakasyny tanadan bilen oýnamagyn, çünki şeýtseň, senem humarbaz adyny alarsyň: oýnajak bolsaň, özüňden has atly-abraýly, şan-şöhratly adamlar bilen oýnagyn. Nard bilen küşt oýnunda bir sypaýyçylyk kadasy bardyr. Çöplere ilkinji bolup el uzatmaly dälsiň, goý, ilki garşydaşyň halanyny saýlap alsyn, eger nard oýnamakçy bolsaň, ilki çöpleri garşydaşyňa bergin, küştde-de ilki göçümi oňa ynangyn. Emma gybatkeşler, hyzmatkärler, zenanlar, çagalar we şerçiler bilen karzyna oýnamagyn, yzy hökman jenjelä ýazar. Çöpleriň ýüzündeki sanlaryň üstünde garşydaşyň bilen jedelleşmegin, pylança san taşladym diýip, antam içmegin. Antyň dogry bolsa-da, halaýyk ony ýalan güman eder. Ýöne her bir şeriň, jenjeliň çeşmesi degişmedir, şonuň üçin, degişmek aýyp ýa günä bolmasa-da, hatda Pygamber (s.a.w.) degşenem bolsa, sen degişmegin. Äşäniň öýünde bir garry kempir bar ekeni. Bir gezek ol Pygamberden (s.a.w.): “Eý Allanyň ilçisi, meniň ýüzüm behişde düşenleriň ýüzüne meňzeýärmi ýa dowzaha düşenleriň? Ýagny, men behişde düşerinmi ýa dowzaha?” diýip sorapdyr. Öňküleriň aýtmaklaryna görä, Allanyň Ilçisi (s.a.w.) degişýär, emma, diňe hakykaty aýdýar ekeni. Pygamber (s.a.w.) kempire degişme görnüşinde: “O dünýäde hiçbir kempir behişde düşmez” diýip jogap beripdir. Kempir gam laýyna batyp, zar-zar aglapdyr. Şonda Allanyň Ilçisi (s.a.w.) ýylgyryp: “Aglama, meniň sözümde galat zat ýokdur, men bir garry hem behiştde bolmaz, sebäbi kyýamat güni barça adamlar gabyrlaryndan juwan bolup çykjakdyrlar diýip, dogrymy aýtdym” diýipdir. Kempiriň göwni aram tapypdyr. Degişmek bolar, ýöne paýyş söz agzyňa almakbolmaz. Eger sögüşmeli bolsa, käýingin, onsoňam, jogap gaýtaranlarynda aýyp bolmaz ýaly, näme diýseň, öz deň-duşlaryňa diýgin. Ýöne her bir degişmäni diňe agras sözler bilen garyşdyryp aýtgyn, ýöne sögüşden gaça durgun. Her bir degişmede kinaýa bolsa-da, çenini bilmelisiň. Degişme her bir mertebäni kemsidýändir. Diliňi saklap bilmän bir zat diýäýseň, şonuň ýaly hem söz eşidersiň, ile näme etseň, şoňa-da garaşaýmalydyr. Emma hiç kim bilen käýişmegin, käýişmek erkek adamyň işi däldir, ol aýal maşgalalaryň, çagalaryň işidir. Eger käýişmeli bolaýsa-da, bilýän we başarýan zatlaryň baryny orta saçmagyn, ýaraşmaga ýer goýgun. Gaty bir boş sözli, bihaýa bolmagyn. Bolgusyz adamlaryň edim-gylymlarynyň iň ýamany boş sözlülik we bihaýalykdyr, iň gowusy, pespällikdir, çünki pespällik Allanyň eçilen zadydyr, emma hiç kim ony höwes etmez. Aýyp bolmasa: “Heý, halypa!” hem diýip ýörmegin, sebäbi hiç bir esassyz “heý, halypa” diýýän adam şol kişini ynsanlykdan mahrum edýär. Şerap içmek, degişmek, yşkbazlyk – bary ýaşlaryň işidir, emma herki zadyň çenini bilseň, bulary şeýle bir ýerlikli etse bolar welin, adam ogly saňa igesini sürtüp bilmez. Şerap içmek, degişmek, nard we küşt oýnamak hakynda birnäçe söz diýlensoň, isleseň-islemeseň, söýgi, yşkbazlyk kadalary we olaryň şertleri hakynda-da birnäçe söz diýmeli bolýar. Ýöne seniň olary ýerine ýetirip biljegiňi-bilmejegiňi bilemok, çünki ýürege emr etmek çetin işdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |